Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzylygynyň 22 ýyllygynyň bellenilen günlerinde ählumumy Internet ulgamynda “Türkmenistanyň deňiz-söwda flotuna” ýene-de bir täze, döwrebap tanker goşuldy”, “Türkmenistanyň halkara awialiniýalarynyň sany artýar”, “Aşgabada täze demir ýol wagonlarynyň nobatdaky tapgyry geldi”, “Ýene-de bir döwrebap awtomobil ýoly açyldy” diýen sözbaşyly maglumatlara dünýäniň okyjylar köpçüligi, şol sanda halkara synçylary, işewür toparlar tarapyndan has içgin üns berildi. Olaryň pikirine görä, türkmen döwletiniň ýurduň üstaşyr geçirýän ulag ulgamynyň kuwwatyny ösdürmek ugrundaky işjeňligi Türkmenistany, şeýle hem tutuş sebiti ösdürmekde aýgytlaýjy ugurlaryň birine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edende, sebitde ulag aragatnaşygynyň dürli ugurly düzümini döretmegiň sebitiň örän uly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna, şunlukda, parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna ýardam bermelidigini belledi. Türkmen Lideri munuň sebitdäki ýurtlaryň ählumumy ykdysady ösüşe üstünlikli goşulyşmagyna, maýa gouýumlarynyň akymlarynyň upjün edilmegine güýçli itergi berjekdigini hem-de Ýewraziýa giňişliginde yklymara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döretjekdigini nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzümini düýpli hem-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde uly möçberli taslamalary amala aşyrmak dowam etdirilýär. Türkmenistanyň çäginde yklymyň möhüm ähmiýetli söwda ýollarynyň çatrygynda üstaşyr geçiriji kuwwatly ulgamy döretmek bireýýäm iş ýüzünde amala aşyrylýar. Muňa demir ýollarynyň we halkara derejeli garaýollaryň müňlerçe kilometriniň çekilmegi hem-de taslamalarynyň düzülmegi, täze deňiz we howa ýollarynyň, ýangyç geçiriji ulgamlaryň gurulmagy we hereket edýänleriniň durkunyň täzelenilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda uly awtomobil ýollarynyň ulgamynyň dolulygyna durkunyň täzelenilip, ähli zerur ýol düzümli täze we ýokary tizlikli ýollaryň guruljak wagty indi daşda däldir. Häzirki wagtda halkara ülňüleri tutuş ýurdumyzyň çäginde çekilýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasy bolup durýar.
“Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň döredilmegi şu ugurda amala aşyrylýan has uly we möhüm ähmiýetli taslamalaryň biridir, ol Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky köprä öwrülmelidir, ulag üçin we beýleki harajatlaryň ep-esli azaldylmagyna, yklymyň çäklerinde haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berer. Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa-Bereket-Etrek (Türkmenistan) – Gürgen (Eýran) demir ýoly Ýewropadaky we Aziýadaky ýurtlara Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna tarap ykdysady taýdan amatly ýol bolmalydyr. Şu ugur arkaly üstaşyr geçirilýän ýükler Hindi ummanyndaky we Pars aýlagyndaky ýurtlardan Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Demirgazyk we Günorta Ýewropadaky ýurtlara daşalar. Munuň özi Sues kanalynyň üsti bilen geçýän ýoldan üç esse gysgadyr. Diýmek, “Demirgazyk-Günorta” geçelgesi boýunça ýükleri daşamak has amatlydyr.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda bu halkara deňiz ýolunyň türkmen-gazak bölegi ulanmaga berlendigini bellemek gerek, onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly hem Aziýa sebitindäki döwletleriň arasynda halkara ulag gatnawlarynda wajyp ähmiýetli bölege öwrülmelidir, şonuň birinji nobatdakysynyň – Atamyrat-Ymamnazar-Akina türkmen – owgan böleginiň gurluşygyna şu ýylyň iýunynda badalga berildi.
Sebitde, geljekde bolsa halkara ulag düzüminiň bu möhüm ähmiýetli bölegi hasaplanýan demir ýoluň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikaynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Rewpublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.
Atamyrat-Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän sebit hem-de sebitara ulag ýollaryny döretmekde we netijeli ulanmakda möhüm ädime öwrüldi.
Soňky ýyllarda demir ýoluň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar: täze kärhanalar gurulýar, täze tehnologik ulgamlar satyn alyndy, hereket edýän kärhanalar tehniki taýdan täzeden üpjün edildi we olaryň kuwwatlyklary köp esse artdy. Mundan başga-da, diňe bir soňky ýyllarda wagonlaryň we lokomotiwleriň uly tapgyry satyn alyndy. Bular entek batly depgin bilen ösýän pudakda köp wagtlap ulanylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze döwrebap wagonlaryň nobatdaky tapgyrynyň gelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň deňiz arkaly ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ösdürilmegine Merkezi Aziýadaky we Hazar deňziniň sebitindäki ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamyna doly möçberde goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garalýar. Eýýäm häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz porty sebitde üstaşyr geçiriji möhüm bölegiň wezipelerini berjaý edýär. Ýakyn ýllarda bolsa Hazaryň kenarynda ähli ölçegler boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, tutuş Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesiniň” ýokary derejesine laýyk gelýän täze port kemala geler.
Türkmenbaşydaky täze halkara deňiz portunyň taslamasy boýunça gämi, ýolagçy we ýük terminallaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Hakykatyna garanyňda, gürrüň Merkezi Aziýa, Hazar deňziniň sebitindäki döwletleri Zakawkaziýa we Gara deňzi sebiti bilen baglanyşdyryp, şondan aňryk Türkiýä we Ýewropadaky ýurtlara çykýan täze geoykdysady giňişligiň düýbüniň tutulýandygy barada gidýär. Şeýle hem bu taslama boýunça günorta we gündogar ugurlar arkaly Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti ýaly iri ykdysady merkezlere çykýan ulag düzümini giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi has doly möçberde hyzmatdaşlyk edilmegini aňladyp, ählumumy geoykdysady ähmiýetde täzeçe pikirlenişiň, ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiki geljegini göz öňünde tutmagyň göwnejaý nusgasy bolup durýar.
Täze portuň toplumyna umumy ýük ýükleýji terminal, ürgün görnüşdäki ýükleriň terminaly, şeýle hem gämi gurujy we gämileri abatlaýjy zawodlar girer. Täze deňiz porty howpwuzlygy üpjün etmek hem-de nawigasiýanyň we ýükleri daşamagyň netijeliligini artdyrmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan döwrebap – enjamlaýyn toplumlar bilen üpjün ediler. Portuň çäginde gämileriň ýüzüşine, ähli ýerlerde ýük ýüklemek – ýük düşürmek işlerine gözegçilik etmek hemra, awtomatiki enjamlaryň we elektron tehnologiýalaryň kömegi arkaly amala aşyrylar.
Şeýle hem ýakyn geljekde Türkmenbaşy şäherinde döwrebap deňiz menzili gurlar, şonda ýolagçylar üçin ähli amatlyklar dörediler.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuna nebit guýulýan “Alaja” tankeri geldi, ol Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Nižnyý Nowgorod şäherindäki gämi gurujy “Krasnoýe Sormowo” zawodynyň gämi ussahanasynda guruldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň ygtyýarynda şunuň ýaly gämileriň eýýäm altysy bar. Ýakyn geljekde bu gullugyň ygtyýaryna awtomobil-ýolagçy gatnawlary üçin niýetlenip, Horwatiýanyň gämi ussahanalarynda gurlan “RO-PAX” kysymly gämileriň ýene-de ikisi, şeýle hem beýleki gämiler gelip gowşar.
Ýurdumyzyň içerki, şeýle hem halkara ugurlary boýunça ýolagçylaryň we ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmakda möhüm ähmiýet berilýän raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we tehnikit taýdan täzeden üpjün etmek ulag ulgamynda tapgyrylaýyn durmuşa geçirilýän uly möçberli meýilnamalaryň möhüm ugry bolup durýar. "Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama" innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap inženerçilik-tehniki oý-pikiriň hem-de dünýäde toplanan oňyn tejribäniň ulanylmagyna gönükdirilen, şunda täze howa menzillerini, terminallary, inžener-tehniki maksatly desgalary gurmak hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, ökde hünärmenleri taýýarlamak, döwrebap uçarlary we beýleki tehnikalary satyn almak, täze içerki awialiniýalary hem-de ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça halkara ulag gatnawlaryny açmak göz öňünde tutulýar.
Şol maksatnamanyň çäklerinde uly taslamany amala aşyrmak, ýagny şu ýylda Aşgabat şäherinde gurluşygyna badalga berlen täze halkara howa menzili yklymda we yklymara awia gatnawlarda üstaşyr geçiriji iri nokada öwrüler. 2009-njy ýylda Mary şäherinde täze howa menzili toplumy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzili açyldy. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerindäki howa duralgalary döwrebaplaşdyrylýar. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň awiaparky dünýäde öňdebaryjy önüm öndürijileriniň taýýarlan uçarlarynyň we dikuçarlarynyň hasabyna üpjün edilýär. Diňe bir şu ýylyň maýynda we iýunynda ýurdumyzyň uçarmanlarynyň ygtyýaryna täze “Boeing 737-800” uçarlarynyň ikisi we döwrebap dikuçarlaryň ikisi gelip gowuşdy.
Galyberse-de, şu ýylda Lwow we Donesk şäherlerine täze gatnawlaryň açylmagynyň hasabyna bu Döwlet milli gullugynyň halkara derejeli uçuşlary amala aşyrýan ugurlary artdy. Dekabrda ýene-de bir täze ugur boýunça, ýagny Pariž şäherine uçuşlary ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “açyk gapylar” syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlary bilen giň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyryp, harytlar we tehnologiýalar babatda has oňaýly şertleri döredýär, munuň özi ulag düzümini ösdürmek ugrundaky iş bilen birlikde , yklymdaky söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga ýardam berýär.