Ï Mahmyt Pälwanyň döredijiligi – türkmenleriň we dünýäniň ruhy genji-hazynasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mahmyt Pälwanyň döredijiligi – türkmenleriň we dünýäniň ruhy genji-hazynasy

view-icon 4437
Şu gün Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly- drama teatrynda “Mahmyt Pälwan we XIII asyr türkmen medeni durmuşy” atly halkara ylmy maslahat başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Daşoguz welaýatynyň häkimligi tarapyndan guraldy.

Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşindäki ornunyň we ähmiýetiniň açylyp görkezilmegine, şol mirasyň çuňňur öwrenilmegine we aýawly saklanmagyna bagyşlanan bu nobatdaky uly çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň ruhy genji-hazynasyny mundan beýläk-de artdyrmak we baýlaşdyrmak işinde halkara ylmy-gumanitar gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilip ýöredilýän syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Ýurduň Lideri öz çykyşlarynda we taglymlaýyn işlerinde türkmen halkynyň gadymy ruhy gymmatlyklaryny täzeden dikeltmek barada aýdanynda, häzirki döwürde Türkmenistanda ylmy döredijiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, maglumatlaryň alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň howandarlyk etmeginde ylmyň dürli ugurlary boýunça geçirilýän maslahatlar hut şol maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir hem-de bular Aşgabady Merkezi Aziýadaky iri ylmy we medeni merkez hökmünde giňden tanatdy.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda halkara ylmy maslahatlar diňe bir türkmen paýtagtynda däl-de, Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda-da geçirilýär. Şol ýerlerde türkmenleriň şanly taryhyna we medeni mirasyna degişli subutnamalar saklanýar, munuň özi şol forumlaryň hünärmenler üçin täsirli we gyzykly bolmagyna getirýär hem-de myhmanlaryň biziň ýurdumyz baradaky düşünjesini has-da artdyrýar.

Maslahata gatnaşmak üçin, düýn daşary ýurtlardan Aşgabada gelenler ajaýyp medeniýet merkezlerine baryp, paýtagtymyzyň gözel künjekleri bilen tanyşdylar hem-de ýurdumyzda özgertmeleriň giň gerim bilen amala aşyrylýandygyna aýdyň göz ýetirdiler.

Bu gün bolsa myhmanlar Daşoguzda mähirli garşylandy, bu ýere ylmy foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 27 döwletinden filolglar we Gündogary öwreniji taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, dilçiler, alymlar we terjimeçiler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, iri medeniýet merkezleriniň işgärleri geldiler. Şeýle hem ylmy maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň adamzadyň ruhy genji- hazynasynyň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýan medeni mirasy babatda uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gumanitar ugurda işjeň ýagdaýda ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň alymlaryna we medeniýet işgärlerine, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşlerine dünýäde medeniýetiň ösüşiniň barşy baradaky düşünjelerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Ýygnananlar dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny içgin üns berip diňlediler. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary bu halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, forumyň barşynda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili we akyldar şahyry Mahmyt Pälwanyň durmuş ýoly, adamzadyň ylmy we çeper oý-pikirleriniň ösüşine uly täsirini ýetiren döredijiligi hakynda gymmatly ylmy pikirleriň orta atyljakdygyna ynam bildirdi. Milli Liderimiz: “Geçmişiň beýik şahsyýetleriniň nusgalyk ömri, watançylygy, mertligi we edermenligi, beýik ruhy şu günki nesiller üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär we halkymyzyň aňynda baky ýaşaýar” diýip belledi.

Ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagyny şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar. Mahmyt Pälwan (1247-1326) XIII asyryň ikinji ýarymynda – XIV asyryň birinji onýyllygynda ýaşap, gündogar halklarynyň taryhynda güýçli pälwan hökmünde tanalyp, diňe bir beden taýdan gujurlylygy bilen däl-de, şahyrana zehini bilen ebedi şan-şöhrata eýe boldy.

Mahmydyň ýaşlygy Köneürgenjiň mongollar tarapyndan basylyp alnan döwrüne gabat gelýär, olar bu şäheri weýran edipdirler. Il arasyndaky gürrüňe görä, 1247-nji ýylda şahyryň kakasy öz maşgalasy bilen Ürgençden Hywa göçýär. Hywa tarap ýolda onuň aýaly ogul dogurýar. Ony Mahmyt diýip atlandyrypdyrlar. Ol ýaşlygyndan milli göreşiň inçe tilsimlerini öwrenip, güýçli pälwan bolup ýetişýär.

Çeşmelerde bellenilmegine görä, Mahmyt pälwan ilatyň arasynda Pälwan Mahmyt, Pälwan pir, Hezreti Pälwan, Pälwan ata, Pirýarweli, Ysmamyt ata hökmünde bellidir. OL öz eserlerini Pirýarweli, Mahmyt we Kitali diýen edebi lakamlary bilen ýazypdyr.

Halkyň arasynda Mahmyt Pälwan barada köp sanly rowaýatlar bar. Onuň giňden belli bolan işleri, aýratyn-da, aglap, öz oglunyň Mahmyt bilen göreşende ýeňiş gazanmagyny dileg eden pukara dul aýala rehimi inip, göreşde öz garşydaşyna eglişik etmegi ynsanperwerligiň we asyllylygyň nusgasyna öwrüldi.

Mahmyt Pälwan rubagy düzmekde ussat we öz döwrüniň at-abraýly piri hökmünde tanalypdyr. Ol öz goşgularyny pars dilinde ýazypdyr. Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Fahreddin Aly Safynyň aruz, kapyýa, çeper sungat ýaly orta asyr Gündogar edebiýatşynaslygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan eserlerinde meşhur pälwan we söz ussady hökmünde Mahmyt Pälwana örän ýokary baha berilýär. Öz durmuşynda ol sopuçylyk bilen meşgullanypdyr. Onuň öz hanakasynyň bolandygyny hem çaklamak bolar. Şahyryň rubagylary erkin we bagtyýar durmuşa bagyşlanýar, şolarda adalatlylygyň, dostlugyň, söýginiň, agzybirligiň we jebisligiň ýörelgeleri dabaralandyrylýar. Şahyr duýgulary we oý-pikirleri özboluşly tärde sada we parasatly beýan etmegi başarmak arkaly ussat rubagyçylaryň hataryna goşuldy.

Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar çykyşlary uly üns berip diňlediler. Umumy mejlisde Türkiýeden Hasan Mogol “XIII asyrdaky Anadoly türkmenleri”, Täjigistandan Mirzo Mulloahmedow “Mahmyt Pälwanyň rubagylaryndaky ynsanperwerlik”, Hindistandan Nasim Ahmad Şah “Mahmyt Pälwan asyllylygyň nuggasy hökmünde”, ABŞ-dan William Wud “Hywanyň we günbatar çeşmelerinde Mahmyt Pälwan we onuň Hywa hanlygyndaky mirasy”, Eýrandan Golamhoseýn Golamhosaýenzade “Edermen Mahmyt Pälwan – asyllylygyň nusgasy” diýen meseleler boýunça çykyş etdiler.

Türkmen we daşary ýurt alymlarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň wekiliniň şahyrana mirasyna şeýle uly gyzyklanma bildirmegi Mahmyt Pälwanyň hyzmatlarynyň, onuň milli we dünýä medeniýetiniň ösüşine ýetiren täsiriniň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatldyk edýär. Häzirki wagtda ajaýyp şahyryň dürli dillerde aýdylýan eserleri onuň oý-pikirleriniň dünýäniň köp sanly halklaryna ýetirilendigini görkezýär.

Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň ruhy galkynyşy çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär, şu döwürde ata-babalarymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, halkara ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Çykyş edenler hut Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara ylmy gatnaşyklar, milletiň taryhy-medeni mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin diýseň oňaýly mümkinçilikleriň döredilendigini bellediler. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň diýseň oňyn häsiýetlidigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenler Mahmyt Pälwana uly sarpa goýýarlar. Ol özüniň ajaýyp şahyrana eserlerinde mähriban topragymyzy wasp edip, ýurdumyzyň çäginiň daşynda-da dogduk Diýarymyzyň giňden tanalmagyna ýardam berdi. Meselem, şu maslahatyň geçirilýän ýeri bolan Daşoguzda beýik şahyr baradaky hakyda Mahmyt Pälwanyň aramgähi arkaly ebedileşdirildi. Onuň ýadygärlikleriniň biri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Ylham” seýilgähinde goýuldy.

Maslahata gatnaşyjylar öz zehinini umumy adamazat gymmatlyklarynyň wasp edilmegine bagyşlan Mahmyt Pälwanyň öz döwrüniň görnükli wekilidigini, köp sanly ajaýyp eserleri döredendigini hem-de dünýäde ruhy-intellektual ýagdaýa öz täsirini ýetirendigini bellediler.

Ýedi asyrdan gowrak wagt mundan ozal Mahmyt Pälwanyň ata Watanymyza söýgini, dogduk Diýarymyzyň gözelligini, türkmenleriň ahlak tämizligini we ruhy dünýäsiniň baýlygyny wasp eden eserleri häzirki wagtda-da öz ähmiýetini we şahyranalygyny ýitirmeýär. Çykyş edenler Mahmyt Pälwanyň çeperçilik taýdan kämilligi, žanrlaryň we orta atylýan meseleleriň köp görnüşli bolmagy, iň esasysy hem çuňňur many-mazmunlylygy, ýüzlenmeleriň we öňe sürülýän ýörelgeleriň giň gerimli bolmagy bilen tapawutlanýan zehinli şahyrlaryň hataryna goşulýandygyny bellediler.

Günüň ikinji ýarymynda bäş sany bölüm boýunça işleriň barşynda Mahmyt Pälwanyň täsirli durmuş ýoly we döredijiligi baradaky gürrüň dowam etdirildi, şonda türkmen şahyrynyň edebi mirasynyň çeşmelerini öwrenmek, şol mirasy Gündogaryň beýleki halklarynyň epiki döredijiligindäki görnüşler bilen taryhy-tipologik taýdan deňeşdirmek bilen bagly möhüm meseleler orta atylýar. Medeniýetleriň özara täsirine, sýužetleriň häsiýetiniň we taryhynyň seljerilmegine, ýazuw ýadygärlikleriniň žanr taýdan özboluşlylygyna, keşpleriň ideologik many-mazmunyna we şahyrana tärlere bagyşlanan çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem orta asyrlardaky türkmenleriň durmuşyny öwrenmegiň jähetleri we eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime etmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

Çykyş edenler Mahmyt Pälwanyň türkmen halkynyň ykbalyny beýan edýän ajaýyp şahyrana mirasynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň hem uludygyny bellediler. Onuň rubagylary ata Watanyň at-abraýy we azatlygy ugrunda göreşen gaýduwsyz pälwanlaryň gahrymançylygyny wasp etmek bilen çäklenmän, ahlak ýörelgelerini hem beýan edýär. Çykyş edenler saza goşulyp aýdylýan öwüt-nesihatlar, çagyryşlar türkmenleriň we Gündogaryň beýleki halkalyrynyň köp sanly nesillerini ata Watana mähirli söýginiň ruhunda terbiýeläp, durmuşda özüňi alyp barmagyň kadalaryny öwredýär diýip bellediler. Maslahata gatnaşyjylar Mahmyt Pälwanyň edebi mirasyny öwrenmegiň örän möhüm ähmiýetlidigini belläp, bu mirasyň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, tutuş adamzadyň genji-hazynasy bolup durýandygyny biragyzdan nygtadylar.

Ähli döwürde-de Gündogarda bilime we söz sungatyna uly sarpa goýlandygy we şoňa görä-de, alymlaryň, akyldarlary we şahyrlaryň il arasynda uly at-abraýa we hormata mynasyp bolandygy aýdyldy. Jemgyýetiň bu wajyp ýörelgeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan milli we medeni galkynyş syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gadymy türkmen topragyna gelip, dünýä ylmynyň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňaýly mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şeýle hem ýygnananlar mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, özleriniň iň arzyly myhmanlar hökmünde garşy alnandyklaryny bellediler.

Teatryň eýwanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirpasyna bagyşlanan sergiler guraldy.

Agşam maslahata gatnaşyjylar Daşoguzyň gözel künjekleri bilen tanyşdylar.

Ertir, halkara ylmy maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar türkmeleriň orta asyrlara degişli taryhy-medeni ýadygärliklerini synlarlar.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli eýýamlara degişli täsin galdyrýan arhitektura ýadygärlikleriniň 20-ä golaýy bar. Bular öz döwründe sebitde iri merkezleriň biri bolan gadymy türkmen topragynyň belentliginiň subutnamalary diýlip hasaplanýar. Şol ýadygärlikleriň arasynda Tekeşiň we Il-Arslanyň, Törebeg hanymyň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň aramgähleri, Yzmykşir galasy, Gutlug Temiriň ady bilen baglanyşdyrylyp gurlan baş metjidiň minarasy we milli taryhy binagärligiň beýleki dürdäneleri bar. Arheologik ýadygärligiň, gadymy binagärligiň islendik nusgalarynyň aňyrsynda öz ýerinde irki adamzat siwilizasiýasynyň ojagyny guran halkyň taryhy bar. Hakykatdan-da, arhitektura ýadygärlikleri arkaly döwletleriň gülläp ösen döwürleri, köp asyr mundan ozal şol döwletlerde ýaşan adamlar we gahryman goragçylar barada birgiden zatlary aýtmak bolar. Bu milli mukaddeslikler türkmen halkynyň mertliginiň, synmaz erkiniň, agyzibirliginiň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhy we medeni taýdan gülläp ösýän ata Watanymyza söýginiň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

Ertir tanyşlyk tamamlanandan soňra, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda Halkara ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasy bolar.