Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

view-icon 664
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň belli “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň wise-prezidenti hanym Seda Gengörüni kabul etdi.

Duşuşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady we dostlukly ýurduň tutuş halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde milli Lideriň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap gadam urýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine buýsanylýandygyny belledi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk ýyllarynda bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda dokma senagatynda, saglygy goraýyş ulgamynda birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilendigini we “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň uly üstünliklere beslenýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanyň bu ulgamyň ösüşine uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda hanym Seda Gengörü döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi we öz üstüne alnan borçnamalaryň ýerine ýetiriljekdigine, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine we onuň ilatynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen ýene bir gezek gutlady özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.