Iňlis dilinde neşir edilýän we şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň gaznasyna gelýän abraýly „Nali“ žurnalynyň 2013-nji ýyldaky 175-nji sanynda 2012-nji ýylda Nýu-Heýwende neşir edilen „Türkmen şaý-sepleri: Marşallyň we Merilin R, Wulfyň kolleksiýalaryndan kümüş şaý-sepler.“ kitabyna syn çap edildi
30 ýyldan mundan ozal Marşall we Merilin Wulf günbatar ýarym şarynda türkmen kümüş şaý-sepleriniň iň iri toplumyny ýygnap başladylar. Ýakynda Türkmen şaý-sepleriniň toplumy-250 şaý-sepden ybarat bolup „Metropoliten“Nýu-ýork muzeýine tabşyryldy. Bu ýygyndyda kellä geýilýän kümüş şaý-sepler, çekelikler, gulaksyrgalar, monjuklar, gülýakalar, bilezikler , tumarlar we başga ençeme närseler bar.
„Türkmen şaý-sepleri“ ABŞ-da çap edilen şunuň ýaly kitaplaryň ilkinjisidir. Bu kitap Bruklin muzeýiniň yslam sungatynyň toplumynyň öňki gözegçisi Laýla Diba tarapyndan ýazyldy. Awtor kümüş şaý-seplere we beýleki bezeglere syn berip, bu bezegleriň hemmetaraplaýyn gelip çykyşyny we türkmen heňlerini yslam nagyşlama bezegleri bilen baglanyşykda seljerýär.
Kitabyň girişinde Diba şaý-seplerde türkmen heňleriniň taryhy ösüşini we üýtgeýşini we olaryň irki yslam stiline täsirini derňeýär. X-XI asyrdaky kümüş we bürünç şaý-sepleriniň özboluşly häsiýetli nagyşlary, gürrüňsiz, has giçki şaý-sepler bilen arabaglanyşygynyň bardygyny görkezýär.
Awtor kümüş şaý-sepleri türkmen halkynyň däpleri we medeniýeti, jemgyýet-syýasy ösüşi bilen baglanyşykda seredýär. Mundan daşary, XIX asyryň şaýatlarynyň, ýewropaly jahankeşdeleriň suratlary we başga maglumatlary türkmenleriň durmuşy we maddy medeniýeti barada aýdyň dokumental wajyp maglumaty berýärler.
Katalogda zatlar görnüşine we wezipesine laýyklykda bölünendir . Materiallar baradaky, ony ýasamagyň usullary baradaky, her bir bezegiň suraty we gurluşy taryhy we kömekçi maglumaty bilen bilelikde kolleksionerler we derňew geçirijiler üçin gymmatly maglumat bolup, türkmen estetikasyna çuňňur düşünmäge we oňa ýokary baha berýär.