Aşgabat - garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty – aşyklar şäheri, arzuwlar şäheri, iri adminstratiw merkezidir. Paýtagtyň ajaýyp arhitektura gurluşy dag etekleri bilen Garagum çölüniň arasyndaky giňişlik bilen oňaýly sazlaşygy emele getirýär. Örän gysga wagtyň içinde köne gurluşyklaryň ýerine täze şäher gurşawy emele geldi. Esasan hem haýran galdyrýan zat onuň täze keşbinde – Aşgabadyň öňki eteklerinde paýtagtyň häzirki zaman gurluşynda möhüm ähmiýete eýe bolan ösen ulag-ýol gurluşy döredi. Täzeden çekilen radial ulag ýollary bolan – Türkmenbaşy, Bitarap Türkmenistan şäýollary, Atatürk, Oguzhan köçeleri we beýleki ýollar täze gurluşyk meýdançalarynyň esasyny düzdüler, paýtagtyň merkezini onuň günorta tarapy bilen baglanyşdyryp, şäheriň bu bölegini düýbünden täze keşbe eýe etdi. Özüniň howa şertleri bilen ekologiýa taýdan arassa we örän amatly bolan Arçabil şaýoly şäheriň günorta-günbatar ugrunyň mundan beýläk hem ösdürilmegine goşmaça itergi berdi. Bu häzirkizaman ulak-ýol gurluşynyň binýadynda häzirki wagtda, sözüň doly manysynda, paýtagty ösdürmegiň täze Baş meýilnamasy amala aşyrylýar. Bu ýerde täze şäheriň döretmegine barabar iş möçberini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Ýöne şäheri ösdürmegiň Baş meýilnamasynyň esasyny düzýän paýtagty mundan beýläk hem toplumlaýyn ösdürilmeginde durmuş we ulag-ýol gurluşynyň ösdürilmegini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrylmazdan mümkin däl. Şäher gurluşyk syýasatynyň bu möhüm nukdaýnazaryna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Ruhýet köşgünde bolup geçen täze desgalaryň tanyşdyrylyş dabarasynda garap geçdi. Döwlet baştutany şäheriň gurluşykçylarynyň öňünde Aşgabadyň durmuş üpjünçiliginde möhüm ähmiýete eýe bolan ulag-kommunikasiýa gurluşynyň ählsini çaltlandyrmak baradaky wezipäni goýdy.
Paýtagtyň ilatynyň ýaşamagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi üçin nämeler edildi? Baş şäheriň uly geljegini nazara almak bilen, döwlet baştutanynyň ýokary talaplaryna laýyklykda, şäher gurluşyny mundan beýläk hem ösdürmek nähili amala aşyrylar? Şeýle sowallar bilen habarçy paýtagtyň baş arhitektory Baýram Şamyradowa ýüz tutdy:
- Adamlaryň täze, ýokary standartly durmuşynyň üpjün edilmegini gurşap alan özgertmeleriň esasy ugry olaryň şäher gurşawynda ýaşmakalary üçin ähli amatlyklary döretmek bolup durýar. Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin uly göwrümli işler ýerine ýetirildi. Şäherde ähli amatlyklary bolan we otaglary giňeldilen ýaşaýyş jaýlarynyň ýüz müňlerçe inedördül metri guruldy.
Şäheri ösdürmegiň we golaý geljekde Aşgabadyň gurluşynyň Baş meýilnamasynyň konseptual ugry işlenilip taýýarlanylýar. Gurluşygyň her bir täze nobatdakysynyň taslamasy işlenilip düzülende diňe bir ýaşaýyş jaý toplumynyň geografiki taýdan ýerleşişi, ýeliň ugry we beýeleki taraplary göz öňünde tutulman, eýsem howlynyň içiniň gurluşygynda öňaýly şertleri döretmek üçin köp asyrlyk däpler hem göz öňünde tutulýar. Uly meýdanly we häzirki zaman tehnologiýaly geýimleri guratmak we ütüklemek üçin goşmaça otagly ýaşaýyş jaýlary indi kada öwrüldi. Aşhana, naharhana, giň girelge – bularyň ählisi oňaýylyklaryň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.
Ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginiň çäklerini abadalaşdyrmagyň esasynda “howly” ýörelgesi ýatyr. Bu ýerde adamlar boş wagtlaryny açyk howada geçirip bilýärler, biri-biri bilen köpräk gürrüňdeş bolup bilýärler, sport bilen meşgullanyp bilýärler. Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şular ýaly gurulmagynyň birnäçe möhüm aýratynlyklary bar. Şäher gurluşygynyň hazirki zaman talaplaryny nazara almak bilen, paýtagtyň dürli uly ulag ýollarynyň ugrunda şular ýaly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň eýýäm köp sanlysy guruldy. Howlynyň giňişligindäki boş ýerlerde telärli däp-desurlary berjaý etmek üçin nahary taýýarlamak we ýylatmak üçin jaýly meýdançalar döredilýär. Häzirki zaman çagalr baglary we sport meýdançalary, hem ulularyň, hem çagalaryň dynç almaklary üçin ýerler gurulýar.
Ýaşaýyş jaýlarynyň howlularyndaky durmuş üpjünçiligi üçin niýetlenen inženerçilik ulgamlary – bug gazanlary, transformator podstansiýalary, uly göwrümli suw gaplary ýerzemine geçirildi. Bu bolsa dihe bir çäkleri boşatman, eýsam bu enjamlaryň işleýşini hem gowlandyrdy. Çäkleriň we ösen howluly giňişlikli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň häzirki zaman şertlerinde guralmagy oňaýlyklary ýitirmezden smetanyň bahasynyň peselmegine getirdi hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň inženerçilik taýdan üpjün edilmegine düýpli özgertmeleri goşdy. Bu bolsa energiýa serişdeleriniň has netijeli peýdalanmagynyna özüniň täsirini ýetirdi.
Täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda lukmançylyk edaralary, bilim gurluşlary we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin ýerler öz ornuny tapdy. “Köşi” ýaşaýyş jaý toplumynda her bir orta bilim berýän mekdep we çagalar bagy pyýada gelip-gider ýaly ýerlerde ýerleşip, ýaşaýyş jaý sebtine hyzmat edýär.
Gurluşygyň şular ýaly usullary gurluşygy geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ýerine ýetirilen şäheriň beýleki sebitleriniň durky täzelenende hem ulanylar. Çäkleri hasaba alynmadyk ýaşaýyş jaýlaryndan, demirden ýasalan ulagjaýyndan, her hili gurluşyklardan we pessejik haýatlardan arassalamak bilen, biz ýaşaýjylar üçin howly meýdançalaryny döredýäris, soňra bolsa häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda olary abadanlaşdyrýarys. Köne jaýlardan aýryp, olaryň ýerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý kwartallryny gurmak bilen, biz şäher gurşawyny täzeleýäris. Adamlar ol kiçi göwrümli jaýlarda onlarça ýyl ýaşapdyrlar. Meselem, öňki “Leningrad” kolhozynyň çäklerindäki jaýlaryň köpüsi ýykmaga degişli boldy, olar lagym ulgamy bolmandygy sebäpli ekologiýanyň düýpli bozulmagyna getiripdir. Köne jaýlaryň eýeleri indi köne jaýlaryň ýerinden häzirki zaman jaýlarynyň gurluşygy haçan başlanar diýip, sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Beýleki mysallar hem köp. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenilip düzülen we amala aşyrylýan ýurduň baş şäherini ösdürmegiň täze konsepsiýasy paýtagtda ýaşaýan adamlar üçin ýaşaýşyň iň ýokary derjelerini döretmäge şertleri döretdi. Häzirki zaman şäher gurluşyk syýasatynyň bu ýörelgesi paýtagty ösdürmegiň Baş meýilnamasynda hem doly amala aşyrylar. Ol şäheriň merkezi bölegini düýpli özgertmegi we durkuny täzelemegi, köne köçeleriň, şaýollaryny giňeltmegi we abadanlaşdyrmagy, şäher kwartallarynyň ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň häzirki zaman görnüşlerini döretmegi, iri senagat önümçiliklerini şäheriň çäklerinden daşary çykarmagy göz öňünde tutýar. Şäheri ösdürmegiň bu ugry yzygiderlilikde amala aşyrylýar. “Buig” we “Polimeks” ýaly iri kompaniýalaryň önümçilik binýatlary eýýäm çäheriň çäklerinden daşary halkalaýyn ýoluň sebitlerine çykaryldy. Garagum derýasynyň kenarlary hem önümçilik maksatly desgalardan arassalanýar. Gurtly kölüni we paýtagtyň beýleki sebitlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslama işlenilip taýýarlanylýar.
Döwlet baştutany oňaýly şäher gurşawyny döretmekde ýol-ulag gurluşyna äýratyn ähmiýet berýär. Paýtagty çalt depginler bilen ulaglaşdyrmagyň çäginde, haçan-da geljekki uzakmöhletleýin hasaplamalaryň gökezişi ýaly, biz eýýäm golaý geljekde bir maşgala bir ulag hasabyndan ugur alarys – paýtagtyň ýollarynda ulag akymy birnäçe esse artar. Ulag hereketini çaltlandyrmak, çatyryklaryň, ýol ulgamynyň ählisiniň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak, ulag ýollaryny iri göwrümlerde döwrebaplaşdyrmaga, awtoulag köprüleginiň, ýerasty we ýerüsti pyýadalar geçelgeleriniň gurulmagyna, inženerçilik-kommunikasion ulgamlaryny çalyşmaga we häzirki zaman howpsuz hereket ulgamyny ornaşdyrmaga şert döreder. Golaý üç ýylyň dowamynda amala aşyrylmaly bu iri göwrümli maksatnama barada şäheri çaltlandyrylan depginelr bilen ulaglaşdyrmagy nazara almak bilen, işlenilip taýýarlanan taslamalaryň tanyşdyrylyşynda düýpli gürrüň edildi. “Nata Insaat Tiсaret ve Sanayi A.S” türk kompaniýasy bu tanyşdyrylyşda şäheriň ýol-ulag gurluşynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasy bilen tanyşdyrdylar. Onda köprüleriň 18-niň we ýerasty geçelgeleriň 39-nyň gurulmagy meýilleşdiriýän umumy uzynlygy 59 kilometr bolan şäher ýollarynyň 12-siniň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýerüsti geçelgeleriň 15-si gurlar. Magtymguly, Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň, Andalyp, Ankara, Baba Annanow, Gurbansoltan eje, Oguzhan, Gündogar köçeleriniň durkuny täzelemek wezipesi öňde dur.
Awtoulag köprülerini ilkinji nobatda ulag hereketleriniň has çalt gatnawly çatyryklarynda gurmak bellenilýär. Şeýlelikde türk kompaniýasy eýýäm Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen Görogly köçesiniň kesişip geçýän ýerinde girilýän we çykylýan goşmaça ýoluň gurluşygyna girişdi. Taslama boýunça Görogly köçesi aşak düşer. Golaý wagtda Görogly köçesi bilen Ostrowskiý köçesiniň iki derejeli çatyrygynyň gurluşygyna başlanar. Ýol gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyň birinji tapgyrynda Gurbansoltan eje köçesini Baba Annanow, Andalyp, Bitarap Türkmenistan, Atamyrat Nyýazow, Ostrowskiý, Köşi köçeleriniň çatrygynda iki derejeli çatyrygy döretmek; Oguzhan köçesini –B.Annanow, 10 ýyl Abadançylyk,A.Nyýazow – şaýoluny Görogly, Magtymguly şaýolyny – Baba Annanow çatrygynda iki derejeli çatryk gurlar. Ýerüsti geçelegelerini köp adamly çatryklaryň ählisinde gurmak bellenildi. Meslem, merkezi bazarlaryň ýanynda, Surikow we Oguzhan köçelerinde, şeýle hem beýleki ýollarda gurlar.
Soňra döwlet baştutanynyň başlangyjy boýunça geçirilen maslahatda ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, hünär ýokary okuw mekdeplerini talyplary, telekeçileri, daşary ýurt işewürleri tarapyndan şäher hereketini guramak, köprüleri we geçelgeleri bezemek, adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde ulag duralgalaryny köpeltmek we beýeleki meseleler boýunça köp sanly ýerlikli teklipler edildi.
Biziň watanymyzyň paýtagty täze arhitektura ajaýyplyklary bilen ösýär. Olaryň hatarynda - belli arhitektorlar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan gurluşyklaryň taslamalary, ussatlar şäheri diýlip atlandyrylýan şäheri planlaşdyrmak we abdanlaşdyrmak, diplomatik wekilhanalaryň toplumlary we ýurtda ilkinji golf-kluby bar. Türkmenistanly esgerleriň we Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlaryň ýadigärligini göçürmegiň taslamasy amala aşyrylýar. Monumental toplumy täzeden döredilýär. Ol suw çüwdürimler kaskady bilen birleşdiriler. Täze giňişlikde başga, has dabaraly mana eýe bolar. Biziň söýgümiziň we hatyramyzyň nyşanyna öwrüler. Türkmen paýtagty dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hökmünde öz öszşini dowam etdirýär.