Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, aýry-aýry ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň barşyna seredildi.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, oba hojalyk işleriniň barşy, sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyza Kaka etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze, döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ähli ulgamlarynyň netijeli ösdürilmegini şertlendirýän guramaçylyk çärelerine ünsi çekip, ykdysady, önümçilik, durmuş we medeni şertleri öz içine alýan wezipeleri toplumlaýyn çözmegiň möhümdigini belledi. Gyş möwsüminde welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriniň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede işledilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary bermek bilen, milli Liderimiz ilat üçin mynasyp durmuş şertlerini döretmek meselelerini üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Welaýatda ýaýbaňlanan özgertmeler we olaryň mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2014-nji ýylda Ahal welaýatynda desgalary gurmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamak babatda görkezme berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow özüniň çykyşyny oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatda bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakyndaky hasabatdan başlady. Şeýle hem häkim welaýatyň senagat düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem jemagat hojalygynyň gyşky möwsüme taýýarlygy barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, deňizýaka sebitiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegi bellenilen hereketler maksatnamasyna gyşarnyksyz eýerilmegine baglydyr diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işlere hemişe gözegçilik edilmegini talap edip, geljek ýylda gurluşyk işleriniň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça häkime tabşyryk berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk toplumynda we gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň degişli derejede işlemegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hem habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gyş möwsüminde welaýatyň jemagat hojalyklarynyň işini berk gözegçilikde saklap, durmuş düzümine degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň degişli derejede işlemegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Welaýatda gurulýan täze binalar barada aýdylanda bolsa, şunda gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek we ähli şertnamalaýyn borçnamalaryň gyşarnyksyz berajý edilmegi esasy talap bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2014-nji ýylda welaýatda guruljak desgalaryň, şeýle hem welaýaty ösdürmegiň meýilnamasyny degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlamak boýunça tabşyryk berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew sebitiň gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen bol pagta hasylyny isripsiz ýygnap almak ugrunda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýyladyş ulgamlarynyň gyşky möwsüme taýýarlygy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, welaýatyň ähli etraplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryň berjaý edilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürip ýetişdirilen “ak altyny” zaýasyz ýygnamak, ony gaýtadan işlemek barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz häkime welaýatyň durmuş düzüminiň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegine degişli derejede gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerinde desgalary gurmagyň meýilnamasyny taýýarlamaga örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ähli pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim Mary etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we welaýatda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliginiň ýerlerde netijeli dolandyryş we guramaçylykly çemeleşmek işlerine gös-göni bagly bolup durýandygyny belläp, welaýatyň ähli düzümleriniň maksatnamalaýyn esasda ysnyşykly hereketleriniň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin welaýatyň çäginde guruljak desgalaryň, sebiti ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň hödürlenen taslamasy bilen tanşyp, desganyň gurluşygyny makullap, degişli resminama gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde gyşky möwsüme taýýarlyk, şeýle hem ak mermerli Aşgabady abadanlaşdyrmak, täze döredilen etraplaryň durmuş düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň barşy bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunda “Ak şäherim Aşgabat” atly monumenti gurmak bilen bagly taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz şäher hojalygynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, ýylyň sowuk döwründe merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we onuň çäklerinde täze döredilen etraplary ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, gurluşyk işleriniň hili bilen bir hatarda, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna we bagy-bossanlyga bürelişine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-13-nji tapgyrlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň aýratyn gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Ol ähli görkezijiler boýunça Watanymyzyň paýtagtynyň we iri halkara merkeziniň ýokary derejesine gabat gelmelidir.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şunda monumental sungatyň aýratyn ornuny belledi. Paýtagtymyzyň merkezinde gurulmagy göz öňünde tutulýan “Ak şäherim Aşgabat” monumenti asyrlardan aşyp gelýän milli binagärlik sungatymyzyň ajaýyp eserleriniň birine öwrülmelidir. Döwlet Baştutanymyz monumentiň tutuş durkunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň günsaýyn sazlaşykly ösýän, milli binagärligimize we halkara tejribesine kybap gelýän döwrebap şäher gurluşygynyň hem-de binagärliginiň barha kämilleşýändiginiň ajaýyp nusgasy bolmalydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Ak şäherim Aşgabat” monumentini gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa çagyryldy, ol noýabryň ortasynda paýtagtymyzda we Mary welaýatynda geçiriljek “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da ösdürmäge, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam edýän halkara ylmy maslahatlary geçirmegiň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol maliýe we maddy serişdeleri netijeli peýdalanmak, düzümleýin desgalary we önümçilik kuwwatlyklaryny degişli derejede saklamak meseleleri bilen bagly geçirilen seljermeleriň netijeleri hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem göni aragatnaşyga çagyrylan demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow pudakda işleriň ýagdaýy,ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny artdyrmak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, bu ulgamda möhüm taslamalary amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti köpugurly sebitleýin ulag ulgamyny döretmek we ony halkara ulag-aragatnaşyk düzümine netijeli birleşdirmek boýunça wezipeleri çözmek babatda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda iş depginlerini artdyrmagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň eýeleýän ornuny artdyrmak, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmek, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça garalan meseleleriň we olary netijeli çözmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, maslahata gatnaşanlara ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.