Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu çäräniň guramaçylary bolup, iki doganlyk ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda geçen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklardan gözbaş alýan döwletara aragatnaşygynyň oňyn ösüşi gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygyň işjeňleşmeginde aýdyň şöhlelenýär. Bu bolsa taryhy, medeni, ruhy umumylyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm ugur bolup durýar.
Doganlyk ýurtda häzirki zaman sungatyny, halk döredijiligini we türkmen halkynyň çeperçilik däplerini düzümine medeniýet işgärleri, artistler, sazandalar we tansçylar giren uly döredijilik wekiliýeti görkezdi. Olaryň Türkiýä gelmekleri Stambul şäherinden başlandy. Bu iri şäher Türkmenistanyň medeniýet wekillerini dürli maksatnamaly çykyşlary bilen ozalam birnäçe gezek kabul edipdi.
Ýene nobatdaky gezek türkmen myhmanlary bu ýerde mähirli we şatlykly garşylandy. Olar üçin şäheriň görnükli ýerlerine täsin syýahatlar guraldy: onuň esasy baýlygy—äpet Topgapy köşgüne, Stambulda iň uly metjit bolan Mawy metjidine barlyp görüldi. Bu metjit Soltan Ahmet we Aýasofiýa ybadathanasy hökmünde hem meşhurdyr. Ol täsin wizantiýa şekilleri saklanyp galan dünýäde ululygy boýunça dördünji ybadathanadyr.
Soňra biziň wekiliýetimiziň ugry Stambuldan 350 kilometr günorta-gündogarda ýerleşen Eskişehir şäherine tarap ýöneldi. Bu ýerde şäheriň uly söwda merkeziniň baş girelgesiniň golaýyndaky ýörite sergiler meýdançasynda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi. Ol baý, milli döredijilik däpleri bilen sergini synlamaga gelen köpsanly adamlaryň ünsüni çekdi.
Täsin gymmatlyklar gadymyýetden häzirki güne çenli milli sungatyň ösüşini şöhlelendirdi. Ajaýyp haly önümleri we milli lybaslaryň nusgalary sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi, inçe zergärçilik önümleri haýran galdyrdy. Özboluşly milli medeniýetiň ösüşine aýdyň şaýatlyk edip, olar biziň halkymyzyň kalbynyň gözelligini we giňligini, onuň köp asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan baý ruhy däplerini we özboluşly dessurlaryny özüne siňdiripdir.
Açyk asmanyň astyndaky amfiteatrda bolsa biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konsertine türkmen kompozitorlarynyň eserleri, halk we estrada aýdymlary, meşhur tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde halk döredijilik äheňindäki ajaýyp horeografik çykyşlar girizildi. Milli öwüşginli, halk döredijiliginiň uly dünýäsini, ýakyn we hoşniýetli dostlar üçin türkmenleriň baý kalbyny açan ajaýyp çykyşlar oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Medeniýet günleriniň çäreleriniň meýilnamasyny Eskişehiriň kinokonsert merkezleriniň birinde türkmen kinofilmleriniň görkezilmegi dowam etdi.
Tükmen wekiliýetiniň resmi agzalary Eskişehir häkimliginde kabul edildi, “tegelek stol” görnüşinde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olara türkmen we türk ýazyjylary, muzeýleriň, kitaphanalaryň işgärleri, kinematografiýaçylar gatnaşdylar hem-de medeniýet we sungat ulgamynda dürli bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýlelikde, Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň meýilnamasy şol bir wagtda biziň ýurdumyzda döredijilik işleriniň giň gözýetimini, galkynyşy hem-de medeniýet ulgamynda ruhy mirasy, döwrebap gazanylanlaryň wagyz edilýändigini ýüze çykaryp, türkmen-türk gumanitar gatnaşyklarynyň çäklerini giňeltmäge ýene bir goşanda öwrüldi.
Uly döredijilik çäresi Eskişehiriň amfiteatrynda geçirilen Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. Köp sanly tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen garşylanan türkmen we türk artistleriniň çykşlary köne we hoşniýetli dostlaryň şatlykly duşuşygyna, zehiniň, döredijiligiň we ylhamyň ajaýyp baýramçylygyna öwrüldi.
Mundan başga-da, kabul eden tarapyň taýýarlamagyndaky baý mazmunly medeni maksatnamasyna türkmen wekiliýetiniň Eskişehiriň taryhy we täsin ýerlerine syýahat etmekleri girizildi. Şeýle hem biziň watandaşlarymyz Bilejik şäherindäki Ärtogrul Gazynyň – türkmen halkynyň şöhratly oglunyň, türk taryhynyň ajaýyp sahypalary bilen baglanyşykly bolan görnükli serkerdäniň ýadygärligine baryp gördüler. Häzirki wagtda türkmen-türk dostlugynyň bu köpasyrlyk taryhy kökleri iki halklaryň abadançylygynyň, parahat we döredijilikli durmuşynyň, biziň ýurtlarymyzyň ösüşiniň bähbidine täze bilelikdäki birnäçe başlagngyçlara ýol açýar.