Ï Hazaryň türkmen kenary—dünýäniň halklarynyň döredijilik ylhamynyň ülkesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň türkmen kenary—dünýäniň halklarynyň döredijilik ylhamynyň ülkesi

view-icon 1117
Hazaryň kenarynda ägirt uly baýramçylyk çäresi—Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Oňa müňlerçe adam, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik işgärleriniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu giň möçberli çäräni geçirmek pikiri diňe bir ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmäge we milli mirasy aýawly saklamaga däl, eýsem, halk diplomatiýasyny we döwletara ynsanperwerlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, medeniýet ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilendir. Çünki, hut siwilisasiýalaryň özara gatnaşyklarynda umumyadamzat medeniýeti kemala gelýär.



Şu gün «Nebitçi» myhmanhanasynda Halkara sungat sergisiniň açylmagy bu pikiriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu çäräniň açylyş dabarasynda milli medeniýetiň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklaýjylar hökmünde hormatly ýaşulularyň toý bagyny kesmeginiň aýratyn manysy bardyr.

Myhmanhananyň eýwanynda hem-de onuň ikinji gatyndaky meýdançada ýerleşen sergi meşhur türkmen suratkeşlerini, amaly-haşam sungatynyň ussatlaryny, şeýle hem olaryň deňziň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän döredijilik gözden geçirilişine gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen kärdeşlerini birleşdirdi. Bu ýerde awtorlaryň 70-e golaýy özleriniň döredijilik işlerini hödürlediler. Ýurdumyzyň esasy muzeýleri hem özleriniň diwarlyklaryny gurap, ajaýyp sungat eserleri bilen tanyşdyrdylar.

Bu köp öwüşginli serginiň esasy maksady birek-birek bilen söhbetdeş bolmak, pikir alyşmak, birek-biregiň milli mirasyna hormat goýmak we gyzyklanma bildirmek esasynda halkara ulgamynda döredijilik we medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Bu ýere döredijilik bilen meşgullanýan zehinli adamlaryň örän köp sanlysy ýygnandy. Olaryň her biri öz halkynyň medeni däplerini üstünlikli dowam etdirýär.

Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Eýranyň we biziň ýurdumyzyň ekspozisiýalary bilen tanşyp, medeniýetleriň özboluşlylygyna we dürli-dürlüdigine garamazdan, biziň umumy zatlarymyzyň köpdügine göz ýetirmek bolýar. Bu sergi dürli eserler arkaly her bir halkyň ruhy güýç-kuwwatyny, onuň aýratynlyklaryny açyp görkezýär.



Pawilýonlaryň her biri özboluşly medeni merkezdir. Bu ýere gelýänler ondan halklaryň özboluşly däp-dessurlary barada dürli maglumatlary alyp bilýärler. Bu ýerde nakgaşlyk sungatynyň, mozaikalaryň, kinniwanja eserleriň ajaýyp nusgalaryny, özboluşly heýkel kompozisiýalaryny, özleriniň owadanlygy we inçeligi bilen haýran galdyrýan zergärçilik işlerini, dekoratiw bezegleri, dürli metallardan, agaçdan ýasalan önümleri, keçeleri, şeýle hem täsin haly önümlerini, gurjaklary hem-de özboluşly gutujyklary, dürli keşdeleri, milli lybaslary, durmuşda ulanylýan zatlary, sowgatlyk önümleri we beýleki köp zatlary görmek bolýar, şeýle hem gadymy senetleri aýawly saklaýan ussalaryň işine syn edip bolýar.

Zalyň bir künjeginde, milli däbe laýyklykda bezelen ak öýüň öňünde owadan milli lybasly türkmen zenanlary indi dokaljak haly üçin ýüň egrip otyrlar. Bu görnüş köp adamda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Daşary ýurtly suratkeşleriň käbiri öz işini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän şol zenanlaryň suratyny çekmäge girişdi.

Ýurdumyzyň çeperçilik mekdepleriniň talyplary hem bu ýerde surat çekip, öz ussatlyklaryny görkezýärdiler. Şol ýerde hatda özüniň suratyny çekmäge isleg bildirýänleriň uly bolmadyk nobaty hem emele geldi. Suratkeşler bilen gürrüňdeşligiň barşynda tejribe alşyldy, ussat suratkeşler ýaşlar bilen öz tejribesini paýlaşdylar.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň işleri daşary ýurtly suratkeşlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Her bir suratyň ýa-da heýkeliň öňünde häzirki zaman sungatynyň ösüşiniň täze ýörelgeleri barada gyzykly pikir alşyldy. Suratkeşleriň köpüsi serginiň çäklerinde zalda oturdylan monitorlarda slaýdlary görkezip, özleriniň tanyşdyryş çäresini geçirdiler we çärä gatnaşyjylary söhbetdeşlige çagyrdylar. Hut şu ýerde täze döredijilik gatnaşyklaryna badalga berildi, bilelikdäki sungat taslamalarynyň täze pikirleri peýda boldy.

Türkmen zergärleriniň önümleri serginiň aýratyn bezegine öwrüldi. Gözüňi gamaşdyrýan daşlar bilen bezelen bu owadan eserler daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda zergärler häzirki zaman äheňleri bilen öňden gelýän ýörelgeleriň sazlaşygynda täze döredijilik çözgütlerini gözläp, halkyň gadymy mirasyny aýawly saklamaga uly goşant goşýarlar. Olaryň guýmagursak zehini halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda sungat eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar.

Döwletimiziň ruhy medeniýeti, sungaty ösdürmäge aýratyn üns berýän biziň günlerimizde hem halkyň zehini döredijilik erkinliginiň täze derejesine çykýar. Täzeçillik döredijiliginiň netijelerini sungatdaky täze atlarda, täze pikirlerde we açyşlarda aýdyň görmek bolýar.


Gündogarda «sungat» diýen düşünje ussatlyk bilen deňeşdirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, tejribäni göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň milli sungaty hem tejribäni alamatlandyrýan där-dessurlara baýdyr. Geçen asyrlaryň ussatlary tarapyndan döredilen köp zatlar häzirki wagtda, biziň häzirki zaman medeniýetimizde ýaşamagyny dowam etdirýär. Munuň özi ýaş suratkeşleriň işlerinde hem aýdyň görünýär. Olaryň döredijiligi öz ýoluňy seçip almak we şol bir wagtyň özünde-de medeni däp-dessurlaryň dowamatlylygyna oňat düşünmek bilen baglanyşyklydyr. Bu dowamatlylyk biziň sungatymyzyň ruhuny kesgitleýär. Bu babatda biz beýleki halklaryň sungatlary bilen umumy zatlarymyzyň köpdügine göz ýetirýäris.

Eýran senetleriniň däpleri keşdeçilik sungatynda, suratlar bilen bezelen gutujyklarda hem-de gap-gaçlarda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ýapon gurjaklary, oňat bezelen koreý ýelpewaçlary, özboluşly bezelen azerbaýjan kinniwanja eserleri hem görenleri haýran galdyrýar. Ukrain keşde önümleri amerikan indeýleriniň nagyşlaryndan tapawutlanýar, köp öwüşginli ermeni halylary we gazak äheňleri bolsa olar bilen bäsleşýäne meňzeýär.... Bularyň ählisi bilelikde dünýä medeniýetiniň täsin keşbini emele getirýär. Şol keşpde bolsa her bir halkyň öz aýratynlygy beýan edilip, gözelligiň hem-de hoşniýetliligiň ajaýyp dünýäsi döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, sungat hemişe hereketde bolmak bilen kämilleşýär. Şoňa görä-de, şeýle halkara çeperçilik forumlary döredijilik pikiri, täze ugurlaryň kemala gelmegi, dürli halklaryň sungatynyň ösmegi üçin uly höweslendiriş çäresi bolup hyzmat edýär. Sungatyň köp şahalydygyny aýtmak bolar, ýöne onuň köki birdir. Munuň özi döredijilik pikiriniň yzygiderli ösdürilmegini talap edýär. Awazadaky sungat sergisi dünýä medeniýetiniň ummanyndaky dostlukly söhbetdeşligiň özboluşly adajygyna öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda «Arzuw» myhmanhanasynda ýene-de bir serginiň—neşirýat-çaphana önümleriniň gazananlarynyň sergisi açyldy. Bu giň möçberli sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny alamatlandyrýan, Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän özboluşly gözden geçirilişe öwrüldi.

Ýokary derejede neşir edilen we bezelen kitaplar, kitapçalar, surat albomlary ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerden ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy üçin täze sepgitleri açan milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlary, biziň döwletimiziň medeni, çeperçilik durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Hemişe bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyzyň ykdysady, tebigy we ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, milletiň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan işlerine aýratyn üns berildi. Olaryň arasynda dürli dillere terjime edilmegi netijesinde halkara meşhurlygyna eýe bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan—melhemler mekany», «Janly rowaýat» atly kitaplar we beýleki neşirler bar.

Bu kitaplar arkaly daşary ýurt okyjylary biziň ýurdumyz bilen tanyşýarlar. Olar türkmen halkynyň pähim-parasatlylygynyň we egsilmez ruhy sahawatynyň çeşmelerine göz aýlamaga mümkinçilik berýärler.

Döwlet özgertmelerini amala aşyrmakda we biziň gazananlarymyzy wagyz etmekde publisistika möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň tutuş medeni syýasatynyň möhüm serişdesine öwrülýär. Sergide bu ulgam «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy», «Hazaryň geljegi şu gün döredilýär», «Geljege barýan parahatçylyk dörediji köprüler», «Dünýä dursun - parahatçylyk dursun» atly makalalar ýygyndylarynda öz beýanyny tapypdyr.

Ýurdumyzyň köp öwüşginli we köpugurly durmuşy, onuň wakalary ak mermerli paýtagtymyz, onuň ajaýyp ýerleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we täsin tebigy desgalary barada gürrüň berýän köp sanly albom neşirlerinde beýan edilipdir. Sergide täze kitaplar hem görkezilýär. Bu neşirler Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp çykaryldy. Olaryň arasynda «Awaza—syýahatçylyk merjeni» we «Türkmenistan syýahatçylygyň ülkesi» atly oňat bezelen kitaplar bar.

Sergini guraýjylar milli medeniýetiň däplerine, häzirki zaman türkmen sungatyna, binagärligine, şeýle hem ýurdumyzyň muzeýlerine bagyşlanan neşirlere aýratyn üns beripdir. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň meşhur taryhy merkezleri, ýurdumyzyň çäginde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri, taryhy barlaglaryň jemleri barada gürrüň berýän kitaplara uly gyzyklanma bildirdiler.

Nusgawy şygryýet milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Halkymyzyň edebi, aýdym-saz ruhy mirasyny şygyrsyz göz öňüne getirmek kyndyr. Halkyň kalbyny beýan eden ajaýyp şahyrlaryň döredijiligi türkmenleriň durmuşyna uly täsir ýetiripdir. Kitap sergisinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Azadynyň, Magtumgulynyň, Mollanepesiň, Andalybyň, Alyşir Nowaýynyň eserleri görkezilýär. Daşary ýurtlaryň nusgawy şahyrlarynyň, mysal üçin, A.S.Puşkiniň türkmen diline terjime edilen ýygyndylary hem bar.

Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Italmaz Nuryýewiň we beýleki ajaýyp şahyrlaryň döredijiligi türkmen edebiýatynda täze eýýamy açdy. Olar diňe bir ildeşlerimiziň söýgüsini gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe boldular.

Çagalar üçin niýetlenen edebiýaty neşir etmek ulgamynyň ýagdaýy hem ol ýa-da beýleki bir ýurduň medeniýetiniň ösüşiniň geljegi barada gürrüň berip biler. Biziň ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns berilýär. Iň körpe okaýjylara niýetlenen kitaplaryň köp dürlüligi, olaryň many-mazmuny we bezegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halk ertekisi hemişe-de körpeleriň mähriban we parasatly terbiýeçisi bolupdy. Sergide diňe bir türkmen ertekileriniň däl, eýsem, beýleki halklaryň türkmen diline terjime edilen ertekileriniň ajaýyp ýygyndylaryny, şeýle hem «Göroglynyň» çagalar üçin niýetlenip çykarylan neşirini, şadyýan başdan geçirmeler barada gürrüň berýän «Ýartygulak», «Japbaklar» eserlerini görmek bolýar.

Bulardan başga-da, isleg bildirýänler sergide stoluň üstünde goýulýan we diwara asylýan senenamalary, otkrytkalar toplumlaryny, syýahatçylyk ýol görkezijileri, owadan bezelen kitapçalary we beýleki neşirýat önümlerini alyp bilerler.

Şol gün agşam «Kuwwat» myhmanhanasynda filmleriň görkezilişi boldy. Tomaşaçylara—Awazadaky dabaralara gatnaşyjylara türkmen kinematogrfiýaçylary tarapyndan döredilen täze filmler hödürlenildi.

Olaryň biri «Seýis» diýlip atlandyrylýar. Bu çeper filmde bütin dünýä deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini peşgeş beren türkmenleriň atçylyk sungatynyň däpleriniň dowamatlylygy barada gürrüň berilýär. Häzirki wagtda türkmen bedewi biziň halkymyzyň buýsanjy we onuň umumadamzat medeniýetine goşan saldamly goşandy bolmak bilen, milli gymmatlyklaryň arasynda mynasyp orun eýeledi. Täze eýýamyň nyşany bolan ahalteke bedewleri häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan türkmen halkynyň belent ýörelgelerini we maksatlaryny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň atçylyk mekdebini ösdürmäge, «ganatly» bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga uly üns berýän döwlet Baştutanymyzyň täsin bedewlere bolan hormat-sarpasy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşda-da mälimdir.

«Taryha syýahat» diýlip atlandyrylýan beýleki bir çeper-publisistiki filmde bolsa wakalar XIV asyryň meşhur taryhçy alymy we syýahatçysy Ibn Batutyň ýol ýazgylary esasynda gürrüň berilýär. Bu alym biziň ülkämize gelip görüpdir we nesillere bu barada täsin subutnamalary galdyrypdyr. Filmde Daşoguz welaýatynyň gadymy ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Häzirki wagtda şol ýadygärlikler zyýaratçylaryň iň gelim-gidimli ýerine hem-de Türkmenistanyň ajaýyp syýahatçylyk gymmatlyklaryna öwrüldi.

Ýurdumyzyň kino sungatyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýan jogapkärli wezipeleriniň biridir. Milli Liderimiz täze türkmen kinosynyň döredilmegine uly üns berip, pudagyň maddy—enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, häzirki wagtda öz döredijiliklerinde täze ugurlary özleşdirýän kinematografiýaçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredýär.

Dokumental filmler kino sungatynyň işjeň ösýän ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň baý tebigatyna bagyşlanan filmler, taryhy we häzirki döwür barada gürrüň berýän lentalar, milli sungaty ösdürmekde möhüm orun eýelän ajaýyp medeniýet işgärleri baradaky filmler ekrana goýbermäge taýýarlanylýar ýa-da surata düşürilýär. Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy barada gürrüň berýän filmi döretmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Biz indiki ýyl onuň ýubileýini giňden belläp geçeris.

Agşamara bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Nebitçi» myhmanhanasynyň öňündäki açyk meýdançada, deňiz ýakasynda gurlan öýleriň ýanyndaky oduň başynda ýazyjy-şahyrlaryň şygryýet agşamy boldy. Şol ýarym tegelek görnüşinde gurnalan ak öýler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny alamatlandyrdy.

Bu ýere meşhur türkmen edebiýatçylary, şahyrlary, ýazyjylary, žurnalistleri, şeýle hem bagşylar we sazandalar ýagnandylar. Halkara sungat sergisine gatnaşyjylar hem bu dabaranyň myhmanlary boldular.

Ak öýleriň arasynda üstüne haly düşelen sekiler ýerleşdirildi. Şol ýerde çaý başynda gadymy döwürlerde çaýhanalarda we kerwensaraýlarda ýa-da hökümdarlaryň köşklerinde, emeldarlaryň öýlerinde söz ussatlarynyň arasynda guralan şygryýet bäsleşiklerindäki ýaly sahna tomaşa etmek bolýardy.

Şu agşam, elbetde, bäsdeşlik häsiýetie eýe bolmady. Çeper okaýyşlar bu ýere ýygnananlaryň kalplaryny birleşdirýän baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Ilkinji ýyldyzlary şöhle saçyp başlan Awazanyň asmanynyň astynda Watan, milli Liderimiz baradaky goşgular, mähriban ülkämiziň tebigatynyň gözelligine, Awazanyň täze durmuşyna bagyşlanan goşgy setirleri, bagşylaryň ýerine ýetirmeginde dessanlardan parçalar we türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri ýaňlandy.

Deňiz suw çüwdüriminiň köp öwüşginli şöhleleri, ak mermerli belent binalary öz içine alýan syýahatçylyk zolagynyň dürli reňkli çyralardan lowurdaýan ajaýyp keşbi şygryýet agşamyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Her bir çykyş şowhunly el çarpyşmalar, batly ýaňlanýan «berekella» diýen sözler bilen garşylandy. Göräýmäge, bu şygryýet derýasynyň akymy tükeniksiz dowam edýän ýalydy, çünki halk joşgunynyň we zehininiň çeşmesi egsilmezdir. Goý, bu çeşme ajaýyp bag ýaly gülläp ösýän türkmen medeniýetini mundan beýläk hem öz suwuna gandyrsyn!

Awazadaky Medeniýet hepdeliginiň ýene-de bir güni şeýle geçdi. Bu gün ýokarda agzalyp geçilen çärelerden başga-da, şadyýan açyşlaryň we ýatdan çykmajak täsirleriň ençemesini özüne birleşdirdi. Şeýle hem Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde mili sowgatlyk önümleriň we türkmen telekeçileriniň beýleki harytlarynyň sergi-satuwynyň guralandygyny bellemelidiris.

Bu ýerde ussalaryň ýasan önümlerini, dürli sowgatlyk önümleri, ýadygärlik üçin bezegleri hem-de tumarlary, şeýle hem ajaýyp haly önümlerini, köp öwüşginli ýüpek matalary, keteniden tikilen we nagyş çekilen dürli önümleri satyn alyp bolýar.

Biziň ýurdumyzda hususy haryt öndürijileriň sany ýylsaýyn artýar. Döwletiň goldaw bermegi hem-de telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan maksadalaýyk çäreleriň görülmegi netijesinde olar diňe bir içerki bazarlary däl, eýsem, daşary bazarlary hem ynamly özleşdirýärler. Kiçi we orta işewürligiň wekilleri dürli ulgamlarda—oba hojalyk önümçiliginden we azyk pudagyndan başlap, gurluşyk we ýokary tehnologiýalary çenli möhüm ugurlarda işleýärler. Olar ykdysady işiň täze, wajyp we öňdebaryjy ugarlaryny yzygiderli özleşdirseler-de, däp bolan halk senetleri hem-de amaly-haşam sungaty telekeçilik ulgamynda ärän ähmiýetli ugurlar bolmagynda galýar.

Awazadaky dabaralar bolsa dowam edýär, olara gatnaşyjylara ýene-de örän köp ajaýyp wakalar, täsin duşuşyklar hem-de ýakymly döredijilik pursatlary garaşýar.