Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýän çäräniň açylyş dabarasy deňziň kenarynda ýerleşýän interaktiw suw çüwdürimli seýilgähde guraldy.
Bu gün baýramçylyk lybasyna beslenen amfiteatr häzirki zaman tehniki üpjünçiligi, estrada we dürli öwüşginli bezegleri bilen gündogar äheňindäki köşgi ýada salýar. Bu ýerde ähli zat baýramçylygyň başlanmagyna taýýar edilip, ruhubelent ýagdaý höküm sürýär, dabara sabyrsyzlyk bilen garaşýan köpsanly tomaşaçylaryň güler ýüzlerinde nazaryň eglenýär.
Häziki, dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly döwründe, Hazaryň kenary köp adamly bolup, agşamlaryna aýdym-sazly çüwdürimleriň seýilbagy köpçülikleýin gezelençler ýerine öwrülýär. Ine, şu gün hem bu ýere dynç alýanlaryň köpsanlysy, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary, ýaşlar ýygnandylar. Festiwala gatnaşyjylaryň deň-duşlary--ýerli mekdepleriň okuwçylary mähelläniň agramly bölegini düzdi.
Festiwala gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişi festiwalyň açylyş dabarasyny başlan tolgundyryjy waka öwrüldi. Dabara gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklaryny göterip barýan hataryň başyny baýramçylyk ýörişiniň sazlaşygyny artdyran kakylyp çalynýan gurallaryň türkmen topary çekdi. Bu sazlaşygy bolsa hataryň soňuny çekip gelýän biziň akkordeonçylarymyz saklap barýarlar. 12 döwlete wekilçilik edýän toparlar şol owazyň astynda merkezi seýilbag boýunça sahna tarap alyp barýan çüwdürimler meýdançasyndan geçdiler.
Bu ýerde ýaş alypbaryjylar, milli lybaslara beslenen oglanjyk bilen gyzjagaz köpsanly tomaşaçylary we dabara gatnaşyjylary türkmen hem-de iňlis dillerinde gutlaýarlar.
Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag haty okaldy. Döwlet Baştutanymyz oglanlary we gyzlary gojaman Hazaryň türkmen kenaryna ýer ýüzüniň dürli yklymlarynyň zehinli çagalaryny bir ýere ýygnan halkara çagalar festiwalynyň açylmagy bilen gutlap, ýaş artistlere döredijilik üstünliklerini, şowly çykyşlary we Awazada oňat dynç almagy arzuw etdi. Bu ýerde çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin ähli şertler döredildi.
Milli Liderimiziň gutlag hatynda belleýşi ýaly, milli syýahatçylyk zolagynda halkara çärelerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Dynç alyş zolagynyň ösdürilmegi türkmen deňiz ýakasyny jenneti mekana öwrüp, sahawatly tebigy şertler bu ýere dynç almaga gelýän adamlar üçin döwrebap amatlylygyň ýokary derejesi bilen utgaşýar. Munuň şeýledigine ýaňy--ýakynda Medeniýet hepdeligine we onuň çäklerinde guralan halkara sergisine, Awazadaky täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşan ýer ýüzüniň dürli döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri doly göz ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem öz gutlag hatynda medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde ýaş zehinleriň festiwalynyň ähmiýetini belledi. Şunda birek-birege hormat goýmak we halklaryň biri-birine gyzyklanma bildirmegi, ynanyşmagy we gatnaşmagy esasy ýagdaýlar bolup durýar. Bu ymtylmalar ozaly bilen çagalar hakyndaky aladada, olaryň geljeginde, başarnyklarynyň we zehinleriniň açylmagynda öz beýanyny tapýar, munuň özi “Awaza-dostluk mekany” festiwalynyň esasy wezipesidir.
Döwlet Baştutanymyzyň gutlag haty şowhunly çarpyşmalar bilen garşylandy.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň “Güneş” hor toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Salam, festiwal!” atly aýdym zehinli çagalaryň nobatdaky halkara bäsleşiginiň başlanandygyny alamatlandyrdy.
Festiwala gatnaşýan körpe tansçylaryň sahnanyň öňünde ýerine ýetiren, asuda, bagtly çagalyga bagyşlanan ajaýyp çykyşy aýdymyň sözlerine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Soňra Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Germaniýanyň, Latwiýanyň, Gazagystanyň, Keniýanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň döredijilik toparlary bilen resmi taýdan tanyşdyryş dabarasy boldy.
Soňra baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyny festiwala gatnaşýan ýurtlaryň aýdymçylarynyň hem-de toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly milli tanslar we aýdymlar dowam etdi. Çagalaryň sesleri dürli dillerde ýaňlanyp, özboluşly milli äheňler häzirki zaman estrada sazlary bilen utgaşdy. Käbir çykyşlar birnäçe eserlerden parçalar bolup, halklaryň saz medeniýetiniň we ýaş artistleriň sahna ussatlygynyň köptaraplylygyny açyp görkezdi.
“Awaza-dostluk mekany” festiwalynyň berk žanr çarçuwalary we bäsleşik häsiýeti ýokdur. Aragatnaşyk, döredijilik, açyşlar şatlygy we täzelikler bilen tanyşmak ilkinji orunda durýar. Dostluk we birek-biregiň sungatyna hormat goýmak duýgusyny hemmelerde görmek bolýardy. Milli lybaslaryň, halk saz nusgalarynyň dürli öwüşginliligi, festiwala gatnaşyjylaryň dürli dillerde aýdym aýtmagy we sahna ussatlygy şatlyk paýlaýan ýagdaýy döretdi.
Festiwala gatnaşyjylar—çagalar sungat mekdepleriniň, dürli döredijilik öýleriniň, studiýalaryň we gurnaklaryň okuwçylary dabaranyň ilkinji pursatlaryndan umumy dil tapdylar. Çagalaryň diňe bir bir-birine terjimesiz düşünmegi öwrenmegi däl-de, eýsem, pikirdeşleriň köp milletli toparyna öwrülendigi ähli zatlarda duýulýar. Çünki hiç bir zat çagalary bilelikdäki döredijilikden duýulýan şatlykdan oňat ýakynlaşdyrmaýar.
Festiwala gatnaşyjylaryň hemmesiniň öz döredijilik çykyşlaryndan köp zat görkezmek isleginiň uly bolandygy üçin, olaryň köpüsi aýdym-saz we tans çykyşlaryndan saz eserini düzdüler. Tomaşaçylar bolsa ýaş zehinlere uly höwes bilen el çarpdylar.
Daşary ýurtlardan gelen çagalaryň döredijilik toparlary barada aýdylanda, Gazagystanyň dürli şäherlerinden birbada birnäçe döredijilik toparlary: “Kuanamyn” we “Asen”, “Ýenlik” tans toparlary, “Kausar” gopuzçylar topary, şeýle hem ýaş aýdymçylar bilen tanyşdyrandygyny bellemek gerek. Şeýle hem öz aýdymçylary bilen Russiýa Federasiýasy we Ermenistan tanyşdyrdylar. Özbek döredijilik wekiliýetiniň düzümine Garagalpagystandan “Amiý gülleri” we “Tong gunçalary” döredijilik toparlary hem girdi. Gyrgyzystandan “Adis” halk aýdym-saz topary we “Bakyt” jübütler topary geldiler. Azerbaýjan we täjik artistleri, Latwiýadan “Zelta Sietins” we Keniýadan gyzlar topary, Hytaýdan “Golden phoenix” tans topary konserte öz gaýtalanmajak öwüşginlerini çaýdylar. Bu baýramçylykda nemes medeniýetine wekilçilik etmek hukugyna Türkmenistandaky German medeniýet merkeziniň ýanyndaky “Libelle” topary mynasyp bolup, onuň agzalary biziň ýurdumyzda kowçum ýaşaýan nemes milletiniň wekilleri bolup durýar.
Festiwala Türkmenistandan oglanlaryň we gyzlaryň 300-e golaýy gatnaşyp, olar dürli welaýatlardan gelen döredijilik toparlarynyň 10-sy, şeýle hem sungat mekdepleriniň zehinli aýdymçylarydyr. Olaryň arasynda tans, döredijilik toparlary, akkordeonçylaryň, deprekçileriň toparlary bar.Aşgabat şäherine paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Şatlyk”,Döwletliler köşgüniň “Joşgun”, “Ruhubelent çagalar” tans toparlary, şeýle hem nebitgaz toplumynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep--internatynyň aýdym-saz toparlary wekilçilik edýär.
Ählumumy baýramçylyk we agzybirlik ruhy artistleri hem, tomaşaçylary hem gurşap, olar çykyş edenleriň her birini şowhunly el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Ajaýyp künjege ýygnananlaryň hemmesini gurşap alan duýgular şatlyk--şowhuna beslendi. Öz sungatlaryny tomaşaçylara we bir-birine peşgeş beren ýaş zehinleriň mähirliligi we göwnaçyklygy şu günki dabarany ýatdan çykmajak baýramçylyk wakasyna öwrüldi.
Şu gün Awazada başlanan baýramçylyk halkara çagalar festiwalynyň esasyny düzen dostluk, parahatçylyk we döredijilik dabaralanmasyny dünýä jar etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow festiwala gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda “...şeýle halkara medeni çäreleri çagalaryň gözellige bolan höwesini artdyrmakda, zehinini, ukyp-başarnygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir” diýip nygtamak bilen, zehinli çagalaryň bu halkara festiwalynyň bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň, köp öwüşginli sungatyň jadyly güýjüni görkezýän özboluşly mekdebe öwrülendigini belledi. Hakykatdan-da, sungatyň güýji onuň ajaýyplyga ymtylmany oýarýanlygynda jemlenýär, ymtylyş bolsa ösüşi, hereketiň güýjüni, düşünjelere bolan uly islegi aňladýar. Bularyň hemmesi ynsan durmuşynyň ajaýyp döwri bolan çagalyk döwrüne mahsusdyr.
Awazadaky amfiteatryň sahnasynda ýaýbaňlanan zehinleriň baýramçylygynda ýaş artistler dürli halklaryň ýerine ýetirijilik däpleriniň hem-de saz gurallar mekdebiniň baýlygyny açyp görkezdiler. Olaryň esasynda gözellik we parahatçylyk, ýagşylyk we dostluk hakynda bir bitewi düşünjeler durýar.
Dabara tamamlansa-da, çagalar bu ýerde özlerinde galan täsirler we duýgular barada pikir alyşdylar. Hazaryň kenaryndaky festiwal dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň ähli künjeklerinden bolan çagalaryň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin açyk diýip yglan eden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy olara göwnejaý dynç almak, dünýäniň beýleki halklarynyň medeni däpleri bilen tanyşmak, daşary ýurtly deň-duşlarynyň isleg-arzuwlaryny bilmek üçin uly mümkinçilikleri açýar, diýmek, türkmen topragynda dostlaşyp, hakyky doganlara öwrülmäge şert döredýär.