Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Parlament işleri boýunça döwlet ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Parlament işleri boýunça döwlet ministrini kabul etdi

view-icon 645
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Hindistan Respublikasynyň Parlament işleri boýunça döwlet ministri Paban Singh Ghatowary kabul etdi.

Duşuşyk üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan we hindi halkynyň adyndan mähirli gutlaglary ýetirdi we ýurduň oňyn ösüş ýolunda gazananlaryny äşgär edýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Jenap Paban Singh Ghatowaryň belleýişi ýaly, Hindistanda milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda, parahatçylygyň, döredijiligiň we giň halkara hyzmatdaşlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan dostlukly ýurduň gazanýan üstünliklerine yzygiderli syn edilýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny bellemek bilen, myhman gözbaşyny ýüzýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy gatnaşyklaryň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz öz gezeginde Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň oňat arzuwlary ýollady hem-de bu gadymy ýurt bilen dostluk däplerine we birek-birege düşünişmek esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman taraplaryň hoşniýetli erki we tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli häsiýete eýedigini kanagatlnma bilen bellediler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman bu iri taslamanyň köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde onuň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşylygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda özara peýdaly we netijeli gatnaşyklary uzakmöhletleýin esasda ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatlyklaryň we täze mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ylym-bilim we aragatnaşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi, kanunçykaryjylyk işi boýunça tejribe alşylmagy, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sunil Janil gatnaşdy.

* * *

Şu gün Hindistan Respublikasynyň Parlament işleri boýunça döwlet ministri jenap Paban Singh Ghatowar Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Ol ýerde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň geljegi hakynda işjeň pikir alyşmalar boldy.