Ï 2013-nji ýylyň iýuny : milli Liderimiziň daşary syýatat başlangyçlar ugruna eýerip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2013-nji ýylyň iýuny : milli Liderimiziň daşary syýatat başlangyçlar ugruna eýerip

view-icon 11603
Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly başlangyçlaryny gujurly durmuşa geçirip, Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugry Konsepsiýasyny goldanyp, geçen aýda biziň ýurdumyzyň halkara kordinatlar ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy boýunça uly möçberli işi dowam etdirdiler. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyna ygrarly bolup, döwletara derejesinde hem, abraýly halkara guramalarynyň derejesinde hem oňyn gatnaşyklary ösdürmek bilen seçilip alnan ugra gyşarnyksyz eýerýär, oňyn bitaraplyk ýörelgesi şoňa esas edilip alnandyr.

Iýun aýynyň wakalary munuň nobatdaky tassyklanmasy boldy, şol aýyň ilkinji günlerinde biziň ýurdumyzda möhüm medeni çäre – Täjigistan Respublikasynyň medeniýet günleri boldy. Olara dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň uly topary, şol sanda medeniýet ulgamynyň, döredijilik birleşmeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, meşhur döredijilik toparlary, žurnalistler gatnaşdy, munuň özi göni gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga hem-de kärdeşleriň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etdi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, Döwlet medeniýet merkezinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolan duşuşyklar gumanitar ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi.

1-nji ýundan 3-nji iýun aralagynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant bolup, hakyky dostluk we döredijilik baýramçylygyna öwrüldi.

Şol günler, ýagny 1-nji iýundan 3-nji iýun aralygynda biziň ýurdumyzyň paýtagtynda milli senenamamyzyň şanly senesine-türkmen dokmaçylarynyň hünär baýramçylygyna bagyşlanylan uly möçberli forum geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Söwda senagat edarasy “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly her ýyl geçirilýän pudaklaýyn gözden geçirilişiň- halkara sergisiniň we şol at bilen maslahatyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Sergi dünýäniň dürli ýurtlaryndan pudagyň hünärmenleriniň tejribe alyşmagy üçin netijeli meýdança öwrülip, häzirki wagtda dokma senagatyny ösdürmegiň iri merkezleriniň biri diýlip ykrar edilen we bu ugurda täze tehnologiki işläp taýýarlamalara, öňdebaryjy enjamlara gyzyklanýan Türkmenistanyň depginli ösýän bazaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de işewürleriniň girmegine ýardam edýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Hytaýdan, Lýuksemburgdan, Hindistandan, Russiýadan iri kompaniýalaryň onlarçasynyň oňa gatnaşandygy kanuna laýyk ýagdaýdyr, olar özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalaryny görkezmäge hem, marketing we menenment babatda, ýokary modalar ulgamynda teklipler bilen çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.

3-nji iýunda türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline dünýä belli “Boing” (ABŞ) kompaniýasynyň Sietl (ABŞ) – Guzbeý (Kanada)- Birmingem (Beýik Britaniýa) – Aşgabat ugry boýunça 18 sagatlyk uçuşy amala aşyran “Boeing-737-800” uçary gelip gondy. Ol bu tapgyrdaky howa gämileriniň ikinjisi boldy, şonuň satyn alynmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2011-nji ýylyň iýulynda Amerikan uçargurluşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.

Gürrüňsiz suratda täze howa uçary bu Amerikan kompaniýasynyň howa gämileriniň öňki modelleri ýaly, ýolagçy howa gatnawlaryna we ýük daşamaga artýan islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryndan ýöredilýän “açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna, söwda – ykdysady, gumanitar gatnaşyklary, syýahatçylygy we başgalary işjeňleşdirmäge möhüm goşant goşar.

4-nji iýunda türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy” ady bilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanylan halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan wekilçilikli maslahat ýurdumyzyň esasy alymlaryny, bilermenlerini, ekologlaryny, tebigaty goraýyş düzümleriniň, oba senagat toplumynyň we suw hojalygynyň hünärmenlerini ýygnady.

Maslahata iri halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Hopsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Türkmenistandaky “Ýewropa” öýüniň we başgalaryň wekilleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Bellenip geçilişi ýaly, daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara derejesinde goşulyşmak we oňyn hyzmatdaşlyk giň möçberli ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň başyny başlaýjy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

6-njy 7-nji iýun aralygynda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň utgaşdyryjy komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Mejlise maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň – Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, BMG-niň ösüş maksatnamasynyň we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (ÝUSAID) wekilleri gatnaşdylar.

Iki günüň dowamynda mejlise gatnaşyjylar sebitleýin häsiýetli meselelere garadylar, bularyň arasynda Merkezi Aziýada-Günorta Aziýa energetika geçelgesini ösdürmek, sebitde elektrik energiýasyna gözegçilik we onuň söwdasy, Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler we şu ugur boýunça ileri tutulýan taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleri görkezmek bolar.

Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli çäräniň geçirilmeginiň türkmen döwletiniň dünýäde at -abraýynyň barha beýgelýändigini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatynyň derwaýys ähmiýetli bolmagynyň ykrar edilýändigini, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnamadyr.

6-njy iýunda paýtagtymyzdaky Oguzkent myhmanhanasynda bolan Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň üçünji mejlisinde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, hususan-da dürli pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň 18-siniň – “ARUP”, “ BG Group”, “BP Exploration”, “Burie Hill”, “ Colvir Sortware Colutions”, “Eagle Scientific Limited”, “JTA”, “ SGG London Limited”, “Shel International”, Petrofac”, “Agusta Westland” we beýleki köp sanly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri Türkmenistana geldiler. Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri, şeýle hem, türkmen –britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi. Ýangyç -energetika, söwda-ykdysady ulgamlar, ulag ulgamy, gurluşyk, senagat, sport, bilim we başgalar türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Häzirki zaman maglumatlar, senagat we teleulgamlar tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy.

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda sport ulgamy boýunça hem özara gatnaşyklara uly mümkinçilikler açylýar. Bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça, öňi bilen bolsa iri halkara sport çärelerini geçirmekde britan tarapyň oňyn tejribesine biziň ýurdumyzda uly isleg bildirilýär, çünki Türkmenistan 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär.

8-nji iýunda Aşgabatda bolan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guralan sport mediýa-forumy bu meselä bagyşlandy. Onuň işine Sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt žurnalistleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ählumumy sport hereketinde kommunikasiýalar we halkara gatnaşyklary ulgamy boýunça meşhur bilermenleriň biri – “Jon Tibs and assosiates” kompaniýasynyň direktory jenap Jon Tibs gatnaşdy.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahat bütin dünýäden köp sanly myhmanlary türkmen paýtagtyna ýygnady. Türkmenistanda her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän, Ylymlar gününe bagyşlanylan iri forumyň maksady ýurdumyzyň ägirt uly ylmy mümkinçiliklerini hem-de ony durmuşa geçirmegiň has geljegi uly ugurlaryny görkezmekden, bu babatda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmekden ybaratdyr.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýokary tehnologiýalar we kompýuter tehnikasy, mikroelektorinika, biotehnologiýa, himiýa, aerokosmos önümçiligi , interaktiw enjamlar, gazy gaýtadan işlemek, mineral we gidromineral serişdeler, günüň , ýeliň, terminal suwlaryň energiýasyny peýdalanmak babatda, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ulgamynda, bilim maksatnamalarynda öz mümkinçiliklerini görkezen dünýäniň 26 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de ylmy edaralaryň 80-den gowragy bar.

Ylmy maslahatyň gozgaýan meselesi hem has giň boldy, ýurdumyzyň we daşary ýurtly ylmy merkezleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň 38 döwletinden wekilleri oňa gatnaşyjylar boldular. Şol meseleler tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, nebitgaz toplumynda, oba senagat toplumynda, gurluşykda, dokma senegatynda, bilimde, medeniýetde, lukmançylykda we beýleki pudaklarda innowasion tehnologiýlar; energiýany hem-de serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalar; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri; maglumatlar hem-de teleulgamlar tehnologiýalarynda innowasiýalar bilen baglydyr.

Şeýle uly möçberli serginiň hem-de maslahatyň geçirilmegi häzirki zaman türkmen döwletiniň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň intellektual taýdan ösen jemgyýeti döretmäge, ylmy -tehniki ösüşe tarap seçip alan ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şol günler Moskwada Halkara Aragatnaşyk akademiýasy tarapyndan guralan “Innowasiýolar we Innowasion taslamalar” atly Halkara ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresiniň bolandygy guwançlydyr. Dünýäniň otuzdan gowrak ýurdunuň wekilleri bu bäsleşige gatnaşdylar. Onuň ýeňijileriniň hatarynda Türkmen döwlet ulag, we aragatnaşyk institutynyň ýaş mugallymy, tehnika ylymlaryň kanditaty, ylymlyk derejesine dalaşgär, ýokary okuw mekdebiň ýaşlar ylmy merkezlerinňi ýolbaşçysy A.Ataýew hem mynasyp orny eýeledi.

12-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Raýat kodeksine ilkinji ylmy-amaly Teswirnamanyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty we halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly Sebit maksatnamasy guradylar. Şu Teswirnama halkara bilermenleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekde türkmen hukukçylary tarapyndan taýýarlanyldy hem-de hukuk babatda milli hünärmenler üçin hem, gyzyklanýan we hünärli hukuk geňeşine mätäçlik çekýän raýatlar üçin hem giňden ulanylýan kitap bolar.

Geçen aýda Türkmenistanyň wekilýeti yklymara ulag gatnawy boýunça ýokary derejedäki “Aziýanyň ýüregini bütin dünýä bilen birleşdirýän ugur” atly halkara duşuşygyna gatnaşdy, ol Latwiýa Respublikasynyň paýtagty Rigada geçirildi. Maslahatyň gün tertibi giň möçberde durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag – aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleriniň birnäçesini özünde jemledi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Demirgazyk Günorta” we “Gündogar we Günbatar” ugurlary boýunça täze transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça oňyn başlangyçlary ýokary baha mynasyp boldy.

Olaryň hatarynda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini birleşdirýän ulag ugruny döretmek, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny gurmak hakyndaky türkmen tarapynyň başlangyçlary bar, şol ýoluň türkmen –gazak bölegi şu ýylyň maýynda ulanylmaga berildi. Öň ençeme gezek bellenip geçilişi ýaly, täze Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýoly sebitleýin we halkara ulag düzüminiň ähmiýetli bölegi bolar, onuň gurluşygyna 5-nji iýunda badalga berildi.

17-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagyna bagyşlanylan milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk boldy. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dünýä möçberli iri forumyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy biziň ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ykrar edilmeginiň, ylalaşdyryjylygyň we döredijiligiň daşary syýasy ugruny işjeň we maksada gönükdirip amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasy ugrunyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň hökümet wekilýetleriniň arasyndaky gepleşikleriň barşynda türkmen litwa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri anyklaşdyryldy, şol gepleşikler biziň ýurdumyzyň paýtagtynda 18-inji iýunda Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçýusyň resmi saparynyň çäklerinde boldy. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda we girdeýjiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak baradaky hökümetara ylalaşyklara, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Litwa Respublikasynyň Söwda, senagat we senetçilik edaralar assosiasiýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Aşgabatda bolan türkmen - litwa işewürler maslahatynyň maksady Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmakdan, şeýle hem Litwada işewürlik üçin mümkin bolan mümkinçilikleri we şertleri tanyşdyrmakdan, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy, Litwa Respublikasynyň söwda senagat we senetçiler palatalarynyň assosiasiýasy hem-de litwanyň Telekeçiler assosiasiýasy tarapyndan guralan duşuşyga Litwa Respublikasynyň Premýer - ministri, iki dostlykly ýurtlaryň döwlet hem-de işewür düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirip, aýry-aýry sebitleriň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň çägini giňeldip, öňden gelýän hyzmatdaşlary bilen, şol sanda Türkiýe Respublikasyndan hyzmatdaşlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly we netijeli ösdürmegi berk ýüregine düwýändigini görkezýär. Mysal üçin, 18-nji iýundan 21-nji iýun aralygynda türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallar senagatynyň häzirki mümkinçiliklerini hödürlän, däbe görä her ýyl geçirilýän sergi boldy. Doganlyk ýurduň esasy kompaniýalarynyň we iri kärhanalarynyň ýüzden gowragy oňa gatnaşdylar. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy we “Meridiýen “Halkara sergi kompaniýasy tarapyndan guralan Türkiýäniň gurluşyk senagatynyň gazanan üstünlikleriniň sergisine pudagyň hünärmenleriniň, telekeçileriň, aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi baryp gördi.

Biziň ýurdumyzyň wekilleriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň “Ilatyň saglygy-arkalaşyklaryň ýurtlarynyň gülläp ösüşiniň esasy” atly döwletara II mashatyna gatnaşmagy hem ähli raýatlaryň sagdyn we doly derejedäki ösüşi, sagdyn we beden taýdan berk ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli şertleri üpjün etmek boýunça netijeli işiň nobatdaky möhüm ykrar edilmegi boldy. 23-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen maslahatyň jemleri boýunça biziň watandaşlarymyz “Ilatyň saglygyna goşulan goşant üçin” diýen medal we degişli diplom bilen sylaglandy.

Söwda ykdysady ulgamy hem GDA-da hyzmatdaşlygyň çäklerinde tagallalary bilelikde sarp etmegiň möhüm ugry bolup durýar. 26-njy iýunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bu meselä bagyşlanan ylmy – amaly maslahat boldy. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň söwda - senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşinde biziň ýurdumyzyň Söwda -senagat edarasynyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen “Orta we kiçi telekeçiligi goldamakda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Söwda -senagat edaralarynyň orny we ähmiýeti” atly maslahat Hazaryň türkmen kenaryna Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan Respublikasyndan we Gyrgyzystan Respublikasyndan milli Söwda - senagat edaralarynyň hem-de işewür düzümleriniň wekillerini ýygnady. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň degişli ministirlikleriniň we bank edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Maslahatyň gün tertibine Arkalaşygyň ýurtlarynda hususy telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmegiň hem-de oňa ýardam etmegiň, GDA gatnaşyjy döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda söwda -ykydysady gatnaşyklarda we maýa goýum hyzmatdaşlygy ulgamynda söwda -senagat edaralarynyň belli bir ugurly döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň wezipelerini çözmek bilen bgalnyşykly meseleleriň giň topary girizildi.

Şeýlelikde geçen aý Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mümkinçiliklerini, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmak, Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan uly möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň gujurly işini beýan edýän köpsanly möhüm wakalara hem baý boldy.