Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 812
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň esasy meselelerine geçmezden öň, ýygnananlary we olaryň üsti bilen türkmenistanlylaryň ählisini ýetip gelýän baş baýramymyz –Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Beýik Garaşsyzlyk şöhratly taryhy gahrymançylyga ýugrulan merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuw – umytlarynyň hasyl bolmagydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garaşsyzlyk döwletimiziň mizemezliginiň, milli agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň esasydyr. Garaşsyzlyk millet hökmünde belent abraýy dünýäde ykrar edilen halkymyzyň bakylygydyr we beýik ertirlere – müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow1991-nji ylyň 27-nji oktýabry halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy, türkmen halky Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygymyzyň we berkararlygymyzyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar diýip belledi.

Taryh üçin uzak bolmadyk 22 ýylda gurujy hem-de dörediji merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen berkarar Watanymyz dünýäniň kuwwatly we gülläp ösýän döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi diýip, milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly üstünlikleri gazanandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleri, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary täze derejelere çykaryldy. Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär hem-de dünýä ýüzünde halkara abraýyny has-da artdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ýere ýygnananlary we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyk bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň maliýe ministri D.Sadykowa söz berdi. Ministr 2014-nji ýyl üçin ýurdumyzyň döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly işler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ösüş maksatnamasynyň özeni bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 24-nji maýynda gol çeken “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak hakynda” kararyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn edaralar we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde esasy maliýe-hukuk resminamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynyň esasy bölümleri barada durup geçmek bilen ministr resminamanyň taslamasy işlenip düzülende hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde aýdan bellikleriň we teklipleriň, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşiň uzakmöhletleýin milli pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň nazara alnandygyny habar berdi.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeýji bölegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň hasabyna düzüler. Milli Liderimiziň başyny başlan strategik maksatnamalary we giň gerimli taslamalary, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda durmuş-medeni maksatly desgalary, senagat we ulag-kommunikasiýa düzümini gurmak babatda taslamalary üstünlikli amala aşyrmak boýunça möhüm wezipeleri çözmäge serişdeleri ep-esli artdyrmak göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm maliýe resminamasynyň taslamasyny, umuman, makullady we ony Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garamagyna bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wise-premýerlere welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde 2014-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, geljek ýyl üçin Döwlet býujeti düzülende 2014-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynda ýaşaýyş-durmuş meselelerini we ilkinji nobatda, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini çözmäge gönükdirilen Maksatnamanyň esasy düzgünlerini durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelere aýratyn üns berilmelidir diýip belledi. Şeýle hem Döwlet býujetinde bilim we medeniýet ulgamlarynyň desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin goýberilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramçylygyndan soň bu meselä gaýdyp gelmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra hasabat bilen çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde biziň Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hukuk kadalaryna ygrarly ýurt hökmünde bellidir. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oňyn içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde belent abraýa eýe boldy.

Adam hakdaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2011-nji ýylda halkymyzyň ynsanperwerlik we paýhasly pederlerimize mahsus häsiýetlerden gelip çykýan ýörelgelere laýyklykda hem-de milli Liderimiziň Karary esasynda Türkmenistanda ýaşaýan, ýöne raýatlygy bolmadyk adamlaryň 3 müňden gowragy biziň ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edildi.

Şu jähetden “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Halkara konwensiýasyna agza bolan türkmen döwleti özüniň halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, biziň ýurdumyzda bu ugur boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär diýip bellenildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, degişli resminamalar doly taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna raýatlygy bolmadyk 609 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky resminamany hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini belledi. Ine, şu gün hem degişli Permana gol çekýärin, oňa laýyklykda, 600-den gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna eýe bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu adamlar ykbalyň emri bilen raýatlygyny ýitiren we raýatlygy bolmadyk adamlardyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we BMG-niň Bosgunlar hakyndaky, Adam hukuklary hakyndaky we beýleki konwensiýalaryna laýyklykda, ähli zerur kömegi we goldawy berýäris. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, içeri işler ministri I.Mulikowa, döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara ýurdumyzyň raýatynyň pasportyny bellenen tertipde resmileşdirip bermegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň raýatlygyna täze kabul edilen adamlara işe ýerleşmäge we olary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge ýardam bermegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu asylly däbimize eýerip, iş kesilen bir müň iki raýatyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini mälim etdi.

Milli Liderimiz hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň tussaglykdan boşadylyp, baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyz mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegi, baýramçylyga gatnaşýanlar üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu babatda ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Balakaýew Meret Dörtgulyýewiçi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky” Permana gol çekdi.

Soňra häzirki döwürde oba hojalygynda işleriň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny, bu giň gerimli çäreleriň öz oňaýly netijelerini berýändigini belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hem-de obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çykyş etdi. Ol welaýatyň pagtaçylarynyň döwlete 205 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Häkim welaýatyň pagtaçylarynyň adyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ýerden we suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy, daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi babatda döredilýän ajaýyp şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimizi ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynjakdygyna we Watan harmanyna tabşyryljakdygyna ynandyrdy.

Welaýatyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň oba hojalyk pudagyny, şol sanda pagtaçylygy ösdürmäge uly üns berýändigini aýdyp, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa söz berildi, ol günbatar welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyny jikme-jik beýan etdi. Bellenip geçilişi ýaly, ýakynda babadaýhanlar güýzlük galla ekişi üstünlikli tamamladylar. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnamak dowam edýär. Ýetip gelýän baýramçylyga—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek hakyndaky habar hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew pagta ýygymy möwsüminiň barşy we onuň deslapky netijeleri barada hasabat berdi. Welaýatyň pagtaçylary tarapyndan şu güne çenli Watan harmanyna 233 müň 334 tonna “ak altyn” tabşyryldy. Meýilnama 101,4 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Welaýatyň ýolbaşçysy 180 müň gektarda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada hem habar berdi. 116 müň 549 gektarda eýýäm gögeriş gazanyldy.

Mundan başga-da, häkim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp, welaýatda guraljak dabaraly medeni we sport çäreleriniň maksatnamasy barada habar berdi. Daşoguz welaýatynyň iň oňat döredijilik toparlary köpçülikleýin baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetip gelýän şanly senä mynasyp sowgatlar bilen gelendiklerini kanagatlanma bilen nygtady.

Öz nobatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew ýerine ýetirilen işler, obasenagat pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Sebiti çalt depginler bilen ösdürmek möhüm döwlet wezipesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimize pagta taýýarlamak hem-de geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini öz wagtynda geçirmek babatda döwlet buýurmasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Häkim şeýle hem welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini ösdürmek hem-de ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllyk toýy bilen bagly meseläniň üstünde durup geçdi we onuň her bir türkmenistanly üçin ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli liderimiz Lebap welaýatynyň häkimine täze gurulýan desgalarda işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri bellenilen möhletlerde geçirilmelidir, oba zähmetkeşleriniň we tutuş halkymyzyň abadançylygy şolaryň üstünlikli geçirilmegine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi, ol welaýatyň pagtaçy-kärendeçileriniň ýurdumyzyň baş baýramyna Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Häzirki wagtda pagtaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär.

Häkim welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hem hasabat berip, agrotehniki kadalara laýyklykda 200 müň gektara ak ekin ekilendigini we häzirki wagtda olara ideg etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. 11 müň 523 gektar ýere güýzlük, bir müň gektara ýazlyk gant şugundyry ekildi.

Häkim welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hem habar berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygynyň hormatyna welaýatda geçirilýän çäreler hakynda hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtap, bu işe örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, oba hojalyk toplumynda işleriň ýagadýy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň pagtaçylary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.

Bu üstünlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan oba özgertmeleriniň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesidir. Bu gün oba hojalyk pudagyna maksada gönükdirilen goldaw berilýär, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň netijeli zähmet çekmekleri üçin hemme şertler döredilýär. Ýer eýeleri ýokary hilli tohum, mineral dökünler, suw bilen üpjün edilýär. Oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary üçin döwlet ýokary öndürijilikli tehnikalary satyn alyp berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda 860 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy. Ekiş geçirilen meýdanyň köp böleginde eýýäm oňat gögeriş alyndy.

Soňra mejlisler zalyna içi pagtadan doldurylan horjunlary ellerinden göterip, her welaýatdan çagalar girdiler. Olar milli Liderimizi – mähriban Arkadagymyzy “ak altyn” ussatlarynyň gazanan uly zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar bu wakalara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerini wasp edýän joşgunly goşgularyny bagyşladylar.

Türkmen daýhanlarynyň hem-de welaýatlaryň hemme ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi we zähmetsöýer daýhanlar barada edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi, şeýle hem milli Liderimiziň mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmetinde egsilmez güýç-kuwwat hem-de täze belent üstünlikleri, berk jan saglyk arzuw edildi.

Ata-babalarymyzyň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň parasatly däp-dessurlaryny dowam etdirijileriň joşgunly çykyşlary, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek uly dabaradan mejlise toý ruhuny çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň adyndan gutlaglar we oňat aruzwlar üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, olara berk jan saglyk, okuwda we durmuşda uly üstünlikler arzuw etdi .

Soňra çagalaryň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn boçnamalaryny abraý bilen berjaý edip, uly zähmet ýeňşini gazanandyklaryny belledi. Gallaçylar hem oňat zähmet çekip, bellenen möhletde güýzlük bugdaý ekişini tamamladylar.

Ýer eýelerini, oba hojalyk pudagynyň ähli zähmetkeşlerini bu ähmiýetli wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. “Harmanyňyza bereket merdana pagtaçylar! Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçy daýhanlar!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky dynç gününi 29-njy oktýabra geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdi Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar tarapynan elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz ýygnananlary Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk we abadançylyk, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.