Şu gün bu ýerde, gadymy Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän uly möçberli çäräniň – Medeniýet hepdeliginiň başlanandygyny alamatlandyrýan uly dabaralar boldy. Milli Liderimiziň bu başlangyjy döredijilik babatdaky işjeňlige badalga berilmegine we milli medeniýetimiziň has-da ösdürilmegine, onuň dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda giňden wagyz edilmegine we ählumumy medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky bu hakykatdan-da wajyp ähmiýetli waka halkymyzyň köp asyryň dowamynda döredijilik we ruhy taýdan toplan tejribesini hem-de häzirki döwürde oňyn, gyzyklanma bildirilýän we ösüşe mahsus iň oňat ýörelgelerini özünde jemleýän baý türkmen medeniýetiniň täze dessurynyň dörändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanynyň teklibi boýunça ilkinji Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri hökmünde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy çuňňur many-mazmuna eýedir, çünki bu sahawatly we owadan künjekde täze durmuşa badalga berlip, adamlaryň joşgunly zähmeti bilen ajaýyp geljegiň düýbi tutulýar.
“Awaza” ösüşiň, gurluşygyň, işjeňligiň depginlerini peseltmän, esasy festiwal meýdançasyna, dürli halklaryň wekilleriniň duşuşýan ýerine hem-de dostlugyň, döredijilikli gatnaşygyň künjegine öwrülýär. Zehinleriň, milli medeniýetiň däp-dessurlarynyň uly baýramy dürli reňkdäki milli geýimleriň öwüşginleri, aýdym-sazlar, şadyýan tanslar, sungatlaryň we çeper senetleriň özboluşlylygy arkaly Awazanyň durmuşynyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Şu gün Awazanyň ähli ýerinde, kenar boýlarynda, ýollarda, esasy interaktiw suw çüwdürimli meýdançada, deňiz şemalynyň öwüsýän we günüň şöhleleriniň suwda öwşün atýan ýerindäki täsin seýilgähde deňziň boýundaky görnüşi has-da gözelleşdirýän we ak mermer bilen örtülen kaşaň belent binalaryň ýanynda ýatdan çykmajak ýagdaý höküm sürýär.
Bu ýerde, açyk asmanyň astynda Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin kenar ýakasyndaky Awaza gelen ýaş suratkeşler üçin özboluşly “ussahana” hem ýerleşýär. Ýurdumuzyň paýtagtyndan we welaýatlardan gelen ýaş suratkeşler ýurdumyzyň döwlet çeperçilik mekdeplerinde tälim alýarlar. Ýaş ýigitler we gyzlar kenaryň ýakasynda, deňziň gyrasynda, myhmanhanalaryň ýanyndaky duralgalarda ýerleşipdirler. Gyzyklanma bildirýän adamlar molbertleriň we çarçuwalaryň üstündäki ak kagyzlarda şekillendirilýän zatlary synlamak üçin ýygnanýarlar. Synçylaryň gözüniň alnynda, keşpler we pursatlar, deňiz bilen bagly etýudlar galam ýa-da çotga bilen şekillendirilýär. Surat çekmek hepdeligiň barşynda dowam eder, bu ýerde döredilen işler bolsa şol günlerde Awazanyň keşbiniň çeper görnüşde suratlandyrylmagyna öwrüler.
Şu gün bu ýerde gyzykly söhbetdeşlikler gyralýar, pikir alşylýar we adamlar özlerinde galan täsirleri birek-birege gürrüň berýärler. Ýaş suratkeşler bolsa öz oý-pikirlerini surat çekmek arkaly beýan edýärler ýa-da tomaşaçylaryň haýyşlaryny göwünjeňlik bilen ýerine ýetirýärler. Öz keşbiniň suratlandyrylmagyna isleg bildirenler has köp boldy. Şunda hakyky we şahyrana keşplerden başlap, degişme äheňindäki suratlar çekildi. Degişme äheňindäki surat “interaktiw” wernisaža gatnaşanlarda hem-de wagtyň we degişmäniň gadyryny bilýänlerde ýakymly täsir galdyrdy, çünki sähel salymyň dowamynda kagyzyň ýüzüne çekilen şekil daş-töwerekdäkilerde şadyýan gülki döretdi. Bu çeperçilik çäresiniň degişmeli äheňleri hemmelerde şadyýanlyk döredip, ýakymly täsir galdyrdy hem-de Awazadaky çärelere gatnaşyjylaryň özara gürrüňleriniň çyn ýürekden we ynamly bolmagyna ýardam berdi.
Hazaryň kenarynda gündiz şunuň ýaly ýagdaýda geçdi, gün ýaşanda deňziň ýakasyndaky ýagdaý ýakymly, şahyrana we şol bir wagtyň özünde belent maksatlara ruhlandyrýan görnüşe geçdi. Medeniýet hepdeliginiň ilkinji günündäki esasy dabara – onuň resmi açylyşyna tolgunma bilen garaşyldy.
... Örän uly deňiz suw çüwdüriminiň ýanynda ýerleşýän we birkemsiz bezelen amfiteatrda ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri -- dürli döredijilik hünärleriniň wekilleri, köp sanly myhmanlar, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.
Baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen sahnanyň münberinden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine, şeýle hem onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisine gatnaşyjylara Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar.
Döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine we onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisine gatnaşyjylary hem-de ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olaryň ählisine berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyklar, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi hem-de bu halkara medeni çäräniň Türkmenistan bilen sebitiň, dünýäniň dürli yklymlarynyň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejelerine göterilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna, zehinli sungat ussatlarynyň ýüze çykarylmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz halkara sungat sergisine dünýäniň meşhur suratkeşleriniň gatnaşmagy bolsa, dürli halklaryň milli medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de häzirki zaman sungatynyň ösüşiniň täze ugurlary, aýratynlyklary barada özara tejribe alşylmagyna ýardam eder diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Medeniýet hepdeliginiň dürli ýurtlardan gelen döredijilik ussatlary üçin hakyky sungat baýramyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy dabara gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan uly üns berlip diňlenildi we dowamly, şowhunly el çarpmak bilen garşylandy.
Soňra Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň bir toparyna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakyndaky Permany okalýar.
Döwlet Baştutanynyň adyndan medeniýet we sungat işgärlerine sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Öz gezeginde, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri milli Liderimize özleriniň zähmetine ýokary baha berlendigi, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dikeldilmegi we ösdürilmegi, ýurdumyzda döredijilikli işlemek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi barada ýadawsyz alada edýändigi we üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde-de Türkmenistanyň rowaçlygynyň bähbidine öz güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini, ussatlygyny aýaman, joşgunly işlejekdiklerine ynandyrdylar.
Milli Liderimiz häzirki döwürdäki şertlerde medeniýet ulgamynyň, ata Watanymyzyň gazananlaryny dünýäde giňden wagyz edýän döredijilik işgäreleriniň işiniň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, öz aýdym-sazlary, çeper we edebi eserleri arkaly ata Watanymyzy wasp etmegi, halkymyzy has belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmagy tabşyrýar.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen döwletiniň Baştutany medeniýete degişli möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna howandarlyk etmek bilen çäklenmän, taslamalary öňe sürmek arkaly olaryň durmuşa geçirilmegine iş ýüzünde goldaw bermek arkaly, medeniýet babatdaky strategiýanyň döredilmegine gös-göni gatnaşýar. Hut şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynyň milli mirasy has giň gerim bilen wagyz etmek, medeniýetleriň milletara gatnaşygyny, dürli görnüşdäki döredijilik gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly ugry has möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda medeniýete degişli düzümiň ösdürilmegine, dürli binalaryň we desgalaryň gurluşygyna, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine täzeden badalga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni syýasaty diňe bir görkezijiler bilen däl-de, many-mazmunlylyk, döredijilik başlangyjynyň höweslendirilmegini, jemgyýetiň ýurduň durmuşyndaky oňyn özgertmeleriň bolup geçýän döwründe täzeliklere günübirin goşulmagyny esasy ugur edinmek arkaly kesgitlenýär.
Hazaryň kenar ýakasyndaky dabaraly agşam amfiteatryň sahnasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – umumymilli dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, tanymal tans toparlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk çykyşlary bilen dowam etdi.
Gadymy Hazaryň kenarynda, deňiz suw çüwdüriminiň öwşün atmagynda, tanymal türkmen aýdymçylarynyň we konserte gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Arkadagyň ýoly bilen” atly aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyga bagyşlanan tomaşanyň başlangyjyna öwrüldi. Bu özboluşly çykyş milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän özboluşly sena öwrüldi.
Soňra sahnada häzirki zaman türkmen sungatynyň ähli öwüşginini beýan eden dabara boldy. Bagşylaryň we estrada aýdymçylarynyň meşhur çykyşlara, şeýle hem milli sungatymyzyň özboluşly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Ýurdumyzyň meşhur döredijiik toparlarynyň joşgunly tanslary köp sanly tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy we dabaranyň joşgunyny artdyrdy. Bu ýerde guralan konsertde “Serpaý” folklor toparynyň “Ak güller” horeografik çykyşy, “Dokmaçylar” toparynyň jigitleriniň ýerine ýetirmegindäki “Kalby joşgunly ýigitler” atly tans, şeýle hem meşhur “Meňli” tans toparynyň “Hazaryň kenarynda” atly çykyşy tomaşaçylarda uly şatlyk duýgusyny döretdi. Beýleki döredijilik toparlary hem özleriniň täze çykyşlaryny görkezdiler.
Wäşiler hem märekäni begendirdiler, olaryň gülküli çykyşlary tomaşa zalynda uly şowhun we gülki döretdi.
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Zöhre we Tahyr” operasyndan, şeýle hem “Nejeboglan” atly taryhy oýundan ýaňlanan aýdymlar konserte özboluşly öwüşgin çaýdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeler bilen baglylykda teatra degişli işler hem düýpgöter özgerdi, şonda sahna sungaty, şol sanda opera boýunça ozal toplanan tejribäni täzeden dikeltmek bilen çäklenilmän, sungatyň görnüşi, şeýle hem türkmenistanlylaryň ruhy isleglerine laýyk gelýän ugur hökmünde teatryň ösüşine täzeden badalga berildi.
“Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!” atly aýdym tutuş türkmen halkynyň adyndan aýdylan alkyş bolup ýaňlandy. “Toýly günleriňize sag bol, Arkadag!” atly çykyş joşgunly dabarany dowam etdi. Ony şu günki medeni çärä gatnaşyjylaryň hemmesi bilelikde ýerine ýetirdi. Bu aýdym artistleriň kalplaryna ýakymly duýgy dolduryp, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtyýar durmuş, abadançylyk, iň nurana arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda döretmäge bolan mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy.
Lazerli yşyklar bu konsertiň bezegine öwrüldi. Deňziň ýokarsyndaky asmanda we suw çüwdüriminiň “ekranynda” emele gelen dürli şekiller we keşpler tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen birinji konsert tamamlandy. Ýöne Awazada baýramçylyk dowam edýär. Ol oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan, milli medeniýetimiziň däplerinde toplanan iň asylly ýörelgeleri aýawly saklaýan we milletiň durmuş güýjüni emele getirýän türkmen halkynyň ägirt uly ruhy hem-de döredijilik mümkinçiliklerini giňden beýan edýär. Şu gün döwlet derejesinde medeniýet syýasatyna ahlak we medeni ýörelgeleri, milletiň we ýurduň ösüşiniň möhüm ugry bolan demokratik we durmuş özgertmeleriniň esaslaryny özünde jemleýän jemgyýetiň utgaşdyryjy we ruhlandyryjy güýji hökmünde baha berildi.
Biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýelemeginde medeniýet ulgamyna we onuň ruhy gymmatlyklaryna möhüm orun degişlidir. Hut şonuň üçinem bu wezipä hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygynyň jähedinde aýratyn ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň medeniýet ussatlary bilen daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen giň möçberli medeni çäre gumanitar hyzmatlaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we berkitmegiň, jemgyýetiň, ýurduň, döwletiň durmuşynyň möhüm ulgamy bolan medeniýet pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyrdy. Medeniýet hepdeligi bu ulgamda diňe bir täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, däl, eýsem türkmen döwletiniň medeniýet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleriň giňden wagyz edilmegini şertlendirýär.
Bellenilen çäreleriň hatarynda 25-nji iýunda “Nebitçi” myhmanhanasynda sungat eserleriniň halkara sergisi, şygryýet agşamy, çagalar döredijilik bäsleşigi, kinogörkeziliş we beýleki dabaralar bar.
Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli 27-nji iýunda Balkanabat şäherinde “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasy meýilleşdirildi. 28-nji iýunda bolsa Hazaryň kenarynda birnäçe desgalaryň açylyş dabarasy bolar. Şol çäreler mynasybetli ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda giň medeni maksatnama ýaýbaňlandyrylar.
Şol gün Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynyň “Görogly” operasynyň ilkinji gezek görkezilişi bolar. 29-njy iýunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Ýelken” ýahta-klubunyň açylyş dabarasy bolar we şol gün ýokary tizlikli “Çarlak” gämisi ulanmaga goýberiler. Şu wakalar mynasybetli özboluşly dabara guralar. Bir söz bilen aýdylanda, Awazanyň myhmanlaryna köp sanly täsirli çykyşlar, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, daşary ýurtlaryň belli artistleriniň aýdym-sazly tomaşalary garaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Awazany döredijilik galkynyşynyň mekany diýip atlandyrdy. Bu künjek şu günki günde bu sözlere doly mynasypdygyny aýan etdi.