Ï Ata Watanymyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar

view-icon 964
Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaralar geçirildi. Ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy taýdan ösmegine we halkymyzyň medeni mirasyny wagyz etmäge uly goşant goşýan döredijilik işgärlerini hormatladylar. Her ýyl bu baýramçylyk güni gyzykly çäreleriň ençemesi geçirilip, olara artistler we edebiýatçylar, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri, teatrlaryň we konsert guramalarynyň, medeniýet öýleriniň işgärleri, çeper höwesjeňler toparlary, kinematografiýaçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kitap neşirýatlarynyň hünärmenleri hem-de öz tutanýerli zähmetleri bilen döwletimiziň ruhy baýlygyny artdyrýan beýleki adamlar gatnaşýarlar.


Şu ýyl şanly senä gabatlanan Medeniýet hepdeligi uly möçberli waka bolup, ol milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär. Onuň çäklerinde bu ýerde Halkara sungat sergisi, ýurdumyzyň neşirýat önümleriniň sergisi geçirilýär. Sungat sergisine türkmen we daşary ýurtly suratkeşler, halk çeper senetleriniň ussatlary, zergärler gatnaşýarlar. Gojaman Hazaryň kenarynda şeýle hem kino görkezmek, şygryýet agşamy, “Erkin çarlaklar” atly çagalar bäsleşigi, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti we beýleki çäreler geçirildi.

Şu gün festiwal wakalary “Daýanç” çagalar dynç alyş merkeziniň meýdançalarynda dowam entdi. Bu ýerde ýaş suratkeşleriň—ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň sergisi guraldy. Dürli öwüşginli sergi toplumyň medeni dynç alyş merkeziniň öňünde ýaýbaňlandy, onda görkezilen suratlary seýil bagynda we çagalar şäherjiginde synlap boldy.

Peýzažlar, portretler, natýurmortlar, sýužet sahnajyklary we özboluşly pannolar köpdürlüligi bilen zehinli suratkeşleriň döredijilik pikiriniň egsilmez hyýalyny we baýlygyny açyp görkezýär. Olaryň halypalarynyň pikirine görä, bu suratkeşleriň geljegi uludyr. Uly bolmadyk žiwopis suratlaryndan, akwarel suratlaryndan, grafiki sahypalardan başga-da, garyşyk tehnikada, applikasiýa we mozaika žanrynda ýerine ýetirilen işler, çeper nagyşlama bilen tanyşdyryldy.

Mowzuklar dürli-dürli bolup, olaryň içinden esasy ikisini görkezmek bolar: bu milli miras bolup, onda ýaş suratkeşler gyzykly döredijilik pikirlerini beýan edýärler. Beýlekisi bolsa Awaza—bagtly çagalygyň ülkesi mowzugydyr. Ähli işler çeperçilik beýanyň aýdyň, şadyýan äheňi, mähirliligi, çaga arzuwlary bilen gurşalandyr.

“Daýanç” merkeziniň amfiteatrynyň sahnasynda bolsa çagalaryň döredijilik toparlarynyň—“Şatlyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Aýjan”, “Güneş”, “Hazar merjenleri” we beýleki toparlaryň çykyşlary ýaýbaňlandy.


Konserte gatnaşyjylar—ýaş artistleriň iki ýüzden gowragy öz zehinlerini we ussatlygyny joşgunly tanslarda, aýdym-saz we horeografik çykyşlarda, halk döredijiliginde açyp görkezdiler. Olar öz çykyşlary bilen eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz söýgülerini beýan etdiler. Çünki milli Liderimiz olara asuda we bagtly çagalygy, ajaýyp geljege bolan ynamy we ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny peşgeş etdi. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň taýýarlan sahnasy konsert maksatnamasynyň üstüni ýetirdi.

Umuman, tomaşaçylara we ýerine ýetirijilere ajaýyp duýgulary peşgeş eden konsert milli zehinleriň çeşmesiniň egsilmezliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Medeniýet—hyjuwlardan doly gurşaw bolup, ol her bir adama öz halkynyň, öz beýik ýurdunyň bir bölegi bolup durýanlygyny duýmaga mümkinçilik berýär. Ol nesilleri birleşdirýär, ýaşlary ynsanperwerligiň we gözelligiň baky maksatlarynda, halkyň asyrlarboýy öz däp-dessurlarynda, mirasynda aýawly saklap gelen öçmez-ýitmez gymmatlyklarynyň esasynda terbiýeleýär.

Bu mirasy dowam etdirijiler bolmak bilen, ýaş türkmenistanlylar döredijilik bilen höwes bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzda bolsa munuň üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa uly üns berýär. Tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap, täze barlaghana enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen we Internede birikdirilen kompýuterli mekdebe çenli edaralaryň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetiki we çeperçilik merkezleriniň, dynç alyş merkezleriniň giň gerimli gurluşygy ýaýbaňlandy.

Umumymilli, şeýle hem halkara derejesinde geçirilýän dürli döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem Türkmenistanyň çagalar we ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklerine we festiwallaryna gatnaşmagy çagalar döredijiliginiň ösmegine ýardam edýär. Mysal üçin, däbe öwrülen bäsleşikleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine her ýyl ýurdumyzyň ähli ýerlerinden ýaş okaýjylaryň, tansçylaryň, drama artistleriniň we çeper höwesjeňleriň müňlerçesi, halk döredijilik toparlary gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz milli medeni baýlygymyzy aýawly saklamagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, bu iş öz many-mazmuny bilen geçmişi däl-de, geljegi nazarlaýar diýip belleýär. Biziň mirasymyz diňe bir ylmy taýdan gyzyklanmanyň, taryhy-medeni, etnografiki barlag işleriniň çeşmesi däl-de, eýsem, her bir nesliň janly ruhy islegi bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, çagalar döredijiligine ýaşlaryň milli medeniýetimiziň baýlygyny dowam etdirmek we özleşdirmek usuly hökmünde möhüm orun degişlidir.

Birnäçe wagtdan soň, ýene-de bir konsert çykyşlary Awazadaky dabaralara gatnaşyjylary we onuň köp sanly myhmanlaryny dynç alyş zolagynyň esasy sahna meýdançasyna – kenardaky deňiz çüwdürimleriniň ýanýndaky amfiteatra çagyrdy.


Bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlary, tanymal aýdymçylar, belli tans we döredijilik toparlary, halk saz gurallary we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çeperçilik toparlary öz döredijiligini görkezdiler.

Konsert ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Bäş welaýat toýa geldi jem bolup” atly edebi sazly çykyş bilen açyldy. Dürli öwüşginli çykyşyň maksatnamasyna häzirki zaman estrada äheňinde işlenip taýýarlanan gadymy halk aýdymlary we tanslary, dessurlar, beýleki döredijilik žanrlarynyň eserleri – ýürekden çykýan hüwdi, söýgi hakynda aýdymlar, dessanlardan parçalar girdi.

Welaýatlaryň birleşen döredijilik toparlarynyň käbir çykyşlary Awaza bagyşlanyp, olaryň arasynda “Toýlara beslenýär gözel Awaza” atly çykyş has şowhunly bolup, onuň köpçülikleýin sahnalarynda deňiz dynç alyş zolagynyň durmuşyndan pursatlar, kenarda çagalaryň şatlygy we beýlekiler şöhlelendi. “Bagt ýagýar Bahry Hazar kenara” atly sahna çykyşy hem dürli öwüşgine eýe boldy.

Çykyşlaryň hemmesinde artistler geçmiş bilen geljegi baglanyşdyryp, gadymy aýdymlara häzirki zaman äheňlerini we üýtgeşik owazy çaýdylar. Çykyşyň käbir pursatlarynda halkyň durmuşynda halk teatrynyň gözbaşlarynyň döräp başlan gadymy döwürlerden sahnalar janlandyryldy. Aýdymçylar halk döredijiligini we täze sazlary utgaşdyryp, bagşylara mahsus bolan owazlary netijeli peýdalandylar we tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar.

Özboluşly çykyşlarda täzeçe okalýan baý halk döredijilik eserlerine ussatlyk bilen eýe bolmak, awangardyň sepgidinde döredijilik däpleri bilen sowatly synag geçirmek we şonuň bilen bir hatarda etnografik mirasyň baýlygyny saklap galmak islegi, ony tomaşaçylara ýetirmek biziň iň gowy aýdymçylarymyzyň döredijilik ylhamy we üstünliginiň girewi bolup durýar. Minnetdar tomaşaçylar türkmen sungatynyň dürli öwüşginli palitrasyny we häzirki zaman ýerine ýetirijilik mekdebiniň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän her bir çykyşy şowhunly el çarpyşmalary bilen garşyladylar.

Nobatdaky aýdym-sazly çykyş küşdepdi tansy bilen utgaşyp, sahnada teartlaşdyrylan çykyşa gatnaşyjylaryň hemmesini bir ýere jemledi. Tans ýuwaşlyk bilen başlap, aýdymçynyň täsirli sesi hem-de sazyň jadyly owazy bilen tomaşaçylary bendi edip, ýuwaş-ýuwaşdan tizleşip, ahyrynda misli dag derýasynyň suwy ýaly gaýalaryň içinden böwsüp, okgunly hereketiň erkinligine eýe bolan ýaly boldy.

Hereketleriň sazlaşyklylygy, gyradeňligi tansa üýtgeşik öwüşgin çaýdy, ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlary bolsa, şol pursatda halkymyzyň agzybirligini şöhlelendirdiler. Şu belent notada şowhunly tans arasy üzülmän, “Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!” diýen aýdyma sazlaşykly geçip gitdi. Agşamyň jemleýji bölegine öwrülen aýdymy konserte gatnaşyjylaryň hemmesi agzybirlik bilen ýerine ýetirdiler. Onuň dabaraly owazy hem-de ajaýyp sözleri milli Liderimize häzirki döwürde gülläp ösýän milli medeniýetimize berýän goldawy we ünsi üçin çuňňur hoşallygyň beýanyna öwrüldi.