Ï Pensiýa özgertmeleri hereketde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pensiýa özgertmeleri hereketde

view-icon 13103
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň has gyzyklandyrýan sowallarynyň birnäçesine jogap berdiler

“Men 59 ýaşymda, iş stažym 36 ýyl. Men öz islegim boýunça işden çykdym we häzrki wagtda wagtlaýyn işlämok. Geljekde meniň pensiýamyň möçberiniň köp bolmagy üçin men Pensiýa gaznasy bilen meniň pensiýa lisewoý hasabatyma pensiýa töleglerini tölemek boýunça şertnama baglaşyp bilerinmi?”

Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine laýyklykda, erkek adamlar 62 ýaşyna ýetenlerinde pensiýa çykmaga haklydyr, şunlukda onuň hökmany pensiýa ätiýaçlandyrylyşyna azyndan 5 ýyl gatnaşygy bolmalydyr. Siz görkezile ýaşa ýetmek we iş stažynyň 36 ýyl bolmagy bilen, siz pensiýa çykmaga hukuk gazanypsyňyz. Ýöne, lisewoý hasabatyna pul näçe köp düşse, siziň pensiýaňyzyň möçberiniň şonça hem köp baljakdygyny siz dogry belläpsiňiz. Has hem, täze pensiýa kanunçylygyna laýyklykda, pensiýaýalaryň möçberleriniň iň ýokary derejesi ýatyryldy.

Işlemeýän raýatlar, ýöne pensiýalarynyň möçberlerini köpeltmek isleýänler öz-özi meşgullanýan adam hökmünde geljekde pensiýanyň esasyny düzjek pensiýa töleglerini töläp bilerler. Bu ýagdaýda raýata ýaşaýan ýeri boýunça türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň bölümi bilen hökmany pensiýa ätiýaçlandyryşyny baglaşmagy gerekdir. Öz-özi meşgullanýan adamyň banklaryň üsti bilen her aýda tölemeli pensiýa tölegi ýurduň kanunçylygy bilen kesgitlenen Türkmenistan boýunça iň az zähmet iş hakynyň 15 göterimni düzýär. Maglumat üçin, şu ýyl Türkmenistan boýunça iň az zähmet haky 440 manat boldy, indiki ýyl bolsa bu görkeziji 485 manat bolar.

“Men pensiýa laýaryn, ýöne işlemegimi dowam etdirýärin. Maňa iş beriji täze pensiýa ulgamyna geçilmegi sebäpli şu ýyl açylan meniň pensiýa hasabatyma 20 göterim geçirýär. Bu meniň pensiýamyň möçberine täsir edip bilermi? Eger-de täsir etmeýän bolsa, onda men bu pullary alyp bilerinmi?”

Türkmenistanyň “Döwlet pensiýa ätiýaçladyryşy hakynda” Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunyna laýyk döredilen kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, Türkmenistanda hasaba alynan daşary ýurtlaryň wekilçiliklerinde we filialllarynda işleýänleriň (gullukçylaryň) ählisi hökmany pensiýa ätiýaçlandyrylyşyna degişlidir. Pensiýa ýaşyna ýetmediklere pensiýa tölegleri olaryň pensiýa hasabatyna gowuşýar. Bu bolsa olar pensiýa ýaşyna ýetenlerinde pensiýany tölemek üçin çeşme bolup durýar. Pensiýa ýaşyna ýeten adamlar üçin iş berijiler tarapynda tölenen pensiýa tölegleri maýyplygy we eklenjisini ýitirenlere tölemek üçin gönükdirilýär.

“Eger-de pensiýa lisewoý hasabaty açylan adam häzire çenli oňa haýsy-da bolsa bir döwür üçin şertli puly tölemek üçin resminamalaryny bermedik bolsa, buhgalteriýanyň soňky bäş ýyly alyp, bu puly tölemäge haky barmy?”

Hökmany pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamynda ätiýaçlandyrylan adamlara olaryň işlän döwri üçin UNS girizilmezilinden ozal (2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli) ilkinji şertli pensiýa puly hasaplanylýar. Ilkinji şertli pensiýa puluny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hasaplaýar.

Zähmet gatnaşyklarynda bolan adamlara ilkinji şertli pensiýa puluny hasaplamak üçin resminamalary iş beriji taýýarlaýar we Pensiýa gaznasynyň ýerli guramasyna berýär. Beýleki raýatlar ilkinji şertli pensiýa puluny hasapkamak üçin gerek bolan resminamalary ýaşaýan ýeri boýunça Pensiýa gaznasynyň bölümine özi eltip berýär.

Iş beriji her bir işgäre (şol sanda durmuş dynç rugsadynda bolanlara hem) onuň gatnaşmagynda iş stažy, aýlyk hakyndaky maglumaty tassyklaýan resminamalary taýýarlaýar, iş stažynyň dowamlylygyny we şahsy koeffisientini hasaplaýar. Bu koffisient işgäriň işlän ähli döwrüniň dowamynda özüniň saýlan islendik bäş kalendar ýylynyň zähmet haky barada maglumatlardan gelip çykýar.

Iş beriji işgäriň iş stažynyň näçedigi, işgäriň zähmet haky esasynda hasaplanan şahsy koeffisienti bilen tanyşdyrmaga borçludyr. Şonuň üçin hem iş beriji işgäriň razyçylygy bolmasa zähmet hakyny saýlap almaga we şahsy koeffisientini hasaplamaga haky ýokdur.

“Men öz islegim boýunça meýletin pensiýa ätiýaçlandyryş boýunça şertnamany ýatyrdym. Men toplanan pullary alyp bilerinmi?”

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyryşynyň goşmaça pensiýa ulgamy bolup durýandygyny belläp geçmelidiris. Bu ulgama gatnaşýan adamlara pensiýa ýaşyna ýetenlerinde şertli toplaýjy pensiýa ulgamynyň pensiýasy bilen bir hatarda toplaýjy pensiýa ulgamy boýunça hem pensiýa tölenýär. Şeýlelikde olar iki pensiýa alaralar. Ätiýaçlandyrylan adamlaryň pensiýa ulgamy boýunça pensiýa toplanmasy ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Türkmenistanyň Kodeksinde kesgitlenen pensiýa ýaşlaryna ýetenlerinde tölenilýär.

Ätiýaçlandyrylan adamlara pensiýa toplanmalary pensiýa ýaşyna ýetenlerinde I ýa-da II topar maýyp diýlip ykrar edilenlere Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýanlara, şeýle hem saglyk ýagdaýy sebäpli bejeriş alýanlara hem tölenilip biliner. Mundan hem başga, äriýaçlandyrylan adamlara pensiýa toplanyş ulgamy boýunça pensiýa toplanmalary olaryň islegleri boýunça şertli toplanyş pensiýa ulgamy boýunça şertli pensiýa puluna geçirilip biliner.