Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “RWE AG” konserniniň baş direktory jenap Peter Teriumy we RWE Dea AG kompaniýasynyň baş direktory, müdiriýetiniň başlygy jenap Tomas Rappuny kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän ählihalk baýramy – Garaşsyzlyk gününiň 22 ýyllygy bilen gutladylar hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna abadançylyk, bagtyýarlyk hem-de seçilip alnan okgunly ösüş ýolunda täze uly üstünlikler arzuw etdiler. Işewürleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bütin dünýäde Türkmenistana hem-de onuň Liderine ägirt uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň oňyn özgertmeler syýasaty bolsa, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň açyk we oňyn gatnaşyklara, ilkinji nobatda bolsa, özüniň ygtybarly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklara hemişe taýýardygyny belledi. Meşhur “RWE AG” nemes kompnaiýasy hem şol hyzmatdaşlaryň hataryndadyr.
Nemes işewürleri öz kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we muňa taýýardygyny tassyklap, Türkmenistan dünýädäki iri ýangyç serişdeleriniň gorlaryna, şol sanda Hazar ýalpaklygyndaky uly gorlara eýe bolmak bilen energiýa serişdelerini iri halkara bazarlaryna ibermekde möhüm orun eýeleýär diýip aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar geljegi uly türkmen bazarynda dünýä işewürliginiň wekilleriniň işlemegi üçin ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, Türkmenistanyň giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlara gönükdirilen hem-de energiýa çeşmeleriniň we olary eltmegiň serişdeleriniň elýeterliligine esaslanýan energetika strategiýasynyň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda işewürler kompaniýa uly ynam bildirilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz tarapyndan, “RWE AG” kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ynandyrdylar.