Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 695
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.

Işewür türkmen döwletiniň Baştutany bilen görşüp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, jenap Ž.Remi milli Liderimizi we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köp ugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden çykýan arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birini Türkmenistanda mübäreklemäge şatdygyny nygtady. Bu kompaniýa bilen eýýam ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

“Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Fransiýanyň iri işewürliginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artýandygy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigi hem-de bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyga oňyn çemeleşmäni tassyklap, Türkmenistan ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara daýanyp, özara bähbitli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, bu ugurda ýeterlik tejribä eýe bolan, ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar üçin açykdyr diýip belledi.

Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan duşuşygyň ahyrynda jenap Žil Remi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we “Sifal” kompaniýasynyň türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we geljekde hem özüne bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.