Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny giňden ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna çalt depginler bilen goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli we ynamly amala aşyrmagyny dowam edýär. Taryhy taýdan gysga möhletlerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan giň gerimli taslamalaryň birnäçesiniň başy başlandy. Olaryň köpüsi diňe türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmekde uly orun eýeläp, halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklaýar.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda ýakynda gol çekilen Ylalaşyk munuň nobatdaky mysallarynyň biridiir, oňa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 9-njy iýunda Aşgabatda geçirilen mejlisiniň barşynda gol çekildi. Onuň işine taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Ýeri gelende ýatlasak, 2012-nji ýylyň maýynda Hindistan we Pakistan bilen tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda Ylalaşyklara gol çekilipdi.
Şeýlelikde, gazy satyn almak-satmak hakynda ähli ylalaşyklara gol çekilmegi bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gazgeçirijini gurmagyň taslamasynyň ikinji tapgyry tamamlandy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu ägirt uly taslamasyny tiz wagtda amala aşyrmaga güýçli itergi berdi.
Mundan başga-da, degişli işler we geňeşmeler geçirilenden soň taslama gatnaşyjylaryň hemmesi TAPI Ltd. konsorsiuimyny döretmek, esaslandyryjy resminamalary taýýarlamak we hasaba almak, şeýle hem gysga möhletde Tranzaksion Geňeşçi bilen Ylalaşyga gol çekmek hakynda ylalaşdylar.
Gaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk hakynda gürrüňi dowam etmek bilen, Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň şu ýylyň maýynda Türkmenistana bolan döwlet saparyny bellemek gerek. Gepleşikleriň barşynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi. Hususan-da, ol energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga degişlidir. Türkmenistanyň uly energetika gorlaryna eýedigini we türkmen gazyny Ýewropa eksport edilmegine uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen, Türkiýäniň Prezidenti Türkiýäniň öz nobatynda türkmen tebigy gazyny hut Türkiýäniň üsti bilen geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, şeýle hem dürli ugurlar boýunça gaz we elektrik geçirijiler babatda taslamalaryň möhümdigini belledi.
Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna tebigy gazy ibermekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Çarçuwaly ylalaşyga we beýlekilere gol çekilmegi bu gepleşikleriň netijesi boldy. Türkmen gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermek baradaky gepleşikler ozal hem daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesai bilen geçirilendigini bellemek gerek. Emma şu günler bu geljegi uly taslamany durmuşa geçirmek bilen türkmen gazyny Türkipýäniň bazarlaryna çykarmak boýunça gepleşikler has möhüm häsiýete eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň iri nebitgaz döwletleriniň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Halkara we türkmen bilermenleriniň baha bermegine görä, ýurdumyzyň çig mal gorlary şertleýin ýangyjyň 71,21 milliard tonnasyna deň bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyna laýyklykda bu ägirt uly tebigy baýlyklary türkmenistanlylaryň ençeme nesilleriniň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbidine ählumumy energiýa üpjünçiligi üçin ulanmak meýilleşdiril är.
Häzir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň senagat kuwwatyny, ulag düzümini ösdürmäge hem-de dünýä bazarlarynda zerur bolan energiýa serişdeleriniň eksportyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalary tapgyrlaýyn amala aşyrýar.
Biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň makroykdysady görkezijileri munuň subutnamasy bolup durýar.
Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary önümçilik görkezijileriniň durnukly ösüş depginini gazanmagyny dowam edýär. Ýakynda –12-nji iýulda alty aýyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, nebit we gaz kondensatyny çykarmak babatda ösüş gazanyldy, nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini, şol sanda benzinleri, polipropileni, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň möçberleri artdy.
Guýulary burawlamak boýunça meýilnama 140,7 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 118,9 göterime deň boldy. Hususan-da, täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek, açylan ýataklary gurmak we ulanmaga bermek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşinde bar bolan meýiller ýakyn on ýyllykda Türkmenistana dünýä bazarynda eýeleýän ornuny diňe berkidip däl-de, eýsem, has-da giňeldip biljekdigini ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.
Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, dünýä bazarlarynda haryt öndürijileriň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ýakyn ýyllar üçin esasy ugurlary bolup, olar dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmaga ýardam edýär. Bu syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has-da ösdürmäge taýýardygyny belleýär.
Halkara bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen kadalara, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň maksatlaryna we talaplaryna gabat gelýän “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunynyň kabul edilmegi daşary ýurt maýalaryny çekmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu Kanun milli we daşary ýurt maýadarlary we kompaniýalary üçin amatly şertleri we kepillikleri döredýär, olaryň işini kadalaşdyrýar hem-de nebitgaz ulgamynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanyň energetika syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny toplumlaýyn tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz enjamlaryny öndürijiler we iberijiler bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrýarlar. Nebitgaz çig malyny çykarmak işinde täze tehnologiýalara we kämil işlere aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagaty Günbatar kompaniýalarynyň üns merkezine öwrüldi. Gysga möhletlerde geologiýa we gidrodinamika taýdan nusgalaşdyrmagyň, üç gatly seýsmiki gözlegiň, gatlagyň gidrobölünmeginiň we kese burawlamagyň tehnologiýalary özleşdirildi.
Ylmy-barlaglar çig mal binýadynyň ösdürilmegini, nebiti we gazy ýerastyndan çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň netijeliligini hem-de nebitgaz geçiriji ulgamlaryň işiniň ygtybarlylygyny artdyrýan täze ylmy-tehniki we tehnologik çözgütleri işläp düzmegiň derejesini ýokarlandyrýan täze tehnologiýalaryň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň geologiýany we geofizikany, nebitgaz ylmyny we tejribesini, nebit we gaz senagatynyň häzirkizaman tehnologiýalaryny, çuň burawlamak boýunça tehniki mümkinçilikleri ösdürmekde gazanan üstünlikleri örän uly çuňlyklarda, çylşyrymly geologiýa şertlerinde ýerleşýän nebitiň we gazyň ýataklaryny işläp taýýarlamagyň täze mümkinçiliklerini açdy.
Kompýuter tehnologiýalarynyň ajaýyp mümkinçilikleri nebit we gaz ýataklaryny işlemegiň ähli tapgyrlaryny üç ölçegli gidrodinamiki nusgalaşdyrmagyň hem-de barabar meňzetmegiň usullaryny ösdürmekde ep-esli ilerlemäni üpjün etmäge ýardam berýär.
Türkmenistanda has giňden ulanylýan kese burawlamalar nebiti we gazy çykarmagyň derejesini düýpli ýokarlandyrýan netijeli tehnologiýadyr. Netije ýer gatlagyndan drenaž geçirmegiň ençeme esse ýokarlandyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Düýpli işler nebit we gaz ýataklaryny işlemegiň däbe öwrülen tehnologiýalaryndan ýataklary energetika bilen dolandyryş tehnologiýalaryny, uglewodorod ulgamyna täsir etmegiň gurallaryny we usullaryny döretmäge geçmek mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär.
Nebit we gaz hakynda bilimi ösdürmegiň häzirki tapgyry aýgytlaýjy pursady başdan geçirýär. Ol nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, tapmak hem-de işlemek, düýpli işleriň gazananlaryny nebiti we gazy çykarmagyň hem-de ibermegiň tehnikasyna we tehnologiýasyna ornaşdyrmak bilen bagly ähli düzümi kompýuterleşdirmegiň hem-de maglumatlaşdyrmagyň görlüp- eşidilmedik gerimi bilen şertlendirilendir. Munuň özi nebit we gaz senagatyny ösdürmegiň innowasion tapgyryna geçmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistan hem bu babatda üstünlikler gazanýar, çünki dünýäniň iri kompaniýalary, ylmy institutlary bilen hyzmatdaşlyk edip, biz olaryň tejribesini öwrenýäris, öz tejribämizi baýlaşdyrýarys we pudagyň geljegi üçin mäkäm binýaldy döredýäris.
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde garalýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde maksada gönükdirilen halkara işlerini alyp barýar we dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygynyň meselelerine çekýär.
Şu ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy hem-de Milletler Bileleşiginiň agzasy bolan döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly Rezolýusiýa kabul edildi. Dünýäniň 70-den gowrak ýurdunyň awtordaşlar hökmünde çykyş etmegi tutuş adamzat üçin möhüm bolan bu halkara resminamanyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu babatda 2008-nji ýylda we 2013-nji ýyldaky şu maslahatda kabul edilen Rezolýusiýanyň adynyň barabarlygynyň täze resminamanyň hut öňküni ösdürmek üçin kabul edilendigine şaýatlyk edýändigini belläp geçmeli. Bu ýagdaýda dünýä bileleşiginiň tapgyrma-tapgyr, iň esasy bolsa esasy pikire gyşarnyksyz eýermek bilen şeýle uly möçberli we möhüm taslamany durmuşa geçirmegi maksat edinýändigi hem bellenendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şu Rezolýusiýa hakykatda BMG-niň Halkara bilermenler toparyny döretmek we onuň işlemegi üçin esasy goýdy, onuň baş maksady giň möçberli energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara-hukuk usulyny işläp taýýarlamak bolar.
Halkara bilermenler topary Türkmenistanyň teklibine laýyklykda öz işini esasy ugurlaryň üçüsinde jemlemelidir.
Birinjiden, munuň özi energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek babatda hukuk esaslaryny kabul etmekdir. Köptaraplaýyn, toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasy, mysal üçin, BMG-niň energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň kepillendirmeleri hakyndaky Şertnama barada gürrüň berýar.
Ikinjiden, energiýa serişdelerini daşamak meseleleri boýunça halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan täze düzümleýin binýady kemala getirmek gerek.
Üçünjiden bolsa, täze maglumatlar esasyny döretmek gerek, ol energiýa serişdeleriniň halkara ibermeleri babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmäge ýardam berer.
Geljekde BMG-niň Energetika geňeşi bu ulgamda syýasy çözgütleri kabul etmäge jogapkär esasy utgaşdyryjy edara bolmalydyr, onuň esasy wezipesi “energetika meseleleriniň ähli toplumyny ulgamlaýyn, hünärli ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy görnüşi we guramaçylyk şertlerini” üpjün etmekden ybaratdyr. Öz wagtynda dünýäniň köp habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu teklibiniň ägirt uly ähmiýeti bardyr we onuň durmuşa geçirilmegi dünýä energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň ähli ulgamyny düýpli üýtgetmäge ukyplydyr.
BMG-niň Baş Assambleýasyndan başga hem energetika meseleleri, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň üçünji müň ýyllygyň anyk ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze halkara hukuk binýadyny kemala getirmek bilen baglynyşykly meseleler türkmen tarapy tarapyndan beýleki iri halkara maslahatlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna ençeme gezek girizildi. Milli Liderimiziň köpsanly duşuşyklary we gepleşikleri, dünýäniň esasy ýurtlarynyň köpüsine daşary ýurt saparlary örän uly we möhüm netijelere getirdi, olar iň ýokary derejedäki ylalaşyklarda, nebitgaz çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek babatda taslamalary durmuşa geçirmegi, şeýle hem ulag düzümini ösdürmegi göz öňünde tutýan daşary ýurt maýadarlary bilen döwletara ylalaşyklarynda hem-de şertnamalarynda berkidildi.
Dünýäniň nebitgaz senagatynyň işjeň ösýän we bu işde Türkmenistanyň ornunyň artýan şertlerinde iri gözden geçirişlere- her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara sergisine we maslahatyna hem-de Halkara gaz kongresine gyzyklanma artýar.
Bu masalahatlar ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz başarnyklaryny görkezmek we hyzmatdaşlary agtarmak babatda oňat mümkinçilikdir. Dünýäniň iri energetika we maşyn gurluşyk kompaniýalarynyň sergileriniň diwarlyklary iň täze gazanylan üstünlikleri we tehnologiýalary, şol sanda uly gaz ýataklaryny ýüze çykarmak, tebigy gazy çykarmak, arassalamak, taýýarlamak hem-de gaýtadan işlemek, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, turba geçirijileriň ýagdaýyny anyklamak, nebiti we gazy daşamak, gury ýerde we deňizde önüm çykarylýan ýataklary enjamlaşdyrmak, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça, şeýle hem nebitli we gazly guýularyň önüm berşini artdyrmak, dürli ölçeg enjamlary, bu ulgamda giňden peýdalanylýan turbalar we belýeki köpsanly önümler babatdaky üstünlikleri we tehnologiýalary görkezýär. Nebithimiýasy we gazhimiýasy sergilerde giňden öz beýanyny tapýar, olaryň ösüşine häzirki wagtda Türkmenistanda içgin üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz çig malyny peýdalanmak, hususan-da, polietilen, polipropilen, poliwinilhlorida ýaly organiki polimerleriň, şeýle hem karbamidoformaldegid smolalarynyň we olaryň esasynda alynýan dürli boýaglaryň, ýelimleriň, gurluşyk hem-de gurmana serişdeleriniň öndürilmegini ýola goýmak bilen himiýa önümleriniň ýokary tehnologiki önümçiligini ugrukdyrmak boýunça işleri diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygy netijesinde içerki bazar we eksport üçin bu önümleri öndürmek ykdysady taýdan maksadalaýyk we geljegi uly bolup durýar.
Şeýlelikde, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, eksportda ony gaýtadan işelmekden alynýan önümleriň paýyny artdyrmaga çalyşmak arkaly, Türkmenistan tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda öz ornuny ep- esli giňeltmek bilen bir hatarda, gymmat durýan himiýa önümleriniň has girdeýjili bazarynda mynasyp ornuny eýelär.
Tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegini ýola goýmagyň ýurdumyzyň çalt ösýän gazhimiýa pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy höweslendirýändigi hem möhümdir. Bilermenleriň çaklamalary boýunça tebigy gaz hem-de gazhimiýasy dünýä ykdysadyýetinde we XXI asyryň energetikasynda nebitiň hem-de nebithimiýasynyň geçen ýüzýyllykda eýelän orny ýaly orny eýelär.
Sergi nebitgaz toplumynyň kärhanalaryna hyzmat etmegiň ulgamyny barha doly gurşap alýar, munuň özi sergä bu ugurda işleýän adamlaryň barha köpsanlysyny çekmäge ýardam edýär.
Halkara ylmy maslahat oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň ýangyç - enertegika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek, serwis hyzmatlaryny etmek hem-de mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri babatda bar bolan tejribe bilen tanyşmaklaryna ýardam berýär. Daşary ýurt hyzmatdaşlaryň gyzyklanmagy ilkinji nobatda milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamynyň binýadynda alnyp barylýan düzüm özgertmeleriniň gerimi, şeýle hem dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary derejesi bilen şertlenendir.
Her ýyl geçirilýän, ýöne göçme häsiýetdäki ýene-de bir maslahat “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatydyr. Ol şu ýyl Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirildi we dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň, alymlarynyň hem-de bilermenleriniň 200-den gowragyny ýygnady.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň hem-de ABŞ-dan, Hytaýdan, Fransiýadan, Ýaponiýadan, Malaýziýadan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den we birnäçe beýleki ýurtlardan wekilleriň arasynda köpsanly duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara gaz kongresi hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle derejedäki duşuşyklar has netijeil gatnaşyklaryň ýollaryny agtarmak işinde möhüm orny eýeleýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara diňe bir enjamlary, häzirki zaman tehnologiýalaryny ibermek, serwis hyzmatlary babatda we başga ençeme ugurlarda öz hyzmatlaryny teklip etmäge däl, eýsem, türkmen kärdeşleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge özboluşly mümkinçilik berilýär, olar geljekde Türkmenistanyň baý ýangyç -energetika serişdelerini netijeli özleşdirmäge hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara öwrülip biler.
Kongresiň gozgaýan meselesi gaz pudagyny ösdürmegiň meselelerini we geljegini beýan edýär, sebitara energiýa üpjünçiligi babatda strategik çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Maslahatyň işewür maksatnamasynyň çäklerinde köpsanly seminarlary hem-de tanyşdyryş çärelerini özünde jemleýän çäreleriň toplumy geçirilýär. Giňişleýin işewür maksatnama baý sergi bilen bilelikde, kongresiň giň möçberli pudaklaýyn maslahat hökmünde ähmiýetini artdyrýar.
Ýene-de bir möhüm ýagdaýy belläp geçmeli: döwlet Baştutanymyzyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň ýanynda halkara nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýörite müdirlik döredildi.
Halkara nebit we gaz geçirijileriniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek şol müdirligiň esasy wezipesi bolup durýar. Gaz geçirijilerini gurmak boýunça işleri dolandyrmak, maliýe we taslama işlerini utgaşdyrmak baradaky wezipeler hem şol düzümiň üstüne ýüklenilýär.
Ýokarda nygtalyp geçilişi ýaly, Türkmenistan Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň energetika bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şu ýyl iri “Galkynyş” gaz känini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär, onuň ilki başdaky kuwwaty bir ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metre çenlisini öndürmäge mümkinçilik berer. Bu kän öz gorlary boýunça dünýäde ikinji ýatak hasaplanylýar. Onuň geljekde Türkmenistanda bar bolan we taslamasy düzülýän ähli eksport gaz geçirijilerini tebigy gaz bilen üpjün etmegine garaşylýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň çäklerinde uzynlygy 1000 kilometre golaý bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.
Häzirki tapgyrda Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa, Eýrana we Russiýa eksport edýär. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan yklymüsti gaz geçirijisi iş ýüzünde durmuşa geçirmek tapgyryndadyr. Taslamasy düzülýän gaz geçirijileriň hatarynda Ýewropa ugry hem bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty durnukly ýagdaýda ýokary ösüş depginlerine eýe bolýar. Täze önümçilik kuwwatlyklary gurulýar, şonuň bilen birlikde, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna eksport edilmeginiň mümkinçilikleri hem artýar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagy gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň öňe sürýän barha täze ýokary wezipelerini çözýär.