Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň howa menzilinde bolup bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Öwezini dolup bolmajak bu ýitgini başdan geçirmekde ruhy durnuklylyk we gujur-gaýrat dilemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyna hatynda, hususan-da, “Şu hasratly pursatda biz Siziň bilen hem-de Tatarystanyň ähli halky bilen bilelikde gynanýarys we hasratyňyzy paýlaşýarys” diýip belledi.