Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary döwletler we iri halkara guramalary bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinen “açyk gapylar” syýasaty milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen köpsanly duşuşyklarda, gepleşiklerde we maslahatlarda doly derejede öz beýanyny tapdy.
Sentýabryň aýagynda wekilçilikli türkmen topary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda (ABŞ) iş saparynda boldy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bütindünýä forumynyň münberinden milli Liderimiz täze möhüm başlangyçlary we teklipleri, şol sanda ekologiýa ulgamynda teklipleri beýan edildi. Şol anyk teklipler türkmen tarapynyň tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine hem-de BMG tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge taýýardygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi. Şol teklipleriň arasynda BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýa we Hazar sebiti boýunça howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar baradaky Sebit merkeziniň döredilmegini, Hazar boýunça Halkara ekologiýa diologyny – daş-töweregi goramak pudagynda Hazarýaka döwletleriniň tagallalaryny birleşidrmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze guralyny görkezmek bolar.
Türkmen tarapyndan esasy ugurlaryň bäşisi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de parahatçylygy gorap saklamak we howpsuzlyk işinde netijeli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, dürli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlarynyň başga-da birnäçesi beýan edildi.
Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýeti Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky duşuşygyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň Halkara awtomobil ulaglary birleşigi we BMG bilen bilelikde guran ulag meseleleri boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesi geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygy meselesi barada durup geçmek bilen, şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Ebişeriň resmi taýdan bellenilendigini ýatlap geçmeli, aýry-aýry döwtletler bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ýola goýmak şol hyzmatdaşlygyň möhüm tarapy bolup durýar.Ilçiniň ýurdumyzyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyklarynyň barşynda diplomat Şweýsariýanyň hökümetiniň sebitde we dünýäde durnuklylygy pugtalandyrmak işine öýjeýli goşant goşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn çykyş edýändigini nygtady. Söwda-ykdysady ulgam, saglygy goraýyş, ylym we ýokary tehnologiýalar, bilim, medeniýet, ekologiýa we syýahatçylyk babatda gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohammed Faizal Razziniden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi hakynda bolan pikir alyşmagyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni – gumanitar gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Diplomat Aşgabatda bolan günlerinde Daşary işler minitsrliginde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşyklar geçirdi.
Şondan bir gün soň bolsa biziň ýurdumyzda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niklas Lindkwist resmi taýdan işe girişdi. Ýurdumyzyň Mejlisinde bolan duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, özara gyzyklanmany we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini nazara almak bilen mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtalyp geçildi. Şol gün ilçi Türkmenistanyň Hökümetinde, Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde kabul edildi.
Sentýabryň ahyrynda ýurdumyzyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň birnäçesinde Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda işleýän Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Slawenko Terziç bilen geçirilen duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli giň meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply işine bagyşlanan kitaplaryň dünýä jemgyýetçiliginde örän uly gyzyklanma döredýändigi hemmelere mälimdir. Türkmenistanyň hökümet wekilýetiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň Aşgabatda bolan tanyşdyryş dabarasy munuň nobatdaky tassyklanmasy boldy. Resminamalaýyn maglumatlara esaslanan we türkmen Lideriniň durmuşy hem-de işi hakynda gürrüň berýän bu kitap eýýäm dünýäniň dürli dillerinde – rus, iňlis, nemes, türk, hytaý we beýleki dillerde neşir edildi.
Şu aýda Aşgabatda hindi diline terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy uly üstünlik bilen geçdi. Dabarada bellenip geçilişi ýaly, bu ensiklopediki neşiriň hindi dilinde çapdan çykmagy iki dostlukly halklaryň dostlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze aýdyň nyşany bolar, hindi jemgyýetçiligine Türkmenistan hakyndaky bilimlerini giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň bäşinji jildiniň 2-nji sentýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde bolan tanyşdyryş dabarasynyň sentýabr aýynyň başynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolandygyny ýatlap geçmek ýerliklidir.
Kitabyň täze, bäşinji jildinde milli lukmançylyk mirasymyz hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär, dermanlyk ösümlikleriň 150 görnüşiniň bejeriş häsiýetleriniň jikme-jik teswiri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary beýan edildi.
Özboluşly kitabyň nobatdaky jildiniň çapdan çykmagy bada-bat giň okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi köpsanly daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ensiklopediki işi türkmen topragynda ösýän, ençeme müňýyllyklaryň dowamynda milli lukmançylyk iş tejribesinde üstünlikli ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri hakynda öz düşünjelerini giňeltmäge çalyşýan ähli daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterli boldy.
Halkara derejesindäki möhüm wakalaryň hatarynda birnäçe iri ylmy maslahatlary, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty tarapyndan guralan “Ýaş alymlar dünýä ylmyny we medeniýetini birleşdiriji güýçdür” atly halkara maslahatyny görkezmek bolar.
Ýaş alymlaryň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen wekilçilikli maslahatyna dünýäniň kyrk ýurdundan esasy ylmy – bilim merkezlerine wekilçilik edýän ýüze golaý daşary ýurt hünärmeni gatnaşdy, munuň özi gürrüňsiz suratda türkmen barlagçylarynyň dünýäniň ähli künjeklerinden öz deň-duşlary bilen mundan beýläk-de özara gyzyklanma döredýän we peýdaly hyzmatdaşlygyna hyzmat eder.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan guralan, sentýabryň birinji ongünlüginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe weterinariýa işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly Halkara ylmy maslahat hem döwletara pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi.
Maslahata dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan döwlet edaralarynyň, belli bir ugurly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, milli Ylymlar akademiýalarynyň, ylmy -barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň işi oba hojalyk ulgamy, saglygy goraýyş we weterinariýa bilen baglynyşykly bolan ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdy. Oňa gatnaşanlaryň hatarynda iri halkara guramalarynyň – Mallaryň saglygyny goramagyň Bütindünýä guramasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Bütindünýä weterinariýa assosiasyýanyň, Ýewropa toparynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri we başgalar bar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar milli, sebitleýin we halkara derejesinde weterinariýa ulgamynda ylalaşylan syýasaty ýöretmek, degişli döwlet strategiýalaryny işläp taýýarlamak barada pikir alyşdylar.
10-njy setýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen tarapynyň baştutanlyk etmeginde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň sebitleýin tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi, onda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga ýardam bermek baradaky meselelere garaldy. Owganystan boýunça Stambul hereketiniň çäklerinde “Sebitleýin düzümler” ynamyny pugtalandyrmak babatda çäreleri we hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça duşuşyga Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň wekilleri, şeýle hem BMG-niň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Aziýa ösüş bankynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyna garadylar we sebitleýin ösüş boýunça anyk düzümleýin taslamalary öz içine alýan hem-de Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna oňyn täsir etmäge gönükdirilen “Sebitleýin düzümler” ynamyny pugtalandyrmagyň çäreleri boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.
Energetika senagatynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Energetika ministrligi we Söwda-senagat edarasy her ýyllyk pudaklaýyn forumy “Türkmenistanyň Energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirdiler. Sebitde iri sergi merkezi bolan Sergi köşgüniň pawilonlarynda ýerleşen ýöriteleşdirilen gözden geçirilişe dünýäniň 20 ýurdundan – ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Russiýadan, BAE-den, Eýrandan, Ukrainadan, Belarusdan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmegiň diňe bir ýokary üstünliklerini we ägirt uly kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän forum pudagy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň has isleg bildirilýän we geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Birnäçe günden soň bu ýerde, Sergi köşgünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda -senagat tarapyndan guralan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tislimatlarynyň we teleradeoýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2013” atly VII halkara sergisi geçirildi, onuň çäklerinde “Türkmenistan we dünýä maglumat – telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahat boldy.Geçerilen ýyllarynda milli maglumatlar we aragatnaşyk-telekommunikasion ulgamy ösdürmegiň gazanan üstünliklerini we mümkinçilikleri giňden görkezilen uly möçberli pudaklaýyn forum bu ulgamda iň täze dünýä işläp taýýarlamalaryny peýdalanmakda hyzmatdaşlaryň gatnaşyklary we işjeň tejribe alyşmagy üçin netijeli meýdança boldy.
17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýedinji mejlisi boldy, oňa gatnaşamak üçin Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Dworkowiçiň baştutanlygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama, şeýle hem deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň O.Ý Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi.
Russiýadan gelen myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradio ýaýradyş enjamlarynyň“Türkmentel-2013” atly VII halkara sergisine baryp gördüler we türkmen paýtagtynyň käbir iri sport desgalarynda, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri köşgünde boldular, şol ýerde Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony, dünýäniň 11 gezek çempiony, Ýewropanyň on gezek çempiony, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputaty, Watandaşlar we GDA ýurtlary bilen aragatnaşyk baradaky komitetiň agzasy Irina Rodnina ýaş türkmen figuralaýyn typyjylaryna ussatlyk sapagyny görkezdi.
17-nji sentýabrdan 20-nji sentýabr aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň barşynda başlangyç ädimler” atly seminar geçirildi, oňa ýurdumyzyň 20-den gowrak ministrliklerinden we pudak edaralaryndan esasy hünärmenler, şeýle hem halkara söwdasy babatda daşary ýurtly bilermenler çagyryldy. Maslahaty ABŞ-nyň halkara ösüşi boýunça agentiliginiň (USAID) ýardam bermeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gurady.
Türkmenistan şu ýylyň başynda Bütindünýä söwda guramasyna girmek meýli hakynda aýdyp, bu ugurda anyk çäreleri görýär. Mysal üçin, ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi.
Seminaryň maksatnamasyna halkara söwda syýasatyna degişli meseleleriň giň topary girizildi, oňa gatnaşyjylar 1995-njy ýylda döredilen iri guramanyň taryhy, maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyryldy, häzirki wagtda onuň düzümine döwletleriň 160-a golaýy girýär we ýene-de 25-den gowrak ýurduň gözegçi derejesi bar. Bellenip geçilişi ýaly, Bütindünýä söwda guramasyna girmek milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna üstünlikli goşulyşýan Türkmenistanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.
Türkmen –amerikan gatnaşyklaryny ösüdmegiň, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 18-nji sentýabrda “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçisiniň gaznasynyň” her ýyllyk maksatnamasynyň nobatdaky ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy. Ýörite topar şu ýyl dürli medeniýet edaralarynyň ýüz tutmalaryndan we köp asyrlaryň dowamynda gündogar binagärliginiň “dürdänesi” hasaplanýan XV asyryň ajaýyp sungat ýadygärligi bolan Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň amaly bölegini dikeltmegi maksat edinýän taslamasyny seçip aldy. Şeýlelikde medeni-gumanitar ugurda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy netijesinde musulman Gündogarynyň gaýtalanmajak binagärlik ýadygärliginiň amaly bölegini dikeltmek boýunça ýene bir möhüm tapgyr durmuşa geçirildi.
Daşoguzda geçirilen “Mahmyt Pälwan we XIII asyr türkmen medeni durmuşy” atly halkara ylmy maslahat türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň dünýä siwilizasiýasyny ösdürmekde ornuny we ähmiýetini asyp görkezip, onuň düýpli öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna ýardam eder. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Daşoguz welaýatynyň häkimligi tarapyndan guralan maslahata dünýäniň 27 döwletinden iri ylmy merkezleriň işgärleri we mugallymlar çagyryldy. Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekiliniň şahyrana mirasyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň şeýle uly gyzyklanma bildirmegi Mahmyt Päliwanyň hyzmatlaryny, milli we dünýä medeniýetini ösdürmäge ýetiren täsiriniň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
24-26-njy sentýabrda türkmen paýtagtynda iri kitap forumy – “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly VIII halkara sergi–ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň we dünýäniň neşirýat senagatyny ösdürmegiň iň täze gazanylanlaryny we meýillerini görkezýän her ýylky ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda–senagat edarasy tarapyndan guraldy.Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli umumymilli baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän däp bolan wekilçilikli maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklarynyň arasynda gumanitar ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy maksat edinýär.
25-nji sentýabrda “Arçman” şypahanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan syýahatçylyk we şypahana işini ösdürmegiň meseleleri boýunça türkmen-täjik maslahaty boldy. Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda döredilýän bejerişiň täze şypahana sagaldyş we dynç alyş ulgamy ilatyň saglygyny berkitmegiň netijeli umumy düzüminiň bir bölegi bolmak bilen, Watanymyzyň we daşary ýurtlaryň iň oňat tejribesini özünde jemleýär. Häzirki döwürde türkmen şypahanalary saglygy goraýyş hyzmatlaryny giňeltmek hem-de ýurdumyzyň bejeriş serişdeleriniň gymmatyny artdyrmak arkaly dünýä derejesine çykýar. Olaryň köpüsi täsindir.
Türkmen-täjik gatnaşyklary baradaky meseläniň şu aýda birnäçe gezek gozgalandygyny bellemek gerek. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde “Galkynyş” atçylyk sport toparynyň çykyşlary boldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyryldy. Bu topar häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň buýsanjy bolup durýar hem-de onuň çykyşlarynyň özenini düzýär.
Ýakyndaky goňşular bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Muňa 25-27-nji sentýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň ikinji mejlisiniň geçirilmegi nobatdaky tassyknama boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu duşuşyk ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meselesi baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Üç günlük maslahat Türkmenistan bilen Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky özara uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak, hususan-da, Hazar deňzinde hem-de kenarýaka zolaklarda tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny duýdurmak hem-de olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça işleri dowam etmek maksady bilen geçirildi.
Iki döwletiň Baştutanlary - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlangyçlary boýunça guralan Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri güýzüň ilkinji aýyna ýagty röwüş çaýdy. Döwlet Baştutanlary bu baradaky başlangyjy şu ýylyň sentýabrynyň başynda döwletara strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda ýokary derejede geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijeleri boýunça beýan etdiler. Türkmenistanyň Medeniýt ministrligi we HHR-iň Ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan döredijilik forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna dostlukly ýurduň düzüminde aýdym-saz sungatynyň, iň oňat tans toparlarynyň meşhur ýerine ýetirijileri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary bolan uly wekiliýeti geldi.
Awtoulag ýaryşy boýunça ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň çempionaty ýurdumyzyň halkara sport durmuşynda sentýabr aýynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Onuň açylyş dabarasyna köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Halkara awtombil ulaglary birleşiginiň (IRU) hormatly baş sekretary Martin Marmi, Halkara awtomobil federasiýasynyň ýolbaşçysy Žan Todt, Türkiýe Respublikasynyň awtombil sporty federasiýasynyň başlygy Metin Çeker we Wolkan akademiýasyny esaslandyryjy, “Volkicar” kysymly ýaryş ulagyny dörediji Wolkan Işyk, Türkmenistan bilen ýygjam hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän iri awtomobil sport kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Sentýabrda däp boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky 19-njy halkara futbol ýaryşy geçirildi. Oňa gatnaşýan daşary ýurt toparlarynyň sanynyň barha artmagy ýaryşyň meşgurlygyna şaýatlyk edýär. Şu ýyl hormatly baýrak ugrundaky ýaryşda ýetginjekler ýygyndylarynyň sekizisi bäsleşdi. 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary jemleýji oýunda Russiýanyň topary bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna eýe boldy.
Biziň türgenlerimiz üçin Aşgabatda geçirilen “Ashgabat Cup” tennis boýunça ýetginjekleriň 3-nji halkara ýaryşyna gatnaşmagy hem üstünlikli tamamlandy. Ýaryşyň üçünji gezek geçirilýändigine garamazdan, bu bäsleşik daşary ýurtlaryň arasynda eýýäm meşhurlyk gazandy. Şu ýyl onuň baýraklaryna eýe bolmak ugrunda Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Indoneziýadan we Türkmenistandan 18 ýaşdan uly bolmadyk tennisçileriň 100 töweregi bäsdeşdi. Ýaryşyň maksatnamasynyň hemme dört görnüşi boýunça hormat münberine Türkmenistanyň wekilleri çykdylar.
23-nji sentýabrda “Aşgabat” köpugurly stadionynyň meýdançasynda baş baýramçylygymyzyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna hasap boýunça 12-nji, ýene-de bir däp bolan 5-nji derejeli ITF halkara ýetginjekleriň arasynda geçirilýän tennis ýaryşy badalga aldy. Ýaryşyň ýekeleýin görnüşinde biziň toparymyzyň 18 ýaşly öňdebaryjysy, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň ilkinji raketkasy A.Ärnepesow ýeňiş gazandy. Ýaryşyň şu görnüşinde zenan türkmen tennisçileriniň arasynda iň oňat netijäni çärýek finala ýetip, ýaryşyň ýeňijisinden asgyn gelen D.Baýramowa görkezdi. Hünärmenleriň pikirine görä, türkmen tennisçilerinde olaryň ussatlyklarynyň has-da ýokarlanmagy üçin uly mümkinçilikler bar.
Soňky 10 ýylyň dowamynda Dewisiň Kubogy ugrundaky abraýly ýaryşlarda türkmen tennisçiler topary Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparyna çykmagy başardy. Bu ajaýyp üstünlige olar Dubaý (Birleşen Arap Emirlikleri) şäherinde IV toparda geçirilen deslapky ýaryşda ýeňiş gazanmak arkaly eýe boldular.
Sentýabryň ahyrynda Melaka (Malaýziýa) şäherinden hem hoş habar geldi. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Balkan” topary jemleýji duşuşykda Pakistanyň çempiony “KRL Football Club” toparyny ýeňip, biziň ýurdumyz üçin ähmiýeti boýunça üçünji yklym ýaryşynyň baýragyny – Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidentiniň kubogyny ilkinji gezek gazandy. Bu baýrak ugrunda şu ýyl 12 topar bäsleşdi.
Şol günlerde Türkmenistanyň sport älemindäki üstünlikleriniň üstüni iki sany bürünç medal hem ýetirdi. Olary biziň agyr atletikaçy türgenlerimiz Palembang (Indoneziýa) şäherinde dünýäniň 44 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän III Yslam raýdaşlyk oýunlarynda gazandylar.
Halkara derejesindäki ýaryşlarda biziň watandaşlarymyzyň ýeňişleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek ugrunda edýän çäksiz uly aladalaryna we berýän ünsüne türgenlerimiziň iň oňat hoşallygyna öwrüldi.
Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanan “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty sentýabr aýynyň jemleýji çäresine öwrüldi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan foruma dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Niderlandlardan, Italiýadan, Ispaniýadan, BAE-den, Argentinadan, Taýlanddan, Türkiýeden, Eýrandan, Russiýadan, Çehiýadan we beýleki ýurtlardan syýahatçylyk edaralarynyň hünärmenleri we hyzmatdaşlyk düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy Beka Jakeli çagyryldy.
“Syýahatçylyk we gezelenç” atly şu gezekki halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde geçirilen özara pikir alyşmalar bu möhüm ulgamy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri göz öňüne getirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň has nusgalyk mysallaryna garamaga ýardam etdi. Biziň ýurdumyzyň ösen döwrebap syýahatçylyk senagatyny döretmekdäki hem-de sagaldyş, medeni, ekologiýa, sport, işewür syýahatçylygyny we onuň beýleki görnüşlerini ösdürmekdäki ägirt uly kuwwatyny we ýokary gazananlaryny aýdyň beýan eden halkara forumy Türkmenistanyň täze, geljegi uly halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ykrar edilmegi ugrunda täze uly ädime öwrüldi.
Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan belent maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň depginli işini ýüze çykaran geçen aýyň wakalaryna synymyzy tamamlap, belent halkara abraýyndan mynasyp peýdalanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösüş ýolundaky ynamly ädimlerini dowam edýändigini ynam bilen aýtmak bolar.