Ï Türkmenistanda ekologiki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň aýdyň netijeleri: diňe maglumatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ekologiki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň aýdyň netijeleri: diňe maglumatlar

view-icon 9737
Ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady taslamalaryň her birinde täze önümçilikleriň ekologiki taýdan howpsuzlygynyň tebigaty goraýyş ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan Howanyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýanyň, Biologiki dürli-dürlilik hakyndaky konwensiýanyň, Ozon gatlagyny saklap galmak hakyndaky Wena konwensiýasynyň, Çölleşmä garşy goreşmek boýunça konwensiýanyň, Serhet üsti daşalýan howply galyndylar we olary ýok etmek üçin barlag hakynda Bazel konwensiýasynyň, Daşky gurşawa degişli adyl kazyýet meselelerine girmek hakynda Orhus konwensiýasynyň, Suw-batgalyk haýyrlanylýan ýerler boýunça konwensiýanyň (Ramsar konwensiýasy), Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) tarapdary bolup durýar.

1999-njy ýylda düzüminde işçi toparlarynyň sekizsi hereket edýän daşky gurşaw boýunça konwensiýadan we BMG-niň maksatnamasyndan gelip çykýan borçnamalary Türkmenistanyň ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça edarara Döwlet topary döredildi.

Borçnamalary amala aşyrmakda Türkmenistan Daşky gurşaw we ösüş boýunça BMG-niň Maksanamasy, Global ekologiki gaznasy, Ýewropa bileleşigi, Ýewropada Howsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropa ykdysady topary, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmen döwleti tarapyndan 1996 ýylda ratifisirlenen Biologiki dürli-dürlülik hakynda Konwensiýa boýunça köp ugurly işler alnyp barylýar. Ony amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji we üçünji neşiri çap edildi, „Türkmenistanyň biodürliliginiň ýagdaýy“, „Biodürliligi saklap galmak boýunça strategiýa we meýilnama“ syn işlenip taýýarlanyldy.

GEG/BMGÖM „Aýratyn goralýan tebigy çäkler ulgamynyň netijeliligini artdyrmak“ baradaky bilelikdäki taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde „Sumbar“ Milli terbigy seýilgähini döretmek boýunça teklip taýýarlanyldy. Garaşylşy ýaly, bu seýilgäh Türkmenistanyň aýratyn goralýan çekleriniň mümkinçilik toruny berkitmäge, Türkmenistanyň biologiki serişdeleriniň, landşagtlarynyň we ekoulgamynyň global ähmiýetli dürli-dürliligini saklap galmak maksady bilen olaryň meýdanyny giňeltmek, şeýle hem ýurtda ekosyýahatçylygy ösdürmäge şertleri döreder. ÝUNESKO-nyň Aşgabatdaky edarasy Beýik Britaniýanyň guşlary goramak boýunça Patyşa jemgyýeti bilen bilelikde Köýtendag we Badhyz döwlet goraghanalaryny ÝUNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna goşmak boýunça işleri alyp barýar. 2013-nji ýylda MOP/BMGÖM/GEG-ň „Biodürlilik hakynda Konwensiýany ýerine ýetimegi goldamak boýunça milli biodürliligi meýilleşdirmek“ billikdäki taslamasyny ýerine ýetirmek hakynda ylalaşyga gol çekildi.

1996-njy ýylda ratifisirlenen Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýanyň kadalarynyň esasy maksady – antropogen çölleşme işiniň öňüni almak hem-de ekologiki mümkinçilikli çäkleriň oba hojalyk meýdanlarynda zaýalanan ýerleriň bioönümliligini dikeltmek bolup durýar. Ekologiki ýörelgeler we zaýalanmagy togtatmak, ýer we öri meýdan serişdeleriniň şorlaşmagynyň öňüni almak usulyny işläp taýýarlamalar esasynda bozulan landşaftlary dikeltmek boýunça işläp taýýarlamalary göz öňünde tutýan çölleşmä garşy göreşmek boýunça hereket etmegiň milli meýilnamasy taýýarlanyldy.

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, ýerleri we öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak, çöl we dag tokaýlyklaryny dikeltmek boýunça birnäçe taslamalar ýerine ýetirildi. Muňa mysal edip Tebigaty goramak ministrliginiň „Ýer serişdelerini durnukly dolandyrmak üçin ýerli derejede mümkinçilikleri döretmek“ we „Türkmenistanyň tebigy öri meýdanlaryny dolandyrmagy gowlandyrmak“ taslamalaryny görkezmek bolar. Aýratyn hem Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen taýýarlanan „tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmak“ taslamasyny belläp geçmelidiris. Onuň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji tohum merkezi we häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilen tokaý ösümlikleriniň konteýner nahalhanasy döredildi.

Türkmenistan BMG-niň Tebigatyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýasyna (TÜÇK) 1995-nji ýylda goşulyşdy. Resminama howanyň üýtgemek işlerini togtatmak üçin atmosferada parnik gazlarynyň tolanmagyny durnuklaşdyrmaga şertleri döretmäge gönükdirilendir. Konwensiýany amala aşyrmagyň çäklerinde ÝUNEP-ň goldamagynda howanyň üýtgemegi boýunça milli habarlaryň ikisi taýýarlanyldy, üçünjisi hem taýýarlanylýar.

Türkmenistan tarapyndan 1998-nji ýylda ratifisirlenen TÜÇK-ä Kiot protakolynyň bildirýän talaplaryna laýyklykda, ýurtda energetika pudagynyň kärhanalarynyň zyýanly zyňyndylarynyň möçberini azaltmak boýunça işler geçirilýär. Bu maksat bilen, iri elektrik stansiýalarynyň, ýylylyk stansiýalarynyň energobloklary döwrebaplaşdyrylýär, nebit guýularynyň ugurdaş gazy ulanylýar, gaz ulag ulgamynyň durky täzelenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2009-njy ýylyň maý aýynda arassa ösüş usuly boýunça milli gurama döredildi. Bu beýleki döwletler bilen zyýanly galyndylaryň döremegini azaldýan maýa goýumlaryny we arassa tehnologiýalary peýdalanamk boýunça täze mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda BMGÖM bilen bilelikde Adaptasion gazna – „Türkmenistanda milli we ýerli derejede fermer hojalyk ulgamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplary duýmak“ taslamasy ýerine ýetirilýär.

Türkmenistan Ozon gatlagyny goramak hakynda Konwensiýa we onuň ozon gatlagyny döwýän maddalary boýunça Monreal protokolyna 1993-nji ýylda goşulyşdy. Ýurtda ozony döwýän maddalary dolanşykdan tapgyrlaýyn çykarmak we olary alternatiw bilen çalyşmak boýunça meýilnama boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurt Monreal protokolyna girizilen ozony döwýän maddalary öndürmeýär hem-de düzüminde ozon gatlagyny döwýän köpürjikleri we ýangyn söndürijileri ulanmaýar.

Howply galyndylary serhetüsti daşamak we olary aýyrmak üçin barlag hakynda Bazel konwebsiýasy biziň ýurdumyz tarapyndan 1996-njy ýylyň iýun aýynda ratifisirlendi. Ony amala aşyrmagyň çäklerinde howply galyndylaryň sanawy tassyklandy, olary demir ýol we awtomobil ulaglarynda daşamaga döwlet barlagy amala aşyrylýar, howply galyndylary serhet üsti daşalmagyna we olary aýrylmagyna barlag hakynda düzgünnama işlenilip taýýarlanyldy.

Maglumatlara girmek, çözgütleri kabul etmäge jemgyýetçiligiň gatnaşmagy we daşky gurşawa degişli bolan meseleler boýunça adyl kazyýete ýüzlenmek hakynda Orhus konwensiýasyny Türkmenistan 1999-njy ýyldan bäri goldap gelýär. Konwensiýa gol çeken her bir ýurt, bu meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmak hukugyna kepil geçýär. Bu Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de tebigaty goramak boýunça kanunlaryň ählisi tarapyndan tassyklanýar.

Türkmenistan 2009-njy ýylda Suw-batgalyk ulanylýan ýerler hakynda Konwensiýanyň tarapdary boldy. Türkmenistanyň Hazar döwlet goraghanasynyň Türkmenbaşy, Demirgazyk – Çeleken, Balkan we Mihaýlowskiý bölekleri suw-batga ulanylýan ýerleriň has gymmatly bütindünýä sanawyna goşuldy

Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýasyna hazarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan 2003-nji ýylda gol çekildi hem-de Türkmenistan tarapyndan 2006-njy ýylda ratifisirlendi. Bu resminama deňziň ekoulgamyny we tebigy serişdelerini goramagyň, şeýle hem adamyň Hazar ekologiýasy üçin hojalygy dolandyrmagyň howsuzlygynyň hatyrasyna kabul edildi. Konwensiýa laýyklykda, deňziň hapalanmagynyň öňüni almak üçin, onuň deňiz gurşawyny saklanyp galmagy, tebigy serişdelerini netijeli peýdalanamkda deňiz gurşawy üçin zyýansyz bolmagyny gazanmak, konwensiýanyň öňde goýan wezipelerini gazanmak üçin abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin umumy borçlary özbaşdak ýa-da bilelikde çözmek hazarýaka ýurtlarynyň üstüne ýüklenýär. Çarçuwaly konwensiýany ösdürmekde serhetüsti nukdaýnazaryndan biodürliligi saklamakda OWOS, hapalanmagyň ýerüsti çeşmelerine gözegçilik etmek, şeýle hem deňziň akwatoriýasynyň nebit bilen hapalanan ýagdaýynda taýýarlygy we täsir etmegi üpjün etmek boýunça protokollar işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda 1998-nji ýyldan 2011-nji ýyllar aralygynda Hazar ekologiýa maksatnamasy üstünlikli amala aşyryldy. Onuň maksady Hazaryň ekologiýasyny durnukly ösdürmegi we dolandyrmagy üpjün etmek boldy.Bu maksatnamanyň çäklerinde “Hazar deňzi: balyk ätiýaçlygyny dikeltmek we hemişelik sebitleýin tebigaty goraýyş gurluşy döretmek” bilelikdäki taslama ýerine ýetirildi. Ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň ondan gowragynyň gatnaşmagynda täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň üstünde işlemek dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ekologiýa gyzyklanmasynyň esasy ugurlaryny üpjün etmäge, daşky gurşawy garamak meselelerini nazara almak bilen hojalyk işlerini ösdürmäge, milli baýlyk we sebiti durnukly ösdürmegiň möhüm düzümi hökmünde garalýan tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Ekoulgamyň biodürliligini goramak we dikeltmek, tokaýlyklary köpeltmek, topragy we suwy netijeli peýdalanmak, tebigaty netijeli peýdalanmak boýunça halkara taslamalaryna gatnaşmak hem-de howanyň üýtgemegi netijelerine sebitiň ykdysadyýetiniň uýgunlaşmagyna çäreleri işläp taýýarlamak – bularyň ählisi sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny jemlemäge Türkenistanyň goşandydyr. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty hereket edýär. Onuň hünärmenleri çölleşme işleriniň monitoringini geçirýärler we hojalyk babatda Garagumy özleşdirmek, şeýle hem çölük zolakda we ýarym çöllükde senagat desgalaryny çäge süýşmesinden goramak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar.