Ï Türkmen nusgawy şahyrlary elektron görnüşinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen nusgawy şahyrlary elektron görnüşinde

view-icon 7996
Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) tarapyndan döredilen “Medeniýet” atly habar beriş düşündiriş internet—çeşmesi okyjylara täze bölümi hödürleýär, ony milli golýazmalar we edebi-ruhy mirasy elektron görnüşde wagyz etmäge ilkinji önjeýli goşant diýip atlandyrmak bolar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünlik bilen geçen Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda açylan “Medeniýet” saýty bu iri möçberli çäräniň çäklerinde bolup geçen wakalaryň ählisini gyzgyny bilen jikme-jik beýan etdi. Bu internet-neşir türkmen medeniýetiniň däpleri, taryhy sahypalary, bu ugurda ylmy barlaglaryň netijeleri we beýlekiler barada dürli maglumatlary okyjylara hödürläp, gündelik wakalar bilen giň halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmagyny dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, medeniýet edaralary, milli habar beriş serişdeleri, muzeýler, teatrlar, kitaphanalar we ylmy merkezler türkmen halkynyň baý mirasyny giňden wagyz etmelidir, türkmen sungatynyň we halk döredijiliginiň özboluşlylygyny beýan etmelidir, jemgyýetçiligiň milli hem-de dünýäniň medeni gymmatlyklaryna giňden aralaşmagyny üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň milli maddy we ruhy miras babatda taglymlaýyn, iş ýüzündäki hem-de düýpli ylmy-barlaglary wagyz etmäge degişli bu görkezmelerinden ugur alyp, “Medeniýet” saýtyny işläp taýýarlaýjylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar instituty bilen bilelikde “Wirtual kitaphana” ady bilen täze bölümi açýar.

Wirtual kitaphana maglumatlar bölümlerinden başga-da bu saýtda ýene bir düýpli hyzmaty—wirtual muzeýi goşýar, şonda türkmenleriň dürli eýýamlarda medeniýetiniň, sungatynyň we däpleriniň ösüşine şaýatlyk edýän taryhy-medeni ýagdaýlarynyň fotosuratlary ýerleşdirildi.

Maglumatlar tehnologiýalarynyň, elektron-kompýuter mümkinçilikleriniň ösüşi golýazma mirasyny özleşdirmekde täze gözýetimleri açýar, seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly ýadygärliklere giňden aralaşmagy üpjün edýär. Munuň özi şu ýyl döredilmeginiň 20 ýyllygyny bellän Milli golýazmalar institutynyň iň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Şu wagtyň içinde institut golýazma mirasyny gorap saklamak hem-de öwrenmek bilen meşgullanýan sebitiň iri ylmy merkezleriniň birine öwrüldi—onuň gaznalarynda müňlerçe gymmatly eserler saklanýar, şolaryň arasynda dünýäde özboluşly, ýeke-täk nusgalar hem bar.

Golýazmalar institutynyň işgärler topary diňe bir gadymy ýadygärlikleri saklaýjylar däldir. Bu ýerde düýpli barlag işleri alnyp barylýar, şonuň netijesinde golýazmalar öz syrlaryny açýar. Hünärmen meselä takyk düşünmek bilen olary duýmalydyr, öňünden çaklamalydyr, kesgitlemelidir we diňe şonda taryhy resminama aýratyn gymmatlyga eýe bolýar. Diňe bir ylmy taýdan däl, eýsem, umumadamzat, ynsanperwerlik, çeperçilik, edep-ekram taýdan hem gymmatlyklara düşünmek bu işde möhümdir. Biziň öňümizde diňe bir söz düzümleri däl-de, halkyň, onuň görnükli wekilleriniň döredijilik, ylmy pikir öwrüşiniň önümi hökmünde açylmagy golýazmany medeni ýadygärlige öwürýär.

Şeýle taryhy çeşmeleriň gymmatlygy onyň ýarawyny giňelýändigimize garamazdan, diňe bir medeni ulgamy däl-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny hem gurşap alýar. Sebäbi gadymy golýazma—munuň özi uzakmöhletli durmuş hakydasyndan maglumatlary almaga we ony ýene-de häzirki wagtda jemgyýetçilik aňyna goşmaga, möhüm ýagdaýa öwürmäge mümkinçilik berýän çylşyrymly maddy-ruhy desgadyr.

Golýazmalar instituty birnäçe ugurlarda-golýazma kitaplarynyň gaznasyny, ylmy teswirlemäni toplamak we gymmatly ýadygärlikleri ylmy dolanyşyga girizmek, golýazmalary öwrenmek we tertibe salmak olary dikeltmek hem-de aýawly saklamak, häzirki zaman türkmen diline geçirmek, ylmy-wagyz bilen bagly işlerini alyp barýar.

Ençeme ýadygärlikleriň sebitimiziň, Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň taryhyny we medeni taryhyny olaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, diplomatik we medeni gatnaşyklary öwrenmek üçin uly ähmiýeti bardyr. Şeýle baý golýazmalar gaznasy biziň ylmymyzyň we medeniýetimiziň mirasydyr. Institutyň işgärleriniň ähli aladasy gadymy golýazmalaryň “dil açyp” täze durmuşa eýe bolmagyna, häzirki zaman okyjylaryny toplamagyna gönükdirilendir. Bu ugurda köp işler amala aşyryldy, ýöne öňde has-da köp işleri geçirmek wezipesi durýar. Biziň watandaşlarymyza dahylly öwrenilmegine degişli gadymy golýazmalar heniz az däldir.

Bu işde, bütin dünýä ýaýran türkmen medeniýetiniň gymmatly dürdänelerini toplamakda halkara aragatnaşyklarynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Institutyň işgärleri iş saparlary bilen Ýewropanyň we Aziýanyň köp ýurtlaryna baryp kitaphanalarda we kitap saklanylýan gaznalarynda türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti boýunça täze subutnamalary agtardylar. Öz nobatynda Türkmenistanyň kitap saklanylýan gaznalarynyň köp dürli ýazuw çeşmeleri daşary ýurtly barlagçylary özüne çekýär. Olar biz ýurdumyzda öz barlaglaryny geçirýärler, türkmen dilinde hem, türk, azerbaýjan, özbek, täjik, pars, rus we beýleki dillerde hem terjimeleri we täze neşirleri taýýarlamak boýunça bilelikde iş alyp barýarlar.

Indi türkmen halkynyň edebi mirasynyň sahypalary elektron görnüşde hem elýeterli bolar. Döredilýän wirtual kitaphanada milli nusgawy edebiýatyň altyn hazynasyny düzýän ylmy we çeper ýygyndylary, halk döredijiligine, dilden aýdylýan folklora we beýleki ugurlara degişli eserleri tapmak bolar. Web-saýtyň täze bölüminde okyjylara “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” eposlarynyň, “Şasenem-Garyp”, “Hürlukga--Hemra”, “Asly-Kerem”, “Ýusup-Ahmet”, “Kasym oglan”, “Gülpam”, “Hatamtaý” halk dessanlarynyň, rowaýatlaryň, halk ertekileriniň, aýdymlaryň, hüwdüleriň, ýaňyltmaçlaryň, dana sözleriň we nakyllaryň, yrymlaryň we beýlekileriň elektron neşirleri okyjylara hödürlener.

Golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan ilkinji gezek taýýarlanylan Mähri Hatynyň, Ýunus Emräniň, Mahmyt Zamahşarynyň, Soltan Huseýn Baýkaranyň, Babaryň eserler ýygyndylarynyň golýazmalary ilkinji gezek okyjylar köpçüligine hödürlener. Elektron “kitap” görnüşinde çapa taýýarlanýanlaryň hatarynda Mahmyt Zamahşarynyň “Ýagşyzadalaryň bahary”, Nasyreddin Rabguzynyň “Kyssasy Rabguzy”, Alynyň “Kyssaýy Ýusup”, Patyşa Hojanyň “Gülzar”, Abu Nasyr Farabynyň “Saz ylmy”, Şemseddin Merweziniň “Ýyldyzlar kitaby”, Abdyrahman Jamynyň “Baharystan”, Reşideddin Watwatynyň “Resmi hatlar” eserleri we beýleki ençeme eserler bar.

Ýazyjy Aly oglunyň “Seljuk türkmenleriniň taryhy”, Muhammet Utbynyň “Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy”, Yzzeddin ibn Esiriň “Kamil tarih”, Abdulfazaýyl Muhammet ibn Aly Hamawynyň “Mansuryň taryhy”, Abu Bekr Tähranynyň “Akgoýunly türkmenleriň taryhy” eserleri, Mahmyt Pälwanyň “Rubagylary” geçen asyrlaryň ilkinji çeşmeleriniň we golýazmalarynyň özboluşly toplumynyň üstüni ýetirer.

Ýazuw ýadygärlikleriniň elektron görnüşleriniň neşilleri bilen bir hatarda, ol ýa-da beýleki golýazmanyň birnäçe bezelen nusgalary görnüşinde asyl nusgalaryň fotonusgasyny ýerleşdirmek hem göz öňünde tutulýar.

Mahlasy, saýtda türkmen halkynyň golýazma mirasy boýunça maglumatlaryň giňişleýin binýady dörediler. Ol hünärmenler—taryhçylar, edebiýaty öwrenjiler, gündogary öwrenijiler, dilçiler, etnograflar, arheologlar, giň okyjylar köpçüligi—ýurdumyzyň medeniýetiniň taryhy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin niýetlenendir.