Ï Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy

view-icon 846
Şu gün türkmen paýtagtynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy. Medeni çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Bolliwuddan meşhur topar geldi. Onuň düzümine dostlukly ýurduň sazandalary, aýdymçylary we tansçylary girdiler. Bu çäre taryhy we medeni kökleriniň umumylylygy, hakyky dostluk hem-de hoşniýetlilik gatnaşyklary bilen baglaşan iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Taryhda türkmen we hindi halklarynyň ykballarynyň has ýakyn bolan döwürleriniň köpsanly mysallaryny tapmak bolýar. Muňa orta asyrlaryň ýyl ýazgylary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olara laýyklykda, türkmenleriň Hindistanda ilkinji gezek peýda bolmagy häzirki Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Demirgazyk Hindistanyň çäginde Kuşan patyşalygynyň döremegi (biziň eýýamymyzyň I-IV asyrlarynda) bilen baglanyşyklydyr. Iki halkyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň subutnamalary Türkmenistanyň, şeýle hem Hindistanyň muzeýlerinde bar. Ilkinji nobatda, bular gadymy keramikanyň seýrek duş gelýän nusgalary, şeýle hem kerwen ýollary boýunça bir ýurtdan beýleki bir ýurda getirilen dürli sungat eserleri bilen baglanyşyklydyr.


Türkmen halkynyň beýik ogullary – ajaýyp döwlet işgäri we serkerde, akyldar hem-de Gündogaryň zehinli edebiýatçysy Baýram Han Türkmen we onuň ogly – Beýik Mogollar imperiýasynyň baş weziri, başarjaň serkerde we zehinli terjimeçi – şahyr Abdyrahym Han Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazdylar. Hindiler olaryň mirasyna uly hormat we sarpa goýýarlar. Demirgazyk Hindistana baryp görmegi beýik Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasynda hem öçmejek yz galdyrdy. Türkmenistanyň gadymy we orta asyrlardaky iri şäherleriniň biri bolan Merwrdäki Hinduwan derwezesi (Hindi derwezesi), Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi, Delidäki Kutb minarasy hem-de Köneürgençdäki edil şoňa meňzeş bolan Kutlug – Timuryň minarasy iki halkyň medeniýetleriniň özara gatnaşyklarynyň binagärlik nyşanlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-nji ýylyň maý aýynda Hindistan Respublikasyna bolan döwlet sapary köpugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypalary ýazdy. Döwlet Baştutanymyzyň Hindistan Respublikasyna bolan ilkinji saparyny iki halkyň mukaddesligine – Abdyrahym Hanyň kümmetine baryp görmegi bilen başlamagynyň çuňňur manysy bardyr.

Türkmen we hindi halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklary häzirki wagtda iki ýurduň ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, syýahatçylyk, sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen hökümetara ylalaşyklary hem muňa ýardam edýär.

Soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda türkmen-hindi gatnaşyklary has işjeňleşdi. Hindi artistleri hem-de toparlary Aşgabatda ençeme gezek konsertler bilen çykyş etdiler, hindi filmleriniň görkezilmegi däbe öwrüldi. Soňky gezek hind filmlerini görkezmek çäresi şu ýylyň 30-njy martynda Mary şäherinde geçirildi. Hindistan Respublikasyndan alymlar, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlaryna, festiwallara hem-de sergilere işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri hem dostlukly ýurtda ýygy-ýygydan bolup, dürli halkara maslahatlaryna, sergilere, simpoziumlara gatnaşýarlar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanynda Türkmen-hindi maglumatlar tehnologiýalary merkezi hereket edýär. Biziň ýurdumyzda Hindi diliniň bütindünýä güni geçirilýär, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hIndi dili boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Hindi –türkmen dostlugy jemgyýetiniň işi hem dostluk gatnaşyklaryny we gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Medeniýet ulgamynda köpsanly çäreler biziň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hem-de ilçihananyň ýanynda hereket edýän Hindi medeni merkezi bilen bilelikde guralýar.


Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky şu gezekki Medeniýet günleri iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge özüniň saldamly goşandyny goşmalydyr, olaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna ýardam etmelidir. Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan medeni çäräniň açylyş dabarasynda hem bular barada jikme-jik durlup geçildi.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sunil Jain döredijilik forumynyň açylyşynda çykyş etmek bilen, däbe öwrülen türkmen-hindi dostluk gatnaşyklarynyň giň medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň girewi bolup durýandygyny belledi. Dostlukly halklary bolsa umumy taryhy kökleri, ruhy –ahlak gymmatlyklary baglaşdyrýar. Şu medeni çäre Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir diýip, ilçi belledi.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanlaryna - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjä medeni çäräni geçirmäge döredilen mümkinçilik, dostlukly halklaryň arasyndaky ruhy gatnaşyklary ösdürmäge hemişe üns berýändikleri we goldaýandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra konsert sahnasynda hindi kinematografiýasynyň taryhyna bagyşlanan köp öwüşgünli çäre ýaýbaňlandyryldy. Bolliwudyň meşhur döredijilik topary aýdym-sazyň we tanslaryň kömegi bilen dünýäniň halklarynyň köpüsiniň uly sarpa goýýan hindi kinosynyň döreýşi we ösüşi barada gürrüň berdi. Reňkleriň, örän owadan milli lybaslaryň köp öwüşgünliligi, häzirki zaman hem-de kakylyp çalylýan milli hindi saz gurallarynda ýerine ýetirilen joşgunly sazlaryň astynda tans edilmegi tomaşaçylara Hindistanyň özboluşly medeni gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Meşhur hindi kinofilmlerinden ýaňlanan aýdym-sazlar tomaşaçylar tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi.

Ertir medeni çäräniň çäklerinde hindi artistleri Mary şäherine baryp görerler. Şol ýerde konsert bilen çykyş ederler, şeýle hem “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Mary welaýatynyň Taryhy –ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Mary welaýat kitaphanasyna gezelenç ederler.

Döredijilik çäräsiniň medeni maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem türkmen paýtagtynyň muzeýlerine hem-de beýleki ajaýyp ýerlerine barlyp görler.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar. Bu konsert 11-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda bolar.