Ï Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi resmi taýdan bellendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi resmi taýdan bellendi

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pawol Iwandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda türkmen döwletiniň Baştutanyna, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýöredilýän parahatçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.

Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda ilçä milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berildi. Döwletimiziň okgunly ösüşine, Türkmenistanyň dünýä ykdysady we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýän ylym we bilim ulgamyndaky özgertmelere, şeýle hem milletimiziň saglygynyň beden we ruhy taýdan pugtalanmagy, ýaşlary sazlaşykly terbiýelemek boýunça geçirilýän işe aýratyn üns berildi.

Ilçi häzirki wagtda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä—bäşinji çagyrylyş milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýän türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.

Diplomat Türkmenistanda durmuş ugruna gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeleriň möçberine haýran galýandygyny beýan edip, slowak tarapynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny habar berdi.

Türkmen-slowak gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alşylan mahaly söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary, şol sanda ylym-tehnika babatda we medeni ulgamda gatnaşyklary giňeltmegiň oňyndygy bellendi. Parlamentara gatnaşyklaryny we jemgyýetçilik guramalarynyň hyzmatdaşlygynyň derejesinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtalyp geçildi.

* * *

Şu gün Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde duşuşyk boldy.

Ilçiniň pudaklaýyn ministrliklerde we pudak edaralarynyň birnäçesinde bellenilen duşuşyklarynyň barşynda dürli ugurlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi bolar.