Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ählihalk ýowaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ählihalk ýowaryna gatnaşdy

view-icon 661
Şu gün ýurdumyzyň hemme ýerinde mähriban Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan Ählihalk ýowary mynasybetli köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminiň çäklerinde seýilgäh zolaklaryny döretmegiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Milli Liderimiz mähriban topragymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen asylly işi we netijeli zähmeti bilen nusgalyk görelde görkezip, Ählihalk ýowarynyň bag ekmek çärelerine gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, mähriban Watanymyzy gülläp ösdürmek we tokaý zolaklaryna beslemek maksady bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli umumymilli maksatnamanyň güýzki möwsümine sentýabr aýynda badalga berildi. Şonda döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň gerişlerinden çekilen we Aşgabadyň baş nyşanyna öwrülen Saglyk ýolunyň ýanaşyk ýerlerinde türkmen arçasyny ekmek bilen bu asylly işiň başyny başlady.

Bu gün bolsa milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda täze seýilgäh zolaklaryny döretmek, dürli bag nahallaryny oturtmak çäresine giň gerim berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň, şeýle hem mähriban Watanymyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň baş bezegini emele getirýän asylly çäredir.

Şu ýylyň 2-nji noýabrynda döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna baryp göreninden soňra, egindeşleri bilen welosipedli ýöriş mahalynda ýollaryň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklaryň döredilmegine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan bag ekmek işleriniň giň gerime eýe bolmagy netijesinde seýilgäh zolaklarynyň çägi artýar. Şol gün döwlet Baştutanymyz idegi ýetirilen tokaý zolaklary paýtagtymyzyň bezegine öwrülmek bilen bir hatarda, olar ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirer diýip belledi.

Gök zolaklar ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynyň, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagynyň baş şertidir. Gözüňi dokundyrýan seýilgähler, tokaý zolaklary howanyň arassalygyny üpjün edýär we adamlaryň ýaşaýşy, olaryň saglygyny goramak üçin amatly şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýlelikde, şol gün milli Liderimiz 9-njy noýabrdaky şenbede bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi teklip etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözelligini gorap saklamak, onuň biologik köpdürliligini artdyrmak häzirki döwürde Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, onuň gözelliklerini goramak, howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmek, çölleşmä garşy göreşmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Tokaý kodeksi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler” hakyndaky Kanunlar kabul edildi, biologik köpdürlilik baradaky meýilnama, howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Ähli milli durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum taslamalary adamlaryň durmuş derejesiniň abadançylygynyň möhüm şerti bolan ekologiýa meselesi bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda milli derejede bolşy ýaly, ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, uzakmöhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi senagat düzüminiň, ulag- aragatnaşyk ulgamynyň we şäherleriň hem-de obalaryň okgunly ösýän ýagdaýynda giň möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegini nazarlaýan anyk ýagdaýdyr. Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän bu giň möçberli maksatnamanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň özi adamlaryň saglygyny goramakda, olaryň doly derejeli ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjeklerinde müňlerçe gektarlara uzap gidýän giň möçberli tokaý zolaklaryna eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan derýalaryň ýanaşyk ýerleri, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky deňiz kenarlary gür baglyga bürenýär. Daşoguz welaýatynda şu ýylyň ýaz aýynda Sarygamyş kölüniň kenaryndaky Bötendag künjeginde 20 müň gektar meýdany bolan bag nahallarynyň oturdylmagy bu babatda ägirt uly işleriň ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabadyň günorta künjegindäki ajaýyp dag derelerinde, onuň eteklerinde tebigatyň gözelligingi artdyrýan netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ulag ýolunyň ýanaşyk ýerlerinde, Garagum derýasynyň kenar ýakalarynda, dag eteklerinde we baýyrlyklarda ýaşajyk bag nahallarynyň örän uly meýdany bolan tokaýlyklar emele geldi. Olar ýakyn geljekde sahabatly topragymyzyň baş bezegine öwrüler.

Şu gün säher bilen paýtagtymyzyň işewürçilik we edara ediş merkeziniň kemala gelýän künjegindäki Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky meýdança hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklapýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Olar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli asylly çärä gatnaşdylar.

Güýz günleriniň ýakymly güneşi bu günki çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýerde ähli zat Ählihalk ýowarynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin taýýar edilipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar.

Ýaş türgenler görkezme çykyşalaryny ýerine ýetirdiler. Sportuň milli görnüşleri boýunça özboluşly bäsleşik ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hatara düzülen ak öýler baýramçylyk görnüşinde bezelipdir.

Ählihalk çäresine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, bag ekmegiň mukaddes işdigini belledi we ýaşajyk türkmen arçasyny oturdyp, şu günki giň möçberli çärä badalga berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän ählihalk ýowaryna ägirt uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini bellemeli. Munuň özi oturdyljak bag nahallarynyň seçilip alynmagy, seýilgäh zolaklaryň ýerleriniň taýýarlanmagy, nahallar oturdylanda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi, şeýle hem topragyň ylmy esasda öwrenilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýerleriň talabalaýyk taýýarlanmagy we tekizlenmegi, agaçlaryň görnüşlerine görä olaryň hatarlarynyň kesgitlenmegi, şeýle hem oturdyljak bag nahallarynyň ýeterlik mukdarynyň taýýar edilmegi, olaryň suwaryş ulgamlarynyň ýola goýulmagy bilen bagly çärelere degişli düzümler ýokary derejede taýýarlyk görüpdirler. Şeýle hem bag nahallary oturdylanda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, olar ýurdumyzyň her sebitiniň toprak we howa şertlerine mahsus görnüşleri saýlanyp alyndy. Şu günki oturdylan bag nahallarynyň hemmesiniň üçýyllyk nahallardygy bellärliklidir.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli bag ekmek çäresine ählihalk derejesiniň berilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz bag nahallarynyň oturdylmagy, olaryň ekiljek ýerleri bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň derwaýysdygyny belleýär.

Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar, milli parlamentiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, daşary ýurt diplomatlary we beýlekiler bag nahallaryny oturtdylar.

Bag nahallaryny oturtmak çäresi tamamlanandan soň, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylaryň hemmesini şu günki şanly waka mynasybetli guralan toý dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara, daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, türkmen aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlaryny dadyp görmegi teklip etdi. Şu günki giňden ýazylan baýramçylyk desterhanynda halkymyzyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlaýan milli naharlarynyň dürli görnüşleri bar.

Güýz gününiň şu günki şenbesinde Türkmenistanyň ähli halky ýowara çykdy. Olar özleriniň yhlasly zähmetleri bilen mähriban topragymyzyň gözelligini artdyrdylar. Şu gün 157 müň 200 adam ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bag ekmek çäresine uly höwes bilen gatnaşdy. Şonda saýaly we miweli agaç nahallarynyň 161 müň 220 -si ekildi.

Türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan we halkymyzyň bozulmaz bitewiligini, agzybirligini we ilatyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, döredijilik ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny alamatlandyran dabara giň gerimde dowam etdi.

Şu günki geçirilen asylly çäräniň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde we Watanymyzyň beýleki şäherlerinde, obalarynda täze seýilgäh zolaklary emele geldi. Ählihalk ýowary diňe bir öndürijilikli zähmetiň baýramy bolman, eýsem ol türkmen halkynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelerini durmuşa geçirmäge bolan höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ählihalk ýowary tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.