Ï 2013-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2013-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 8200
Oktýabr Türkmenistanyň şanly seneleriniň milli senenamasynda aýratyn ähmiýetli aýdyr. Ýurdumyz geçen aýyň ahyrynda baş baýramyny-- Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny belläp geçdi. Geçen aýyň aýratyn syýasy hem-de jemgyýetçilik işjeňligi ýagdaýynda geçendigi tötänden däldir. Şol aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan möhüm duşuşyklaryň, gepleşikleriň, halkara forumlaryň, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň hem-de kuw maslahatlarynyň onlarçasy geçirildi. Olara daşary ýurtly myhmanlar we hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete german-türkmen forumynyň başlygy jenap Klaus-Ýurgen Hedrih ýolbaşçylyk etdi. GFR-den gelen myhmanlar ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de giň geljegiň bardygyny belläp, biziň ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan iri taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýynyň barha artmagyny şertlendiren “açyk gapylar” syýasaty özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Täze Zellandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heýmiş Newil Frensis Kuperden ynanç haty kabul edildi. Ol öz ýurdunyň hökümet we işewür toparlarynyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, döwletara, pudagara derejesinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde dowam etdirildi.

Şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Armen Mowsisýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägiirt uly kwwatyň bardygyny bellediler we esasy ugurlaryň birnäçesinde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we medeni-gumanitar ulgamlarda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

2-3-nji oktýarbrda Aşgabatda Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparyň (СABSI) 11-nji maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümetii tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň Federal içeri işler ministrligi, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Halkara we sebitleýin guramalaryň, BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralarynyň, serhet we migrasiýa gulluklarynyň wekilleri serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça tejribe alyşdylar. Maslahatyň gün tertibine serhet gözegçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bikanun migrasiýa garşy göreş we serhetüsti bikanun söwda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy göreşe ýardam bermek, şeýle hem Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň we Owganystanyň serhetüsti hyzmatdaşlygyna degişli meseleler girizildi.

Abraýly halkara düzümleriniň wekilleri Türkmenistanyň serhetleriň howpsuzlygyny berkitmek işine goşýan goşandyny we onuň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda maglumatlary, şol sanda migrasiýa meseleleri boýunça maglumatlary alyşmagy gowulandyrmak maksadynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki wagtda bütin dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan derwaýys meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky oňyn başlangyçlaryny goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Oktýabr aýynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyzyň “Ak altyn” myhmanhanasynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň we ony geçirmegiň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu duşuşygyň maksady hünärmenlere hem-de saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlaw çäresini dolandyrmak we tehniki meseleler boýunça bilermenler goldawyny bermekden, şeýle hem saýlawlaryň geçişine gözegçilik etmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamakda maslahat kömegini bermekden ybaratdyr.

Bu okuw maslahatynyň geçirilmeginiň wajyplygy köp babatda dekabr aýynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä—Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegi bilen şertlendirilýär. Okuw maslahatynyň çäklerinde halkara maslahatçylary birnäçe döwletiň saýlaw toparlarynyň iş tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Iki günlük duşuşygyň netijeleri boýunça halkara maslahatçylary Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara milli kanunçylygy nazara almak bilen saýlawlara gözegçilik etmegiň halkara standartlaryny ulanmak boýunça maslahatlary hödürlediler.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde “Parlamentiň ösüşine goldaw bermek baradaky” taslamasynyň çäklerinde geçirilen beýleki bir duşuşygy hem gurady. Ol ykdysady ösüş ulgamynda halkara tejribesini alyşmaga hem-de ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet özgertmelerini geçirmegiň tejribesine bagyşlandy.

“Tegelek stol” görnüşinde geçirilen duşuşykda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ýokary depgini parlament işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini, kanun çykaryjylyk babatda dünýäde toplanan iň gowy tejribäniň öwrenilmegini we ornaşdyrylmagyny, daşary ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär. Munuň özi biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Ysraýyl Döwletiniň Ariel şäheriniň uniwersitetiniň binýadynda geçirilen matematika boýunça IХ halkara internet-olimpiadasynda gazanan uly üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şol özgertmeler bolsa ýokary halkara standartlaryna hem-de dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdebiniň talyplary bu gazanylanlar bilen çäklenmän, halkara derejesinde daşary ýurtlarda geçirilýän aň-bilim bäsleşikleriniň birnäçesine gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Moskwada geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Dünýäniň sirk sungatynyň şunuň ýaly abraýly bäsleşigine ilkinji gezek gatnaşmak bilen, türkmen jigitleri bäsleşigiň birbada birnäçe baýragyna-- festiwalyň eminleriniň “Altyn idol” baş baýragyna, Monte-Karlodaky halkara festiwalynyň ýörite baýragy bolan Monte-Karloda geçiriljek nobatdaky festiwala çakylyga, şeýle hem Weronoda (Italiýa) sirk sugaty merkezinden ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite baýraga we diploma, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan eminler düzüminiň “Bürünç manež” kubok görnüşindäki baýragyna mynasyp boldular.

“Mosfilmiň” Türkmenistandaky günleri medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlige eýe bolýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň esasy maksady medeni gatnaşyklary giňeltmekden, iki doganlyk ýurduň halklarynyň dostlugyny berkitmekden, türkmen we rus kinematografiýaçylarynyň hünär gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmen paýtagtynda geçirilen “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş—Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty geçen aýyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. ÝHHG-niň howandarlygynda geçirilen bu taryhy duşuşygyň gün tertibine girizilen wajyp meseleler forumyň wekilleriniň düzüminiň örän giň bolmagyny şertlendirdi. Olaryň arasynda halkara guramalarynyň, ÝHHG-niň agzalary bolan ýurtlaryň syýasy we diplomatik toparlarynyň, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolabçşylary hem-de ýokary wezipeli wekilleri, dünýäniň 60-a golaý ýurdundan bilermenler we alymlar bar.

Duşuşyga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa Aşgabat forumynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Milli Liderimiz özüniň çykyşynda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýollary we usullary babatda türkmen döwletiniň garaýşyny anyk beýan etdi, şeýle hem dünýä bileleşigini energiýa serişdelerini ibermek meselelerini syýasatlaşdyrmakdan el çekmäge, halal, deňhukukly we açyk hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy.

Milli Liderimiz ÝHHG-niň çäklerinde energiýa ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, energiýa howpsuzlygynyň syýasy, maliýe-ykdysady, tehnologiki we ekologiki meseleleri boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleriň gurallaryny döretmegiň, ÝHHG-niň giňişliginde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly düzümini döretmegi höweslendirmegiň wajypdygyny anyk delillendirdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, önüm öndürýän, sarp edýän hem-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň arasyndaky barha artýan energiýa özara baglanyşyk meselesini hyzmatdaşlyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde çözmek möhümdir. Şu gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýän ÝHHG öz tarapyndan bu meseleleriň çözülmegine hemmetaraplaýyn çemeleşmäni goldamagy göz öňünde tutýar. Ol Türkmenistany bu ulgamda ygtybarly we işjeň hyzmatdaş hasaplaýar.

Umumy dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň eýeleýän netijeli ornuna ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanniýer, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara we beýlekiler maslahatda eden çykyşlarynda ýokary baha berdiler.

Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça ÝHHG-de häzirki wagtda Başlyklyk edijiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi. Onda Aşgabat maslahatynyň energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça ÝHHG-niň gatnaşyklarynda möhüm ädim bolandygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylar şeýle gurallaryň hereket etmegini üpjün etmek üçin ählumumy halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamagyň hem-de bu ugurda möhüm ädim hökmünde halkara bilermenler toparyny döretmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2014-nji ýylda Aşgabat şäherinde bilermenleriň halkara duşuşygyny guramak baradaky teklibi gyzgyn goldawa mynasyp boldy.

Geçen aýda ykdysady meseleler bilen baglanyşykly hem möhüm wakalar bolup geçdi. 17-19-njy oktýabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Däp boýunça ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik, ykdysady ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ata Watanymyzyň täze üstünlikli gadamlarynyň bir bitewi aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan pudagara foruma ykdysadyýetiň döwlet böleginiň düzümleri, bilim we medeniýet ulgamynyň işgärleri, hususy telekeçilik kärhanalarynyň 30-dan gowragy gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryna wekilçilik etdiler. Kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpsanly duşuşyklary hem-de gepleşikleri forumyň örän ähmiýetli netijeleriniň biri boldy. Munuň özi häzirki gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk derejesine ýetip biljekdigini alamatlandyrdy.

Şol günlerde Awazada geçirilen Türkmenistanyň V halkara maýa goýum forumy hem ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda möhüm waka boldy. Bu forum dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan döwlet we hususy düzümleriň, abraýly halkara maliýe guramalarynyň we daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak kompaniýalarynyň wekilleriniň 200-e golaýyny jemledi.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyga esaslanýan maýa goýum syýasaty diňe bir ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklamaga däl, eýsem, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem ýardam edýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň yzygiderli gelip gowuşmagyna aýratyn üns berlip, olary giňden çekmek üçin amatly şertler döredildi. Düýpli maýa goýumlarynyň hem möçberi yzygiderli artýar. Olar döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şeýle hem daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş baradaky konferensiýasynyň (UNTСTAD) maglumatlaryna laýyklykda, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji gezek göni daşary ýurt maýadarlaryny çekmegiň sanawynda dünýäniň ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda amala aşyrýan syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

21-nji oktýabrda, Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly täze romanynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu täze eser dokumental maglumatlar esasynda döredildi we türkmen döwletiniň Baştutanynyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly hakynda gürrüň berýär, onuň çagalyk ýyllary ýowuz 1941-1945-nji ýyllarda geçdi. Awtor türkmen jemgyýetiniň şol çylşyrymly taryhy döwürdäki durmuşyny ussatlyk bilen suratlandyryp, ata Watanymyza hem-de halkymyza wepaly hyzmat edýän ynsanyň ýagty hem beýik keşbini hemmetaraplaýyn açyp görkezdi.

Okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ýurtly okyjylarda uly gyzyklanma döreden bu kitabyň döwrüň köp synaglaryndan geçen halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmäge açar bolup hyzmat etjekdigi şübhesizdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmegi, daşary ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde dünýäniň ylym we döredijilik intelligensiýasynyň türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna, onuň köp müňýyllyk şöhratly taryhyna gyzyklanmasy has artdy. Türkmenistanyň gadymy taryhyna we häzirki gününe bagyşlanan kitaplar we ylmy işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Meşhur hindi ýazyjysy, syýahatçy we alym Radha Raýnanyň täze kitaby “Gadymy garyndaşlyk. Hindistan we Türkmenistan” (“An Anсient kinship. India& Turkmenistan”) diýlip atlandyrylýar. Bu kitapda köpasyrlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň bize mälim bolmadyk sahypalary, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan beýik medeniýetleriň özara gatnaşygy barada gürrüň berilýär. Biziň günlerimizde bu medeniýetler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Kitap Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň ajaýyp ýadygärlikleriniň owadan suratlary bilen bezelipdir, şeýle hem kartografiki maglumatlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýadygärlikler iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklarynyň kökleriniň gadymydygyna şaýatlyk edýär.

24-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVI maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna hem-de maslahatyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelenleriň arasynda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenlerňi köpsanly wekilleri bar. Abraýly halkara guramasy bolmak bilen, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi daşary ýurtlar bilen doganlyk gatnaşyklary ösüdrmek boýunça uly işleri amala aşyrýar. Onuň düzüminde toparlaýyn we şahsy agzalaryň ýüzlerçesi bar. Olar ata Watanymyz bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýarlar. Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine, onuň ýokary halkara abraýyna buýsanýarlar.

Ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda deňziň kenaryndaky şäherden hoş habar gelip gowuşdy—Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna nebit guýulýan “Alaja” atly tanker geldi. Ol Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Nižnyý Nowgorodda, “Krasnoýe Sormowo” atly gämi gurluşyk zawodynyň gämi ussahanasynda (Russiýa Federasiýasynyň) guruldy. Şu mynasybetli geçirilen dabarada bellenilişi ýaly, milli söwda flotunyň düzüminde döwrebap tankerleriň we beýleki gämileriň ulanylmagy Türkmenistanyň yklysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda daşalýan ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagyny höweslendirmek arkaly Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda üstaşyr geçiriji iri merkez hökmünde Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

31-nji oktýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alşyldy. Şol gatnaşyklaryň uly kuwwaty ähli ugurlarda—söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-gumanitar babatda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw we uly üns bermegi netijesinde ösüşiň täze belentliklerine çykan türkmen sportunyň taryhynda 2013-nji ýylyň oktýabr aýy aýratyn orun eýelär.

Türkmenistanyň türgenleri – agyr atletikaçylary we uşu ussatlary Palembang şäherinde (Indoneziýa) geçirilen 3-nji Yslam raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medallaryň 4-sine mynasyp boldular. Bu abraýly ýaryşlar Yslam raýdaşlyk sport federasiýasynyň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu ýyl oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan türgenler gatnaşdylar.

Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýanyň ýetginjekler futbol festiwalyndan biziň ýaş türgenlerimiz Watanymyza ýeňijileriň Kubogy bilen gaýdyp geldiler. Inçhonda 2014-nji ýylda ХVII tomusky Aziýa oýunlary geçiriler.

Aziýa ýurtlarynda ýetginjekler futbolyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Koreýa Respublikasynyň Milli ýaşlar futbol federasiýasy tarapyndan guralan bu iri sport ýaryşy “Hemişe arzuwlar bilen bilelikde oýna!” atly şygar bilen geçirildi.

Fewtiwala 10-12 ýaşly zehinli türgenleriň müňe golaýy gatnaşdy. Olar 16 ýurtdan 50-den gowrak topary düzdüler. Yklym möçberinde guralan bu baýramçylyga biziň ýurdumyza “Millenium” çagalar futbol klubunyň 10 ýaşly futbolçylar topary wekilçilik etdi. Onuň düzümine Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň futbol sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen olimpiýaçylary taýýarlaýan çagalar-ýetginjekler mekdebiniň türgenleri girdiler.

Türkmen türgenleri halkara derejesindäki beýleki iri ýaryşlarda—sambo boýunça dünýä çempionatynda we jiu-jitsu boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda hem uly üstünlik gazandylar.

Sambo boýunça dünýä birinjiligi Gresiýanyň Saloniki şäherinde geçirildi. Bu ýere dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiller geldiler. Şol bir wagtyň özünde Ýaltada jiu-jitsu boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bäsleşikleriň birinjisinde biziň ildeşlerimiz 1 altyn we 2 kümüş medala, ýaryşlaryň ikinjisinde bolsa 3 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medallara mynasyp boldular.

Taekwondonyň olipiýa görnüşiniň (WTF) ussatlary hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk şanly baýramyna türkmen halkyna ajaýyp sowgat taýýarladylar. Olar kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda Rigada geçirilen Baltika Kubogy ugrundaky ýaryşda altyn medallaryň ikisine we kümüş medallaryň hem ikisine mynasyp boldular. Bu ýaryşa Finlýandiýadan, Polşadan, Latwiýadan, Litwadan, Estoniýadan, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Gruziýadan we beýleiklerden toparlaryň 30-a golaýy gatnaşdy.

Oktýabr aýynda ýurdumyzyň hokkeý oýnunyň taryhyna aýdyň sahypalar ýazyldy. Geçen aýyň ahyrynda paýtagtymyzdaky Gyşky sport oýunlar toplumynda Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllar möwsümindäki hokkeý boýunça ilkinji çempionaty badalga aldy. Şonda üç aýyň dowamynda ýurdumyzyň iň güýçli hokkeý topary belli bolar.

Biziň ýurdumyzda hokkeý oýnunyň ornaşdyrylandan bäri köp wagt geçmese-de, eýýäm türkmen ýaşlarynyň arasynda köpsanly zehinleriň ýüze çykandygyny ynamly aýtmak bolar. Ýaryşa 8 topar – Içeri işler ministrliginiň “Galkan” topary, Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň “Watançy”, Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan”, Haryt-çig mal biržasynyň “Şir”, Döwlet serhet gullugynyň “Merdana”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Bagtyýarlyk” toparlary gatnaşýarlar.

Geljek ýylyň baharynda çempionatda 1-4-nji orunlary eýelän toparlar Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ilkinji ýaryşa gatnaşyp, milli hokkeý mekdebiniň berkarar bolmagynyň we ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazarlar.

Synymyzy jemläp, geçen aýyň beýan edilen degişli wakalarynyň ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belent sepgitlerine ýetmegiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine öz öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek babatda netijeli işländigini aýdyňlyk bilen görkezýändigini nygtamalydyrys.