Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

view-icon 592
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň baştutany A.Medwedewiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk şanly senesi mynasybetli iberen gutlaglaryny hem-de milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýene-de bolýandygyna şatdygyny belledi we Astrahan oblasty bilen Türkmenistany häzirki döwürde ykdysady ugurda bolşy ýaly, gumanitar ulgamda sazlaşykly ösýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz Astrahan oblasty bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini we Russiýanyň iri senagat, bilim we medeni merkezleri, sebitleri bilen ýola goýulýan göni aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy ulag, aragatnaşyk, gämigurluşygy, söwda, medeni-gumanitar ýaly ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berdiler. Gumanitar ulgamdaky, şol sanda bilim, deňiz menzili üçin işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi. Şeýle hem türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk işleri baradaky meselelere deglip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Astrahan oblastyny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, tutuşlygyna alnanda bolsa döwletara türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilip, hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine ynam bildirdiler.