Ï Tebigaty goramak mähriban topragymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty goramak mähriban topragymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir

view-icon 9583
Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanda bu meselä ägirt uly üns berilýär, ykdysady ulgamdaky we durmuş ugrundaky ähli giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň durmuşynyň gatnaşyklarynda abadançylygyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa gatnaşyklary bilen örän ýakyndan baglanyşyklydyr.

Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan BMG-da oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegine bagly bolan çözgütlere degişli özara gatnaşyklary göwnejaýlaşdyrmaga ýardam etmäge çalyşýar. Biologiki köpdürlülik, çölleşmäge göreş alyp barmak hakyndaky, howanyň üýtgemegi baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak baradaky BMG-niň biziň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylan tebigaty goraýyş konwensiýalary munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Giň möçberli Ekologiýa gaznasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli hem-de sebitleýin derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň 2012-nji ýylyň iýun aýynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda aýdylan oňyn başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak, sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça Aşgabatda Sebitara merkezini açmak baradaky teklip bar.

Şu başlangyçlary öňe sürmek bilen biziň ýurdumyzyň olary iş ýüzünde durmuşa geçirek boýunça anyk çäreleri görýändigini nygtap geçmeli. Mysal üçin, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi hakyndaky ýörelge berkidilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär, umumylykda ykrar edilen kadalara laýyk gelýän “Tebigaty goramak baradaky”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky”, “Ozon gatlagyny goramak hakyndaky” Kanunlar, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we biologiki suw serişdelerini goramak hakyndaky”, “Ösümlik dünýäsi hakyndaky”, “Haýwanat dünýäsi hakyndaky” kanunlar we başgalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan tassyklanylan “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasynyň” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, biologiki köpdürlüligi we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatda ägirt uly işler geçirilýär. Hususan-da, parnik gazlarynyň çykarylyşyny kämeltmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallaryny goldamak bilen biziň ýurdumyz senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary peýdalanmaga yzygiderli geçýär.

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň uly möçberli maksatnamasyny anyk mysal hökmünde getirmek mümkindir. Bu ýerde täze zawodlaryň gurulmagy, ulanylýan tehniki enjamlaryň we önümçilik düzüminiň beýleki desgalarynyň durky täzelenmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy daşky gurşawa ýetirilýän zeleliň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri peýdalanmak bilen alnyp barylýar.

“Ýaşyl port” (Green port) halkara ülňüsine laýyklykda, geçen hepde-de badalga alan Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol nawigasiýanyň we ýük daşamagyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan iň häzirki zaman maksatnamalaýyn-abzal toplumlary bilen üpjün ediler. Hazar deňziniň ekologiýasyny saklamak galmak maksady bilen her bir terminalda bioarassalaýjy enjam oturdylar.

Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge Türkmenistanda möhüm ähmiýet berilmegi ilkinji nobatda dünýä ummanyndan aýra bolan iň iri içerki suw howdany, dünýäniň aýratyn köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tebigatyň hakyky dürdänesi hasaplanýan suw howdany bolan Hazaryň ilkinji nobatda aýratyn derejesi bilen şertlenendir. Ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşleri, mysal üçin, hazar düwleni bu ýerde endemiki jandar bolup durýar hem-de sebitiň biologiki köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Hazaryň türkmen kenaryndaky deňiz aýlaglary we suw—batgalyk ýerler köplenç halatda “Guşlaryň mekany” diýlip atlandyrylýar. Olar guşlaryň ýüzlerçe müňüsiniň, ýagny leglekleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, gyzylinjikleriň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň mesgen tutýan, höwürtgeleýän hem-he gyşlaýan ýeri bolup hyzmat edýär we halkara ähmiýetli ýerleriň derejesi bilen Ramsara konwensiýasynyň aýratyn sanawyna goşuldy. Mundan başga hem Hazar deňziniň türkmen bölegi balyklaryň köp görnüşleriniň, şol sanda bekre balyklarynyň gyşlaýan ýeridiri, onuň köp sanly aýlaglary we ýalpaklyklary ýaş takgaz, çontaly balykalarynyň köpelmegi üçin amatly ýer bolup durýar.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa awtomobil ýollarynyň çatrygyndaky amatly geografiki ýagdaýy, baý ýangyç, balyk we beýleki tebigy serişdeler, amatly howa şertleri Hazar sebitini depginli ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi, oňa dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde senagatlaşdyrmak adamynyň hojalyk işi bilen baglynyşykly ekologiýa meselelerini ýüze çykarýar, gadymy Hazaryň ekeologiýa ulgamyny örän çylşyrymlaşdyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň berýän bahasy we abraýly halkara bilermenleriniň çykarýan netijeleri boýunça Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa ýer hasaplanylýar, munuň özi bu ugurda yzygiderli we maksada gönükdirilen işleriň geçirilmegi bilen düşündirilýär. Hazaryň kenarýakasynda sebitiň dikeldiş mümkinçiliklerini işe girizjek, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürjek “"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamasy munuň ýadyň beýanydyr. Deňiz ýakasynda gurulýan desgalaryň ählisiniň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk taraplaryna hökman laýyk gelmegi onuň esasy düzgünleriniň biridir. Deňiz zolagyny bagy-bossanlyga öwürmäge, bu ýerde seýilgähleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. "Awazany" ösdürmegiň geleji uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli syýahatçylyk zolagynda ýokary tehnologiýalaryň esasynda işleýän gözegçilik ulgamlary oturdylar. Olaryň kömegi bilen atmosferanyň arassaçylygyna gözegçilik anyk wagt düzgüninde amala aşyrylar.

2007-nji ýylda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň döredilendigini aýdyp geçmeli, onuň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri we başgalar girýär.

Hazar sebitinde amala aşyrylýan ähli hojalyk işini utgaşdyrmak, şol sanda bu ýerde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady taslamalara bilermenlik taýdan baha bermek, tebigy serişdeleri özleşdirmek, gämi gatnawy, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa we Hazara degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri hem-de maslahatlary taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky halkara ylalaşyklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak Pudagara toparynyň ygtyýarlyklaryna girýär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň düzüminde “Hazarekogözegçilik” ýöriteleşdirilen gullugy işleýär, onuň hünärmenleri daşky gurşawa gözegçiligi amala aşyrýarlar. Gullugyň barlaghanasy suw çuňlugynda ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin, şol sanda deňiz suwlarynyň we suw düýbündäki çökündileriň nusgalaryny seçip almak hem-de seljermek üçin häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir.

Aral deňziniň sebitinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda durmuş-ekologiki ýagdaýy sagdynlaşdyrmak boýunça hem çäreleriň giň toplumy ýerine ýetirilýär. Geçen ýyl demirgazyk welaýatda Ruhubelent etrabynda we “Bitaraplyk” geňeşliginiň “Ak ýaýla” daýhan birleşiginde arassa agyz suwuny öndürmek boýunça täze kärhanalaryň baba-bat ikisi ulanmaga berildi. Köneürgenç etrabynda göwrümi 20,5 million kub metr bolan emeli suw howdanynyň gurluşygyna badalga berildi.

Uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy bütin ýurdumyzy gurşap alýar, onuň çäklerinde her bir şäheriň, amatly ýerleriň töwereginde gür tokaýlar peýda bolýar, akabalaryň we derýalaryň kenarlary ýaşyl lybasa ýaşyl lybasa bürenýär, mysal üçin, geçen ýylda kabul edilen milli “Tokaý maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynda, Botendag sebitinde Sarygamyş kölüniň kenarýakasynda 20 müň gektar çäkde tokaýlyklary döretmegiň ägirt uly taslamasy durmuşa geçiriler.

Merkezi Garagumda häzirki wagtda Garagumuň çägeli uçgyraksyz giňişliklerinde el bilen döredilen hakyky deňiz bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurlyşygy dowam edýär. Öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslamanyň Türkmenistan üçin hem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen bir hatarda, eýsem tutuş sebiti ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsir eder.

Ýaňy-ýaňylar hem meýdany örän giň, howa şertleri örän ýowuz, şunuň bilen birlikde tebigy serişdelere baý bolan dünýä çölleriniň birini gülläp ösýän ýere öwürmek pikiri örän hyýaly pikir bolup görnerdi. Häzirki wagtda bu anyk mana eýe boldy. Türkmen köli özboluşly gidrotehniki toplumdyr, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk ýerlerinden minerallaşan zeýkeş suwlaryny toplamak üçin desgalaryň çylşyrymly ulgamydyr. Munuň özi suwarymlary ýerleriň ýagdaýyny düýpli suratda gowulandyrmaga, ýerleriň şorlamagy, batgalaşmagy we gurakçylyk bilen baglanyşykly ençeme meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.

Garaşor tebigy çöketliginde ýerleşen emeli suw howdanynyň meýdany 2000 inedördül kilometre golaýdyr. Ol özüne 132 milliard kub metr suwy sygdyrmaga ukyplydyr. Çölüň ortasynda bu gözýetmez giňişligi göz öňüne getirmek kyndyr. Eger suw çägäni suwarsa, ol çöl bolmagynda galarmyka? Çünki, Türkmen kölüniň ikinji we üçünji nobatdakylarynyň tutuş ýurdumyzy gurşap alan, umumy uzynlygy 2600 kilometrden gowrak bolan zeýkeş ulgamynyň, kuwwatly suw arassalaýjy we süýjediji desgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, bu ýerde suwarymly ýerleriň täze zolagy dörediler. Suwuň tebigy ýagdaýda arassalanylmagy hem-de häzirki zaman gidro we biotehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde kölüň suwuny tehniki zerurlyklar, öri meýdanlaryny suwarmak, ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek, ekinleri suwarmak üçin ikinji gezek ulanmak bolar. Diýmek, Garaguma täze durmuş geler, bu ýerde zähmetsöýer türkmenistanlylaryň tagallasy bilen täze obalar, bagy-bossanlyklar peýda bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi oňa örän aýawly garalmaga mynasypdyr: “Türkmen halkynyň durmuşynyň ekologiýa taýdan arassa şertlerini üpjün etmek, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak—ine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr.

Hususan-da, munuň özi gadymy döwürlerde kemala gelen täsin ekoulagama eýe bolan Garagum çölüne hem degişlidir. Onuň aňňat-aňňat gum depeleri täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini, ýerasty bolsa ägirt uly tebigy baýlyklary — uglewodorod çig mallary, peýdaly gazylyp alynýan magdanlary şeýle hem giň öri meýdanlary özünde jemleýär.

Tebigatyň ýadygärliklerini goramak işinde geçen ýyl kabul edilen Türkmenistanyň “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky” Kanuny uly ähmiýete eýe bolýar. Ol tebigaty goramak, ylmy, medeni we gözellik, tükeniksizlik we saglygy dikeldiş ähmiýetini özünde jemleýär, olaryň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, UNESKO-nyň biosfera goraghanalarynyň Bütindünýä ulgamynyň sanawyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň halkara sanawyna girizilmegi üçin ajaýyp halkara gymmatlygyna eýedir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 8 sany goraghana we 15 sany zakaznik, ýa-da 17 sany tebigy ýadygärlik üstünlikli hereket edýär. Bütin biologik köpdürliligi goramak we haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň genetika gaznasyny, täsin ekologik we geologik ulgamyny hem-de görnüşlerini öwrenmek, tebigy ýagdaýlaryň öz akgynlylygyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanda döredilen döwlet tebigy goraghanalar tebigaty goramak pudagynda hem-de goraghana işinde ylmy işgärleri we hünärmenleri taýýarlamaga ýardam bermek arkaly möhüm ylmy-gözleg işlerini amala aşyrýarlar. Milli Liderimiziň “Bereketli Garagum” täze döwlet goraghanasyny döretmek hakyndaky çözgüdi bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garagum çölüniň täsin goraghana zolaklaryny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde ýurdumyzda olary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Bu abraýly sanawa girizmek üçin milli tebigy gymmatlyklaryň alty ugry boýunça deslapky sanawda çöl, dag, deňiz we derýa gurşawynyň aňrybaş täsin künjekleri – Repetek halkara biosfera goraghanasy, Bathyz, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Hazar we Köýtendag goraghanalary bar. Tebigatyň ösüşine, biziň planetamyzyň geologik ösüşine aýdyň şaýatnamalary saklap galan hem-de tebigy aýratynlyk hökmünde göz öňünde janlanýan bu toplumlar köp sanly seýrek haýwanlaryň we ösümlikleriň taryhy watany bolup durýar. Olar dünýä genefondy üçin, ýer ýüzünde ekologik deňagramlylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin hakyky gymmatlyga eýedir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan UNESKO-nyň we beýleki halkara guramalarynyň daşary yurt bilermenleri bilen ýygjam özara gatnaşykda “ýeller ýurdunyň” – özüniň tektoniki ýaryklary hem-de gadymy wulkanlary, dag etekleriniň tebigy pisselik ýerleri, sähralykdaky gulanlaryň, jerenleriň we dag goçlarynyň iri görnüşleri bilen meşhur bolan Bathyzyň dünýäde ýeke-täk toplumynyň esasy resminamalary taýýarlandy.

Merkezi Garagumda täze goraghanany döretmek möhüm konseptual ädim, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa, parasatly we öz wagtyndaky möhümlik bolup durýar. Çünki Garagum—bu täsin tebigy ýadygärlik, Watanymyzyň we daşary ýurtly alymlaryň uly üns berýän gymmatlygy. UNESKO-nyň halkara biosfera goraghanasy derejesini alan Repetek döwlet goraghanasy Gündogar Garagumuň tebigy toplumlaryny uzak wagtlaýyn öwrenmegiň we goramagyň nusgalyk mysalydyr.

Häzirki wagtda Merkezi Garagum Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklarynyň biridir. Çöl tebigatynyň ilkibaşky görnüşi üýtgewsiz diýen ýaly saklanan düzlük we çöllük ekoulgamyny öwrenmek üçin onuň görnüş taýdan, haýwanat, ösümlik, hojalyk- ekologik gözlegleri geçirmek nukdaýnazaryndan dünýäde deňi-taýy ýokdur.

“Bereketli Garagum” goraghanasynyň döredilmegi Garagumuň ilkibaşdaky we kän üýtgemedik köpdürli ekoulgamyny, haýwanat dünýäsini we ösümlik dünýäsini gorap saklamaga ýardam eder.

Ahal welaýatynyň demirgazygynda ýerleşen umumy meýdany 87 800 gektar bolan döwlet goraghanasynyň pugta goralýan tebigy zolagy 25 gektar meýdany bolan zakaznigi goşmak bilen 62 müň gektar meýdany eýeleýär. Alym - ekologlaryň maglumatlary boýunça bu ýerde haýwanat dünýäsiniň 1000-den gowrak görnüşleri, şol sanda süýdemdirijileriň 20 görnüşi, guşlaryň 150, süýrenijileriň 15 görnüşi we beýlekiler duşýar. Olardan bürgüt, çakyryk, jeren, syrtlan, çöl serçesi we beýlekiler Gyzyl kitaba girizilendir. Ütelgi ýabany guşy tebigatyň haýwanat dünýäsiniň gymmatly baýlygy bolup durýar. Janly tebigatyň göçüp-gonýan wekilleriniň ýollary geçýän tebigy ekologik geçelgesi ýaly möhüm ýagdaýlaryň hem ähmiýetlidigini bellemek ýerliklidir.

Bu ýerde ösümlik dünýäsiniň 293 görnüşi, şol sanda derman ösümlikleriň 210 görnüşi ösýär. Olaryň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly dünýä belli köp jiltli ylmy işinde bellenilişi ýaly, dermanlyk häsiýetine eýedir.

Täze goraghana Garagumuň ilki başdaky we kän üýtgemedik ekoulgam dürlüliklerini ylmy esasda nusgalyk derejede gorap saklamaga gönükdirilendir. Çöl we ýarym çöl zolaklarynda goraghana işiniň ylmy esasda öwrenilmeginiň, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. “Bereketli Garagumyň” çäklerinde çägelik, palçykly çöl we takyrlyklar synlanylýan çölüň görnüşleriniň seýrek sazlaşygyny bellemek zerurdyr. Olar toprak we beýleki görkezijileriň aýratynlyklary boýunça bu ýerde mesgen tutan haýwanlaryň we ösýän ösümlikleriň gaýtalanmajak toplumy bilen dürli ekoulgamlaryň köp görnüşliligini kemala getirýär.

Degişlilikde, bu täsin tebigy toplumy goramak boýunça düýpli ylmy barlaglaryň geçirilmegi goraghananyň döredilmeginiň baş maksady bolup durýar. Onuň giň çägi çölüň adaty ýagdaýyny barlamak we Garagumuň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak esasynda ylmy işläp taýýarlamalary ýola goýmaga hyzmat eder. Goraghananyň ekologiýa-ykdysady esaslandyrmasynda 16 zoologik, 3 botanik, birnäçe gidrologik we 1 tebigy ýadygärlikler, şeýle hem tebigy baýlyklaryň adaty görnüşleri hasaba alyndy.

Şeýle hem täze tebigaty goraýyş çäginiň döredilmegi biziň ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirer, gurak zolaklarda ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin zerur binýady emele getirer.

Häzirki döwürde tebigy künjeklerde bu täsin tebigy toplumyň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça zerur ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň biosfera goraghanaarynyň halkara ulgamyna, şeýle hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer.

Häzir tebigaty goramak çäreleriniň tejribesi hem-de türkmen ylmynyň ägirt uly kuwwaty bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi biziň ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlarynyň, maslahatlaryň we okuw-maslahatlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde ençeme gezek saýlanyp alynmagy bilen tassyklanylýar. Şol forumlaryň hatarynda şu ýylyň mart aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy“ atly halkara ylmy maslahaty, şeýle hem 2012-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ekologiýa forumyny görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Ekologiýa medenieti we daşky gurşawy goramak” atly täze žurnal hem ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak işinde toplan tejribesini we gazanan üstünliklerini bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleleri şöhlelendirmäge ýardam etmelidir.

Bu giň möçberli çäreleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň oňyn we öňdengörüjilikli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol syýasatyň netijesinde mähriban topragymyzyň tebigatyny goramak we baýlyklaryny hem-de köpdürlüligini artdyrmak boýunça görülýän netijeli çäreler ata Watanymyzyň gülläp ösmegine ýardam edýär.