Şu gün türkmen paýtagtynda kitaba bagyşlanan uly forumyň -- “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VIII halkara sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş ýurdumyzyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Däp boýunça Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli uly umumy milli baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda we dünýäde neşirýat ulgamynyň täze gazananlaryny we onuň ösüşine mahsus ýagdaýlary äşgär etmek üçin geçirilýän bu forum şu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, dünýäniň dürli halklarynyň köp asyrlyk taryhynda toplanan baý medeni miras arkaly baýlaşdyrylylmagyna gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “açyk gapylar” syýasatynyň – parahatçylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk edilmegine gönükdirilen syýasatyň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde, Türkmenistan maglumatlar boýunça ählumumy giňişlikde ynamly gadam urýar. Kitaplary neşir etmegiň çalt depgin bilen ýokary halkara derejesine ýetirilmegi, neşirýat ulgymyna has öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy elmydama köp okamak arkaly, bilime uly sarpa goýulýan ýurdumyza dünýäniň neşirýat boýunça bazaryna işjeň gatnaşýanlaryň hataryna goşulyp, dürli görnüşdäki edebiýaty neşir etmekde we çap edilýän beýleki önümleri öndürmekde hyzmatdaşlary haýran galdyrmaga mümkinçilik berdi.
Moskwada geçirilýän halkara kitap sergi-ýarmarkasynda we beýleki ýurtlarda geçirilýän şunuň ýaly forumlarda milli ekspozisiýanyň elmydama uly üstünlige eýe bolmagy munuň subutnamasy bolup biler. Şunda ýurdumyzda çap edilen kitaplar ýokary baha mynasyp bolup, döwrebap türkmen döwletiniň gazananlary, onuň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmagyň täsin galdyrýan serişdesi bolup durýar. Moskwada 26-njy gezek geçirilen halkara kitap sergi-ýarmarkasynda “Türkmen zenanynyň taryhy keşbi” atly kitap üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugyna “Medeniýet, ylym, bilim” ugry boýunça birinji baýragyň berilmegi neşir önümleriniň çeper bezeginiň kämilliginiň we oňat hilli çap edilmeginiň ykrar edilýändigini görkezýär.
Aşgabatdaky kitap sergisi Türkmenistana, onuň neşir etmek işinde gazananlaryna we üstünliklerine içgin üns berilýändigini, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi babatda uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyň görkezýär, oňa gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.
Şu foruma gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna 25 ýurtdan dünýäde neşirýat ulgamynyň, edebiýat we işewür toparlarynyň wekilleriniň 170-den gowragy ýygnandy. Olaryň arasynda ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Germaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Polşadan, Eýrandan, Hytaýdan, Rumyniýadan, Litwadan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan neşirýat öýleriniň we çap edýän kärhanalaryň, neşirýat enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň, söwda edýän firmalaryň we ýokary okuw mekdepleriň 60-dan gowragyna wekilçilik edýän ýolbaşçylary, bilermenler, işläp taýýarlaýan hünärmenler we menejerler bar. Niderlandlaryň, Wengriýanyň we Moldowanyň neşirýatçylary türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmegi maksat edinýärler. Türkmenistana ilkinji gezek Albaniýa öz wekillerini iberdi.
Wekiliýetleriň düzüminde tanymal şahyrlar we ýazyjylar, ussat terjimeçiler, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, şeýle hem Aşgabatdaky kitap forumlaryna yzygiderli gatnaşýan Kaliforniýa we Kembrij uniwersitetleri, Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersiteti, Moskwanyň Iwan Fýodorow adyndaky döwlet neşirýat uniwersiteti, Ukrainanyň neşirýat akademiýasy ýaly dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň wekilleri bar. Şu sergide Russiýada çap edilýän “Türkmenistan” atly jemgyýetçlik-syýasy žurnaly eksponent hökmünde wekilçilik edýär.
Döredijilik toparlarynyň kitap sergisine gatnaşyjylary we myhmanlary milli mukamlary we häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň ajaýyp eserlerini ýerine ýetirmek arkaly garşylamagy bu dabaranyň täsirliligini artdyrdy.
Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Şonda döwlet Baştutanymyz kitabyň durmuşyň mazmunyny, adamzat pelsepesiniň gözbaşyny özünde jemläp, ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşynda durmak bilen, adamzat aňynyň has-da ösmegine, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna badalga bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamzadyň ruhy hazynasy bolan kitap häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryna türkmen diliniň baýlygyny artdyrmaga, döwrüň şanly wakalaryny çeper beýan etmäge we öz döredijiligini halkymyza we dünýä okyjylaryna ýetirmäge giň mümkinçilik berýär diýip aýtdy.
Milli Liderimiz şanly taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halkynyň baý edebi we medeni mirasy, asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten çeper we ylmy edebiýaty, sungaty bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşandygyny belledi. Bu gün milli mirasymyzy ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanan üstünliklerimiz has-da baýlaşdyrýar. Neşirýat ulgamynyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlarymyz, alymlarymyz hem medeni, edebi, ylmy mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we halkymyza ýetirmekde uly işleri alyp barýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşirýat ulgamynyň işgärleri çeper eserleri, okuw kitaplaryny, gazet-žurnallary öz wagtynda we ýokary hilli çap etmek bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine, olara dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim berilmegine, halkymyzyň gahrymançylykly zähmetiniň wasp edilmegine, şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz bu işde dünýä tejribeleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, halkara sergi-ýarmarkasynda neşirýat ulgamynda gazanylan üstünlikleri görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen neşirýat işgärleri bilen pikir alşyp, tejribeleri paýlaşmaga giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.
Paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň giň zallarynda dünýäniň dürli dillerinde çap edilen kitaplaryň we neşirleriň uly toplumynyň, çap etmek boýunça täzelikleriň we dizaýnerlik tehnologiýalarynyň giň gerimli sergisi üstünlikleri äşgär etmek bilen birlikde, medeni we işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçilikleriniň kesgitlenilmegine badalga berýär.
Iri döwlet kärhanalary we hususy kompaniýalar ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň uly kuwwata eýedigini görkezýärler. Şu ýylyň sekiz aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugyna degişli düzümler tarapyndan 110-a golaý atly we umumy sany 4 milliondan geçýän kitaplar we döwürleýin neşirler, şol sanda başlangyç, orta we ýokary bilimiň ähli ugurlary boýunça 102 okuw-usulyýet edebiýaty, gazetleriň we žurnallaryň degişlilikde 26 we 22 görnüşi taýýarlanyldy we çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň 2,5 müňden gowrak kitaphanalaryna okuw we ylym-bilim neşirlerini, ýokary we beýleki okuw mekdeplerine 22 atly we umumy sany 101 müňden geçýän kitaplary iberdi.
Birkemsiz bezelen albomlar, okuw kitaplary, nusgawy türkmen we dünýä edebiýatyna degişli eserleriň gaýtadan neşir edilen nusgalary, täze kitaplar, şol sanda çagalar üçin niýetlenen neşirler, döwürleýin žurnallar, owadan bukletleriň we beýlekileriň toplumlary bezeg taýdan ussatlyk bilen berjaý edilipdir, bulara diňe bir şu ulgamda ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýänler däl-de, Türkmenistandaky milli neşirýat ulgamy bilen ilkinji gezek tanyşýanlar tarapyndan mynasyp baha berilýär.
Giňişleýin türkmen ekspozisiýasynyň merkezi diwarlygy muňa aýdyň mysal bolup biler, bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görkezilýär. Olaryň arasynda milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bäş jildlik ensiklopedik işi bar, şonüň bäşinji kitaby bilen tanyşdyryş dabarasy şu ýylda bolup geçdi. Bu ýerde türkmen halkynyň milli mirasyna bagyşlanyp göwnejaý bezelen sowgatlyk neşirler hem görkezilýär. Olaryň arasynda türkmen halylary baradaky “Janly rowaýat”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Göwhere beslenen bedew”, “Bagtýarlyk döwründe bedew sarpasy” ýaly täsirli we bezegli işler bar.
Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän baý taryhy barada gürrüň berýän ajaýyp bezegli “Nowruznama” , “Türkmen zenanynyň taryhy keşbi”, şeýle hem nusgawy edebiýatyň gymmatly eseri bolan “Göroglynyň” rus dilindäki neşiri, “Teke atly polkunyň söweş ýoly” atly ylmy- taryhy kitap, “Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” atly makalalar ýygyndysy hem-de beýleki köp sanly kitaplar, biziň ýurdumyzyň taryhy, medeni ýadygärlikleri, ajaýyp tebigy künjekleri baradaky žurnal makalalary Diýarymyzyň ajaýyplyklaryny dünýä hödürleýär. Şu ýerdäki “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary we awtorlaryň gürrüňdeşligni geçirmek üçin niýetlenen bölümde “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döredijiligi ýazyjy şahyrlaryň ylham çeşmesidir” atly edebi duşuşyk geçirildi. Onda türkmen ýazyjylary we şahyrlary özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen söhbetdeşlik gurady.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet kitaphanasynyň we ýurdumyzyň Kitap palatasynyň wekilleri kitaphananyň gaznalaryndadaky seýrek duş gelýän we aýawly saklanylýan golýazmalar toplumyny görkezdiler. Şu ýerde sergä gatnaşyjylar üçin häzirki zaman hünärmenleriniň gadymy kitaplary täzeden dikeldişleriniň şaýady boldular.
Sergide görkezilýän neşir önümleri ylym-bilim häsiýetinde we çuňňur mazmunda bolmak bilen, ol paýtagtymyzda geçirilen serginiň esasyny düzdi. Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan bölüminde hem şu ýörelge esas edinip alyndy.
Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet düzümleriniň we ylym-bilim merkezleriniň metbugat öýleriniň we söwda kärhanalarynyň ylmy, okuw, çagalar üçin niýetlenen kitaplary, çeper edibiýatlary, sungata we taryha degişli kitaplary, okuw gollanmalary, kartografik neşirleri we surat albomlary bu serginiň köp öwüşginliligini emele getirdi.
Biziň ýurdumyzda geçirilýän sergä hemişelik gatnaşýanlaryň biri-de Russiýanyň wekiliýetidir. Bu gezek olaryň hatarynda 20-den gowrak neşirýat kärhanalary öz önümlerini görkezýärler. Russiýanyň metbugat ulgamyna degişli ýokary okuw mekdepleri öz gymmatlyklaryny yzygiderli görkezýärler. Olarda türkmen ýaşlary hem döwrebap bilim alýarlar.
“Medkniga Elbi -- Spb” we “Elbi-Spb” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti, “Binom”, “Galart”, “Informnauka”, “Detgiz”, “Detskoýe wremýa”, “Mir Graalýa”, “Giperion” ýaly neşirýatlaryň bölümlerinde poligrafiýa sungatynyň, şeýle hem olaryň elektron görnüşleriniň ýokary tehnologiýaly nusgalary, neşir täzelkileri görkezilýär. Russiýanyň sergide görkezýän gymmatlyklaryň düzümi barha giňelýär. Bu gezek Başgyrdystanyň “Kitap” neşirýatynyň milli kitap neşiriniň we Saha Respublikasynyň “Biçik” kitap neşirýatynyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň we yzygiderli duşuşyklaryň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar.
Dürli görnüşli neşir önümleriniň muşdaklary üçin kiçi görnüşli kitaplar merkeziniň bölüminde bu sungatyň iň kiçijikleri bilen tanyşmak mümkinçiligi hem boldy. Merkeziň bölüminde 100 millimetrden kiçi göwrümli kitaplaryň 3 müň 600-e golaýy bar. Türkmen ussatlarynyň öz döwründe neşir eden Magtymguly Pyragynyň goşgular kitabynyň kiçijek görnüşi şeýle kitaplaryň muşdaklary üçin özboluşly sowgat boldy.
Sergä gatnaşyjylaryň diwarlyklary diňe täze kitaplar däl-de, başga önümler bilen hem bezelipdir. Ýurdumyzyň “Gündogar ýyldyzy”, “TürkmenPrint”, “Hatdat”, “Garant”, “Ajaýyp önüm”, “Toý”, “ALTcompany”, “Guwan”, “Ak menzil”?? we beýleki hususy kärhanalar türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň elektron görnüşde neşir edilen eserlerini, audiokitaplary, birkemsiz bezelen albomlary we senenamalary, mahabat, sowgatlyk we beýleki görnüşdäki önümleri, şeýle hem neşir etmek üçin has täze enjamlary we goşmaça materiallary görkezýärler. Sergä gatnaşýan “Foto-art” hojalyk jemgyýeti çap etmek boýunça innowasiýalary ulanmak arkaly işlenip taýýarlanan önümini görkezdi hem-de üýtgeşik sowgatlaryň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik döretdi.
Ýurdumyzyň telekeçileri ilkinjileriň hatarynda neşirýat ulgamynyň ösüşine gönükdirilen täze başlangyçlary we tehnologiýalary ornaşdyrýarlar. “Janly teatr” bilim berýän kitaplaryň we okuw gollanmalarynyň bazaryndaky innowasiýanyň mysaly bolup biler, ol şol bir wagtyň özünde tekstli, sesli, illýustratiw görnüşde we oýun oýnalýan şekilde, ýagny dört ugur bir ýerde jemlenýär, munuň özi “Allegro” atly pawilonda teklip edilýär.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň wekilleri 4G formatdaky has kämil tehnologiýalar – tekstli dürli görnüşdäki materialyň 10 müňlerçe birligini özünde jemleýän IPad kysymly mobil planşetler, MacBook kompýuterler we Kindle elektron kitaplar bilen tanyşdyrýarlar. Şu ýylda ýurdumyzda welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň kitaphanalarynyň elektron kitaphana ulgamynyň işlenip taýýarlanýandygyny göz öňünde tutup aýdanyňda, bu ugurlar diýseň wajyp ähmiýete eýedir.
Günüň ikinji ýarymynda halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi. Sergi köşgüniň maslahat geçirilýän zalynda esasy neşirýat toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň wekilleri, neşirýat önümçiligi boýunça hünärmenler, edebiýatçylar we žurnalistler ýygnandylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda neşirýat ulgamynyň gazananlary, kitaplaryň we beýleki çap önümleriniň öndürilmegine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumatlary we kitaplary ýaýratmak boýunça elektron hyzmatlaryň ulgamyny döretmek babatda toplanan tejribe bilen tanyşdylar.
Gyzykly pikir alyşmagyň barşynda, şu ugur boýunça düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, neşirýat işi we çap etmegiň tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, terjime etmek, kitaphanalaryň we döredijilik işgärleriniň özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ertir “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VIII halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam eder. Forumyň işiniň maksatnamasy boýunça gyzykly çäreler geçiriler. Sergi köşgüniň meýdançalarynda sergä gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň gatnaşmagynda “Medeni gatnaşyklar mizemezdir” atly “tegelek stol”, tanymal alym – arheolog W.Sarianidiniň “Gadymy Margiananyň genji-hazynasy” atly eseri bilen tanyşdyryş dabarasy guralar. A.S.Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebinde çagalar üçin niýetlenen eserleri döredýän türkmen şahyrlarynyň rus dilindäki “Wesenneýe sçastýe” atly kitaby bilen tanyşdyryş dabarasy bolar, suratkeşler-- illýustratorlar bolsa Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde tälim bermek maksady bilen sapak geçerler.