Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 569
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudak düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi we resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirlýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy. Wise-premýer Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 31-nji oktýabry we 7-nji noýabry aralygynda Türkmenistana bolan iş sapary barada hasabat berdi. Onuň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýy hakynda maglumatlaýyn hasabatyň düzülendigini, ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyna we onuň maliýe-karz syýasatyna baha berlendigini habar berdi. Şeýle hem bu hasabatyň guramanyň resmi saýtynda ýerleşdiriljekdigi aýdyldy.

Hasabatda aýry-aýry ykdysady görkezijiler, şol sanda jemi içerki önüm boýunça aýdyldy. Onuň ösüş depgini 2013-nji ýylda 10,1 göterim derejesine ýetdi. Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2014-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,7 göterim bolar.

Gaznanyň wekilleri Türkmenistanyň ynamly ykdysady ösüşe eýe bolýandygyny bellediler. Munuň özi uglewodorod serişdelerine degişli bolmadyk pudagyň ýokary ösüş depginleri bilen şertlendiilýär. Oňa uly möçberde döwlet maýa goýumy gönükdirilýär. Olar şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine ornaşdyrmak we bank maliýe goýumlarynyň derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça ýakynda yglan eden meýilnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etmek baradaky başlangyçlaryny oňlaýandyklaryny bellediler.

Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty döwletimiziň durnukly we sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Soňky ýyllarda Türkmenistan halkara işlerinde öz ornuny has-da berkitdi we gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň çäklerini has-da giňeltdi. Şu jähetden, Halkara pul gaznasy ýaly abraýly bütin dünýä düzümleri bilen özara gatnaşyklary dowam etmek we ösdürmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň açyklygyny äşgär etmek, onuň çeýeligini we innowasiýalara bolan meýillerini ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowy çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Tejendäki karbamid zawodynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen guran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Maryazot” önümçilik birleşigini döwrebaplaşdyrmaga görülýän taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Iş maslahatyny dowam etmek bilen, milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy we ondan ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mineral dökünleri bilen üpjün etmek meseleleriniň çözülişi barada sorady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz wise-premýer B.Italmazowa ýüzlendi we mineral dökünleriň önümçiligini alyp barýan himiýa senagatynyň kärhanalarynyň işini, şeýle hem “Maryazot” önümçilik birleşigini döwrebaplaşdyrmak meselelerini, hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny talap edilýän möçberlerde ýokary hilli mineral dökünleri bilen üpjün etmäge degişli wezipeleriň topldumlaýyn we öz wagtynda çözülmeginiň derwaýysdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Italmazowa, A.Ýazmyradowa we B.Hojamuhammedowa bu babatda ýerine ýetirilmeli degişli işleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň doly güýjünde işledilmegi üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda maksatnamalaýyn çözgütleriň kabul edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra göni aragatnaşyklda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary we bu ulgama dünýä tejribesini işjeň çekmek arkaly neşirýat gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Halkara ylmy forumynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ony ýokary derejede guramagy, alymlaryň we hünärmenleriň netijeli işi üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew çagyryldy. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler, ministrligiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen paýtagtynda geçirilýän maslahatyna görlen taýýarlyk barada aýtdy.

Söwda ulgamynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz pudagyň edaralarynyň we kärhanalarynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda söwda-ykdysady ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny bellemek bilen milli Liderimiz netijeli ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu toparyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça birnäçe pudaklarda, şeýle hem “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň barşyna geçirilen seljermeleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. B.Atdaýew hasabatynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň öňünde mähriban Watanymyzyň okgunly ösüşine, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleriň durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda kabul edilen ähli pudaklaýyn maksatnnamalyryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine hemişelik gözegçiligiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna seljeriş çäreleriniň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgam boýunça öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy W.Weliýew çagyryldy. Ol Türkmenistanyň azyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçrmek, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak, “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz birleşigiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Birleşigiň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini, şeýlelikde bu ugurda işleriň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini talaba laýyk guramak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işlere nägilelik bildirip, W.Weliýewe işleri talabalaýyk guramandygy üçin, berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň maglumaty bilen dowam etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy 9-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň 22-nji maslahatynyň geçirilendigini, onda 2014-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugruny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk taslamalarynyň kabul edilendigini habar berdi.

“Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçmek bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy esasy maliýe-hukuk resminamasynyň anyk durmuş ugruna gönükdirilendigini aýtdy. Ilkinji nobatda ol ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň saklanmagyna, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda innowasiýalaryň giňden ulanylmagyna, döwlet serişdeleriniň harçlanylyşynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine we tutuşlygyna alnanda bolsa türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

Ýaşaýyş jaýlaryň, medeni-durmuş, senagat we ulag aragatnaşyk düzümleriniň desgalarynyň, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň gurluşygyna goýberilýän serişdeleriň artdyrylmagy geljek ýyldaky Döwlet býujetiniň möhüm wezipesi bolup durýar. Saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň ösdürilmegine, milletiň sagdynlygynyň ýokarlanmagyny we onuň ruhy taýdan kämilleşmegini şertlendirýän çäreleriň geçirilmegi Kanunyň aýry-aýry maddalary arkaly berkidildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulalar maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan görkezmelerine we tekliplerine laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň yzygiderli geçirilmegine gönükdirilýän serişdeler has-da artdyryldy.

Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň maddalarynda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň saklanmagyna, hususan-da, önümçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin serişdeleriň goýberilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Munuň özi iş ýerleriniň artmagyny şertlendirer we ahyrky netijede raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün eder. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, Döwlet býujetinde aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, talyp we diňleýjileriň haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly çykdajylar berkidildi.

Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Kanunynyň taslamasy türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady strategiýasyny ýerine ýetirmekde esasy resminama bolup durýar we ol ýurduň parlamenti tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ykdysady ösüşi we ýurdumyzyň rowaçlygyň, ösüşleriň ýoly bilen üstünlikli hereket etmegi “Döwlet adam üçindir!” şygarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yzygiderli durmuşa geçirilmegi babatda 2014-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň, täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi üçin pugta hukuk binýadynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler we dürli görnüşli tehnikalary geljek ýylyň möwsümi üçin göwnejaý taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi we onuň obada amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleri geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny geljek ýyl üçin taýýarlamak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şeýle hem ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ugurlary barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim sebitiň ilatynyň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Hasabatyň barşynda döwlet Baştutanymyza “Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlendi.

Milli Liderimiz ýerleriň we tehnikalaryň geljek ýyl üçin taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, obasenagat toplumynda bu işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini nygtady. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz “Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew özüniň çykyşyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady. Hususan-da, ol ýerleriň geljek ýyl üçin agrotehniki talaplara laýyk derejede taýýarlanmagyna, tehnikalaryň guratlyk derejesiniň üpjün edilmegine degişli meseleler barada aýtdy. Şeýle hem häkim Daşoguz welaýatynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, sebitiň obasenagat topllumynda we beýleki ulgamlarynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň geçirilýän döwrüniň başlanýandygyny aýdyp, pudagyň mineral dökünler bilen üpjünçiligini, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz “Daşoguz welaýatynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, bu işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň oba hojalyk ulgamynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatyň senagat düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Mundan başga-da, ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan agrotehniki çäreleriň göwnejaý geçirilmegine, welaýatyň oba hojalyk tehnikalarynyň geljek ýyl üçin ýokary derejede taýýarlanmagyna, şeýle hem pudagyň mineral dökünler bilen üpjünçiligine örän jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky” Karary oňlap, oňa gol çekdi we desganyň öz wagtynda, ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda Ç.Astanowy Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek baradaky resminama gol çekdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, sebitiň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň obasenagat toplumynda ýerine ýetirilýän işler, oba hojalyk tehnikalarynyň geljek ýyl üçin taýýarlygy bilen baglanyşykly düzülen maksatnamanyň berjaý edilişi hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleriň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu işlere toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň geçirilýän döwrüniň başlanýandygyny bellemek bilen, pudagyň mineral dökünler bilen üpjünçiligi, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleriň häzirki döwrüň möhüm wezipeleridigini nygtady.

Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara işlerinde we türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançlygynyň bähbidi ugrundaky beýik maksatlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.