Ï Köne Nusaýdan gadymy sungatyň täze nusgalary tapyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köne Nusaýdan gadymy sungatyň täze nusgalary tapyldy

view-icon 1010
Taryhy we medeni ýadigärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirligi we Turiniň arheologiki gazuw-agtaryş işleri merkeziniň bilelikdäki taslamasy bolan Halkara türkmen-italýan ekspedisiýasy Gadymy Nusaýda gazuw-agtaryş işleriniň meýdan möwsüminiň dowamynda uly üstünlik gazandy.

Nobatdaky meýdan möwsümi ýetip gelen örän yssy günleriň işlemäge mümkinçilik bermedik wagty bolan iýul aýynyň başynda tamamlandy. Şu ýyl italiýalylaryň bäşisi we türkmen hünärmenleriniň 22-si sekiz ýarym hepdeläp Gadymy Nusaýyň günorta-günbatar çüňkünde gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Bu ýerde eýýäm altynjy ýyl öňden näbelli bolan parfiýa döwrüniň binalarynda gözleg işleri dowam edýär. Bu inedördül görnüşdäki örän uly toplum bolup, onuň meýdany üç müň inedördül metrden hem gowrakdyr. Haçan-da bir wagtlar bu ýerde Parfiýa imperiýasynyň hökümdarlary bolan mukaddes Arşakidleriň ybadathana toplumyna hyzmat eden,mümkin, ammarlar, ussahanalar bolandyr. Gazuw-agtaryş işleri geçirilen jaýlaryň ählisi uly merkezi howlynyň töwereginde jemlenipdir. Olaryň birnäçesinden däne we suwuklaryň birnäçe görnüşlerini saklamak üçin niýetlenen keramikadan ýasalan humlaryň ýüzden gowragy tapyldy. Olaryň bölekleri ýada dolylygyna bu otaglaryň poluna gömlüpdir.


Şu ýylky möwsümde howlynyň günbatar we günorta böleginiň birnäçe böleklerini açmak wezipe edinildi. Şol ýerden näme tapylan bolsa hakyky geň galdyryjydyr. Görlüp otyrylsa, mundan iki müň ýyl ozal bu ýerde zeýkeşler, şeýle hem ýagyş suwlaryny ýygnamak we saklamak üçin niýetlenen kanallar we suw howuzlary-basseýnler bolupdyr. Bu ulgamyň gurulşyna düşünmek üçin howlynyň köp ýerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirmeli boldy. Ýöne indi bolsa biz gadymy döwrüň öwrenilen beýleki gadymy ýadigärliklerinde şular ýaly nusgasy bolmadyk inženerçilik ulgamynyň ählisiniň planyna eýe bolduk.

Kesekden galdyrylan diwaryň galyň gumunyň aşagynyň bir böleginden içi terrekotadan we gipsden ýasalan keramikanyň we arhitekturanyň böleklerinden doly çuňlugy 7 metr bolan çukur ýüze çykaryldy. Olaryň içinde örän gymmatly bölekler bar. Hususanda, bu bezeg terrakota plitalary – biri owadan tegelek rozetka, beýlekisi – palmettaly, şeýle hem metoplar – ok görnüşli kesikli we ýolbarsyň ýüzi we Geraklyň taýagy şekillendirilen plitalardyr. Olaryň ählisi nusaý ybadathanalaryny bezemek üçin niýetlenendir. Öňki ýyllarda arheologlar eýýäm şeýle plitalalaryň nusgalaryny tapdylar. Olar häzir ýurduň muzeýlerini bezeýärler. Indi bolsa öňki tapyndylaryň üstüni ýetirýän ajaýyp nusgalar tapyldy. Ýolbarsyň kelleliniň şekili örän ajaýyp. Ol ýokary relýefde näbelli skulptor tarpyndan ýerine ýetirilipdir.Ýolbars öň tarapyndan iri ýally, agzy açyk, dili sallanyp duran görnüşde şekillendirilipdir. Gözleri giňden açylgy, hat-da göreçleri hem görünýär. Ähli bölekleri örän gowy işlenilipdir. Onda reňkleriň yzy hem görünýär, ýüzüniň ähli ýeri tebigy reňk bilen reňklenilipdir. Sungaty öwrenijiler Köne Nusaýdan ýolbarsyň öňki tapylan we şol usul bilen taýýarlanylan ýolbarsyň keşbini biziň eramyzdan öňki III-II asyrlar bilen seneleýärler.


Çukurdan tapylan tapyndlar örän köp mukdarda bolup, olary barlaghana şertlerinde öwrenmek wezipesi öňde durýar. Bular barada pikir edniňde, haçan-da Nusaý baş ybadayhanasynda düýpli abatlaýyş geçirilende onuň binalarynyň we gap-gaçlarynyň bezegleriniň döwükleri bu çukura taşlanan bolmaly. Ybadathananyň arhitektura keşbiniň şular ýaly düýpli özgertmeleri biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda bolup geçipdir. Muny arheolog W.N Pilipkow Nusaýa bagyşlap ýazn öz işlerinde doly subut etdi. Bu çukur näme? Birnäçe alamatlar bu ýerde ozal haýsydyr bir ýerasty jaýyň, ýa-da suw üçin uly gabyň bolandygyny, ýa-da haýsydyr bir başga zadyň bolandygyny görkezýär. Ýöne bu ýeri iki müň ýyl mundan ozal galyndy taşlanylýan ýere öwrülen hapa zyňylýan çukyr däldir. Indiki ýyl arheologlaryň öňünde bu meseläni gutarnykly çözmek wezipesi durýar.


Şu ýyl toplumyň günorta bňleginiň jaýlarynyň altysynda gazuw-agtaryş işleri doly geçirildi. Olarda polda ýatan pürsleriň köp yzy saklanyp galypdyr – olar esasan hem direg bolup, bu ýerde jaýyň üçegi bolandygyna anyk şaýatlyk edýär. Has hem, meýdany 36 inedördül bolan uly bolmadyk jaýyň bolmagy garaşylmadyk ýagdaý boldy. Onuň merkezinde berk suwalan we hek bilen agardylan iki sany togalak sütünler durdy. Olar bary-ýogy 20-30 santimetr beýiklikde saklanyp galypdyr hem-de olar Nusaýyň beýleki ozal açylan sütünleri ýaly bişen kerpiçden bolman, çig kerpiçden bolupdyr. Olar esasan hem toprakdan ýasalypdyr, ýöne olaryň üçegi nähili saklandygy geň galdyrýar. Türkmenistanyň parfiýa arhitekturasynyň şular ýaly gurluşygynda ýüze çykarylan ilkinji wakadyr. Bu jaýda köp sanly terrakt bölekler ýatyrdy.


Has hem bu iki sütüniň arasynda pessejik podiumyň ýokarky tekizliginiň ýanan we külüniň bolmagy geň galdyrýar. Bu gürrüňsiz altar bolandyr. Diýmek, bu ölçegler boýunça kiçi zalyň dini däp-dessurlary ýerine ýetirilýän zalyň bolandygyny biz ynam bilen aýdyp bileris. Ol şular ýaly iki sütünli zallaryň ikisi bilen ýanaşyk ýerleşýär, ýöne ol daşdan taýýarlanyp, ol geçen ýyl gazyldy. Bu üç sany jaýyň günorta böleginiň otaglarynyň köpüsiniň bolşy ýaly, durmuş ähmiýetli bolman, eýsem ol dini däp-dessurlaryň ýerine ýetirilýän ýeri bolupdyr. Bularyň barysynyň gadymy wagtlarda ybadathananyň merkezi toplumynyň gurluşygy bilen baglanyşykly bolmagy hem mükindir. Munyň şeýle bolandygyny biz ara bölegi gazylyp gutarandan soňra bileris. Indiki ýyl Köne Nusaýyň bu böleginiň öwrenilmegi tamamlanmaly. Ýöne öňde arheologlara başga, parfiýa eýýamynyň uly ajaýyplyklary garaşýar.

Ýakynda Aşgabadyň çäklerine birikdirilen iki sany iri şäherçeden ybarat bolan Nusaý Köpetdag şaýolundan gowy görünýär. Köne Nusaý parfiýa eýýamynyň ajaýyp ýadigärligi bolup, ol ÝUNESKONYŇ Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulandyr. Ol arheologiki ýadigärlikleriň iň köp öwrenilen ýadigärlgine degişlidir. Şeýle-de bolsa her ýylda işjeň geçirilýän gözleg işleri biziň ýurdumyzyň taryhynda Parfiýanyň ýeri barada däl-de, diňe parfiýa Nusaýy barada has täze maglumatlary berýär.

Mälim bolşy ýaly, Parfiýa on sekiz asyr mundan ozal – biziň eýýamymyzyň 224-nji ýylynda ýaşamagyny bes edýär. Gözleg-agtaryş işlerini geçirýänleriň belleýişleri ýaly, parfiýa dilinde gürlän we özlerini parfiýaly diýip atlandyran adamlar dünýäde ýok. Ýöne, öz adyny we däp-dessuryny üýtgeden halk hakykatda ýitip gitmedi. Ol öz topragynda we häzirki zaman türkmenleriň ganynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Türkmenistanyň Günorta böleklerinde ýaşan köp nesillerň miras aragatnaşygy ýerli medeniýet öwrenilende mese-mälim bildirýär.

Bu bolsa özüniň geçmişiniň aýrylmaz bölegi hasaplaýan häzirki zaman ilatyň gadymy Parfiýa medeniýetine uly gyzyklanma bildirýändigini ýüze çykarýar. Köne Nusaýda 1999-njy ýyldan bäri meýdan işlerini alyp barýan türkmen-italýan işlerine arheologiki gazuw-agtaryş Turin merkeziniň direktory doktor Karlo Lippolis yzygiderli ýolbaşçylyk edip gelýär. Italiýada onuň ýolbaşçylygynda soňky ýyllaryň dowamynda gadymy nusaý barada düýpli tomlaryň üçüsi neşir edildi, “Parfika” ylmy žurnal yzygiderli çykýar. Ekspedisiýanyň agzalarynyň makalalary we çykyşlary ýörite ýygyndylaryň we halkara maslahatlaryň materiallarynyň düzüminde Aşgabatda çap edilýär.