Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Winçi Konstruksion Gran Prože” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Winçi Konstruksion Gran Prože” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 785
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Winçi Konstruksion Gran Prože” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory jenap Alen Bonnony, şeýle hem şu kompaniýanyň biziň ýurdumyzdaky müdiri Şarl Santeri kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, jenap Alen Bonno milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň Türkmenistana halkara derejesinde, şol sanda Fransiýanyň işewürler toparlarynyň arasynda uly gyzyklanmalaryň döremegini şertlendirendigini aýtdy.

Gutlagar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda bolsa örän baý tejribesi, öňdebaryjy tehnologiýalary we dürli ugurlar boýunça işläp taýýarlamalary bolan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hakynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Alen Bonno Fransiýanyň kompaniýasynyňAşgabatda gurýan Türkmenistanyň Hökümetiniň binasynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi we milli Liderimiziň garamagyna birnäçe taslamalary hödürledi.

Görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz kompaniýanyň ýolbaşçylaryna Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň taslamasyny işläp taýýarlamaga we ony gurmaga gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi we onda binagärligiň, gurluşyk tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ulanylmalydygyny, şeýle hem künjegiň ýerli tebigy aýratynlyklarynyň jikme-jik öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Ähli bellikleriň we teklipleriň hökman göz öňünde tutuljakdygyny bellemek bilen, halkara gurluşyk bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Winçi Konstruksion Gran Prože” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda amala aşyrylýan täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga we hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Hoşlaşanlarynda myhmanlar hormatly Prezidentimize “Winçi Konstruksion Gran Prože” kompaniýasyna uly ynam bildirýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.