Ï “Awazada” täze şatlykly duşuşyklara çenli!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Awazada” täze şatlykly duşuşyklara çenli!

view-icon 1193
>“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Zehinli çagalaryň “Awaza—dostluk mekany” atly IV halkara festiwalynyň jemleýji güni geçirildi. Türkmen paýtagtynda badalga alyp, soňra Hazar deňziniň kenarynda dowam eden dürli ýurtlardan bolan zehinli çagalaryň her ýylky gözden geçirilişi uly konsert bilen tamamlandy. Oňa her täze nesil tarapyndan dowam etdirilýän däpleri, öz halklarynyň medeniýetini görkezmäge wekilçilik edip, dünýäniň 12 ýurdundan çagalar gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän halkara döredijilik festiwaly diňe bir medeniýeti ösdürmek ugrunda däl, eýsem, umuman, gumanitar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça uzakmöhletleýin hereket etmegine gönükdirilendir. Çünki häzirki wagtda biz öz çagalarymyza nämäni siňdirsek, ol geljekde sungatda we ylymda, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik-syýasy durmuşda, umumadamzat ruhy ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlykda öz miwesini berer.


Festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi bilen Türkmenistany özara hereketleriň ýakyn we alys gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Emma, hut medeniýete köp babatda borçludyrys. Ol biziň halklarymyzy biri-birine ýakynlaşdyrýar, çagalar hakyndaky alada arkaly biziň ymtylyşlarymyz durmuşy gözel, baý mazmunly we gyzykly, iň esasysy bolsa—onuň parahat bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Diňe parahatçylygyň bähbidine zähmet çekmek döredijilikli bolup biler, diňe döredijilik ruhy erkinligi berýär we azatlygy bagyş edýär hem-de diňe agzybirlik we özara düşünişmek umumy gülläp ösüşe giň ýol açýar. Bu ähli gymmatlyklar galkynyşyň hem-de şatlygyň tolkunlary boýunça ýüzüp barýan “Awaza—dotsluk mekany” atly festiwal gämisi üçin ugur görkeziji çelgidir.

Festiwalyň şu güni ýaş aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň ählisiniň gatnaşmagynda “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde bilelikdäki çykyşyndan başlandy. Bu ýerdäki owadan şäherçäniň amfiteatrynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Onda wekiliýetleriň her biri bu ýerde heniz görkezmedik çykyşlaryny hödürledi. Olaryň dürli eserleri özünde jemleýän uly konsert maksatnamalaryny taýýarlandyklaryny bellemek gerek.

Döredijilik toparlary halk döredijilik we estrada sazlary, nusgawy eserleri, dünýä halklarynyň tanslaryny we akademiki mekdebiň ruhunda hem-de ýaşlaryň döwrebap ugurda horeografiýa çykyşlary ýerine ýetirdiler. Daşary ýurtly çagalar toparlarynyň köpüsi öz çykyşlaryna türkmen mukamlaryny hem goşdular. Olaryň käbiri öňünden taýýarlanlaryny, beýlekileri şu ýerde bilelikde öwrenenlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp bolmak bilen, ajaýyp ruhy galkynyşy döretdi. Şol gün “Daýançda” dynç alýan çagalar ruhy lezzet aldylar.

Baharyň tämiz bagynda iň owadan güli saýlamagyň kyn bolşy ýaly, bu bäsleşikde hem iň oňatlaryny kesgitlemek aňsat bolmady. Çünki oňa gatnaşyjynyň her biriniň zehini we ukyby täsin, käbirinde bolsa tejribesi we ussatlygy ýetmedi. Munuň öwezini ol tüýs ýürekden şatlygy bilen dolmagy başardy. Şonuň üçin bäsleşigiň guramaçylary oňa gatnaşyjylaryň hemmesini sylagladylar. Tomaşaçylaryň söýgüsine bolsa, bäsleşigiň iň kiçi 7-9 ýaşlylary mynasyp boldular. Olar tomaşaçylar bilen örän täsin gatnaşygy tapyp, çagalar forumyna gatnaşyjy ähli uly ýaşlylaryň söýgüsini gazandylar. Festiwalyň şunuň ýaly “ýyldyzjyklary” iň ýaş wokalçylar Ermenistandan Anna Asirýan we Gazagystandan Miras Abdi boldular.


Soňra wakalar “Daýanjyň” medenýiet merkezinde dowam etdi. Onuň maslahatlar zalynda netijeleri jemlemek hem-de düýn geçirilen düzme ýazmak we surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olaryň her birinde eminler birinji orna mynasyp bolan ýeňijini kesgitledi, ikinji we üçünji orunlara bolsa, birnäçe çagalar mynasyp boldular.

Edebiýat bäsleşiginde “Men Türkmenistan barada nämeleri bilýärin?” diýen ugur boýunça geçirilen bäsleşik örän gyzykly boldy. Biziň ýurdumyzyň ýaşajyk myhmanlary öz düzmelerinde Türkmenistan baradaky täsirlerini beýan etdiler. Olar türkmen topragynda özlerini garşylan we ýanlarynda bolanlar barada hem gürrüň berip, täsirlerini paýlaşdylar. Myhmanlaryň beýan edişleri ýaly, türkmen myhmansöýerligi Türkmenistan barada dessine hakydaňda janlanýan tomsuň güneşli yssysy bilen deňleşip biler.

Şu ýerde festiwalyň üstünlikli geçirilmegini guramaçylaryň, režissýorlaryň, terbiýeçileriň, aýdym-saz halypalaryň we beýlekileriň uly toparynyň üpjün edendigini bellemek gerek. Olaryň çagalary gurşap alan uly üns we aladasy myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Olar bu barada öz düzmelerinde hem täsirli beýan etdiler. Olar türkmen halkynyň myhmansöýerligini we baý ruhuny, iň oňat häsiýetlerini tüýs ýürekden aýtdylar. Dogrudan-da, bu ajaýyp häsiýetler kitaplar ýa-da habarlar çeşmeleri arkaly açylmaýar, ol diňe hut şunuň ýaly gatnaşyklar bolanda emele gelýär. Çagalar aýratyn hem türkmen halkynyň örän zähmetsöýerligini bellediler. Olaryň beýan edişleri ýaly, şol zähmetiň netijesinde türkmen halky öz şäherlerini we obalaryny kaşaň ak mermerli köşkler bilen gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwrüpdir.

Iň gowy düzme üçin birinji orna Russiýa Federasiýasyndan Wasilina Kirillowa mynasyp boldy. Täsin sesi bilen hemmeleri haýran galdyran Sankt-Peterburgdan ýokary synp okuwçysy öz eserinde Türkmenistanda gören zatlarynyň esasylaryny beýan etmäge çalyşdy. Bu ýerde esasy zat adamlaryň abadançylygy baradaky alada bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ähli ýerde duýulýar. Bu alada milli Liderimiziň ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu diňe bir alada däldir, munuň özi öz halkynyň, onuň ýaş nesliniň abadançylygy barada Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ägirt uly işleridir. Men onuň suratyny entek uçarda gelýärkäm gördüm diýip, Wasilina ýazýar.

Ikinji bäsleşigiň – surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijisi Gyrgyzystandan Begaýny Ibraimowa boldy. Ýeri gelende aýtsak, “Daýanç” medeni merkeziniň öňündäki bassyrmada ýaýbaňlandyrylan sergide ýaş suratkeşleriň ähli döredijilik işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik boldy.


Şeýlelikde, ýeňijileriň we baýrakly orunlara mynasyplaryň ählisine baýraklar, bu döredijilik çärelerine gatnaşanlaryň ählisine bolsa sowgatlar gowşuryldy. Soňra çagalara Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýunlary görkezildi. Bu teatryň režissýorlary we artistleri hem forumyň dynç alyş çärelerini geçirmäge ýardam berdiler. Festiwalda görkezmek üçin dostlugyň güýji, biziň durmuşymyzda birek-biregi goldamagyň, birek-birege ýardam bermegiň uly ähmiýete eýedigini gürrüň berýän erteki görkezildi.

Sahna oýny tomaşaçylarda belent duýgulary oýardy, şol duýgulara laýyklykda bolsa sen hakyky we wepaly dostlar bilen gurşalyp alnandygyňy düşünýärsiň. Olar saňa ynanýarlar. Sen bolsa olara. Bu duýgyny Awazada geçirilen baýramçylyk peşgeş berdi. Şol günler ýaş zehinleriň ýadynda hemişelik galar. Festiwala gatnaşyjylaryň her biri bu ýerde döredijilik açyşlaryň we ýatdan çykmajak duşuşyklaryň bagtly pursatlaryny başdan geçirdi. Şol duşuşyklardan galan täsirler bolsa çagalaryň aňynda müdümilik orun alar. Hatda olar geljekde hünärli artist bolmasalar-da, şol duýgulary hiç haçan ýadyndan çykarmaz.

...Baýramçylyk tamamlanyp barýar, ýöne çagalarda hoşlaşyk bilen baglaşykly tukatlyk duýgusy ýok, olarda täze duşuşyklara bolan umytlar bar.

Ine, şu gün agşam hem ýatdan çykmajak täsirleri başdan geçirýän we täze döredijilik meýilnamalara umyt edýän festiwala gatnaşyjylar forumyň ýapylmagy mynasybetli dabara ýygnandylar. Awazanyň deňziň kenaryndaky amfiteatrda ýerleşýän baş sahnasy hem baýramçylyk lybasyna beslenipdir, pessaýşja şemalyň astynda baýdaklar parlaýar, ähli ýerde çagalar döredijilik festiwalynyň owadan nyşanlaryny, howa şarlaryny, çagalaryň şatlykly ýüzlerini görmek bolýar.

Dabaraly ýagdaýda “Awaza – dostluk mekany” atly IV halkara festiwalynyň gatnaşyjylaryna gül çemenleri bilen birlikde diplomlar gowşurylýar. Olar aýdym-saz dünýäsinde, geçirilen ajaýyp günler barada ýatladyp durar.

Bu ýerde festiwala gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi dabaraly ýagdaýda okaldy.

Jemleýji gala-konsert zehinleriň haýran galdyryjy salýutyna, çagalygyň we döredijiligiň özboluşly älemgoşaryna öwrüldi. Oňa gatnaşyjylaryň ählisine öz ukyp-başarnyklaryny, ýurtlaryny, olaryň aýdym-sazlarynyň şirinligini, medenietiniň we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny görkezmek, şeýle hem özleriniň deň-duşlaryny haýran galdyrmak we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolmak başartdy.

Ajaýyp baýramçylyk çykyşlary dünýä halklarynyň mukamlaryny we aýdymlaryny, joşgunly tanslaryny, halk döredijilik kompozisiýalaryny özüne birleşdirdi we 12 ýurtdan bolan ýaş artistleriň ýerine ýetirmeklerindäki her çykyş tomaşaçylar tarapyndan joşgunly elçarpyşmalar bilen garşylandy. Keniýanyň täsin sazlary gyrgyz, gazak halklarynyň kirişli halk saz gurallarynyň owazlaryna, rus heňleri hytaý mukamlary bilen utgaşdy, nemes dilinde ýaňlanan aýdymlar we latwiýalylaryň tegelenişip tans etmekleri Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň joşgunly tanslary bilen sazlaşdy. Bu ajaýyp çykyşlara türkmen ýerine ýetirijileri - halk döredijilik toparlarynyň tansçylary, wokal instrumental toparlar we zehinli aýdymçylar hem öz mynasyp goşantlaryny goşdular.

Konsertiň ahyrynda, däp bolşy ýaly, köpçülik bolup kuştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Oňa festiwala gatnaşyjylaryň ählisi gatnaşdy, biziň ýurdumyzyň ýaş myhmanlary özleriniň türkmen dostlaryndan kem galmadylar. Bu tansyň joşguny, ajaýyplygy, hakykatdan hem hemmeleri joşdurýar. Şoňa görä-de, küştdepdiniň sazy ýerine ýetirilende bir ýerde durmak mümkin däl.

“Sag bol, festiwal” aýdymyny hemmeler umumylykda ýerine ýetirdiler. Onuň sözleri türkmen, iňlis we rus dillerinde aýdylyp, ajaýyp mekan Awaza we Türkmenistan barada bütin dünýä ýaň saldy.

Festiwalyň ýaş zehinleriň dörediliginiň mundan beýläk-de ösmegi üçin oňat höweslendirmä öwrüljekdigine ynam döredýändigini nygtamak gerek. Şeýle-de bolsa onuň esasy wezipesi diňe bir zehinlileri goldamak, medeniýet we sungatda diňe bir ýygjam halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we alyş-çalyş etmek däldir. Ilkinji nobatda, bu wezipeler şeýle çäreleriň özara medeniýetleriň baýlaşmagyna, medeni däp-dessurlary öwrenmäge we alyş-çalyş etmäge umumy ünsi çekmäge hyzmat etmegine gönükdirilendir.Munuň özi häzirki zaman dünýäsinde aýratyn möhümdir.

Dürli ýurtlardan biziň ýurdumyza gelen ýaş artistleriň, sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň birek-birege bagyş eden ýyly mähri, tüýs ýürekden şadyýan ýylgyryşlary hem dostlukly el gysyşlary olaryň diňe bir aňynda we düşürilen suratlarda galmaz. Ol ýatlamalar olaryň döredijiligiň we zehiniň uçgunjyklary şugla saçýan ruhunda we ýüreklerinde saklanar hem-de adamlara ajaýyplygy bagyş edip, olaryň sungatynda şöhlelener. Şol ajaýyplykda, elbetde, Awaza hem şugla saçar.

Umytlaryň festiwalyna öwrülen bu çärä gatnaşanlara Awazada täze şatlykly duşuşyklary arzuw edip, olara rowaçlyk hem-de arzuwlarynyň hasyl bolmagyny dileg edeliň.