Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpine Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäherindäki nebit geçirijide bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.