Ï Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça täze başlangyçlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça täze başlangyçlary

view-icon 11052
Biziň Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelliklerini gorap saklamak hem-de köpeltmek, toplumlaýyn öwrenmek we tebigy gymmatlyklary dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda milli Liderimiziň “Bereketli Garagum” döwlet goraghanasyny döretmek baradaky çözgüdi nobatdaky möhüm ädimdir.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi oňa örän aýawly garalmaga mynasypdyr: “Türkmen halkynyň durmuşynyň ekologiýa taýdan arassa şertlerini üpjün etmek, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak—ine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr.

Hususan-da, munuň özi gadymy döwürlerde kemala gelen täsin ekoulagama eýe bolan Garagum çölüne hem degişlidir. Onuň aňňat-aňňat gum depeleri täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini, ýerasty bolsa ägirt uly tebigy baýlyklary — uglewodorod çig mallary, peýdaly gazylyp alynýan magdanlary, giň öri meýdanlary özünde jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, tebigat hakdaky alada döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan Zeminiň häzirki we geljekki nesilleriniň hatyrasyna uly ekologik meseleleri netijeli çözmek ugrundaky başlangyçlar bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeleýär. BMG-niň iri möçberli tebigaty goramak ylalaşyklaryna, şol sanda biologik köpdürlilik hakyndaky Konwensiýa, suw-batgalyklary peýdalanmak baradaky Ramsar konwensiýasyna, Çölleşmäge garşy göreşmek baradaky konwensiýa, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşulmak bilen biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna örän işjeň gatnaşýar.

Bu ulgamda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän çäreleriň hatarynda bioköpdürlüligi we tebigy keşbi gorap saklamak boýunça ähmiýetli taslamalar, ekologiýa ugurly ägirt uly suw hojalyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi we Köpetdagyň eteklerinden Sarygamyş kölüne, Amyderýadan Hazaryň kenar ýakalaryna çenli bütin ýurdumyzy gurşap alan bagy-bossanlyga büremek baradaky iri maksatnamasy bar. “Tebigaty goramak hakyndaky”, “Ösümlik dünýäsi hakyndaky”, “Haýwanat dünýäsi baradaky”, “Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini goramak hakyndaky” kanunlar, “Tokaý kodeksi” we beýlekiler bu maksatlara gönükdirilendir.

Tebigatyň ýadygärliklerini goramak işinde geçen ýyl kabul edilen Türkmenistanyň “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky” kanuny uly ähmiýete eýe bolýar. Ol tebigaty goramak, ylmy, medeni we gözellik, tükeniksizlik we saglygy dikeldiş ähmiýetini özünde jemleýär, olaryň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, UNESKO-nyň biosfera goraghanalarynyň Bütindünýä ulgamynyň sanawyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň halkara sanawyna girizilmegi üçin ajaýyp halkara gymmatlygyna eýedir. Goramagyň tertibini döretmegiň we görnüşiniň maksadyna baglylykda aýratyn goralýan tebigy çäkleriň şu görnüşleri bar. Döwlet tebigy we biosfera goraghanalary, tebigy zakaznikler; milli tebigy seýilgähler; döwlet tebigy ýadygärlikleri, sagaldyş maksatly çäkler; botanika baglary we haýwanat baglary.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 8 sany goraghana we 15 sany zakaznik, 2 sany (ýa-da 17 sany) tebigy ýadygärlik üstünlikli hereket edýär. Täze, 9-njy goraghananyň döredilmegi bilen aýratyn goralýan tebigy çäkler ep-esli giňeler. Bütin biologik köpdürliligi goramak we haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň genetika gaznasyny, täsin ekologik we geologik ulgamyny hem-de görnüşlerini öwrenmek, tebigy ýagdaýlaryň öz akgynlylygyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanda döredilen döwlet tebigy goraghanalar tebigaty goramak pudagynda hem-de goraghana işinde ylmy işgärleri we hünärmenleri taýýarlamaga ýardam bermek arkaly möhüm ylmy-gözleg işlerini amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garagum çölüniň täsin goraghana zolaklaryny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde ýurdumyzda olary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Bu abraýly sanawa girizmek üçin milli tebigy gymmatlyklaryň alty ugry boýunça deslapky sanawda çöl, dag, deňiz we derýa gurşawynyň aňrybaş täsin künjekleri – Repetek halkara biosfera goraghanasy, Bathyz, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Hazar we Köýtendag goraghanalary bar. Tebigatyň ösüşine, biziň planetamyzyň geologik ösüşine aýdyň şaýatnamalary saklap galan hem-de tebigy aýratynlyk hökmünde göz öňünde janlanýan bu toplumlar köp sanly seýrek haýwanlaryň we ösümlikleriň taryhy watany bolup durýar. Olar dünýä genefondy üçin, ýer ýüzünde ekologik deňagramlylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin hakyky gymmatlyga eýedir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan UNESKO-nyň we beýleki halkara guramalarynyň daşary yurt bilermenleri bilen ýygjam özara gatnaşykda “ýeller ýurdunyň” – özüniň tektoniki ýaryklary hem-de gadymy wulkanlary, dag etekleriniň tebigy pisselik ýerleri, sähralykdaky gulanlaryň, jerenleriň we dag goçlarynyň iri görnüşleri bilen meşhur bolan Bathyzyň dünýäde ýeke-täk toplumynyň esasy resminamalary taýýarlandy.

Hazaryň türkmen kenarynda – Zeminiň iň iri içerki suw howdany, ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tebigatyň hakyky merjeniniň jümmüşinde ýerleşen Hazar döwlet goraghanasy täsin tebigy toplumdyr. Bu ýerdäki ösümlikleriň we haýwanlaryň ýüzlerçe görnüşleri özge hiç bir ýerde duşman, diňe şu ýerlerde ýaýramak bilen Zeminiň biologik köpdürliliginiň gymmatly genefondyny emele getirýär. Goraghananyň çäkleriniň üstünde göçüp-gonýan guşlaryň Merkezi Aziýa hem-de Gündogar Afrika uçuş ugurlary birleşýär, deňiz aýlaglary we peýdaly suw batgalyklary gyzylinjikleriň, durnalaryň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň mesgen tutýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýeri bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem olar halkara ähmiýetli peýdalylyk derejesi bilen, Ramsar Konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi.

Goralýan çäkleri döretmek, meýilnamalaşdyryş we dolandyrmak ulgamynda halkara tejribeleriniň öwrenilmegi, bu ugurdaky innowasion çemeleşleriň önümçilige ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynda möhüm orny eýeleýär.

Şeýlelikde, Global ekologiýa gaznasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda aýratyn goralýan tebigy çäkleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, goraghananyň çäkleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak we meýdanyny, Türkmenistanyň bioserişdeleriniň, tebigatynyň we ekoulgamynyň köpdürlüliginiň ählumumy ähmiýetin gorap saklamak maksady bilen, Tebigaty goramak baradaky halkara bileleşiginiň kabul eden derejeleriniň sanawyny giňeltmek boýunça giň möçberli ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda aýratyn goralýan tebigy çäkler ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň uzakmöhletleýin meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar, daşary ýurtly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda türkmen ekolog-hünärmenleri Sünt-Hasardag we Köpetdag döwlet goraghanalarynyň binýadynda ýurdumyzda ilkinji “Sumbar” we “Arçabil” milli tebigy seýilgählerini döretmek üçin ekologiýa-ykdysady esaslary taýýarlaýarlar.

Merkezi Garagumda täze goraghanany döretmek möhüm konseptual ädim, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa, parasatly we öz wagtyndaky möhümlik bolup durýar. Çünki Garagum—bu täsin tebigy ýadygärlik, Watanymyzyň we daşary ýurtly alymlaryň uly üns berýän gymmatlygy. 1979-njy ýylda UNESKO-nyň halkara biosfera goraghanasy derejesini alan Repetek döwlet goraghanasy Gündogar Garagumuň tebigy toplumlaryny uzak wagtlaýyn öwrenmegiň we goramagyň nusgalyk mysalydyr.

Häzirki wagtda Merkezi Garagum Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklarynyň biridir. Onuň çöl tebigatynyň ilkibaşky görnüşi üýtgewsiz diýen ýaly saklanan düzlük we çöllük ekoulgamyny öwrenmek üçin onuň görnüş taýdan, haýwanat, ösümlik, hojalyk- ekologik gözlegleri geçirmek nukdaýnazaryndan dünýäde deňi-taýy ýokdur.

“Bereketli Garagum” goraghanasynyň döredilmegi Garagumuň ilkibaşdaky we kän üýtgemedik köpdürli ekoulgamyny ylmy esasda gorap saklamak, çöl we ýarym çöl zolagynda goraghana işiniň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek nukdaýnazarynda hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Ahal welaýatynyň demirgazygynda ýerleşen umumy meýdany 87 800 gektar bolan döwlet goraghanasynyň pugta goralýan tebigy zolagy 25 gektar meýdany bolan zakaznigi goşmak bilen 62 müň gektar meýdany eýeleýär. Alym - ekologlaryň maglumatlary boýunça bu ýerde haýwanat dünýäsiniň 1000-den gowrak görnüşleri, şol sanda süýdemdirijileriň 20 görnüşi, guşlaryň 150, süýrenijileriň 15 görnüşi we beýlekiler duşýar. Olardan bürgüt, çakyryk, jeren, syrtlan, gol serçesi we beýlekiler Gyzyl kitaba girizilendir. Ütelgi ýabany guşy tebigatyň haýwanat dünýäsiniň gymmatly baýlygy bolup durýar. Janly tebigatyň göçüp-gonýan wekilleriniň ýollary geçýän tebigy ekologik geçelgesi ýaly möhüm ýagdaýlaryň hem ähmiýetlidigini bellemek ýerliklidir.

Bu ýerde ösümlik dünýäsiniň 293 görnüşi, şol sanda derman ösümlikleriň 210 görnüşi ösýär. Olaryň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly dünýä belli köp jiltli ylmy işinde bellenilişi ýaly, dermanlyk häsiýetine eýedir.

Täze goraghana Garagumuň ilki başdaky we kän üýtgemedik ekoulgam dürlüliklerini ylmy esasda nusgalyk derejede gorap saklamaga gönükdirilendir. Çöl we ýarym çöl zolaklarynda goraghana işiniň ylmy esasda öwrenilmeginiň, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Onuň çäklerinde çägelik, palçykly çöl we takyrlyklar synlanylýan çölüň görnüşleriniň seýrek sazlaşygyny bellemek zerurdyr. Olar toprak we beýleki görkezijileriň aýratynlyklary boýunça bu ýerde mesgen tutan haýwanlaryň we ösýän ösümlikleriň gaýtalanmajak toplumy bilen dürli ekoulgamlaryň köp görnüşliligini kemala getirýär.

Bu täsin tebigy toplumy goramak boýunça düýpli ylmy barlaglaryň geçirilmegi goraghananyň döredilmeginiň baş maksady bolup durýar. Onuň giň çägi çölüň adaty ýagdaýyny barlamak we Garagumuň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak esasynda ylmy işläp taýýarlamalary ýola goýmaga hyzmat eder. Goraghananyň ekologiýa-ykdysady esaslandyrmasynda 16 zoologik, 3 botanik, birnäçe gidrologik we bir tebigy ýadygärlikler, şeýle hem tebigy baýlyklaryň adaty görnüşleri hasaba alyndy.

Şeýle hem täze tebigaty goraýyş çäginiň döredilmegi biziň ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirer, gurak zolaklarda ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin zerur binýady emele getirer.

Häzirki döwürde tebigy künjeklerde bu täsin tebigy toplumyň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça zerur ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň biosfera goraghanaarynyň halkara ulgamyna, şeýle hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer.