Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabatdaky “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabatdaky “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1291
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda bolmagynyň çäklerinde milletiň beýik ruhy-ahlak ýörelgelerine hem-de maşgala gymmatlyklarynyň däplerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan täze Bagt köşgüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bagt köşgüniň öňündäki meýdançada baýramçylyga mahsus ýagdaý dowam edýär. Bu ýerde milli Liderimiziň awtoulagy saklanýar. Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi we köpsanly dabara gatnaşyjy myhmanlar garşyladylar. Şeýle hem bu ýerde şanly waka mynasybetli guralýan dabaraly günde täze Bagt köşgünde nika baglaşmak bagty miýesser eden juwanlar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy dürli reňkli lentalar, baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen Bagt köşgüniň öňündäki merkezi girelgesiniň ýanynda saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Hormatly ýaşulular hormatly Prezidentimize duz-çörek hödür etdiler. Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi. Olar döwlet Baştutanymyza türkmen halky, şol sanda ýaş nesiller hakda edýän aladasy, her bir türkmenistanlynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýän oňyn özgertmeleri amala aşyrýandygy üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş boldy, olaryň iş-durmuş ýagdaýlary bilen içgin gyzyklandy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Özbegistana bolan resmi saparynyň we onda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri barada gürrüň berdi.

Täze Bagt köşgi Türkmenabadyň merkezi künjeginde ýerleşip, şäheriň soňky döwürde birnäçe edara ediş binalarynyň kemala gelen ýerindäki desgalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Onuň binalar toplumynda gözellik, oňaýlylyk, häzirki zaman gurluşyk ýörelgeleriniň öňdebaryjy gazananlary we türkmen binagärliginiň milli däpleri ajaýyp utgaşýar. Dürli bezeg serişdelerine beslenen Bagt köşgüniň bu günki keşbi has-da gözel.


Toý tansyny ýerine ýetirýän döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu günki dabara aýratyn baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. Bu ýerde türkmen halkynyň köp nesilleri üçin söýgüli bolan halk dessanlaryndan Leýli we Mejnuň, Zöhre we Tahyr, Şasenem we Garyp ýaly gahrymanlaryň şekilleri janlandyryldy. Belentden ýaňlanýan sazyň owazy, tansçylaryň ajaýyp lybaslary we sazlaşykly hereketleri täze desganyň açylyşy mynasybetli guralan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu ýerde ykbalyny baglaýan juwanlaryň peýda bolmagy has-da täsirli boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý lybasyna beslenen meýdançada ýörite gurnalan münbere geçdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary şanly wakany alamatlandyrýan Türkmenabadyň merkezinde täze desganyň açylyş dabarasy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz sazlaşykly ösýän Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde kemala gelen täze Bagt köşgüniň häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyk gurlandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, garaşsyz, Bitarap döwletimiz özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar. Mähriban Watanymyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak, önümçiligi sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ýurdumyzyň agzybir halkynyň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün edýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň baş maksadynyň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmeti netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar, giň möçberli çäreler ýaýbaňlandyryldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Garaşsyz Watanymyzda ägirt uly gurluşyklar güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem önümçilik maksatly, medeni-durmuş ähmiýetli binalar, köşkler, häzirki zaman mekdepleri, çagalar baglary, sport toplumlary, köpsanly beýleki binalar we desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ine, şu gün dabaraly açyp, ulanmaga berýän Bagt köşgümiz hem şeýle desgalaryň biri bolmak bilen, Türkmenabat şäheriniň görküne-görk goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, bu ajaýyp Bagt köşgi «Altyn gül» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy we döwletimiziň medeni syýasatyny amala aşyrmakda döwrebap merkeze öwrüler. Bu ýerde häzirki zaman türkmen toýlaryny baý mazmunly, döwrebap geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Köşgüň toý dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berýän 50 orunlyk, 100 orunlyk we 500 orunlyk zallary bar.

Köşgüň «Altyn zalynda» nika dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr, bu köşkde ilatyň ýüztutmalary esasynda birnäçe hyzmatlar ýerine ýetiriler, welaýatyň ýaşaýjylaryna raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň dogry we öz wagtynda resmileşdirilmegini guramak, durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň nika şahadatnamalaryny we beýleki raýatlyk ýagdaýynyň namalaryny resmileşdirmek, toý zallaryny bezemek ýaly köp görnüşli hyzmatlar ýerine ýetiriler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ýerde milli toý lybaslaryny, sowgatlyk önümlerini taýýarlamak we ilata ýetirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem zerur işler amala aşyrylar. Köşkde diňe bir döwrebap toýlar, dabaralar geçirilmän, eýsem, zehinli kompozitorlaryň we aýdymçylaryň döredijiligini, milli aýdym-saz sungatymyzyň iň gowy eserlerini kämil derejede halk köpçüligine ýetirmek boýunça hem netijeli çäreler guralar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bagt köşgi özboluşly medeni-usulyýet merkezi bolup durýar, bu köşkde geçiriljek çäreler milli medeniýetimizi ösdürmäge, ýaşlarymyzda belent ahlak sypatlaryny terbiýelemäge, medeni ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga uly goşant goşar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam etmek bilen, bu ajaýyp binada tutuljak durmuş toýlary, geçiriljek dabaraly çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna, ýokary talaplaryna laýyk geler hem-de ata-babalarymyzdan miras galan gadymy däp-dessurlarymyzy döwrebap baýlaşdyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi. Halkymyzyň toý tutmak däpleri nesilden-nesle geçip, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen nusgalyk kadalarymyzy özünde jemleýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerini we adatlaryny mynasyp dowam etmekde, toý dabaralaryny döwrebap geçirmekde Bagt köşgüniň işgärleriniň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşynda ýaşlar hakyndaky aladanyň döwletiň baş maksady bolup durýandygyny belledi. Şu maksatdan ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ýokary aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işleri alyp barýarys diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherinde gurlup, ulanmaga berilýän bu Bagt köşgüniň ýaşlaryň agzybirlikde we sagdyn durmuşda ýaşamagy, mukaddes maşgala ojagynyň esaslarynyň berk bolmagy barada döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly işleriň ýene-de bir aýdyň mysalydygyny nygtady. Bu Bagt köşgünde tutuljak toýlar ýaş çatynjalaryň durmuşynda iň bir ýatda galyjy, şatlykly we bagtly pursatlara öwrüler diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň bagtyýar ýaşlary bolsa, özleri hakynda edilýän bu alada jogap edip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, döwletimiziň täze sepgitlere ýetmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda dabara gatnaşyjylary barha gözelleşýän Türkmenabat şäherinde täze gurlan döwrebap Bagt köşgüniň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir ýola gutlady we hemmelere berk jan saglyk we rowaçlyk, ýaş çatynjalara bolsa agzybirlik, maşgala abadançylygyny we hemişe bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny arzuw etdi.

“Goý, bu Bagt köşgünde toýlar-toýa ulaşyp, hemişe bagtyýarlyk mukamy belentden ýaňlanyp dursun!” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Milli Liderimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Bagt köşgüniň öňündäki meýdançada ähli dessurlary we ýörelgeleri aýdyň beýan edýän türkmen toýlaryna mahsus teatrlaşdyrylan dabara ýaýbaňlandyryldy.

Toý dabaralarynyň geçirilýän pursady şowhunly aýdym-sazlara, tanslara aýratyn orun berilýär. Toý dabarasynda gelnalyjynyň gelýän pursady has-da şowhunly bolýar. Onda ýerine ýetirilýän gözel dessurlar halkymyzyň baý toý däplerini aýdyň beýan edýär.

Şeýle dabaralarda toýa gatnaşýan zenanlar ýüzärlik tütedip, bu günki dabarany bela-beterden, ýakymsyz zatlardan goraýarlar.

Atasy öýünden çykyp, ykbalyny baglan ýigidiň öýüne geçýän gelin türkmen toýlarynda baş gahryman hasaplanýar. Gelniň täze gapyny açýan dabarasy şowhunly aýdymlar, tanslar, ýörite dessurlar bilen utgaşýar.

Wagtyň geçmegi bilen toý aýdymlarynyň owazy, manysy üýtgese-de, onuň asyl durky saklanyp galypdyr. Toý aýdymlarynda köp gezek ýerine ýetirilýän gaýtalamalar şol durkuna saklanypdyr. Şeýlelikde, asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize ýetip gelen gadymy toý aýdymlary häzirki şertlerde has-da kämilleşdirilip, şatlykly aýdymly tans görnüşlerinde dowam etdirilýär.

Halkymyzyň däp-dessurlarynda durmuş ýörelgelerini, onuň dowamlylygyny äşgär edýän ýörelgeler saklanyp galypdyr. Toý däplerinde nesilleriň ruhy maksatnamasy, çuňňur ynamy bolan pelsepesi, döredijilige, ruhy tämizlige we belent adamkärçilige bolan çagyryşy üýtgewsiz galypdyr. Ýüzýyllyklaryň geçmegi bilen, milli däplerimiz biziň günlerimize çenli belent ruha beslenen, döredijilikli ýörelgelerini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kämil dessurlary bilen sazlaşygyny aýdyň beýan edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bagt köşgüniň merkezi girelgesine barýar. Dabaraly pursat ýetip gelýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesýär we ilki bilen şu gün nika baglaşmak bagty miýesser eden ýaşlary çagyrýar.

Dabaranyň dowamynda baýramçylyk äheňinde bezelen döwrebap Bagt köşgüniň ýokarsynda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşany bolan ak howa şarlarynyň müňlerçesi asmana göterildi.

Üç gektar meýdany bolan köşgüň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, bag nahallary, dürli güller ekilipdir. Bu ýerdäki gök zolagyň, özboluşly suw çüwdürimi bolan merkezi meýdançanyň ýerli ilatyň iň bir gelim-gidim ýerine öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Bu ýerde ýaş çatynjalaryň şanly wakadan ýadygärlik hökmünde bag nahallaryny ekmegi üçin ýer bölünip berlipdir. Bag ähli halklarda uzak ömrüň nyşany hasaplanýar. Şeýlelikde, bu ýerde Bagt köşgüniň töwregeni gurşap aljak gök zolak dörediler. Ol bolsa öz gezeginde asyrlar aşyp, täze maşgalanyň kemala gelmegi bilen, bagtyýarlygy, abadançylygy we söýgüni alamatlandyrýan ýagdaýy emele getirer.

Bagt köşgünde nika dabaralaryny, şeýle hem baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin birnäçe zallar, zerur bolan toý dessurlaryna niýetlenen bölümler, toý lybaslaryny üpjün edýän we toý ulaglarynyň bezegini ýerine ýetirýän bölümler hereket edýär.

Bagt köşgüniň içgi bezeg işleri, onda çekilen şekiller altyn öwüşgün çaýýar. Türkmen suratkeşleriniň toý mowzugyna bagyşlan dürli surat eserleri binanyň bezeg aýratynlyklarynyň üstüni ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyz binanyň birinji gatynda ýerleşýän ýöriteleşdirilen dükanlar bilen tanyşýar. Olarda dürli görnüşli toý lybaslary, örän owadan zergärçilik önümleri, dürli sowgatlyklar we toý dessurlaryna niýetlenen serişdeler bar. Köşgüň işgärleri milli Liderimize şunuň ýaly ajaýyp toý dabaralar merkezini gurup berendigi üçin hoşallyk bildirýärler.

Şeýle hem binanyň birinji gatynda dürli toý hyzmatlaryny ýerine ýetirýän, şol sanda toý lybaslaryny, milli şaý-sepleri kärendesine berýän, gelnalyjy maşynlary bezeýän bölümler, fotostudiýa, gözellik salony, şeýle hem süýji önümler dükany hereket edýär.


Döwlet Baştutanymyz Bagt köşgüniň zergär önümleri dükanynda goýlan nika ýüzükleri we gymmat bahaly metallardan we daşlardan ýasalan şaý-sepleri synlaýar. Hemişe bolşy ýaly, gelniň lybaslarynda milli şaý-seplerine aýratyn üns berilýär, şeýle hem bu ýerde ajaýyp şaý-sepleri diňe satyn almak däl-de, eýsem, olary kireýine almak bolýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz gül satylýan dükana baryp gördi. Gül satylýan dükanda dürli gül çemenleri we olardan edilen ajaýyp şekiller örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde toý dessurlary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän gülleriň şekilleri aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Gül çemenleriniň dürli görnüşlerinde türkmen zenanlaryna mahsus näziklik, yhlas, gözellik öz beýanyny tapypdyr. Olaryň her birinde özboluşly many bolup, gül çemenleri köşgüň eýwanyna özboluşly bezeg berýär. Merkeziň bu bölüminde jennetiň künjegini ýadyňa salýan ajaýyp ösümlikler orun tutupdyr.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde işleýänlere ýüzlenip, parahatçylygyň, bagtyň we gözelligiň nyşany bolan ajaýyp güller zenan kalbynyň nuranalygyny, tämizligini we mährini alamatlandyrýar diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dürli toý lybaslarynyň giň görnüşi bar bolan ýöriteleşdirilen dükana baryp gördi.

Bu ýerde häzirki zaman ýa-da milli nusgadaky toý lybasyny: gelniň ak köýnegini ýa-da keteniden tikilen gadymy toý lybasyny almak bolýar. Milli Liderimiz owadan lybaslary synlap, häzirki döwrüň biçüwinde milli lybaslaryň döredijilik taýdan özgermegi bilen aýratyn gyzyklandy. Gelniň gadymy lybaslarynyň ýörelgeleri boýunça döredilen, nagyşlanan egin-eşikleri hormatly Prezidentimiziň ünsüni özüne çekdi.

Bu toplumda her haýsy öz ornuny eýeleýän aýry-aýry serişdeleriň ähmiýeti bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz dürli öwüşgünli türkmen lybaslarynyň halkyň dünýägaraýşyny we düşünjesini şöhlenendirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp däpleri biziň medeni mirasymyzyň möhüm bölegi hökmünde aýawly saklamagyň zururdygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz 500 orunlyk toý zalyna baryp gördi. Onuň bezeginde milli aýratynlyklar äşgär görünýär. Häzir täze binada ilkinji tutuljak toýa taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylypdyr. Ol ýerde bagşy - sazandalar saz gurallaryny düzmek bilen meşgul.

Şeýle hem birinji gatda ýöriteleşdirilen haly dükany we fotostudiýa bar. Döwlet Baştutanymz olara baryp görýär.

Häzirki döwürde halyçylyk sungaty halkymyzyň baý däplerini we milli öwüşgüni saklamak bilen, onuň üsti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mazmun bilen ýetirilýär. Ol innowasiýalar we kompýuter enjamlaryny ulanmak arkaly döwrebap ösdürilýär. Bu ýerde arassa ýüňden we ýüpekden dokalan halylar, dürli tebigy şekiller we beýleki görnüşler şekillendirilen ajaýyp haly önümler hödürlenýär. Otaglary bezemekde ulanylýan dürli görnüşli haly önümleriniň toplumy, birnäçe sowgatlyklar, haly daşlyklary, torbalar, gapjyklar we beýleki serişdeler dükanyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki fotostudiýa baryp gördi. Ýeri gelende aýtsak, köşgüň fotostudiýasynda juwanlaryň durmuşyndaky ýatdan çykmajak wakalar bilen baglanyşykly pursatlary özünde jemleýän fotosuratlar toplumyny taýýarlamak bolýar. Şeýle hem bu ýerde oýnawaçlaryň uly görnüşleri bolan çagalar üçin niýetlenen künjek bar. Ondaky güller bilen bezelen köprüjik täze maşgala durmuşyna geçelgäni alamtlandyrýar. Onuň ygtyýarynda häzirki zaman kämil enjamlary we yşyklandyryjylar bar. Milli Liderimiz bu ýerde döredilen şertler bilen tanşyp, hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşleri, ýaş çatynjalaryň durmuşyndaky ýakymly pursatlaryň surata düşürilişi bilen gyzyklandy.

Milli Liderimiz süýji önümleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy we süýji önümleriniň talap edilýän kadalara laýyk gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tortlaryň toý saçaklaryna goýluşy, olaryň kesiliş aýratynlyklary, oňa toý tutýanlaryň, olaryň dostlarynyň, ýakynlarynyň gatnaşyklary bilen içgin gyzyklandy.

Bagt kögüniň ikinji we üçünji gatlarynda gözellik salonlary, müşki-anbar we toý sowgatlyklary hödürlenýän dükanlar, edara ediş we gulluk otaglary bar. Olaryň hemmesi häzirki zaman enjamlary we binanyň inženerçilik-aragatnaşyk düzüminiň bökdençsiz işini üpjün edýän serişdeler bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bagt köşgüniň nika baglanyşyny hasaba almaga niýetlenen “Altyn zala” baryp gördi. Bu zalyň ähli bezeg aýratynlyklary özüniň adyna kybap gelýär, ondaky bezegler, haly gölleri altyn öwüsýär. Bu ýerde adamlara özboluşly toý täsirini ýetirýän ajaýyp sazlar eşidilýär.

“Altyn zalda” milli Liderimizi şu gün toý tutmak bagty miýesser eden ýaşlaryň bäş jübüti mähirli garşylaýar. Juwanlaryň milli däplerimize we häzirki zaman biçüwine laýyk lybasdadyklaryny aýratyn bellemeli.


Döwlet Baştutanymyz juwanlara asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelýän milli dessurlarymyza laýyklykda ak pata berýär we täze döreýän maşgalalara bagtly durmuşy, abadançylygy we uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde ömür sürmegi arzuw edýär. Siz örän bagtly ýaşlar, çünki siziň maşagla baýramçylygyňyz täze toý dabaralary merkeziniň açylyşy bilen gabat geldi we bu köşkde siziň nikaňyz resmileşdirilýär. Siz özüňiziň döredijilikli zähmetiňiz, belent ruhuňyz bilen mähriban Watanymyzyň gülläp öesmegine mynasyp goşandyňyzy goşmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we juwanlara bilelikdäki durmuşlarynda söýgi, adabançylyk, uzak ömür arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ak mermerli Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde gurlan täze Bagt köşkleri, olarda döredilen oňaýly şertler diňe bir toý dabarlaryny guramaçylykly geçirmek üçin däl, eýsem, beýleki medeni çäreleri, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny hem guramaga niýetlenendir diýip belledi.

Soňra dabaraly ýagdaýda ýaş çatynjalar asylly däbe görä, öz nikalaryny gol çekmek arkaly berkitdiler we nika ýüzüklerini alyşdylar. Düýe ýüňünden işilen alajany biri-biriniň ellerine daňmak bilen, juwanlar özboluşly dessury ýerine ýetirdiler.

Ýaş çatynjalar hormatly Prezidentimize ýaş maşgalalaryň abadançylygy ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şu gün toý tutýan juwanlaryň biri döwlet Baştutanymyzy dabaraly ýagdaýda açylan Bagt köşgünde tutýan toýlaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň haýyşy boýunça şu günki ýatdan çykmajak wakadan ýadygärlik hökmünde bagtyýar juwanlar bilen surata düşdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň birinji gatyna düşüp, Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz Bagt köşgüniň baş wezipesiniň häzirki zaman dabaralarynda milli däp dessurlarymyzyň, halkymyzyň ahlak gymmatlyklarynyň beýik ruhy ýörelgelerini aýdyň beýan etmelidigini belledi. Her bir köpçülikleýin çäre, toý dabaralary türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna, özboluşly milli medeniýetine, gözelligine, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň çuňňur mazmunyna laýyk geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Paýhasly halkymyzyň belleýşi ýaly, toýlar toýa, şatlykly wakalara ulaşýar, Bagt köşgüniň diňe bir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň durmuşynda bagtyýarlygyň, abadançylygyň we bolçulygyň nyşanyny alamatlandyrman, eýsem, onuň hemişelik hereket edýän baýramçylyk merkezine öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.

Bagt köşgüniň açylyş dabarasynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz täze toý dabaralar merkezine sowgat hökmünde awtomobiliň açaryny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen ýene bir ýola hoşlaşyp, Türkmenabat şäheriniň howa menziline gedi. Döwlet Baştutanymyzyň üçary Aşgabada tarap ugur aldy.