Paýtagtyň “Türkmenistan”, “Watan” kinokonsert merkezlerinde we “Aşgabat” kinoteatrynda “Serhet” kinosynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Režissýor Myratberdi Annageldiýewiň doly metražly çeper filmi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginniň binýadynda döredildi.
Awtor Gowşutgeldi Daňatarowyň ssenariýasy boýunça filmde uly durmuşa gadam basýan ýaş adamlar barada gürrüň berilýär. Baş gahryman Myrat goşun gullugyna taýýarlyk görýär, soňra harby akademiýa girip, serhetçi hünärini edinmegi arzuw edýär. Kakasynyň mundan el çekmek baradaky ýalbarmasyna garamazdan, ol goşun gullugyna ugraýar. Myradyň magşugy bolan Şeker hem oglanyň geljekde uzak wagtlaýyn aýralygyny we serhet galalary boýunça göçüp-gonup ýörme işini göz öňünde tutup, oglanyň bu edýän arzuwyny goldamaýar.
Şeker Myrady ugratmak üçin demirýol menziline gelmeýär. Iki ýylyň dowamynda esger ondan özüniň iberen hatlaryna jogaplaryň birini hem almaýar. Gyz paýtagtyň çeperçilik ýokary okuw mekdebinde üstünlikli okaýar, ýokary gatlakdaky adamlaryň durmuşyny alyp barýar, ol intelligent jemgyýet we beýlekiler tarapyndan gyzgyn gurşalyp alynýar. Onuň üçin hemme zat gowy ýalydy, ýöne Myrada bolan söýgüsine wepalylygy ony taşlamaýardy, Myrat bilen bilelikde geçiren ajaýyp günleri ony biynjalyk edýärdi...
Goşunda gulluk tamamlandy. Indi durmuşyňy Watana - serhetde gulluk etmäge bagyşlamak – Myradyň baş maksadydy. Demirýol menzili. Döşi ordenly harby lybasly ýaş ýigit ýakynlary bilen duşuşmaga alňasaýardy. Bu ýerde tolgundyryjy duşuşyk bolup geçýär. Şeker öz ýalňyşyny boýun alyp, mynasyp, batyrgaý, elbetde, söýgüli adamyň bilen mundan beläkki ykbalyny paýlaşmaga razydy.
Filmdäki wakalar Aşgabatda we onuň golaýyndaky obalarda, daglarda, Köýtendagyň eteklerinde bolup geçýär. Filmde watana bolan söýgi bilen bir hatarda söýgi we dostluk babatda ahlak gatnaşyklary, nesilleriň özara gatnaşaygy barada gürrüň berilýär. Aýratyn hem, filmde bolup geçýän wakalar arkaly dürmuşda saýlamaga hukugy bolan adam özbaşdak şahsyýet hökmünde aýdyň beýan edilýär.
“Film tomaşaçy üçin diňe bir öwrediji sapak bolmaly däldir, ol has çuňňur pikirlenmäge we ol ýönekeý adamkärçilik gatnaşyklaryna düşünmelidir” diýip, elliden gowrak dokumental filmleriň we birnäçe çeper filmleriň awtory, birnäçe gezek baýraklara mynasyp bolan we döwlet we halkara kinofestiwallarynyň hem-de kinobäsleşikleriň laureaty, režissýor Myratberdi Annageldiýew hasap edýär.
Filmiň sýužeti hem duýguly romantiki, hem ünsüňi çekiji duýgulardan, ekstremental wakalardan doly. Bu bolsa, tomaşaçy hökmünde kabul edilşini güýçlendirýär hem-de filme baý “diri” emosional täsirini berýär. Mundan hem başga, filmiň wakalarynyň baý saz eserleri bilen utgaşdyrylmagy onda bolup geçýän wakalara oňaýly täsirini ýetirýär.
Filmiň baş gahrymanlaryny – aşyk-magşuk Myradyň we Şekeriň keşplerini Süleýman Durdyýew we Şirin Işangulyewa, şeýle hem Bossan Ýazjumaýewa (Şekeriň ejesi), Döwlet Hanmämmedow , Göwher Gurbangylyjowa (Myradyň ene-atasy) ýerine ýetirdiler. Filmiň aktýorlarynyň hatarynda – ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýurduň teatrlarynyň artistleri çykyş etdiler.
Bu film kinony söýýänleriň ählisine ýakymly duýgulary berdi. Onuň Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem milli telewideniýesinde köpçülikleýin görkezlişi dowam edýär. Garaşylşy ýaly, film serhet goşunlarynyň bölümlerinde aýratyn gyzyklanma döreder.