Türkmen döwlet habarlar gullugynyň hünärmenleriniň türkmen medeniýetine bagyşlap, döreden Medeniýet saýtynyň onlaýn-kitaphanasynyň gaznasynyň üstüniň ýetirilmegi dowam edýär. Bu wirtual okalga zalynyň açylan we onda gadymy golýazmalaryň esasynda taýýarlanan neşirleriň peýda bolan döwründen bäri portala girýänleriň we ondan alynýan kitaplaryň sany has artdy. Munuň özi häzirki döwürde Türkmenistanyň medeniýetine, taryhyna, ylmyna we edebiýatyna bolan gyzyklanmalaryň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu internet-serişdäniň seýrek bibliografik neşirleriň elektron görnüşini elýeterli esasda mugt hödürleýändigini bellemek zerurdyr. Şeýlelikde olary dünýäniň dürli künjeginden isleg bildirýän adam erkin alyp bilýär. Häzirki döwürde biz wirtual kitaphana çykarylan kitaplaryň nobatdaky tapgyry bilen okyjylary tanyşdyrýarys.
Şeýlelikde, Medeniýet saýtynda ony ulanyjylar “Seljuk türkmenleriniň taryhy” atly iki jiltli kitabyň elektron görnüşini ilkinji gezek alyp bilerler. Kitap taýýarlanylanda peýdalanylan ilki başky golýazmalar Germaniýanyň Berlin şäherinde patyşa kitaphanasynda saklanýar. Bu golýazma ХV türkmen taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň öz eli bilen ýazylan hasaplanylýar.
Bu eser diňe bir musulman Gündogarynyň däl, eýsem tutuş dünýäniň taryhyny öwrenmekde iň ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanylýar. Bu eser ilkinji gezek doly möçberde türkmen hünärmenleriniň yhlasly zähmeti netijesinde 2004-nji ýylda neşir edildi we ol giň ylmy jemgyýetçilige elýeterli boldy.
Iki jiltli eserde Oguzhan döwründen seljuk soltanlarynyň Rumy dolandyran döwrüne çenli bolan syýasy taryhynyň yzygiderli senesi görkezilýär. Eser osman-türkmen soltany Myrat II-niň (1421-1451) ýurdy dolandyran döwründe ýazylypdyr. Has takygy, ol 1423-1436-njy ýyllar gabat gelýär. Eserde oguz türkmenleriniň gelip çykyşy, olaryň däp-dessurlary we medeniýeti barada gyzykly anyk maglumatlar getirilýär. Şeýle hem eserde folklor nusgalary, dil biliminiň ösüşi hakyndaky maglumatlar ýerleşdirilipdir. Onda oguz halklarynyň atlarynyň, seljuk toplumyna girýän gara öýli, ýazyr, salyr, igdir, bükdür, düker, dodurga, owşar, begdili, çowdur, çepni, baýat taýpalarynyň gelip çykyşyna düşündiriş berilýär.
Onlaýn kitaphanasynda türkmen halk dessany “Asly-Kerem” eseri hem görnükli orna eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, ХVII- ХIХ asyrlarda köp sanly dessanlar ýazylypdyr. Ýöne olaryň köpüsiniň awtorlary mälim bolmandyr. Şeýle dessanlaryň hatarynda “Asly-Kerem” hem bar. Häzirki döwre çenli köp sanly türkmen halk dessanlarynyň dörän pursady dolulygyna anyklanmady. Birnäçe alymlaryň çaklamalaryna görä, “Asly-Kerem” dessanynda beýan edilýän wakalar ХIV- ХV asyrlarda Eýranda, Kawkazda, Türkiýäde, Hindistanda we Yrakda ýaşan akgoýunly we garagoýunly türkmen taýpalarynyň hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelýär.
“Asly-Kerem” atly yşky-şahyrana eser dürli dine degişli ýigidiň we gyzyň özara söýgüsi hakynda gürrüň berýär. Şunuň ýaly dürli dini garaýyşly wekilleriň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berýän eserler köp halklaryň halk döredijiliginde irki döwürlerden bäri gabat gelýär. Adalatsyzlygy ýazgarmak bilen “Asly-Kerem” dessany päk söýgä, wepalylyga, halklaryň arasyndaky dostluga, ynsanperwerlige we adamkärçilige çagyrýar.
Bu dessan ozal neşir edilen ýygyndylary nazara almak bilen, Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň gaznalarynda saklanýan anyk golýazmalaryň we litografik çeşmeleriň esasynda neşir edildi. Ony düzüjiler eseriň doly möçberli bolmagy üçin türkmen bagşylarynyň nesilden-nesle geçip gelýän aýdymlaryny hem ulandylar. Şeýlelikde, türkmen halkynyň edebi sungatyna gadyr goýýanlara meşhur halk dessanynyň has doly we anyk görnüşi hödürlendi.
“Mäne Babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar” atly kitap taryhy söýýänler üçin gyzykly bolar. Bu eser halk arasynda Mäne baba ady bilen belli bolan geçmişde görnükli dini işgärleriň biri Abu Seýit Fazlalla Ahmet bin Muhammet bin Ybraýymyň durmuş ýoluna bagyşlanandyr.
Mäne baba 967-nji Mäne obasynda dogulýar. Onuň kakasy Gaznawy Türkmenleriniň hökümdaryna has ýakyn adamlaryň biri bolupdyr. Ol öz oglunyň şol döwürde tutuş orta asyr Gündogarynyň meşhur ylmy merkezi bolan Merwde bilim almagyny üpjün edipdir. Şeýlelikde, onuň ylma bolan höwesi irki çagalyk döwründe döräpdir. Mäne babat diňe bir abraýly dini işgär bolman, eýsem ol ajaýyp syýasatçy, zehinli şahyr we beýik ynsan bolupdyr. Türkmen hökümdarlarynyň köşgünde bolmak bilen, ol türkmeniň şöhratly serdarlary beýik Seljuk döwletini esaslandyran Çagry begiň, Togrul begiň asylly işlerine ak pata beripdir. Mäne babanyň döredijiligi 726 rubagydan we 88 goşgudan ybarat bolupdyr. Ol 83 ýyl ömür sürüpdir. Mäne babanyň ömür beýanynya bagyşlanan kitabyň awtorynyň onuň agtygy Muhammet ibn Münewwer Meýheni bolandygyny bellemeli. Onuň golýazmalary biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Halk arasynda Soltan Söýün ady bilen meşhur bolan ХV türkmen hökümdary, türkmen edebiýatynyň belli weili Soltan Huseýn Baýgaranyň “Diwan” ady bilen neşir edilen goşgular ýygyndysy elektron kitaphananyň täze eserleriniň ýene-de biridir.
Bu kitap ilkinji gezek 2005-nji ýylda neşir edildi. Ählumumy internet ulgamynyň döremegi netijesinde eseriň elektron görnüşi dünýä ýüzündäki türkmen dilinde okaýan okyjylar üçin elýeterli boldy. Bu ýygyndy Soltan Huseýn Baýgaranyň ozal giň okyjylar köpçüligine doly mälim bolmadyk döredijiligi bilen tanyşdyrýar. Ol eser häzirki döwürde Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýan, biziň günlerimize çenli gelip ýeten golýazmalaryň esasynda neşire taýýarlandy.
Biziň günlerimize gelip ýeten ýazuw çeşmeleriniň esasynda Baýgaranyň öz döwrüniň iň bilimli adamlarynyň biri bolandygy we onuň dünýewi ylymlarda bolşy ýaly, dini ugurda hem giň düşünjä eýe bolandygy baradaky çaklamany öňe sürýär. Onuň hökümdarlyk eden ýyllarynda ylym, medeniýet we sungat gülläp ösüpdir. Halk arasynda häzirki günlere çenli Baýgara hakyndaky aýdylan rowaýatlar saklanypdyr. Türkmen bagşylary häzirki döwürde hem “Myraly we Soltan Söýün” dessanyndan aýdymlary ýerine ýetirýärler.
Soltan Huseýn Baýgara ýazyjylary we şahyrlary goldapdyr. Ol şygryýet älemine örän gadyr goýupdyr we türkmen dilinde ýazylan goşgularyň köp sanlysyny nesillere miras galdyrypdyr. “Diwan” ýygyndysyna gazallaryň 200-si we beýleki şahyrana eserler girizilipdir. Söýgi, tebigat we durmuşymyzy gurşap alan täsinlikler eserleriň esasyny düzüpdir.
Wirtual kitaphananyň tekjelerinde peýda bolan gymmatly eseriň ýene biri Gündogaryň meşhur alymy Abu Nasir Farabiniň “Saz ylmy” kitabydyr. Abu Nasir Muhammet ibn Muhammet ibn Tarhan ibn Uzlug Farabi filosof, matematikaçy, saz nazarýetçisi bolmak bilen, ol orta asyrlar gündogar filosofiýasynyň iri wekilleriniň biridir we Eflatunyň, Aristoteliň ýygyndylaryna ýazylan synlaryň awtorlarydyr. Şeýlelikde, bolsa Farabi “Ikinji mugallym” adyna eýe bolupdyr.
Al-Farabiniň filosofik işi köptaraply bolup, ol alym-ensiklopediýaçydyr. Onuň dünýä garaýşy ylmyň ähli ugurlaryny öz içine alýan bir bitewi ulgamy emele getirýär. Onuň çuňňur pikir ýöretme, anyk syn bermek we täsin çaklamalar galdyrmadyk ylym ugrunuň ýokdugyny bellemeli. Görnükli filosofyň işiniň umumy sany 80-130 aralygyndadyr.
Al-Farabi Bagdatda, Harranda, Kairde, Damaskde, Aleppoda we arap dünýäsiniň beýleik şähererinde bolupdyr. Ol ömrüniň soňky ýyllaryny Kairde, Aleppoda, Damaskde geçirýär. Alym 80 ýaşynda aradan çykypdyr. Onuň mirasy dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrapdyr. Alymyň golýazmalary Kairde, Parižde, Berlinde, Stambulda, Bagdatda, Londonda, Kazanda, Sankt-Peterburgda, Moskwada, Daşkentde, Almatyda saklanýar.
Al-Farabi saz öwreniş ylmyna hem ägirt uly goşant goşupdyr. “Saz hakyndaky ylym” ady bilen saýtda ýerleşdirilen eserler Gündogaryň sazy we saz ulgamynyň nazarýeti hakyndaky möhüm maglumatlar çeşmesi köp sanly saz muşdaklary we saz öwrenijiler üçin örän gyzykly bolar. Al-Farabi bu kitapda saza giňişleýin kesgitleme berýär we onuň derejesini açyp görkezýär hem-de saz eserini emele getirýän usullary beýan edýär.
Al-Farabiniň bu düýpli işi saz ylmynyň owazyň ses düzümlerine häsiýetnama bermekden başlap, sazyň şygryýet bilen baglanyşygyna, onuň adama edýän täsirine çenli bolan meselelerini beýan edýär. Bu ýerde saz sungatynyň esaslary logika, şygryýet, etika, anatomiýa, fizika, akustika ýaly ylymlaryň arabaglanyşygy hökmünde düşündirilýär.
Bu düýpli iş köp asyrlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmedi we türkmen medeniýetini hem-de türkmen saz sungatynyň taryhyny öwrünmekde gymmatly çeşme bolup durýar. Kitap Stambul şäherinrň Köprüli kitaphanasynda saklanýan golýamalaryň esasynda arap dilinde terjime edildi.
Medeniýet saýtynyň wirtual kitaphanasy gaznasynyň üstüni ýazuw ýadygärlikleriniň täze elktron görnüşleri bilen ýetirmegini dowam eder. Bu ýerde milli nusgawy edebiýatyň altyn gaznasyny düzýän ylmy we çeper kitaplar, halk döredijiliginiň, dilden aýdylýan folklor çykyşlary we beýleki köp sanly eserler ýerleşdirilýär.