Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň 29-njy awgustynda bolup geçen ýigrimi birinji mejlisinde kabul edilen Türkmenistanyň Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky täze kodeksi 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýär.
Kodeks iş ýüzýnde hukuk döredijilik we hukuk taýdan, adminstratiw hukugy barada ulanyp bolaýjak giň tejribäni toplady, maddy hukugyň dürli pudaklarynda hereket edýän kanunçylygyň uly gatlagy öwrenildi. Adam hukugy ulgamynda halkara hukuklarynyň kadalarynyň birnäçesi: kanunyň öňünde hemmäniň deňligi, günäsizligini ýuridiki dogry hasaplamak, adam hukugyna we azatlygyna hormat goýmak ýörelgesi, şahsyýetiň el degrilmesizdigi we beýlekiler Kodekse ornaşdyryldy. Bu kadalaryň bozulan mahalynda kanunyň bu iş boýunça nädogrydygyny ykrar etmäge degişlidir, işiň dowamynda kabul edilen karar ýatyrylmaga degişlidir, şeýle hem ýygnanan materiallaryň subutnama hökmünde güýjüni ýitiren diýip hasap edilýär.
Kabul edilen bu Kodeks öň dürli kanunçylyk namalarynda bar bolan adminstratiw hukuk bozulmalarynyň düzümlerini birleşdirdi. Eger-de öňki Kodeksde 319 madda bolan bolsa, täze kabul edilen Kodeks 519 maddany özünde jemleýär. Adminstratiw jogapkärçiligini göz öňünde tutýan hukuk bozulmalarynyň düzüminiň sanawy giňeldildi.
Kanunçylygyň gumanizasiýasynyň çäklerinde jenaýat günäleriň birnäçe düzümi adminstratiw hukuk bozulmalarynyň derejesine geçirildi. Şonuň üçin hem jenaýatlaryň düzümleriniň birnäçesi Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinden dekriminallaşdyryldy. Hususanda, urgy bilen bagly jenaýatlar düzümi, seresapsyzlyk zerarly saglyga ýetirilen zyýan, töhmetçilik, dil ýetirmek we beýlekiler dekriminallaşdyryldy.
Kodeks adminstratiw hukuk bozulmalaryň işi barada önümçiligi üpjün etmegiň ygtyýarlyklarynyň çäklerini giňeltdi. Olar eltip bermekden, adminstratiw saklamadan, şahsy barlagdan, onda bar bolan goşlary barlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem ulag serişdelerini barlamak, çäkleri, jaýlary, harytlary, ýuridiki şahsa, onuň şahamçasyna, wekilhanasyna, gurluş düzümine we önümçilik uçastoklaryna ýa-da ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsa degişli bolan beýleki goşlary we resminamalary barlamak bolup durýar. Kodeks emlägi we resminamalary (paspaortdan ýa-da şahsyýeti kesgitleýän beýleki resminamadan başga) aýyrmagy göz öňünde tutýar, ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmegi, serhoşlyk ýagdaýy barlamagy, ulag serişdelerini saklamak, ulanyş ulag serişdelerini gadagan etmekligi göz öňünde tutýar. Getirmek, işi wagtlaýynça gadagan etmek ýaly çäreleri ulanmaga rugsat berilýär. Bu çäreleri prossesual tertipde ulanmak Kodeksiň maddalaryna laýyklykda beýan edilýär.
Indi ýuridiki şahsalar fiziki şahslar bilen bir hatarda adminstratiw hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri bolup çykyş edýärler. Bu girizilen täzelik ýuridiki şahslaryň işini adminstratiw dolandyryş ulgamynda tertipleşdirmäge mümkinçilik berer. Umumy Aýratyn bölekde ýuridiki şahslaryň subýekt bolup durýan 120-den gowrak ýuridiki düzümlerine eýedir. Olar – raýatlaryň hukuklaryna, saglyklaryna kast etmekden, sanitariýa-epidemologiýa taýdan abadançylygyndan, eýeçilikden, daşky gurşawy goramakdan, tebigaty peýdalanmak ulgamyndan, taryhy we medeni ýadigärliklei goramakdan, işleriň aýratyn görnüşlerini lisenzirlemekden, ykdysady iş ulgamyndan, zähmet kanunçylygy we zähmeti goramakdan, argatnaşyk we maglumatlardan, telekeçilik işinden, hukuk bozulmalaryndan, migrasiýa kanunçylyk ulgamyndan we beýlekilerden ybaratdyr.
Kodeksiň güýje girizilmegi bilen, adminstratiw hukuk bozulmalary barada iş gozmak üçin esaslaryň sanawy giňeldildi. Olaryň hatarynda işe serdeýän wezipeli adam, gurama bilen gönüden-göni ýüze çykarylamagyny, hukuk bozulmalarynyň bardygyny görkezýän ýeterlik ýagdaýlary, döwlet guramalaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalaryndan we jemgyýetçilik guramalaryndan gowşan materiallary, şeýle hem fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan berlen maglumatlary, olaryň arzalaryny görkezmek bolar. Şeýle hem, adminstratiw hukuk bozulmalaryny görkezýän maglumatlary özünde jemleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýaýradylan maglumatlary görkezmek bolar.
Täze Kodeksde adminstratiw hukuk bozulmalary barada işi gozgamagyň pursatyny kesgitleýän kadalar berkidilendir: 512-nji madda boýunça çäreleri görmek hakynda birinji teswirnamany düzmek ýa-da prokuror tarapyndan adminstratiw önümçiligi gozgamak hakynda karary çykarmak; adminstratiw gözleglerini geçirmek hakynda – haçanda adminstratiw önümçiligi gerek diýip ykrar edilen ýagdaýy görkezilendir.
Kodeksde adminstratiw hukuk bozulmalary, şeýle hem olaryň hukuklarynyň we borçlarynyň bozulmalary hakynda iş boýunça önümçilige gatnaşyjylaryň topary epesli giňeldildi. Kodeksiň 16-njy babyna laýyklykda, adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky iş boýunça adminstratiw hukuk bozulmalary hakynda iş boýunça alnyp barylýan önümçilik babatdaky şahs, ejir çeken, fiziki şahslaryň kanuny wekilleri, ýuridiki şahslaryň wekilleri, goragçy we wekil, şaýat, güwäçi, hünärmen, bilermen, terjimeçi önümçilige gatnaşyjy bolup durýarlar.
Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kanunda işe seredýän gurama (wezipeli adam) aýratyn şertlerde düzgüni bozuja dilden bellik – adminstratiw jeza bilen baglanyşaykly bolmadyk terbiýeçilik täsiri hökmünde dilden duýduruş bermäge mümkinçilik berilýär.
Kodeksi 39-njy maddasynda adminstratiw temmisini ulanmagy göz öňünde tutýan ýa-da uly ähmiýeti uly bolmadyk hukuk bozulmasynyň adminstratiw jogapkärçiliginden boşadylmagy baradaky ýagdaý göz öňünde tutulandyr.
Şo Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan adminstratiw hukuk bozulmanyň alamatlary bolan, ýöne häsiýeti, ýetirilen zyýanyň möçberi we netijesiniň agyrlyk möçberi boýunça kanun tarapyndan goralýan bähbitlere düýpli täsir ýetirmeýän hereket (hereketsizlik) “onçakly uly bolmadyk hukuk bozulma” diýlip hasap edilýär. Kazyýet, gurama, wezipeli adam, adminstratiw hukuk bozulmany we ýokarda ady agzalyp geçilen maddalary ulanmaga degişliler düzgün bozulmany hemme taraplaýyn seljermäge borçlydyrlar, onuň netijesine baha bermelidirler, edilen jenaýatyň döwlet bähbitlerine degerli zyýan ýetirmedigine göz ýetirmelidir, düzgüni bozyjynyň şahsyýetini kesgitlemelidir, ýagdaýlary, ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan jogapkärçiligi we beýleki ýagdaýlary bilmelidirler.
Bu Kodeks, beýleki kada-hukuk namalary bilen bir hatarda, raýatlaryň hukuklaryny we azatkygyny berjaý etmäge we doly amala aşyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde jemgyýetde kanunçylygy we hukuk düzgünlerini berkitmäge gönükdirilendir.