Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýerini kabul etdi

view-icon 661
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli guralýan ählihalk dabaralaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň wise-premýer ministri Ýuriý Boýkony we Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkony kabul etdi.

Hormatly Prezidentimizi ýurduň baş baýramy bilen gutlap, myhmanlar döwlet Baştutanymyza Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň aýdan hoşniýetli sözlerini, dostlukly ýurduň tutuş halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmek ugrundaky ýolda uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ukrain kärdeşine ýagşy arzuwlaryny aýtdy we milli we halkara ähmiýetli köp sanly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Ukraina bilen köpugurly gatnaşyklaryň derwaýys ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Mähirli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de Ukrainanyň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri soňky ýyllarda dostluk we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary arkaly baglanyşýan iki halkyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Häzirki döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, öňi bilen bolsa abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ukrainaly hyzmatdaşlaryň täze taryhy eýýamda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ý.Boýko we W.Maýko ýene bir ýola ähli türkmenistanlylary milli senenamanyň şanly baýramçylygy bilen gutladylar we baýramçylyk dabarasyna gatnaşmagyň hem-de myhmansöýer, hoşniýetli türkmen halky bilen bilelikde bu beýik şatlygy paýlaşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar.