Ï «Awaza—2013» Medeniýet hepdeligi: ajaýyp jemlemeleriň güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza—2013» Medeniýet hepdeligi: ajaýyp jemlemeleriň güni

view-icon 939
Hazar deňziniň kenarynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň görkana günleri tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, oňa biziň ýurdumyzyň müňlerçe döredijilik işgärleri — suratkeşler, bezeg amaly-haşam sungatynyň ussatlary, aýdymçylar-sazandalar, ýazyjylar we kinematografiýaçylar, teatr we kino artistleri, halk döredijilik ansambllary, ähli welaýatlardan çeper höwesjeňler toparlary, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar — žiwopisçiler, halk hünäriniň däplerini gorap saklaýjylar we dowam etdirijiler, meşhur estrada aýdymçylary gatnaşdylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligi öz öňünde duran wezipäni ýerine ýetirdi: Türkmenistanda alnyp barylýan medeniýet işlerine täze ösüş hem-de kuwwatly itergi bermek maksady bilen bu ugurda bolup geçýän özgertmeleri giňden şöhlenendirmek, döredijilik işgärleriniň hünär kämilligini artdyrmaga, sungatyň görnüşlerini ösdürmäge we onuň köpdürlüligine ýardam etmek, medeni diplomatiýany we bu ugurda halkara özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek wezipelerini ýerine ýetirdi.

Uly baýramçylyk çäresiniň toý öwüşgüni özünde Türkmenistanyň ägirt uly medeni kuwwatyny beýan eden köp dürli wakalary jemledi, biziň halkymyzyň milli mirasynyň özboluşlygyny beýan etdi hem-de işjeň döredijilik gatnaşyklaryny, halkara derejesindäki alyş-çalyşlar üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Hepdeligiň çäklerinde halkara sungat sergisi, Watanymyzyň neşirýat önümleriniň sergisi, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi, şygryýet agşamy, opera spektaklynyň ajaýyp görkezilişi, biziň ýurdumyzyň hem-de beýleki döwletleriň meşhur aýdymçylarynyň we ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsert çykyşlary geçirildi.


Şeýle hem esasy çärelerden başga-da, döredijilik çekişmeleri hem-de täsin master-klaslar, köpsanly duşuşyklar geçirildi. Bütin hepde dowam eden baýramçylyga körpe zehinler — ýaş suratkeşler, tansçylar we sazandalar hem öz goşandyny goşdylar. Olar giň wekilçilikli tomaşaçylar bilen özleriniň ilkinji döredijilik tejribelerini, gözleglerini, umytlaryny we üstünliklerini paýlaşdylar.

Iri medeni çäräniň joşgunly ýaňlary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze ähmiýetli desgalaryň açylyş dabaralary bilen has-da artdy. Medeniýete jemgyýetimiziň ruhy taýdan ösmeginde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde, ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda ileri tutulýan wajyp wezipe hökmünde garaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabaralara hut özüniň gatnaşmagy bu wakalaryň derejesine aýratyn ähmiýet berdi.

Şu gün, hepdeligiň jemleýji gününde medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin Awazada täze bina edilen «Şowhun» dynç alyş merkezinde Hazar deňziniň kenaryna gelen günlerinden bäri geçen wagtyň dowamynda türkmen we daşary ýurtly suratkeşleriň döreden eserleriniň sergisi guraldy. «Şowhun» medeni-dynç alyş merkeziniň toplumynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan sergi şekilendiriş sungatynyň köpsanly dürli görnüşleri arkaly şöhlenendirilip baýramçylygyň özboluşly beýanyna öwrüldi.


Şu günlerde özleri üçin döredijilik ussahanasyna öwrülen türkmen çeperçilik mekdepleriniň talyplary ynsan keşplerini hem-de dürli pursatlaryndaky degişme äheňli çeken suratlaryny sergä çykardylar. Olar bu ýerde -deňziň kenarynda, suraty tiz çekmek sungatynda türgenleşdiler. Olar Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň keşbini kagyz ýüzüne geçirdiler. Şunuň bilen bir hatarda, ýaşlara türkmen žiwopisçileri we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bolan ussatlar bilen işleşmäge mümkinçilik döredildi. Olar şekilendiriş sungatynyň milli mekdebiniň ajaýyp däplerini dowam edýän biziň geljekki suratkeşlerimiziň taýýarlygyna oňat baha berdiler.

Görnüşlerine, stilistik aýratynlyklaryna garamazdan, daşary ýurtlardan gelen suratkeşleriň döreden işlerini diňe bir umumy mowzuk birleşdirmän, eýsem, umumy ýagdaýlar — myhmansöýer Awaza kenarynyň täze döredijilik durmuşyndan, türkmen medeniýetiniň baýlygyndan emele gelen haýran galdyryjylyk birleşdirdi. Olarda ajaýyp döredijilik we dostluk baýramçylygynyň sowgat edilendigi üçin şatlyk we tüýs ýürekden hoşallyk duýulýar.


Bu ýerde grafikada we bezeg sungatynda milli tärlerden başlap garyşyk ugurlarda, däplerde batyrgaý tejribelere çenli şekillendiriş sungatynyň giň görnüşleri hödürlendi. Mysal üçin, gündogar kitap miniatýura usulunda eýranly grafika -bezegçisi Reza Çartahi tarapyndan çeper ýerine ýetirilen Awaza bagyşlanan eser ertekiçilik häsiýeti bilen özüne çekýär. Ukraýin suratkeşleri Tatýana Grisaý we Tatýana Kostglot dagynyň ýerine ýetiren ajaýyp işleriniň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Olar halk döredijiliginiň öwüşginlerini ulanyp, döredijilik erkinligi bilen realistik täri sazlaşdyrmagy başarypdyrlar. Olaryň «Awaza—2013» döredijilik işleriniň tapgyrynda deňiz peýzažlary, türkmen ak öýleri, bu öýleriň, içki gözelligi inçelik bilen suratlandyrylypdyr, ýyndam ahalteke bedewi hem-de petrik usulynda ýerine ýetirilen «Gülläp ösýän Türkmenistan» eseri täsirlilik bilen şekillendirilipdir. Türkmen zenanlarynyň däp bolan lybaslaryndaky we bezeg şaý-seplerindäki şekilleri ajaýyp ýerine ýetirilipdir. Bu işleri ýerine ýetiren köpsanly daşary ýurtly suratkeşler el işleriniň ussat gelin-gyzlaryna öz täsin galmalaryny hem-de minnetdarlagyny beýan edipdirler. «Döwrebap Awaza» mowzugynda döredilen işler aýratyn toplumy emele getirýär

Bir söz bilen aýdylanda, çepreçilik sergisine gatnaşyjylara Awazanyň gaýtalanmajak şadyýanlygynyň we döredijilik kuwwatynyň keşbini janlandyryp, baýramçylygyň özboluşly senenamasyny döretmek başartdy.

Soňra türkmen we daşary ýurt döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda Medeniýet hepdeliginiň we onuň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemi jemlendi. Nygtalyşy ýaly, uly gerim bilen bellenen baýramçylyk türkmen halkynyň ruhy galkynyşyny, onuň ägirt uly döredijilik mümkinçiligini şöhlelendirdi, şeýle hem milletara gatnaşyklarynyň çäklerini görnetin giňeltdi.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, belli suratkeşler we şahyrlar Türkmenistanyň medeni durmuşynyň işjeňleşmeginiň, onuň gyzykly mazmun, röwşen wakalar, şol sanda daşary ýurt derejesindäki wakalar bilen üstüniň ýetirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlar bilen çykyş etmegi, milli Liderimiziň Watanymyzyň medeniýetiniň ösdürilmegine, medeni mirasmyzyň wagyz edilmegine berýän uly ünsüniň netijesinde bolup geçýändigini nygtadylar.

Medeniýet hepdeliginiň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazarynda, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň gatnaşyklary hem-de täze gatnaşyklary we döredijilik alyş-çalyşlaryny ýola goýmak babatda aýratyn ähmiýeti bellenildi. Munuň özi halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy berkitmäge, şeýle hem parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň dabaralanmagyna ýardam eder. Çünki medenýiet hemişe ähli ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek bilen birleşdiriji beýik güýç bolupdy.

Bu pikiri türkmen- awstiriýa medeni hyzmatdaşlygynyň mysalynda awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger öz çykyşynda aýtdy. Ol bu ýere ýygnananlara bu ulgamda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalar barada gürrüň berdi. Munuň özi, hususan-da, «Galkynyş» türkmen-awstriýa bilelikdäki orkestri, Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Wena baly, birek-biregiňkide geçirilýän Medeniýet günleri, sergiler we beýleki çärelerdir.

Gürrüňi ukrain wekilýetiniň ýolbaşçysy Pawel Rotar dowam etdi. Ol özüniň Türkmenistanda ikinji gezek bolýandygyny, eýýam birinji geleninde döredijilik topary bilen oňat gatnaşyklarynyň dörändigini hem-de häzirki saparynyň şol gatnaşyklaryň dowamy bolandygyny belledi. Onuň pikiriçe, şeýle özara gatnaşygyň gyzykly tarapy türkmen we ukrain halklarynyň nagyş - bezeg sungatynda ylmy esaslarda meňzeş keşpleri we äheňleri bilelikde öwrenmek, olaryň umumy gözbaşynyň, pelsepe garaýyşlarynyň, taryhy - medeni gatnaşyklarynyň öwrenilmeginiň mümkinçilikleri bolup biler.

Bu baradaky gürrüňi özbek suratkeşi Erkin Joraýew hem goldady. Ol türkmen we özbek medeniýetleriniň ýygjam gatnaşyklaryny, olaryň özara täsirini belledi, şonuň bilen birlikde, ol milli aýratynlyklaryň häzirki zaman sungatynda öz pikirleriňi beýan etmek ussullarynyň köpdürlüligi goşýandygyny nygtady.

Täsirler, ylhamlar we meýiller hemme döredijilik adamlaryny birleşdirýän baş ýörelgelerdir. Şu ýörelgeler hem öz halkyňa bagyşlamak bilen ähmiýeti has-da artýan zehiniň mazmunyny kesgitleýär. Bu pikir duşuşykda birnäçe gezek gaýtalandy. Ermenistanda gelen žurnalist, şahyr Owik Oweýan — Oganesiýanyň belleýşi ýaly, Awazadaky Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň özlerinde galdyran göýä bugdaýyň altyn däneleri ýaly täsirleri, gürrüňsiz biziň milli medeniýetlerimiziň bähbidine oňat hasyl berer.

Daşary ýurtly myhmanlaryň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistanyň buýsanmaga we dünýä görkezmäge köp gymmatlyklary bar. Diňe bir ägirt uly "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy taslamasynyň özi nämä degmeýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi beýleki ýurtlar üçin görelde we nusga bolup biler. Biz özümiz üçin täze Türkmenistany açdyk diýip, özlerinde galan täsirleri paýlaşyp, Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlar aýdýarlar. Iň esasy bolsa türkmen topragyndaky duşuşyklaryň ýürekleriň birek-birege açylmagy bolup durýar.

Çykyş edenleriň köpüsi mähirli täsirlerini şygyrlarynda beýan etdiler. Bu ýagdaýy türkmen edebiýatçylary hem dessine alyp göterdiler. Munuň özi döredijilik maslahatyny duýdansyzlykda şygryýet baýramçylygyna öwürdi. Şunda bu ýerde diňe bir türkmen şahyrlarynyň özleriniň okamaklarynda düzen şygyrlary ýaňlanman, eýsem, dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň watançylyk baradaky şygyrlary hem ýaňlandy. Belentden okalan ruhuny täsir edýän goşgular bu ýere ýygnananlary has-da ýakynlaşdyrdy, şygyr okanlaryň her biriniň çykyşy joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ine, şeýle röwüşde duşuşyk tamamlandy, ýöne oňa gatnaşyjylar gaýtmaga howlukmadylar. Bu ýerde häzirki zaman medenýetini ösdürmegiň ýollary, hakykata akyl ýetirmek we döredijilik gözýktimleri barada täsirli gürrüňdeşlikler hem-de çekişmeler dowam etdi, kärdeşler öz döredijilik meýillerini paýlaşdylar, Awazada dörän täze pikirleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Baýramçylyk wakalaryna gatnaşyjylaryň hoşlaşmagy näçe kyn bolsa-da, olaryň hepdelik duşuşyklary tamamlandy. Agşamara Awaza derýasynyň üstünde ap-ak gämi bilen belende göterilýän «Akmaýa» restoranyň öňünde gurnalan sahnada Medeniýet hepdeliginiň ýapylyşyna bagyşlanan dabara bolup geçdi. Onuň çäklerinde Halkara sungat sergisine gatnaşyjylara diplomlar hem-de ýurdumyzyň durmuşynda häzirki zaman medeniýetinde täze sahypany açan çäreleri guramaga we geçirmäge işjeň gatnaşandygy üçin döredijilik toparlaryna hormat hatlary gowşuryldy.

Soňra Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna biragyzdan Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döredijilik forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär hem-de onuň dünýäniň halklarynyň köp dürli medeniýetleriň ösüşinde türkmen sungatynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde hem-de milli medeni mirasymyzyň wagyz edilmeginde ähmiýetlidigi nygtalýar.

Soňra daşary ýurtly myhmanlar — ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň medeniýet ulgamynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar türkmen döwletiniň Baştutanyna, bütin türkmen halkyna türkmen sungatynyň çäkçiz dünýäsi bilen tanyşmak babatda köp şatlyk bagyş eden ajaýyp baýramçylygyň geçirilendigi hem-de tüýs ýürekden kabul edilendikleri üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler.

Soňra ussat türkmen aýdymçylarynyň, ýaş estrada ýerine ýetirijileriniň, ýurdumyzyň parlak ýyldyzlarynyň — milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, belli tans toparlarynyň we Watanymyzyň dürli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň, gatnaşmagynda gala konsert geçirildi.

Awaza bagyşlanan aýdymlar, häzirki zaman owazlary, liriki wokal eserleri ýaňlandy. «Näzli», «Meňli», «Serpaý», «Dokmaçylar» toparlarynyň ýerine ýetiren halk döredijilik çykyşlary aýdym-saz baýramçylygyna öwüşgün çaýdy.

.... Garaňkynyň gatyşmagy bilen Awazanyň gijeki keşbinde Oguzhanyň äpet ýyldyzy belende galdy. Baýramçylyk sahnasy hem şol görnüşde gurnalypdyr. Bu ýyldyzyň öwüşgini emeli derýanyň suwlarynda şöhlenendi. Şundan iň uly joşgun hem-de egsilmez höwes bilen biziň durmuşymyzy özgertmekde we bagtly ykbalymyzy gurmakda batyrgaý arzuwlarymyzy we pikirlerimizi amala aşyrýandygymyzyň ajaýyp nyşanyny görmek boldy.

Şular barada, şatlykly baýramçylyk dogrusynda hem-de ýurdumyzda ähli özgerişleri durmuşa geçirmäge ruhlandyryjymyz hakda «Arkadagym bilen türkmen toýlary» diýen at bilen jemleýji aýdym ýaňlandy. Ony köpsanly tomaşyçylaryň şowhunly we dowamly el çarpyşmalary astynda konserte gatnaşyjylaryň hemmesi ýerine ýetirdi.

Ajaýyp konsert maksatnamasy röwşen maksatlara bolan ynama ruhlandyrýan, sungatyň birleşdiriji we galkyndyrjy beýik güýjüniň hormatyna berlen dabaraly salýut hökmünde ýaňlandy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligi örän giňligi we baý gerimi bilen bütin durkunda türkmen halkynyň mertebesini we oňat häsiýetlerini, myhmansöýerligini we şadyýanlygyny, döredijilik özboluşlylygyny we adamlara zehiniňi bagyşlamagy başarýandygyny — «Gelen — döwlet» diýen pähime eýerýändigini beýan etdi.

Jemleýji konsert hoşlaşygy aňlatmady — ol täze şatlykly açyşlara we täsirlere berlen wada öwrüldi. Indiki ýylda Daşoguzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi hemmeleri uly baýramçylaga çagyrar.