Ï Türkmen polat ýollary ýurdumyzyň we sebitiň geljegine alyp barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen polat ýollary ýurdumyzyň we sebitiň geljegine alyp barýar

view-icon 9186
Demir ýol ulaglarynyň örän wajypdygyny nazara almak bilen, bu pudagy ösdürmek biziň döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen döwleti gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary gyşarnyksyz pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär. Şunda diňe bir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak syýasaty, amatly daşarky şertleriň birnäçesi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini Kawkaz, Ýewropa, Aziýa we Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan, gadymy döwürlerde “ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan häzirki zaman yklymara ugurlaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, täze taryhy eýýamda sebitiň hem-de tutuş dünýäniň abadançylygynyň we durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadynda özüniň ägirt uly üstaşyr kuwwatyndan doly we netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde öňe süren möhüm halkara başlangyçlary hem şuňa gönükdirilendir. Milli Liderimiz BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürmek bilen Orta Aziýada we Hazar deňziniň zolagynda häzirki zaman ulag - aragatnaşyk düzüminiň, şol sanda demir ýol we awtomobil ulaglarynyň gatnawlarynyň düzüminiň döredilmeginiň sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüşe üstünlikli goşuluşmagyna kuwwatly itergi berjekdigini, maýa goýumlarynyň gelmegini üpjün etjekdigini, Ýewraziýa giňişligindäki yklymara ykdysady ýagdaýlar jähtinden netijeli hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretjekdigin nygtady. BMG-niň şol maksatnamasy Hazar deňziniň we Gara deňziň arasyndaky üstaşyr – ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutmalydyr.

Ulag gatnawlaryny ösdürmek, täze söwda – ulag geçelgelerini döretmek baradaky anyk teklipler beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynda we beýleki ýokary derejedäki forumlarda hem ara alnyp maslahatlaşylmaga hödürlenildi.

Milli we halkara ähmiýetli täze demir ýollary gurmak baradaky örän ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy we täze tehnikalar bilen üpjün edilmegi, dünýä talaplaryna laýyk gelýän ösen düzümiň döredilmegi türkmen demir ýollarynda ýolagçylaryň gatnadylmagynyň we ýükleriň daşalmagynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga ýardam etdi. Soňky ýyllarda hem bu görkezijiler ýokary bolmagynda galýar.

Biziň ýurdumyz dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň doly ygtyýarly agzasy hökmünde ulaglaryň ygtybarly üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Şundan döwletleriň onlarçasy üstünlikli peýdalanýar. Mysal üçin, häzirki wagtda işjeň hereket edýän Tejen – Sarahs-Maşat demir ýoly gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly görnüşi bolan Transaziýa ýolunyň “altyn” halkasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň başyny başlan Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek – Gürgen demir ýoluny gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr – ulag kommuniksiýalaryny döretmegiň we olary işjeň ulanmagyň, yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Bu ýol häzirki wagtda döredilýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolmalydyr. Şol geçelge bolsa ýakyn geljekde Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleriň has amatly hem-de tygşytly daşalmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň bilelikdäki tagallalary bilen gurulýan, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edýän demir ýol “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamy, ýagny Hazaryň üstünden geçýän Hytaý – Orta Aziýa – Kawkaz- Ýewropa yklymara ugry bilen birleşmek mümkinçiligini nazara almak bilen uly ähmiýete eýe bolýar.

“Şunuň ýaly taslamalary ykdysady taýdan durnukly we kuwwatly, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, bilelikdäki maksadyň, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp geljegine göz ýetirýän döwletler amala aşyrmaga ukyplydyr. Munuň özi dünýä ýüzündäki umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär hem-de sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga, dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryna ähli döwletleriň gatnaşmagynyň derejesini kesgitleýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan –Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasynda sözlän sözünde aýtdy.

Bu iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň we hyzmatdaş ýurtlaryň üstaşyr kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de milli demir ýol ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Strategiki ulag ýolunyň ähmiýetini nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Bereket – Etrek demir ýolunyň we onuň ugrundaky düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmagyň möhümdigini ençeme gezek nygtady. Bu demir ýol döwlet ähmiýetine eýedir. Häzirki wagtda bu demir ýoluň 90 kilometri guruldy. Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleri tutanýerli zähmet çekip, bu ýoly 2014-nji ýylyň ahyryna çenli doly gurup, ulanmaga bermegi maksat edinýärler.

Şeýlelikde, Türkmenistan özüniň meýilnamalaryny anyk işler bilen berkidip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Ol yklymara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr merkeze öwrülýär. Biziň ýurdumyz sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmäge ýardam etjek möhüm taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň täze halkara üstaşyr- ulag geçelgesini—Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar geçelgesini döretmek barada öňe süren teklibi munuň nobatdaky subutnamasydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogaryň döwletlerini baglanyşdyrar. Mälim bolşy ýaly, taslama gatnaşýan ýurtlar ony döretmek baradaky meýlini degişli Ylalaşyk bilen berkitdiler. Bu ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekildi.

Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýoly hem Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolmalydyr. Onuň birinji nobatdakysynyň – Atamyrat – Ymamnazar – Akina türkmen – owgan böleginiň gurluşygyna şu ýylyň iýun aýynda badalga berildi.

Türkmenistan –Owganystan – Täjigistan täze demir ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar. Bu demir ýol geljekde halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülmelidir.

Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hakyky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrülen bu demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähitnama şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekildi.

Birinji tapgyrda taslamada demir ýoluň iki bölegini – Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat-Ymamnazar ýoluny hem-de Owganystanyň çäginde Ymamnazardan Akina diýen ilatly ýere çenli uzynlygy 3 kilometre deň bolan ýoly gurmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, Owganystanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädim ädildi. Şol saparyň çäklerinde Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý ugry boýunça demir ýoly gurmak hakyndaky hökümetara türkmen-owgan Çarçuwaly ylalaşygyna gol çekildi.

Atamyrat –Ymamnazar demir ýolunuň gurluşygynyň Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri tarapyndan amala aşyryljakdygyny bellemelidiris. Türkmen hünärmenleri şeýle hem Owganystanyň çägindäki Ymamnazar – Akina demir ýol şahasynyň tehniki - ykdsady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamaga we onuň gurluşygyna gatnaşarlar.

Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, şeýle hem täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetiniň ösmegine, möhüm durmuş meseleleriniň, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli çözülmegine kuwwatly itergi berer, maýa goýumlarynyň giňden çekilmegine ýardam eder. Munuň özi, umuman, goňşy Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir eder.

Biziň ýurdumyz üçin demir ýoluň bu böleginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Häzirki wagtda Lebap welaýatynda örän iri senagat merkezi döredilýär. Bu ýerde uly senagat kärhanasy- kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy gurulýar. Täze toplumyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu demir ýoluň düýbüniň tutuşlyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň arasynda demir ýol gatnawlarynyň ýola goýulmagy, gürrüňsiz, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer, olaryň haryt dolanyşygynyň gyşarnyksyz artmagyna, ulag, önümçilik we durmuş düzüminiň giňelmegine ýardam eder.

Dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwürde sebitleýin we halkara ähmiýetli giň möçberli ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmäge her ýyl ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Türkmenistan häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmäge uly serişdeleri goýberip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlar üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin berk esasy döredýär. Şeýlelikde, Türkmenistan birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tutuş ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylýan mahalynda, ýurdumyzyň demirýolçularyna örän uly talaplar bildirilýär. Şol talaplar bolsa olaryň işiniň dürli ugurlaryna degişlidir. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, menejmentiň öňdebarajy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemäge we häzirki zaman demir ýol ulgamyny başarnykly ulanmaga, ýolagçylar üçin ýokary derejeli hyzmatlary we howpsuzlygy üpjün etmäge, işgärleriň işlemegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri döertmäge hem degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagalallary netijesinde pudakda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Soňky ýyllarda täze demir ýol menzilleriniň birnäçesi, has takygy, Üçajy, Babadurmaz, Belek, Bereket stansiýalary guruldy, Kaka stansiýasyndaky menziliň binasynyň durky täzelendi, häzirki wagtda bolsa Daşoguzdaky demir ýol menziliniň binasynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Balkanabat stansiýasynda täze döwrebap demir ýol menzilini gurmak boýunça zerur bolan işler dowam etdirilýär.

Soňky ýyllarda Aşgabat stansiýasynyň lokomotiw deposynyň durky täzelenildi we demir ýol hereketini dolandyrmak ulgamy kompýuterleşdirildi. Lokomotiw deposy teplowozlary abatlamak boýunça zawoda öwrüldi. Demir ýol gurluşykçylarynyň maddy – enjamlaýyn we önümçilik binýady pugtalandyryldy, hususan-da, kuwwatlylygy ýylda 480 müň şypala barabar bolan demir – beton şypallaryny öndürýän zawodyň iki akymlaýyn ulgamy, demir ýol gurluşykçylaryny degişli metariallar bilen üpjün edýän iki sany çagyl karýeri ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ulag ulgamlarynyň ähli görnüşlerini häzirki zaman tehnikalary, hususan-da, Hytaýdan getirilýän teplowozlar we oňaýly ýolagçy wagonlary bilen üpjün etmek işi dowam etdirilýär. 2013-nji ýyla çenli ýolagçy wagonlarynyň parky doly täzelenildi. Olaryň umumy sany 271 wagona çenli artdyryldy. Lokomotiwlleriň parky hem 90 birlik täzelendi – baglaşylan şertnamalar boýunça Hytaýda öndürilen 45 sany ýük daşaýan, 40 sany amallary ýerine ýetirýän we 5 sany ýolagçy gatnadýan lokomotiwler gelip gowuşdy.

Ýük wagonlarynyň parky hem düýpli täzelendi. Demir ýollara eýýam dumpkarlaryň 250-si, sement daşaýjylaryň 152-si, nebit guýulýan sisternalaryň 100-si gelip gowuşdy, ilkinji gezek mineral dökünleri daşaýjylaryň hem 200-si satyn alyndy. Ýollary saklamak, abatlamak we olary gum basmakdan goramak üçin ýokary öndürijilikli ýörite ýol maşynlaryny getirmek işi amala aşyrylýar. Awtoulag, gurluşyk we ýörite tehnikalar parky hem yzygiderli täzelenýär.

Demir ýol ulag ulgamynyň işgärleriniň belleýşi ýaly, bularyň ählisi pudagy täze derejä çykarmaga, täze polat ýollaryň gurluşygyny çaltlandyrmaga, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga, ýolda olara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, demirýolçulara bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Täze demir ýollaryň gurulmagy, täze lokomotiwleriň we wagonlaryň satyn alynmagy netijesinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak babatda demir ýol ulaglary pudagynda görkezijiler yzygiderli ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatymyzyň demir ýol gatnawlaryna bolan islegleriniň artýandygyny nazara almak bilen, ýolagçy wagonlarynyň ýene-de 150-sini satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi. Olaryň birinji tapgyry ýurdumyza eýýam ýakyn wagtda gelip gowşar. Olaryň gelmegi bilen, ozal hereket eden ýolagçy otlularyň sany artdyrylar we şeýlelikde, raýatlarymyzyň demir ýol ulagyna bolan islegleri doly kanagatlandyrylar.

Ýurdumyzyň demirýolçularynyň şu tomusky möwsüme hem oňat taýýarlanandyklaryny bellemelidiris. Türkmenistanlylaryň hem-de ýakyndaky we alysdaky ýurtlardan köpsanly myhmanlaryň meşhur dynç alynýan ýerlere, ilkinji nobatda, Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gyzyklanmasynyň artýandygyny nazara almak bilen, Aşgabat – Türkmenbaşy, Türkmenbaşy-Aşgabat hem-de şypahana şäheri Baýramala çenli Aşgabat –Baýramaly, Baýramaly-Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy otlularyň gatnawy ýola goýuldy.

Türkmenistanyň demir ýollarynyň ulanyş uzynlygy hem pudagyň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Soňky 10 ýylyň dowamynda ol 1025 kilometre çenli artdyryldy we 2013-nji ýylyň başyna çenli 3550 kilometre barabar boldy.

Uzynlygy 215 kilometre barabar bolan Türkmenabat-Atamyrat demir ýoly işe girizildi. Ol Amyderýanyň çep kenaryndaky etraplary welaýat merkezi bolan Türkmenabat hem-de ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bilen birleşdirdi.

Uzynlygy 540 kilometre barabar bolan Aşgabat – Garagum--Daşoguz demir ýoly hereket edýär. Ol iri welaýatlaryň ikisini - Ahal we Daşoguz welaýatlaryny iň gysga ýol arkaly baglanyşdyrýar.

Sebitiň uly derýalarynyň biri bolan Amyderýanyň üstünden çekilen Atamyrat - Kerkiçi demir ýol köprüsiniň işe girizilmegi Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ulag ýollaryny döretmegiň hem-de olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Döwrüň görkezişi ýaly, täze gurlan demir ýollar Türkmenistana goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak üçin sebitiň ýurtlarynyň öňünde uly mümkinçilikleri açdy. Iň esasy zat bolsa, olar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt depginler bilen özleşdirmäge hem-de rejeli peýdalanmaga ýardam etdi, ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeledi.

Gurulmagy meýilleşdirilýän, uzynlygy 212 kilometre barabar bolan Gazojak – Şasenem – Daşoguz demir ýoly ýurdumyzyň içindäki demir ýol ulgamyny bir halka birleşdirmäge ýardam eder. Şeýle hem Serdar şäherindäki wagon abatlaýjy zawody hem-de Aşgabatdaky ýolagçy wagon deposyny döwrebaplaşdyrmak, Sarahs we Etrek ugurlary boýunça logistik merkezleri döretmek meýilleşdirilýär.

Azyk bolçulygyny döretmäge aýratyn üns berýän milli Liderimiziň çözgüdine laýyklykda, demir ýol gurluşykçylaryna Owadandepe, Görogly, Zerger, Altyn asyr stansiýalaryndaky, 108-nji razýezddäki galla ammarlaryna barýan demir ýollaryň birnäçesini gurmak tabşyryldy.

Şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar bolan, Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän täze zawoda barýan demir ýol we uzynlygy 8,325 kilometre barabar bolan, Jebel stansiýasyndaky sement zawodyna barýan demir ýol ulanmaga berildi.

Önümçilik desgalaryny gurmak hem-de milli demir ýol ulgamyny we degişli düzümi ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen birlikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi durmuş, medeni we bilim maksatly desgalary gurmak bilen, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň binagärlik keşbini gowulandyrmak we şähergurluşyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.

Soňky ýyllarda diňe Aşgabat şäheriniň özünde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si, mekdepleriň 2-si, çagalar baglarynyň hem 2-si guruldy we ulanmaga berildi. Geljekde bolsa her ýylda pesinden 2 ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek meýilleşdirildi.

2009-njy ýylda paýtagtymyzda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu binalar toplumy ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu iri we abraýly ýokary okuw mekdebinde ýaş türkmenistanlylaryň bir ýarym müňden gowragy okaýar.

Demirýolçularyň we olaryň maşgalalarynyň oňat dynç almagy üçin Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda kaşaň myhmanhanalaryň ikisi – “Kerwen” we “Türkmenbaşy” myhmanhanalary, ajaýyp Gökdere jülgesinde bolsa 475 orunlyk “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi guruldy.

Demir ýol ulag ulgamyny ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň demirýolçulary ýakyn onýyllykda has-da giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmeli bolarlar. Munuň özi pudagyň zähmetkeşleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli çözmäge saldamly goşandy bolar.