Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 578
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Hewi Indastriz Ltd.” kompaniýasynyň senagat we düzümleýin taslamalar boýunça prezidenti jenap Eiži Inoueni, bu kompaniýanyň assosirlenen direktory we marketing hem-de söwda bölüminiň baş direktorynyň orunbasary jenap Kniçi Noguçini, şeýle hem Türkmenistandaky “Sojits Korporeýşn” kompaniýasynyň wekilhanasynyň baş direktory Tasuýa Konony kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhmanlar milli Liderimizi türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 22 ýyllygy bilen gutladylar we tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de yzygiderli gülläp ösüş arzuw etdiler.

Jenap Eiži Inoue özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň halkara giňişliginde senagat taýdan ösen ýurt hökmünde tanalýandygyny hem-de uly abraýa eýedigini aýtdy. Myhmanyň belleýişi ýaly, Ýaponiýa we Türkmenistan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ugur edinýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan sapary gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi diýip, ol belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman köpýyllyk gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we täze bilelikdäki taslamalaryň, ilkinji nobatda bolsa, çig maly gaýtadan işlemegi nazarlaýan senagat taýdan möhüm desgalaryň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, “Kawasaki” we “Sojits Korporeýşn” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Maryda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan karbomid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy barşy hakynda hasabat berdiler.

Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän strategiýany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň jähetinde Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga meýillidiklerini, türkmen hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.