2013-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek baradaky sazlaşykly işi hem muňa ýardam edýär. Bu işde olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak baradaky syýasatyndan ugur alýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, geçen aýyň iş senenamasyndan mysallar getirmek bilen, Ýewropa sebitiniň iri banklarynyň biri bolan Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk barada durup geçmelidiris. Bu bankyň wekiliýeti iýul aýynyň başynda Türkmenistana geldi. Wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, Şweýsariýa, Ukraina, Lihtenşteýn, Türkmenistan, Çernogoriýa, Serbiýa we Moldowa boýunça direktory jenap Werner Gruber bilen Türkmenistan hökümetinde we ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn edaralarynda bolan duşuşyklaryň barşynda milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Geçen aýyň wakalary Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň köpýyllyk dostluk gatnaşyklarynyň ösüşiň yzygiderli häsiýete eýe bolandygyny hem görkezdi. 9-12-nji iýul aralygynda türkmen paýtagtynda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guralan maslahat geçirildi. Köpýyllyk türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň çäklerinde söwda arbitražy babatda halkara tejribesine bagyşlanan bu maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.
Söwda arbitražy babatda halkara tejribesi hakynda habarlary we tanyşdyrmalary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bilermenler—Hukukçylaryň halkara assosiasiýasynyň agzasy, ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky aklawçy, halkara söwda hukugynyň professory we Templ uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk mekdebiniň uly ylmy işgäri jenap Markhem Boll, şeýle hem Garwardyň hukuk mekdebiniň hukuk doktory, hukukçy Carr Swanson and Richards kompaniýasynyň hyzmatdaşy jenap Robert Raundolf çykyş etdiler. Soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna gabat gelýän hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek bilen, abraýly guramanyň bilermenleri Türkmenistan- USAID ugry boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge islegiň uludygyny aýtdylar.
Şol günler Aşgabatda örän möhüm medeni çäre—Hindistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin biziň ýurdumyzda Bolliwuddan meşhur topar geldi.
Soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ep-esli işjeňleşendigini bellemek gerek. Hindi artistleri we toparlary Aşgabatda konsertler bilen yzygiderli çykyş edýärler, hindi filmleriniň görkezilişi hem däbe öwrüldi. Hindistan Respublikasyndan alymlar, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlarynyň, festiwallaryň, sergileriň işine işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri hem dostlukly ýurda baryp, dürli halkara maslahatlarynyň, sergileriň işlerine gatnaşýarlar. Medeniýet ulgamyndaky çäreleriň köpüsi ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de ilçihananyň ýanyndaky Hindi medeni merkezi bilen bilelikde guralýar.
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleri iki dostlukly döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Iki dostlukly halky taryhy we medeni kökleriniň umumylygy baglanyşdyrýar.
9-njy iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine taslama gatnaşýan ýurtlaryň ählsiniň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň Aşgabatda geçirilen mejlisiniň işiniň esasy netijelerine garadylar we olar makulladylar. Mejlisde şeýle hem TOPH taslamasyny ilerletmegiň tehniki ugurlary bilen baglanyşykly beýleki möhüm meseleler ylalaşyldy we çözüldi.
Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň ykdysady we nebitgaz edaralarynyň degişli ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň wekllerinden düzülen bilermenler toparynyň agzalary bilen bolan işewür duşuşyklaryň barşynda Chevron, Exxon Mobil amerikan, BP, BG Group iňlis, RWE nemes, Malaýziýanyň Petronas kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň esasy şertleri bilen tanyşdylar we özleriniň bu taslama gatnaşmaga meýillidiklerini mälim etdiler. Nebitgaz ulgamynda ýöriteleşdirilen kompaniýalardan başga-da, daşary ýurtlaryň köpsanly maliýe we bank düzümleri Aziýadaky iri gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Munuň özi bu taslamanyň örän peýdalydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen Ýolbaşçy komitetiň mejlisinde transmilli turba geçirijisini çalt gurmak bilen baglanyşykly, ýakyn geljege niýetlenen meýilnamalar bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu gaz geçiriji taslama gatnaşýan ýurtlary hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary has-da berk baglanyşdyrýar.
Mejlisiň öňüsyrasynda şanly waka—Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda gazy satyn almak-satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Şeýlelikde, gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşyklaryň ählisine gol çekilmegi bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň ikinji tapgyrynyň tamamlanandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu ägirt uly taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berdi.
17-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan-UNISEF ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) we biziň ýurdumyzyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň arasynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň geljegine garaldy. Hususan-da, ýygnananlaryň pikirine görä, 2014-2015-nji ýyllarda hereket etmegiň bilelikdäki meýilnamasynyň netijeli we yzygiderli durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz iň körpe raýatlarynyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmeginiň aýratyn ähmiýet bermek bilen çagalaryň bagtyýar we abadan geljegini üpjün etmek meselesine, mekdep ýaşyna çenli terbiýeçilik işine we ösüp gelýän nesli okatmaga, eneligi goramaga we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga uly üns berýär.
Geçen aýda biziň ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly bellenilip geçilendigini aýtmalydyrys. Şu baýramçylyk mynasybetli, 19-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda saglygy goraýyş işgärlerine hormat-sarpa goýmak dabarasy boldy. Şol işgärlere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri” diýen hormatly at dakyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi boýunça türkmen we nemes halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky giň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, ylmy meseleler babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşan uly şahsy goşantlary üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýatlary—priwat-dosent, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Mýunheniň Lýudwig Maksimilian adyndaky uniwersitetiniň uly lukmany jenap Andreas W. Flemmer, şeýle hem prewat-dosent, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, şol uniwersitetiň klinikasynyň direktorynyň orunbasary jenap Uwe Hazbargen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ada mynasyp boldular. Bu uniwersitetde geçirilen dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Germaniýaly lukman alymlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösýändigine, ýurdumyzyň bu möhüm ulgamda gazanýan uly üstünliklerine haýran galýandyklaryny beýan edip, türkmen tarapyna özleriniň zähmetine ýokary baha berlendigi hem-de ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň professorynyň adyna eýe bolmak hormaty, şeýle hem bu ulgamda türkmen-german hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler.
Şondan bir gün soň, 20-njy iýulda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Saglyk-2013” halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyşy boldy. Bu çäreler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Şu ýylky gözden geçirilişe gatnaşmak üçin dünýäniň 46 ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlarynyň wekilleri Aşgabada geldiler. Sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň 258-siniň önümleri görkezildi. Şolaryň 32-si ilkinji gezek gatnaşýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda türkmen lukmanlary bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän “Hoshitalia international CmbH” we Bionorica CE”, “Cimens” (Germaniýa) “World Medicine Limited” (Beýik Britaniýa) “Interlab” (Russiýa), “Ajanta Pharma” (Hindistan), Fransiýanyň “Sanofi-Awentis”, “Gedeon Rihter” (Wengriýa), “Pentoks”, “Toşiba”, (Ýaponiýa), Awstriýanyň “Atkin”, Polşanyň “Polfarma” kompaniýalary, “Borisowiskiý zawod mediniskih preparatow” açyk paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler bar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerine bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat çäklerini barha giňeldýär. Olara gatnaşýanlaryň sany barha artýar. Bu örän ähmiýetli çäreler innowasion tehnologiýalaryň we giň halkara hyzmatdaşlygyň esasynda milli lukmançylygyň nusgasyny kämilleşdirmekde täze pikirleri we çemeleşmeleri teklip edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösmeginiň muňa ýardam edýändigi gürrüňsizdir. Türkmenistanda saglygy gorýyaş ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzyň saglygy goraýşy we derman senagaty häzirki wagtda innowasiýalaryň hem-de dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýär. Her ýyl Aşgabatda geçirilýän saglygy goraýyş sergisi lukmançylyk maglumatlar tehnologiýalary babatda iri ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş meýdançasy bolup durýar. Bu forumyň geçirilmegi lukmançylyk maglumatlar tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak babatda bitewi maglumatlar giňişligini döretmäge ýardam edýär.
Bu çäreleriň çäklerinde geçirilen köpsanly duşuşyklar, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň daşary ýurtly geljekki hyzmatdaşlar bilen geçiren köp sanly gepleşikleri serginiň we ylmy maslahatyň üstünligi boldy. Olaryň barşynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy.
Saglygy goraýyş bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda hem biziň ýurdumyz ýokary netijeler gazanyp, bilim ulgamynyň iň gowularynyň biridigini bütin dünýä görkezdi. Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen mekdebiniň ýokary synp okuwçysy Gadam Myratgeldiýewiň himiýa boýunça geçirilen halkara olimpiadasynda gazanan ýeňşi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu olimpiada iýul aýynda Moskwa şäherinde geçirildi. Bu ýeňiş, şeýle hem türkmen mekdep okuwçylarynyň dürli dersler boýunça halkara olimpidalarynyň onlarçasynda gazanýan üstünligi okuwyň ähli tapgyrlarynda türkmenistanlylaryň ýaş neslini okatmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan geçirilýän giň möçberli we innowasion many-mazmuny boýunça örän ähmiýetli bilim özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.
Ýaş türkmen zehinleri dürli ugurlar boýunça geçirilýän olimpiadalarda haýran galdyryjy ýeňişleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny dünýä bileleşiginde artdyrýandygyna buýsanýarlar. Olar milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ösüp gelýän neslini hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek baradaky aladasyna mynasyp işler we ýokary netijeler bilen jogap berýärler.
Mahlasy, geçen aýyň wakalary Türkmenistanyň we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň bütin dünýäde barha artýandygynyň, ykdysady hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşýandygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine gumanitar ulgamda gatnaşyklaryň giňeýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.