Ï Jemagat hojalygy halkyň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemagat hojalygy halkyň hyzmatynda

view-icon 15381
Aşgabada daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň ählisi gözelligi we täsin binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan ak mermerli paýtagtymyzyň özlerinde galdyran täsiri barada gürrüň berip, ilkinji nobatda, şäheriň arassalygyny hem-de oňa oňat serenjam berlendigini belleýärler. Hut şu ýagdaý ol ýa-da beýleki bir şäheriň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Ähmiýeti babatda bu görkeziji abadançylyk, syýasy-ykdysady dereje ýaly görkezijileriň öň hatarynda durýar. Hut şu ýagdaý Aşgabadyň täze keşbinde esasy kesgitleýji görkeziji boldy. Çünki kaşaň köşkler, köp gatly binalar ýa-da giň meýdançalar, oklaw ýaly göni şaýollar hem hut şu görkezijiler bilen bilelikde şäheriň ajaýyp keşbiniň sazlaşygyny döredýär. Şunda durmuş ähmiýetli ulgam — biziň ildeşlerimiziň ýaşamagynyň hem-de işlemeginiň durmuş, maddy we ruhy şertleri esasy orun eýeleýär.

Bu ulgam, ilkinji nobatda, adamlar üçin oňaýlyklary, netijeliligi, adamy gurşap alan giňişligiň gözelligini göz öňünde tutýar. Kähalatlarda biz — şäherliler muňa känbir üns bermeýäris, döredilen amatlyklary öz-özünden bolaýmaly zat hasaplaýarys. Şunda biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwriniň talap edýän şeýle abadan we oňaýly ýagdaýy saklamak üçin dürli hünärli hünärmenleriň örän köp sanlysynyň arman-ýadaman işleýändigi barada pikirlenmeýäris.

Şeýle bolsa-da, jemgyýetçilik dynç alyş ýerlerine gezelenç edenimizde ýa-da maşgala bolup dynç alanymyzda, biz paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine syn etmek mümkinçiligine eýe bolýarys. Şonda biz hökmany suratda şäherimiziň örän arassadygyny, abadandygyny belleýäris. Bu ýagdaýlar iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň has oňaýly, belent we kaşaň binalarynyň gözel, umuman, paýtagtymyzyň keşbiniň ajaýyp bolmagyny üpjün edýär. Şeýle pursatlarda şäheriň durmuşynyň biziň şahsy durmuşymyzyň bir bölegi, biziň durmuşymyzyň bolsa mähriban şäherimiziň bir bölejigi bolup durýandygyny duýýarys.

Soňky ýyllarda biziň paýtagtymyzyň keşbiniň gözelleşendigini, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň keşbiniň tanalmaz derejede özgerendigini, örän gysga döwrüň içinde täze ilatly ýerleriň ençemesiniň döredilendigini hemmämiz bilýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işde durmuş ülňülerini täze derejä çykarmagyň, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň esasy görkeziji bolup durýandygyny nygtaýar.

Ilaty jemagat hyzmatlary bilen üpjün etmek bu köpugurly işde esasy wezipe bolup durýar. Milli Liderimiz 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň döredilmegi bilen, bu ulgamy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň birine öwrüp we onuň ösüşine kuwwatly itergi berip, bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň ählisiniň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär hem-de ýolbaşçylardan ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň abadançylygyna degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap edýär. Şunda döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we durmuş-ykdysady hem-de inžener-tehniki düzümiň beýleki desgalarynyň talabalaýyk saklanmagynyň zerurdygyny nygtaýar.

Golaýda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýdyny pugtalandyrmaga, jemagat tehnikasyny netijeli peýdalanmaga degişli hem-de şäher hojalygyny dolandyrmagyň beýleki guramaçylyk meseleleri babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýaşaýyş-durmuş düzümini ösdürmek, energiýa tygşytlaýyş ulgamyna öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi täze durmuş standartlarynyň üpjün edilmegine ýardam eder. Milli Liderimiz şeýle hem inženerçilik — kommunikasion ulgamlary döwrebaplaşdyrmak işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy, şeýle hem şäheriň täze etraplarynda ilatyň isleglerini kanagatlandyrmagyň takyk ulgamyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemagat hojalygy ösüş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köp pudakly we köp şahaly önümçilik-tehniki toplumy öz içine alýar. Çünki, ykdysady we medeni durmuşyň uly şäher merkezlerinde jemlenmegini nazara almak bilen, onuň önümlerine we hyzmatlaryna bolan islegiň barha artýandygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi bu ulgamda döwlet dolandyryş edarasy bolmak bilen, örän köp sanly möhüm wezipeleriň çözülmegine jogap berýär. Şol wezipeleriň hatarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak we hasaba almak, abatlaýyş işlerini geçirmek, öýleri hususylaşdyrmak we gozgalmaýan ýaşaýyş jaý emläginiň biržasyny guramak, myhmanhanalary, suw çüwdürimler we seýilgäh hojalyklaryny dolandyrmak, bag oturtmak, suw üpjünçiligi we suw arassalaýýan desgalary işletmek, lagym ulgamlary, ekinleri suwarmak, ýylylyk bilen üpjünçilik hem-de ýylylyk ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak we olary arassa saklamak, köçeleri, ýollary, köprüleri we duralgalary, geçelgeleri, liftleri kadaly ýagdaýda saklamak, şeýle hem suw-sagaldyş toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini guramak bilen baglanyşykly wezipeler bar. Jemagat nyrhlaryny, hyzmatlar üçin bahalary döretmek, taslama, gurluşyk, durkuny täzeleýiş, düýpli we gündelik abatlaýyş işlerini geçirmek, jemagat hojalygynyň desgalaryny hem-de binalaryny aýawly saklamak hem bu edaranyň esasy wezipeleridir.

Ministrligiň düzümine 206 edara girýär, olaryň 90 göterimi býujetden maliýeleşdirilýär, 10 göterim bolsa hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalardyr. Diňe paýtagtymyzyň özünde 32 edara bar, olarda 13700-e golaý adam işleýär. Tutuş ýurdumyz boýunça jemagat gulluklarynda 37800-den gowrak adam işleýär.

Ýaşaýyş jaý gaznasynyň kadaly saklanmagyny we netijeli ulanylmagyny üpjün etmek Jemagat hojalygy ministrliginiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Minitsrliginiň hasabynda 19 müň 586 jaý we olarda 170 müňden gowrak öý bar. Hususan-da, Aşgabat şäherinde 3390 jaý we olarda 35,5 müň öý, Ahal welaýatynda 2940 jaý we olarda 14,3 müň öý, Balkan welaýatynda 5094 jaý we olarda 43,3 müň öý, Daşoguz welaýatynda 1541 jaý we olarda 13,5 müň öý, Lebap welaýatynda 3782 jaý we olarda 29,6 müň öý, Mary welaýatynda 2839 jaý we olarda 34,1 müň öý bar.

Elbetde, könelen lifti çalyşmak, üçegi düýpli abatlamak, howluda asfalty çalyşmak işlerini köp öýli jaýlaryň ýaşaýjylary özbaşdak ýerine ýetirip bilmeýärler. Bu aladany döwlet, has takygy, Jemagat hojalygy ministrligi öz üstüne alýar. Ministrligiň düzümleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak, olaryň öňtarapyny timarlamak, ýyladyş ulgamlarynyň, suw geçirijileriniň, lagym ulgamlarynyň, elektrik ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Mysal üçin, häzir paýtagtymyzda we welaýatlarda üçekleriň şiferlerini metal çerepisalara çalyşmak işleri alrnyp barylýar.

Şäherlileriň amatly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini üpjün etmekde, ýaşaýyş giňişligini çeperçilik taýdan bezemekde abadanlaşdyrylan ýaşyl zolaklar hem-de ajaýyp taryhy şahsyýetleriň heýkelleri, ýadygärlikleri görnüşindäki monumental plastika möhüm orun eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ministrligiň garamagynda umumy meýdany 764 gektara golaý bolan 162 seýilgäh we 287 ýadygärlik bar.

Suw çüwdürimleri hem biziň şäherlerimiziň bezegidir. Olar özleriniň ajaýyp keşbi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyryp, aýry-aýry sebitlerde we köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde özboluşly mikroklimatyň döremegine täsir edýär. Jemagat hojalygy ministrliginiň hasabynda suw çüwdürimler toplumlarynyň 211-si bar, özi-de, olaryň 102-si seýilgählerde ýerleşýär.

Gürrüňsiz, bu seýilgäh -- suw çüwdürimler hojalygy yzygiderli bejergini hem-de tehniki hyzmatlary talap edýär. Köp sanly heýkel topulmalaryny hem kadaly ýagdaýda saklamak üçin uly tagallalar zerur bolup durýar.

Islendik şäheriň, ilatly ýeriň durmuşynyň wajyp meseleleriniň biri-de zir-zibilleri aýyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda döwrebap uly şäher hökmünde paýtagtymyz bu ugurdaky gullugyň has işjeň işlemegi bilen häsiýetlendirilýär. Şol gulluk şäheriň arassaçylyk — ekologiýa talaplarynyň kadalaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär.

Ýylylyk bilen üpjünçilik ulgamynyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak jemagat hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. 2015-nji ýyla çenli döwür üçin bu wezipäni düýpli çözmek babatda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan 2015-nji ýyla çenli döwür üçin ýörite meýilnama işlenip düzüldi. Häzirki wagtda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen bilelikde göz öňünde tutulan maksatnamany şu ýyl ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda ministrligiň hasabynda durýan 360 kotelnýany we 1370 kilometre barabar bolan ýyladyş turbalaryny abatlamak işleri geçirilýär.

Ministrligiň guramalary tarapyndan ilaty suw bilen üpjün etmek boýunça her gün 1 326 müň kub metr suw goýberilýär. Bir ýylyň dowamynda bu san 484 million kub metre barabar bolýar. Mysal üçin, bir günüň dowamynda Aşgabat 570 müň kub metr suwy, bir ýylda bolsa 208 million kub metr suwy harçlaýar. Ahal welaýaty boýunça bu görkezijiler degişlilikde 233 müň we 85 million kub metre, Balkan welaýaty boýunça 137 müň we 50 million kub metre, Daşoguz welaýaty boýunça 65 müň we 25 million kub metre, Lebap welaýaty boýunça 140 müň we 51 million kub metre, Mary welaýaty boýunça 178 müň we 65 million kub metre barabardyr.

Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagynda iri agyz suw zawodlarynyň 6-sy bar. Olaryň 4-si Aşgabatda ýerleşýär, olaryň umumy kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 700 müň kub metr suwa barabardyr. Zawodlaryň biri Türkmenabatda, ýene-de biri Maryda ýerleşýär.

Pudaklaýyn hojalyga şeýle hem suw rezerwuarlarynyň 256-sy (558 müň kub metr) girýär. Olaryň aglaba bölegi (110) Daşoguz welaýatynda ýerleşýär. Paýtagtymyzda olaryň 43-si bar.

Hormatly Prezidentimiziň agyz suwuny arassalamak we zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan koagulýantyň 15 müň tonnasyny satyn almak barada gol çeken Kararyna laýyklykda, şertnama baglaşyldy. Oňa laýyklykda, häzirki wagtda Aşgabada 4 müň tonna koagulýant gelip gowuşdy.

Milli Liderimiziň pudaga berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ünsi netijesinde onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, jemagat gulluklarynyň göçme düzüminiň üsti täze serişdeler bilen ýetirilýär. Mysal üçin, döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça Türkmenistan Belarus Respublikasyndan ýörite tehnikalaryň 2969 sanysyny satyn aldy. Häzirki wagtda Aşgabada ýörite awtoulaglaryň 2168-si gelip gowuşdy.

Kiçi obalary iri şäherçelere birleşdirmek, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýly şäher görnüşindäki täze şäherçeleri gurmak, adamlaryň täze ilatly ýerlerde ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek işinde hem ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrligine möhüm orun degişlidir. Bu iş welaýatlaryň häkimlikleri bilen ysnyşykly gatnaşykda we ýerli ýaşaýjylaryň haýyşlary nazara alnyp, dowam etdirilýär.

Täze paýtagt etraplarynyň — Aşgabada birleşdirilen çäkleriň häzirki zaman düzümini abadanlaşdyrmak we ösdürmek babatda hem ministrligiň öňünde täze wezipeler durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze etraplarda ýaşaýjylar üçin amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemagat hyzmatlarynyň ulgamyny döretmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, elektrik energiýasyny, suwy bermek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak babatda esasy wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin häzirki zaman ülňülerini üpjün etmek babatdaky wezipeleriň örän wajypdygyny nygtaýar. Bu möhüm ulgam innowasiýalar, täze tehnologiýalary we ykdysady gurallary ornaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Jemagat düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda ýaşaýyş jaý gaznasynda ýokary hilli jemagat hyzmatlaryny etmek işi çaltlaşdyrylýar hem-de arassaçylyk — tehniki, bagy-bossanlyga öwürmek we beýleki çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu ulgamyň ykdysadyýetiň harajatlary köp talap edýän pudaklarynyň biridigini bellemek möhümdir. Onuň döwlet tarapyndan ýakyndan goldanylmagy biziň ýurdumyzda ilat üçin edilýän jemagat hyzmatlarynyň bahasyny örän pes derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Jemagat hojalygynyň ösüş derejesi we işiniň möçberi ilatyň abadançylygynyň derejesine, şeýle hem zähmet öndürijiligine gönüden-göni täsir edýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň jemagat hojalygy çylşyrymly duruş-ykdysady ulgam bolup durýar. Biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň ösüşi, raýatlarymyzyň ýaşaýan ýeriniň ýagdaýy, ildeşlerimiziň ýaşamagy we işlemegi üçin oňaýly şertleriň üpjün edilmegi jemagat hojalygynyň netijeli işlemegine baglydyr.

Soňky ýyllarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn taslamalaryň örän köp sanlysy durmuşa geçirildi, häzirki wagtda bu babatdaky işiň ýokary netijesi äşgär görünýär. Muňa garamazdan, döwür täze talaplary öňe sürýär. Şoňa görä-de, diňe bir biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini däl, eýsem, adamlaryň isleglerini özgerdýän durmuş-ykdysady prosesleriň okgunly ösüşini nazara almak bilen, bu ulgamdaky işler çalt depginlerde amala aşyrylmalydyr. Çünki, jemagat hojalygy adamlara hyzmat edýän, olaryň abadançylygy, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy üçin şertleri döredýän hojalykdyr.

Jemagat düzüminiň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň kuwwatlyklarynyň peýdaly täsir koeffisientini we şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ilatyna edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak pudagyň strategiki wezipeleri bolup durýar. Munuň özi ahyrky netijede ýaşaýyş-durmuş derejesi boýunça biziň ýurdumyzy dünýäde öňdäkileriň hataryna çykarmaga ýardam etmelidir.