Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 803
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň binäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän maliýe-bank ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Obalarda, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrmagyň tertibi hakyndaky” Kararyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama sebitlerde, öňi bilen bolsa oba ýerlerinde täze, döwrüň talabyna laýyk gelýän medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygyny nazarlaýan Milli özgertmeleriň maksatnamasynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Soňra söz berlen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdulyýew bu gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna sebitlerde ýaýbaňlandyrylan Milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň nusgalyk taslamalaryny görkezdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatlarda milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň, şol sanda saglyk öýleriniň hem-de merkezleriniň, 320 we 600 orunlyk orta mekdepleriniň, 100 we 160 orunlyk çagalar baglarynyň hem-de 200 we 500 orunlyk medeniýet öýleriniň nusgalyk taslamalarynyň şekillerini hödürledi.

Sebitleriň sazlaşykly ösüşi, oba ýerlerinde zerur bolan döwrebap düzümiň kemala gelmeginiň, adamlar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu Milli maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine we onda öňe sürülýän ähli wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine ünsi çekdi.

Şol maksatnamada görkezilen dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn we örän oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz görkezilen resminamanyň taslamasyny, umuman, oňlady we degişli Karara gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz onuň ýerine ýetirilişine hemişelik gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk ulgamynyň ileri tutulýan häsiýete eýedigini belläp, täze binalaryň türkmen şäherlerini we obalaryny bezejekdigini, bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyetiň sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň uly ähmiýetlidigini aýratyn belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda dürli maksatly binalary we desgalary gurmak bilen birlikde, welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan ulag düzümini döretmek, gaz we elektrik energiýasyny geçirijileri gurmak boýunça işleriň depginlerini artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek we täze kanunlaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň şu ýylyň 15-nji dekabrynda boljak saýlawlaryny guramaçylykly geçirmegiň meseleleri barada durup geçip, bu saýlawlara taýýarlyk işleriniň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda alnyp barylýandygyny, ýurdumyzda saýlaw okruglarynyň 125-siniň döredilendigini, ýerlerde okrug saýlaw toparlarynyň işleýändigini aýtdy.

Ähli ýerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýerli komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär. Olaryň gün tertibine laýyklykda, ýokary kanun çykaryjylyk edarasynda wekilçilik etmek ynanyljak mynasyp dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Döwlet Baştutanamyz habary diňläp, Türkmenistanyň Mejlisine boljak saýlawlaryň ähmiýetini nygtady. Milli parlamente saýlawlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň we demokratik ýörelgeleriniň esaslaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek örän wajyp wakadyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň, olaryň açyklygyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň 24-26-njy noýabrda Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Daşkentde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler, onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň ençemesi giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ýörelgeleri esasynda guralýan daşary syýasat ugrunda goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazjak Özbegistan Respublikasyna boljak saparyň ähmiýetini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu sapara taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklaryň, gadymdan bäri türkmen we özbek halklaryny baglanyşdyrýan medeni däpleriň, ruhy we ynsanperwerlik gymmatlyklaryň umumylygynyň bu netijeli gatnaşyklaryň berk binýady bolup durýandygyny nygtady. Milli Lideriimiz bu barada aýtmak bilen, hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan doly peýdalanmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzakmöhletleýin esasda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak jähetinden nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň ähmiýetini belledi.

Soňra wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “Howa gatnawy” hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy” tassyklamak baradaky” kararyň taslamasyny görkezdi.

Milli Liderimiz bu taslamany makullap hem-de degişli resminama gol çekip, bu çözgüdiň däp bolan dostlukly türkmen-fransuz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek işine ýardam etjekdigini belledi. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Parižden gelen hoş habar barada aýtdy. 13-nji noýabrda şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESKO-nyň) Baş maslahatynyň 37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Nygtalyşy ýaly, bu şanly waka Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň barha barha ýokarlanýandygynyň, ynsanperwer-medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygynyň ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagynyň ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyna, halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny täzeden dikeltmek, gorap saklamak we wagyz etmek syýasatyny durmuşa geçirmäge türkmen döwletiniň örän uly ähmiýet berýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan işler UNESKO-nyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de bu gurama bilen biziň däbe öwrülen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge itergi berýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe bilelikdäki möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirildi we birnäçe taslamalar bolsa häzirki döwürde amala aşyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan öz döwründe UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy boýunça Konwensiýasyna goşuldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu halkara şertnamasy dünýäde umumyadamzat medeniýetiniň ösmegi üçin aýratyn möhüm ähmiýeti bolan gymmatlyklary geljekki nesiller üçin gorap saklamak ýörelgesine esaslanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäniň medeni ösüşiniň iň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlary boýunça ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýäde iň çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň biri bolan berkarar Watanymyzda täze taryhy eýýamda gazanylan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Biziň häzirki günlerimize çenli saklanyp galan gadymy binagärlik ýadygärliklerimiz ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolmak bilen, dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistan dünýäniň 190 ýurdy bilen bir hatarda UNESKO-nyň “Bilim hemmeler üçin” diýen Jarnamasyny tassyklady we şol Jarnama goşuldy. Biziň ýurdumyz bu Jarnama laýyklykda, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şol özgertmeleriň çäklerinde medeni ähmiýetli, bilim we sport maksatly häzirki zaman, döwrebap desgalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem bilim ulgamyna iň täze multimediýa we maglumat tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esasy 6 edarasynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS-yň) agzalygyna saýlandy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu guramanyň alyp barýan işi ykdysady we durmuş, şol sanda saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlary boýunça halkara ähmiýetli wezipeleri çözmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy netijesinde häzirki döwürde biziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gumanitar ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň täze işjeň ulgamy döredilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu ulgam taraplaryň özara peýdaly gatnaşyklaryna esaslanýar hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyny goldan we biziň ýurdumyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryna ýardam berýän döwletleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny möhüm ähmiýetli waka—ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň, hususan-da, meýdanlarda galan pagtany ýygnamagyň, dänelik ekinlere ideg etmegiň, beýleki möwsümleýin agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan sürümli ýerleri has rejeli ulanmak, obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyndan peýdalanmak, serişdeleriň ähli görnüşlerini tygşytlamak we tutuş oba hojalyk pudagyndaky işleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek üçin işlenip taýýarlanýan çäreler barada aýtdy.

Hödürlenýän çäreleriň biri Balkan welaýatynda gowaçany ekin dolanyşygyndan aýyrmak bilen baglydyr, bu ýerde şol ekin üçin 5 müň gektar ýer bölünip berildi. Daýhanlara döwlet tarapyndan degerli goldaw berilýändigine garamazdan, welaýatyň toprak-howa şertlerine görä, bu ýerde her gektaryň hasyl berijiligi 10 sentnere we ýylda 5 müň tonna pagta barabardyr. Şunda suw, ýer, tehniki we mineral serişdeleriň ulanylyşynyň häzirki döwürdäki şertlerde hojalygy netijeli ýöretmegiň talaplaryna laýyk gelmeýändigi, şeýle hem Serdar etrabyndaky kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna barabar bolan pagta arassalaýyjy kärhananyň zerur bolan çig mal bilen doly üpjün edilmeýändigi göz öňünde tutulyp, Balkan welaýatynda ekin dolanyşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze meýilnama teklip edildi. Onuň ornaşdyrylmagy ýylda dürli iýmlik, dänelik, bakja we beýleki ekinleriň 2-3 hasylynyň alynmagyna ýardam berer. Munuň özi her gektaryň hasyl berijiligini artdyrar hem-de welaýatda maldarçylygyň ösdürilmegine we miwe-gök ekinleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna ýardam eder.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň öndürilýän pagtanyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksadynda welaýatda möhüm çäreler geçirilýär. Häkim ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna öndürilýän pagtanyň mukdarynyň 2 müň tonna köpeldiljekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň geçirilişi, onda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim kabul edilen çözgüde laýyklykda, öňki ýyllara garanyňda geljek ýylda artyk öndürilmegi meýilleşdirilýän 3 müň tonna pagtany ekin meýdanlarynyň çägini giňeltmezden ýygnamaga mümkinçiligiň döredilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitde maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegi, ot-iýmlik, gök we bakja ekinleriniň meýdanlaryny artdyrmagyň hasabyna alynýan hasylyň mukdaryny köpeltmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalayýn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda önümi gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegi ugrunda netijeli işleriň alnyp baryljakdygy barada aýtdy. Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyldan başlap, Balkan welaýatynda gowaçanyň ekilmegini bes etmegi hem-de pagtanyň goşmaça möçberlerini Ahal we Mary welaýatlarynda öndürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz, umuman, ýurdumyz boýunça pagtanyň öndürilmeli möçberleriniň öňküligine galjakdygyny we şunda ekerançylyk ýerleri üçin örän zerur bolan suwuň uly möçberleriniň tygşytlanjakdygyny belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Balkan welaýatynda häzirki döwürde gowaça ekilýän meýdanlarda şugundyr we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny hem-de welaýatda şeker öndürýän we miwe önümlerini gaplaýan zawodlaryny gurmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda oba senagat toplumyny has çalt depgin bilen ösdürmek we onuň ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiligine goşýan goşandyny artdyrmak üçin bar bolan beýleki mümkinçilikleriň hem öwrenilmelidigini aýdyp, wise-premýer A.Ýazmyradowa şu meseleler boýunça ähli zerur resminamalary hem-de Hökümetiň degişli çözgütleriniň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer şeýle hem noýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanan dabaraly çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli dabaralary göwnejaý geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojahumammedowa söz berildi. Wise-premýer 19-21-nji noýabrda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-- 2013” atly halkara sergisini we “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy: ileri tutulýan ugurlar, sepgitler, mümkinçilikler” atly 18-nji halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Olara daşary ýurtly myhmanlar, ýangyç-energetika toplumynda ýöriteleşdirilen dünýäniň iri kompaniýalarynyň, daşary ýurt habar beriş serideleriniň wekilleri gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen we oňyn energetika syýasatyny durmuşa geçirip, bu strategiki ulgamda halkara hyzmatdaşlygy meselelerine jogarkärli çemeleşýär diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, öňümizdäki hepdede Aşgabatda geçiriljek nebitgaz sergisiniň hem-de maslahatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energtika toplumynyň serişdeler we senagat kuwwatyny doly görkezmelidigini, biziň ýurdumyzyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara we nebitgaz pudagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde baý tejribä eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdimäge ýardam etmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň senagat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebapladyrmak, hususan-da, himiýa senagatynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Maryda karbamid we ammiak önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygynyň barşy, onuň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, şeýle hem Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça bölümiň, Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygy barada aýdyldy.

Ýaponiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalary bilen Garabogaz şäherçesinde karbamid we ammiak önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygynyň, sulfat natrisiniň we sintetik ýuwujy serişdeleriň önümçiligi boýunga kärhananyň gurluşygynyň taslamalaryny taýýaramak işleri alnyp barylýar.

Mineral dökünleriniň önümçiligi we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň oba hojalygyna mineral dökünleriň gerek bolan möçberlerini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilýän dökünlere goşmaça daşary ýurtlardan mineral dökünleriň zerur möçberini satyn almak boýunça meselelere seredildi. Şeýlelikde, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçirilen duşuşygynda Türkmenistana Özbegistanyň himiýa kärhanalarynda öndürilen ammiak selitrasyny ugratmak hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ýurdumyzyň himiýa senagatyny täze derejä çykmagy üçin ähli zerur şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ägirt uly serişdeleri goýberýändigini belledi. Millli Liderimiz senagat kuwwatlyklaryyn diňe bir artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmegiň, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Pudaga gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy we häzirki zaman kärhanalarynyň gurulmagy, önümçilik düzüminiň ösdürilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz durmuşa geçiriilýän giň möçberli çäreleriň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine we oba hojalyk önümleriniň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda işde goýberen düýpli kemçilikleri we gulluk ygtyýarlyklaryny şahsy bähbidine ulanandygy üçin, Ý.Nuryýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden we başlygyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirmek wise-premýer B.Italmazowyň üstüne ýüklenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurldumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Täze ýyl baýramçylygyna daşary ýurtlardan 30 müňe golaý ter arçalaryň getirilmegini guramak meýilleşdirilýär, mundan başga-da, emeli arçalar, olaryň dürli görnüşli bezegleri, çagalar üçin sowgatlar we ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda öndürilen süýji-kökelerden taýýarlanylan täze ýyl sowgatlarynyň 3 milliondan gowragy ilata hödürlener. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk söwdasy ýaýbaňlandyrylar, şol sanda göçme söwda nokatlarynyň 300-e golaýy dörediler. Şunlukda, ýurdumyzyň bazarlarynda bahalaryň durnuklylygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň tekliplerini hasaba almak, önümleriň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik baradaky degişli gulluklaryň işini göwnejaý guramak arkaly baýramçylyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň söwdasyny guramak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz alyjylara edilýän hyzmatyň, söwdanyň medeniýetiniň hem-de söwda nokatlarynyň bezeg aýratynlyklarynyň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belledi we göçme söwda nokatlaryny ýerleşdirmek, olaryň iş tertibini ilatymyz üçin oňaýly derejede ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzda ylmy ösdürmegiň döwlet strategiýasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda 20-21-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmegiň ugurlary” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer halkara maslahatyna dünýäniň 40-a golaý ýurdundan alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylym boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň hem-de dünýäniň ylym we bilim merkezleri bilen özara arkalaşykly hereket etmegiň döwletiň ylym boýunça syýasatyny amala aşyrmakda örän möhüm ýagdaý bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti geçiriljek maslahatyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädime öwrülip, biotehnologiýanyň, bioinženeriýanyň, bioenergetikanyň we bioinformatikanyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli iLiderimiz şäher hojalygynda ulanmak üçin niýetlenen ekologiýa taýdan arassa ulgamlar we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda, senagatda, saglygy goraýyşda, gurluşykda we beýleki pudaklarda oňaýly şertleri saklamaga, tebigatyň goralmagyna we ekologiýa degişli ählumumy meseleleriň çözülmegine goşant goşmaga mümkinçilik berýän “intellektual düzüme” degişli we has täze desgalaryň taslamalary barada aýratyn durup geçdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere ylmy maslahatynyň ýokary derejede guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda şu ýylyň 13-15-nji dekabrynda Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli çykyş edýän türkmen jigitleri milli atçylyk sungaty mekdebiniň gazanan üstünliklerini, onuň gadymy däplerini görkezýärler, şeýle hem ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň has-da artmagyna ýardam edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz mundan beýläk hem atçylyk sportuny ösdürmek, ajaýyp milli atçylyk sungatynyň däplerini wagyz etmek boýunça işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz wise-premýere aýtdy we türkmen jigitleriniň Türkiýe Respublikasynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýerli howa gatnawlaryny ösdürmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem şäherlerdäki we etrap merkezlerindäki howa menzilleriniň mümkinçilikleriniň häzirki ýagdaýynyň öwrenilmegi netijesinde olaryň täzeden gurulmaga degişlidigi baradaky netijä gelnendigini habar berdi. Ýerli howa menzillerini iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda täze guruljak ýerli howa menzillerinde uçuş-gonuş zolagyny we ýolagçylara hyzmat etmek üçin gerekli desgalary gurmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly häzir bar bolan howa menzilleriniň durkuny täzelemek hem-de olaryň täzelerini gurmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.