Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Ata Watanymyzda gazanylanlary we amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri dünýäde giňden wagyz etmek ýurdumyzyň internetde barha giňelýän web-saýtlarynyň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, iýun aýynda türkmen medeniýetine bagyşlanan täze web-saýty döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu portal Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp açyldy we ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligine baglyşlanan çäreleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda täze saýt ulgamda bu uly möçberli medeni çäräni maglumatlar bilen üpjün etmek arkaly, halkara okyjylar köpçüligini ýurdumyzyň medeni durmuşyna degişli gündelik möhüm wakalar bilen tanyşdyrmagy, dünýäde milli mirasy wagyz etmegi hem-de döredijilik we sungat ulgamynda gazanylanlar bilen tanyşdyrmagy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň milleti ruhy ahlak we estetikt taýdan terbiýelenmekde möhüm ähmiýetlidigini belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ýörelgeleri hem-de ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini döredijilikli, aýdyň we günübirin beýan edýän milli medeniýeti ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini aýdýar.
Häzirki wagtda maglumatlar tehnologiýalarynyň hili we olaryň ulanylmagy jemgyýetiň durmuşynyň häsiýetiniň kesgitlenmegine degerli ýardam berýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetde agzybirligi berkidýän, jebisleşigi pugtalandyrýan we aň-düşünjäni artdyrýan hökmünde durmuşda wajyp ähmiýete eýe bolan wezipäni berjaý edýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýäniň siwilizasiýasynyň ösüşine önjeýli goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni ruhy mirasyny giňden wagyz etmelidigini belläp, olaryň işiniň şu ugra degişli innowasiýalary göz öňünde tutmak arkaly, kämil maglumatlar tehnologiýalaryndan giňden peýdalanyp amala aşyrylmalydygyny aýdýar.
Biz tizlikleriň we örän köp maglumatlaryň döwründe ýaşaýarys. Ulgamlaýyn kämil kommunikasion düzüm ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda, dünýäniň maglumatlar ulgamyna goşulyşmakda wajyp ähmiýetli ýagdaý diýlip hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça işlenip düzülen, üstünlikli amala aşyrylýan we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýa ýurdumyza maglumatlaryň kämilleşdirilýän eýýamynda ösen ýurtlar bilen deň gadam urmaga mümkinçilik berýär. Bu strategiýa pudaklary awtomatiki usula we kompýuterleşdirmäge geçirilmegini, durmuşyň ähli ugurlary boýunça elektron resmi namalaryň dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyny, aragatnaşyk boýunça kämil telekommunikasion ulgamyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ugurdaky işlere netijeli goşulyşýarlar, soňky ýyllarda internet tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly täze elektron gazetler döredilýär hem-de ählumumy ulgama goşulyşmagynyň gerimi giňelýär.
Häzirki wagtda internet boýunça giň mümkinçilikler hödürlenýär, şoňa görä-de, Internet adamlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bütindünýä ulgamynyň ösüşi jemgyýetiň durmuşynyň we işiniň birgiden ugurlaryna oňyn täsirini ýetirýär, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň düýpli özgerýändigi görünýär. Elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sany barha artýar. Munuň özi internet-neşirleriň okyjylara birnäçe artykmaçlyklary hödürleýändigi hem-de olaryň wakalary günübirin habar bermegi we multimediýalylygy bilen düşündirilýär. Başgaça aýdanyňda, bolup geçen waka baradaky maglumat kän wagt geçmänkä onlaýn arkaly, şekiller, wideo, audio, maglumat berýän dürli grafika bilen birlikde beýan edilýär. Şeýlelikde, onlaýn-neşir çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telewideniýäniň, radionyň elementlerini, şeýle hem diňe Internet-gurşawda elýeterli bolan täsin kontenti özünde jemleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň maglumatlar giňişligindäki ornuny işjeň ýagdaýda pugtalandyrmak arkaly, belli-belli ugurlara degişli ýa-da ýöriteleşdirilen many-mazmunly, okyjylary täzelikler we dürli ulgamlardaky wakalar bilen tanyşdyrýan, teswirlemeleri, aň-düşünje berýän we ylmy-köpçülikleýin häsiýetli maglumatlary özünde jemleýän makalalarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny, onuň gazananlaryny we üstünliklerini giňden beýan edýän milli maglumatlar resurslarynyň sanyny has-da artdyrýar. Diňe ýarym ýylyň özünde Internetde türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan saýtlaryň birnäçesi döredildi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hem resmi web-saýt edindi, munuň özi bu gullugyň işini kämilleşdirmegiň, ilata göwnejaý hilli hyzmatlary hödürlemegiň, ýurdumyzyň raýatldaryny we dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanda halkara hukugyna degişli ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýan migrasion syýasat babatda giňden maglumat berilmegini üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi.
Täze portal türkmen raýatlaryna we daşary ýurtlaryň raýatlaryna migrasiýa boýunça kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary, biometriki pasportlar, çakylyklar, wizalar, rugsat bermek, raýatlyk we beýlekiler bilen bagly meseleler boýunça maglumatlary gijikdirmän almaga goşmaça mümkinçilik döredýär.
Şu ýylda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramçylygy has giň gerim bilen bellenildi. Baharyň ilkinji gününde açylan “Nowruz baýramy” atly web-saýt halkara köpçüligine niýetlenip, giň gerimli baýramçylyk çäreleri barada maglumat berilmegini üpjün etdi, şol baýramçylygyň çäklerinde köp sanly çäreler geçirildi.
Häzirki wagtda “Nowruz baýramy” atly saýt işlemegini dowam etdirip, baýramçylyk barada maglumat berýän, şol sanda taryhy, etnografiki we ylmy-köpçülikleýin häsiýetli makalalar bilen tanyşdyrmagyny dowam etdirýär. Bu saýtda Nowruzyň baýramçylyk hökmünde bellenilmegi bilen bagly däp-dessurlaryň we adatlaryň çeşmeleri barada jikme-jik taryhy maglumatlar berilýär, türkmen halkynyň ýörelgeleri, milli oýunlar we tanslar, milli aşhananyň we baýramçylyklara gabatlanyp taýýarlanýan tagamlaryň aýratynlyklary barada gürrüň edilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, saýtyň many-mazmuny okyjylaryň giň köpçüligi üçin niýetlenendir, şonda her bir adam özi üçin täze we täsin galdyrýan zatlar bilen tanşyp biler.
Halkymyzyň milli buýsanjy diýlip hasaplanýan türkmen bedewlerine bagyşlanan web-saýt ýurdumyzyň nobatdaky Internet-taslamasyna öwrüldi. Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda açylan bu resurs ählumumy ulgamda häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylyk we atçylyk-sport ulgamy barada gürrüň berip, okyjylary halkymyzyň türkmen bedewlerine degişli täsirli ýörelgeleri bilen tanyşdyrýar.
Häzirki wagtda “Behişdi ahalteke bedewleri” asyrlaryň jümmüşinde türkmen topragynda dörän ahalteke bedewiniň tohumynyň gymmatyny we täsinligini, milli atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini äşgär edip, okyjylary atşynaslaryň bedewleriň saýlama tohumlarynyň häsiýetlerini kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler hem-de şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy bilen tanyşdyrýar.
Maý aýynda türkmen paýtagty hem ählumumy ulgamda – Internetde “Ak şäherim Aşgabat” atly web-saýty açdy. Paýtagtyň ýaşaýjylaryna ilkinji nobatda jemagat-durmuş düzümine, ýaşaýyş jaý toplumyna, ýol-ulag ýa-da kommunikasion ulgama we beýlekilere degişli meseleler bilen tiz tanyş bolmaga mümkinçilik döredildi. Paýtagtyň myhmanlary, şol sanda daşary ýurtly syýahatçylar Aşgabat, onuň taryhy we häzirki döwürdäki ýagdaýy, gözel künjekleri we dürli binalar barada ähli zerur maglumatlary berýändigi üçin bu saýt babatda uly gyzyklanma bildirýärler.
Iýun aýynda Türkmen medeniýetine bagyşlanan maglumatlar bilen tanyşdyrýan täze web-saýt ýurdumyzyň Internet resurslarynyň üstüni ýetirdi. Bu saýt Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işine degişli maglumatlar bilen üpjün edilmegi babatda bildirilýän talaplara laýyk gelip, ählumumy ulgamda türkmen medeniýeti, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, milli medeniýetiň özboluşlylygy we däp-dessurlaryň baýlygy, halkara gumanitar hyzmatdaşlygy barada güprrüň bermek bilen, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýnynyň has-da pugtalandyrylmagyna degerli ýardam berýär.
Häzirki wagtda türkmen imedeniýetine degişli portal okyjylara diňe bir täzelikleri, ylmy barlaglara, dürli ugurlara degişli makalalary we “wirtual muzeýli” fotogalereýalary hödürlemek bilen çäklenmän, medeniýete degişli kitaplary we žurnallary edinmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen medeniýetine degişli saýty döredijiler onuň diňe bir iýun aýynda bellenilen baýramçylyklary beýan etmek bilen çäklenmän, onuň has giň gerimli bolmagyna aýratyn üns berdiler. Başgaça aýdanyňda, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda açylan we ýurdumyzda geçirilen Medeniýet hepdeligi giňden beýan eden bu resurs geljekde-de özbaşdak, ýöriteleşdirilen ulgam hökmünde kämilleşdirilip, döwrebap türkmen medeniýetine, şeýle hem köp sanly ugurdaş meseleler boýunça maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat eder.
Şunuň bilen baglylykda, saýtyň wezipesi has-da artdyrylyp, peýdaly serwisler arkaly onuň üsti ýetiriler hem-de onda makalalar, söhbetdeşlikler, ylmy çykyşlar, fotosuratlar we wideoýazgylar ýerleşdiriler. Ahyrky netijede ählumumy ulgamdaky bu Internet-taslama esasynda özboluşly türkmen medeniýetini döwrebap görnüşde wagyz etmek boýunça jogapkärli wezipäni berjaý edýän elektron neşir kemala getiriler.
Täze saýtyň köp ugurly many-mazmuna eýe bolmagy, dünýä bileleşiginiň döwrebap Türkmenistan babatda bildirýän isleginiň artmagy bu taslamanyň peýdalydygyny äşgär edýär. Täze saýt daşary ýurtlardaky köp sanly okyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolup, türkmen medeniýetiniň we özboluşly däp-dessurlaryň, halkymyzyň ruhy mirasynyň baý dünýäsine wirtual görnüşde aralaşmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşlarynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek arkaly geljekde-de, ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, dünýä ulgamyna goşulyşýan giň medeni we maglumatlar ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen anyk, täze başlangyçlaryň amala aşyrylmalydygyny belleýär.
Häzirki wagtda maglumatlar ulgamy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan hem dünýäniň ylmy-tehniki ösüşinde yza galmaýar, şunda ählumumy maglumatlar ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak wajyp ähmiýetli ugur diýlip hasaplanýar. Ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ählumumy kompýuterleşdirmek we Internet bilen üpjün etmek babatdaky strategiýa hut şu ugra gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dünýä ulgamyna goşulyşýan mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň sany barha artýar. Dürli pudak edaralary we guramalary, kärhanalary we döwürleýin neşirler Internetde öz sahypalaryny açýarlar.
Şeýlelikde, soňky döwürde bellit-belli ugurlara bagyşlanyp döredilýän saýtlar milli ulgamy kemala getirýär, ol türkmen halkynyň mirasyna we iň oňat ýörelgelerine, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki durmuşynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ýörite web-resurslarynyň elýeterliliginiň umumy ulgamyna öwrüldi. Şu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maglumatlar bilen bagly serişdeler arkaly, Türkmenistanyň dünýäniň geosyýasy, ykdysady, medeni giňişliginde mundan beýläk-de berk ornaşmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň maglumatlar giňişligine işjek goşulyşmagyna degerli ýardam berer.