Ï Türkmenistan-ABŞ: medeni miras ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: medeni miras ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 781
Şu gün köpugurly türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmegiň, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň jähetinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Medeni mirasy goramak saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçisiniň gaznasynyň” her ýyllyk maksatnamasynyň nobatdaky ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy. Ýörite topar dürli medeniýet edaralaryndan bäsleşige gelip gowşan köpsanly işlerden Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň öňe süren taslamasyny saýlap aldy. Ol XV asyryň ajaýyp sungat ýadygärligi bolan Änewdäki Seýit-Jemalleddin metjidiniň amaly böleginiň dikeldilmegine gönükdirilendir.

Özüniň binagärlik derejesi boýunça bu ýadygärlik yslam Gündogarynyň binalary boýunça iş alyp barýan bilermenlerde uly gyzyklanma döredýär. Indi, 60 ýyldan gowrak bäri bu metjit haraba öwrüldi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesinde bolan we onlarça müň adam heläkçiligine getiren hem-de Aşgabady we onuň töweregini weýran eden ýer titremesi orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyplygyny hem ýumurdy. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenler topary 12 ýyl mundan ozal şeýle goldaw arkaly metjidiň ýykylan ýerlerini hem-de onuň syrçaly örtükleriniň galyndylaryny gorap saklamak işiniň möhüm tapgyryny amala aşyrdylar. Metjidiň çäklerinde arheologik taýdan arassalaýyş işleri geçirilende onuň astyndan girelge sütüniniň amaly bölekleriniň, şeýle hem aždarhanyň keşbi şekillendirilen esasy bezeg parçalarynyň 30 göterimine golaýyny çykardylar. Olaryň bölekleri ýelimlenip, şol döwürden bäri şu muzeýde saklanylýar.

Ýöne, metjidiň ýykylan böleginiň aşagynda syrçaly bezeg bölekleriniň köp mukdary galdy. Muzeýiň işgärleri ýokary çeperçiligi bolan örtükleriň galan böleklerini tapmak maksady bilen, goşmaça gözlegleri amala aşyrmagy meýilleşdirdiler. Olar işiň täze tapgyrynda diňe bir bezeg parçalarynyň ýetmeýän böleklerine gözlegleri guramak däl, eýsem, öz tagallalaryny iki aždarhanyň keşbi şekillendirilen gönüburçlugyň içinde ýerleşýän arap elipbiýindäki ýazgyny dikeltmegi maksat edinýärler. Şeýlelikde, nobatdaky gözleg we dikeldiş işleriniň netijesinde muzeý gymmatlyklarynyň ýene-de bir toplumy emele geler.

Mälim bolşy ýaly, ýokarda ady agzalan Gazna Türkmenistanda dürli degişli taslamalaryň ondan gowragyna goldaw berdi. Medeni-gumanitar pudakda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Olaryň hatarynda bir ýarym müň ýyla golaý mundan ozal döredilen we Sarahs ýaýlasynda ýerleşýän Mele Heýran zoroastrizm ybadathanasynyň syrçaly bezeg böleklerini saklamak bilen baglanyşykly taslama bar. Bu syrçaly bezeg parçasy birnäçe ýyl mundan ozal bilelikde türkmen-polýak arheologik ekspedisiýasy tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilen pursadynda ýüze çykaryldy we ol Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýine berildi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Paterson däp boýunça geçirilýän bäsleşigiň 2013-nji ýyl boýunça ýeňijisine gutlag haty gowşurdy we öz taslamalary hakynda gysgaça çykyş etdi. Şeýle hem bu dabara biziň ýurdumyzyň medeni miras ulgamynda işleýän döwlet edarasynyň wekilleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.