Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 632
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan etmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer öz çykyşynda ykdysadýetimiziň okgunly ösüşine gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, wise-premýer Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyryklaryna we tekliplerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli hem-de döwlet maksatnamalary tarapyndan kesgitlenen wezipelere laýykllykda, ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasynyň taslamasy ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Döwlet býujetiniň taslamasyna laýyklykda, maliýe serişdeleriniň esasy bölegi durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we sebitlerde häzirki zaman düzüminiň kemala gelmegine, dürli maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Milli bank-maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli edaralaryň we guramalaryň işine dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňüleriniň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasynyň türkmen döwletiniň ykdysadyýetini okgnuly ösdürmekde we ýurdumyzyň gülläp ösüş, rowaçlyk ýoly bilen öňe gitmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ony oňlady hem-de 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek baradaky degişli resminama gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýadyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek we täzelerini işläp taýýarlamak boýunça parlamentiň durmuşa geçirýän çäreleri barada habar berdi. Şu ýylyň başyndan bäri Mejlisiň dört maslahatynyň geçirilendigi, olarda kanunlaryň we kararlaryň 66-synyň kabul edilendigi bellenildi. Mejlisiň 9-njy noýabrda geçiiljek nobatdaky maslahatyna birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryň, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň, ylmy edaralaryň, daýhan hojalyklaryň, şeýle hem güwälendirmek we beýlekiler bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigi habar berildi.

Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we kanunçykaryjylyk boýunça halkara tejribelerini öwrenmegiň, şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara abraýly guramalaryň wekilhanalary bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda aýdyldy.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy deputatlaryň ýerlerde we habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylýandygygyny, Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çarylyşyna deputatlaryň saýlawlarynyň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görülýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, deputatlaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň demokratik we halkara ulgamlaryna goşulyşmak ýörelgelerini pugtalandyrýandygyny, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagyny, döwletara gatnaşyklarynyň we özara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini şertlendirýändigini aýtdy. Şunlukda, milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de üstünlikli ösüşüine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlarynyň we onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary we degişli edaralar bilen yzygiderli gatnaşykda bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunuň Konsepsiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda DIM-iň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda boljak halkara saparlaryň meýilnamalary barada habar berildi.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy şeýle hem Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, däp bolan dostlukly türkmen-belarus gatnaşyklary barada durup geçdi we soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, söwda-ykdysady, gumanitar-medeni ulgamlarda täze ösüşe hem-de many-mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Bu gepleşikler iki ýurduň hem-de halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň we köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berer.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň ugry boýunça oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna bu ugurda maksadalaýyk işi dowam etdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem M.Dowdanowy Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan we ýakyn wagtda gurlup ulanmaga beriljek möhüm desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hem aýdyldy. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda köpsanly desgalaryň ýokary depginlerde gurulmagy we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bu ugurdaky işleriň sazlaşykly ösüşinden habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşygyň hilini ýokarlandyrmak, işleriň bellenilen möhletlerini anyk ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda gurulýan ýollaryň we köprüleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň, olaryň döwrüň talabyna laýyk derejede ulanylmagynyň möhümdigini belledi. Şu jähetden milli Liderimiz bu ugurda iň täze we ýokary tehnologiýaly çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, ylmy pikirlenmeleriň hem-de yzygiderli ösüşiň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak we ak ekinlere ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen ilkinji ösüş suwy berilýär, topragy zyýan berijilerden goramak boýunça çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary şaly oragyna girişdiler. Mary welaýatynda bolsa, gant şugundyryny ýygnamak hem-de senagat taýdan gaýtadan işlemek alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän miwe-gök ekin önümleriniň möçberlerini artdyrmak baradaky ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda 10 gektar meýdanda ýerleşdiriljek häzirki zaman ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. Şeýle hem şu maksatlar üçin daýhan hojalyklaryna gök ekinleriň dürli görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine niýetlenilen ekin meýdanlary bölünip berilýär.

Hasabatda oba hojalyk ekin meýdanlarynyň millioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmek meseleleri beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, obasenagat toplumyny özgertmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli çäreleriň oňyn netijelere eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şu ýyl pagtanyň we bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleri ýokarlandy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belläp, geljek ýylyň bol hasylynyň girewi bolan güýzlük bugdaýa göwnejaý ideg edilmegini talap etdi.

Şeýle hem wise-premýere oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatynda anyk tabşyryklar berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze ýyladyşhana hojalyklarynyň we miwe-gök önümleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol ozal gol çekilen döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça “Türkmpengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, bu transmilli energetika geçirijisiniň önümçilik düzümlerini ösdürmegiň çäklerinde 2014-2015-nji ýyllarda Malaý gaz käninde we “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde kuwwatlylygy 30 milliard kub metr gaza deň bolan gaz gysyjy desgasy, 10 milliard kub metre deň bolan goşmaça gaz guradyjy desgaly gazy gaýtadan işleýän toplumy we beýleki desgalar tapgyrlaýyn ulanmaga berler.

Wise-premýer öz hasabatynyň barşynda “Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň Amyderýa bilen kesişýän ýerinde üstaşyr geçelgäni gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklarynyň milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz öz energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, şunda tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifiksiýlaşdyrmak, köpugurly turba geçirijiler düzümini döretmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygyny deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guraýandygyny ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny çaltlaşdyrmaga, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam etjekdigini belledi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň makullamagyna we goldawyna mynasyp bolan birnäçn halkara başlangyçlary şu maksada gönükdirilendir.

Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem biziň ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşymyz bolan Hytaý bilen köpugurly döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Bu dostlukly ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem ählumumy derejede hem durnuklylygyň we ösüşiň, parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gaz pudagynyň öňünde durýan anyk wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, çykarylýan tebigy gazyň, gaýtadan işlenilişiniň we eksport edilişiniň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada tabşyryklar berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan-Hytaý” – gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň Amyderýa bilen kesişýän ýerinde üstaşyr geçelgäni gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyndaky gurluşyk materiallary kombinatynyň mineral pamyk öndürýän sehiniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. Şeýle hem wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bularus hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri hakynda aýtdy.

Ýurdumyzyň önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tejribeleriň, enjamlaryň we öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine bolan täzeçe çemeleşmeleriň sazlaşygynyň üpjün edilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz senagat pudaklarynda maýa goýumlaryň işjeň çekilmeginiň, olaryň ösüşini höweslendirmek boýunça ulgamlaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygy barada aýtdy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk degişli düzümleriň utgaşygyny kesgitlemelidir we alnyp barylýan işlere netijeli gözegçilik edilmelidir, geljekki hereketler kesgitlenmelidir diýip belledi. Bilelikdäki meýilnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň taraplaryň sazlaşykly işine baglydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söz berildi. Ol 6-7-nji noýabrda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Mejlisiň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Awstriýanyň esasy döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, dag-magdan senagaty, dokma senagaty, saglygy goraýyş we syýahatçylyk, oba hojalygy we azyk önümlerini gaýtadan işlemek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki wezipelerine we geljegine degişli meseleleriň birnäçesine garalar. Mundan başga-da, bilelikdäki toparyň işiniň çäklerinde Awstriýanyň kompaniýalarynyň we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikleri hem-de geňeşmeleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşay syýasat strategiýasynyň esasy meselesi bolup durýandygyny nygtap, Ýewropa ugruny onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini aýdyp, bilelikdäki toparyň işiniň ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly bolup durýandygyny nygtady. Toparyň nobatdaky mejlisi Awstriýanyň paýtagtynda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada durup geçip, topary mejlisiniň iş maksatnamasyny taýýarlamak we degişli düzümleriň işini utgaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu jähetden, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemäge, haryt dolanyşygynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň serişdelerini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi.

Soňra öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň ýaşlar syýasaty boýunça bölümini döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Mälim bolşy ýaly, bu bölüm öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýokarda görkezilen ugur boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylyşyny hem-de onuň durmuşa geçirilişini utgaşdyrar. Bu bölümi döretmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda Daşoguzda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn alada etmegi netijesinde biziň ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatynda ähli şertler döredilendir, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. Şunda şu ýylyň awgustynda kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň bu ugurdaky uly ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty jemläp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýaşlaryň hakyky watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti biz mundan beýläk hem ýaşlaryň halkara ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman bilimlerini ele almagy, öz saýlap alan hünärleri boýunça bilimleri düýpli özleşdirmegi, olary ylym we döredijilik işlerine çekmegi höweslendirmegi, gözýetimini giňeltmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga degişli meseleler boýunça hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullady we degişli Karara gol çekip, wise-premýere Ministrler Kabinetinde ýaşlar syýasaty bölümini döretmek we onuň işini guramak boýunça anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Hususan-da, noýabr aýynda halkara çäreleriniň birnäçesini geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şol çäreleriň hatarynda 12-14-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda geçiriljek, Türkmenistanyň binagärlik medeniýetine bagyşlanan halkara ylmy maslahat, şeýle hem şol günlerde guraljak “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahat bar. Halkara forumlaryň maksatnamasy şeýle hem özüne 28-29-njy noýabrda geçiriljek sport-media forumyny we beýleki däp bolan pudaklaýyn gözden geçirişleri hem-de ylmy maslahatlary birleşdirýär.

Wise-premýer noýabr aýynyň iň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi, oňa bagyşlanyp ýurdumyzyň paýtagtynda we beýleki şäherlerinde hem-de obalarynda geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we milletiň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerini wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň aýratyn ähmiýetini nygtap, milli medeniýeti has giň halkara derejesinde wagyz etmek, medeni düzümi giňeltmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmegine ünsi çekdi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň , beýleki ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň çuň many-mazmunyny hem-de özboluşlylygyny açyp görkezmek boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Olaryň ählisi milli baýlygymyzyň, biziň ruhy genji-hazynamyzyň aýrylmaz bölegidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz, däp bolşy ýaly, noýabrda geçirilýän Hasyl toýunyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hususan-da, daýhanlaryň tutanýerli zähmetine hemişe-de ýokary baha berilendigini we häzirki wagtda munuň Türkmenistanyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň esasy bolup hyzmat edýändigini belledi. Biz hasyl baýramyny ruhubelentlik ýagdaýynda, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda geçirmelidiris, tapawutlanan ekerançylara mynasyp baha bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem “Bereket-Serhetýaka” demir ýolunyň ugrunda desgalaryň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şol sanda iki gatly demir ýol beketleriniň binalarynyň we her demir ýol menzilinde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň, şeýle hem Ärsarybaba demir ýol menzilinde tepolowozlara we wagonlara tehnika hyzmat etmek üçin niýetlenen aýlawly deponyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda Demir ýol ulaglary ministrligi üçin 1500 ýük wagonlaryny satyn almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz demir ýollar ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi pudagyň sazlaşykly ösüşini şertlendirer diýip belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, täze demir ýollaryň gurluşygynda we olaryň ozal hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylanda ýokary hiliň üpjün edilmegi, iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy zerurdyr. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň uzakmöhletleýin esasda ulanylmagyny üpjün etmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz S.Satlykowa ýüzlenip, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etmegi belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda täze howa menzilleriniň gurulýandygyny we ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýerli howa ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek üçin 50 we 100 ýolagça niýetlenen uçarlaryň satyn alynmagynyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem etrap merkezlerindäki howa menzillerini abadanlaşdyrmak we olarda degişli işleri berjaý etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy üçin hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Satlykowa ýerli howa ugurlarynyň ulgamyny ösdürmek boýunça zerur çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak we ony Ministrler Kabinetine garamagyna hödürlemek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemini jemlemek bilen, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi we yhlasly zähmet çekip, ýokary üstünlikleri gazanýandygy, ýurdumyzda başlan özgertmelerimizi giňden goldaýandygy, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň—çagalarymyzyň we agtyklarymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýandygy üçin ýurdumyzyň ähli halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaraly harby ýörişiň we raýatlarymyzyň dabaraly ýörişiň sazlaşykly, guramaçylykly geçirilendigini belledi. “Goý, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz -- Türkmenistan mundan beýläk-de bedew bady bilen öňe gitsin we ýokary depginler bilen össün! Goý, mähriban halkym hemişe bolelin we eşretli durmuşyň hözirini görsün! Goý, çagalarymyz we agtyklarymyz bagtyýar durmuşda ýaşasyn!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe möhüm wezipelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara maşgala abadançylygyny we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.