Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli guralýan darabalara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ukrainanyň “Interbudmontaž ” SA müdirliginiň başlygy Wladimir Petruky, “Finansowo-promyşlennaýa gruppa “Altkom” açyk kysymly paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony we “Ýewraziýskiý truboprowodnyý konsorsium” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Andreý Çebanenkony kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmanlar türkmen Liderini häzirki döwürde dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan özygtyýarly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan ýurduň baş baýramçylyg bilen gutladylar.
Dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerine gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň innowasion ösüşi, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we tehnologiýalarynyň önümçilige giňden çekilmegini ugur edinýändigini belledi.
Ähli möhüm ugurlar boýunça uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardyklaryny mälim etmek bilen, Ukrainanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Işewürleriň belleýişleri ýaly, netijeli maýa goýum syýasatyny ýöretmegi, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin birnäçe maliýe, salgyt we gümrük ýeňillikleriniň nazara alynmagy bu ýurtda işlemek üçin oňyn mümkinçilikleri pugtalandyrýar.
Işewürler döwlet Baştutanymyza ozal ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öz öňlerinde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan anyk işler barada hasabat berdiler.
Bildirilen ynam üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, myhmanar özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň mundan beýläk-de öz öňlerinde goýlan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, şeýlelikde, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.